"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna...»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip buýsançly at berlen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy milli hem-de halkara derejede giňden bellenilýär. 17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň ägirt uly heýkeliniň dabaraly açylmagy bolsa halkymyzyň öz milli şahyrynyň ömrüne, döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň aýdyň nyşany hökmünde äleme ýaýyljak ajaýyp waka öwrüler. Şunda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigi, Milli Liderimiziň teklibi esasynda toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň hem heýkelleriniň oturdylmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar.

Suratlarda Watan waspy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. Ýakynda bolsa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag we Aşgabat şäher hem-de welaýat geňeşleri tarapyndan guralan bäsleşiklere gatnaşyjylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda çagalaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini, zehinini açmak bilen birlikde, olaryň mähriban Watanymyza, sahawatly topragymyza bolan söýgüsini has-da artdyrmaga ýardam berýändigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydy

Milli döwletliligiň aýdyň şöhlelenmesi

Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly we deňhukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň kadalaryny ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, Garaşsyz, özygtyýarly döwletimizde umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, ýurduň Esasy Kanunynda demokratik ýörelgeler, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmek, döwlet dolandyryşynyň hukuk binýady berkidildi. Onuň mazmunyny döwlet häkimiýeti, gurluşy, eýeçiligiň görnüşleri, şahsyýetiň hukuk ýagdaýy baradaky kadalar düzýär. Her ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi, konstitusion özgertmeleriň ösüş ugurlary durmuş-ykdysady we syýasy häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilen. Konstitusiýa, ilkinji nobatda, özünde şol jemgyýetdäki eýeçiligiň we ykdysady işiň guramaçylygynyň görnüşlerini, döwletiň raýatlarynyň olara gatnaşygyny beýan edýär. Adamlaryň jemgyýetde we döwletde ýaşamagynyň esasy düzgünlerini, olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny berkidýär. Şol sanda ýurduň häkimiýet ulgamyny, onuň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, döwlet edaralarynyň ulgamyny, ilatyň öz-özüni dolandyryşynyň esaslaryny kesgitleýär. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti jähetinden Konstitusiýanyň esasy iki wezipesi bolýar. Birinjisi, tutuş jemgyýetiň we döwletiň gurluşynyň, ýurduň döwlet häkimiýetiniň häsiýetleriniň, şahsyýetiň hukuk ýagdaýynyň esaslar

Azyk senagaty: usullar, tejribeler, mümkinçilikler

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän giň gerimli gözden geçirilişde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, daşary ýurt kompaniýalary bu ýerdäki öz diwarlyklarynda oba hojalyk we azyk senagatynyň dürli ugurlarynda öndürýän önümleri, ýerine ýetirýän işleridir hyzmatlary, olarda ulanylýan nou-haular, innowasion tehnologiýalar, usullar bilen tanyşdyrýarlar. Biz hem sergä gatnaşyjylaryň käbiriniň bu ugurdaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik. Sonagül KÖSÄÝEWA,Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Abadan» önümçilik kärhanasynyň barlaghana müdiri:

Desterhanlar nygmatly — ýaşaýyş abadan

Ilaty zerur azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, senagat kärhanalarynyň gerekli çig mallara bolan isleglerini kanagatlandyrmak welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleriniň baş maksatlarynyň biridir. Olar üstümizdäki ýylda hem artdyrylan gaýrat bilen yhlasly zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň möçberleri barha artmak bilen. Şanly ýylyň geçen dört aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 5,5 müň tonnadan gowragy, limonyň 37,7 tonnasy öndürildi. Şonda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1 we 0,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Parla, ýaşyl Baýdagym!

Gujagy läle-reýhan, gül getiren baharly,Watanmyzyň buýsanjy, parla, ýaşyl Baýdagym!Ak arzuwly, göwni Gün deý mahirli Il-günümiň guwanjy, parla, ýaşyl Baýdagym! Gül roýuňa siňipdir bagtly halkyň ykbaly,Pederleriň paýhasy, nesilleriň ygrary,Garaşsyz hem Bitarap ülkämiziň ykraryGöwünleriň daýanjy, parla, ýaşyl Baýdagym!

Milli mukaddesliklere tagzym

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy bellenilip geçiler. Bu döwrüň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşiniň wajyp ugurlaryny kesgitleýän Esasy Kanuna öwrüldi. Bu döwrüň içinde keşbine ýazyň röwşi çaýylan ýaşyl baýdagymyz, gör, näçe gezek, diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýäniň çar künjünde gazanylan üstünliklerimiziň şanyna al-asmana göterildi?! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata Watanymyzyň abadançylygynyň kepili, agzybir halkymyzyň erkana ýaşaýşynyň we şöhratly ýeňişleriniň ruhy gözbaşy bolan milli Konstitusiýamyz we ýaşyl baýdagymyz halkymyzyň buýsançly taryhynyň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar ýaşaýşynyň we beýik geljeginiň ajaýyp şuglasydyr.

Döwletliligiň mizemez ýörelgeleri

Milli Konstitusiýamyz hem-de Döwlet Baýdagymyz özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzda gazanylýan ösüşleriň, özgerişlikleriň kanunçylyk esasy hem-de ýörelgeleýin binýady bolup durýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek üçin kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek işlerini wajyp meseleleriň hatarynda goýdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Konstitusiýa ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär.

Baky bagtyýarlygyň binýady

Baýdak Ýer ýüzünde her bir döwletiň resmi taýdan ykrar edilen döwlet nyşany, şeýle-de her bir halkyň ykbalyny, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň mukaddes düşünjelerini bitewüleşdirýän gymmatlykdyr. Baýdak her bir ýurduň esasy döwlet nyşany bolup, şol halkyň garaşsyzlygyny, erkinlik hakyndaky düşünjelerini alamatlandyrýar. Konstitusiýa bolsa döwletiň hukuk gurluşyny, ykdysady, syýasy ýörelgelerini kesgitleýär. Baş Kanunymyzyň türkmen jemgyýetinde agzybirligi we galkynyşy üpjün etmekdäki ähmiýeti juda uludyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň Esasy Kanuny mizemez kadalary saklap galmak bilen birlikde döredijilikli ösdürilýän resminama hökmünde kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerinden täzeçe görnüşde peýdalanylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle çemeleşme kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda we ösdürmekde özüniň netijeliligini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan konstitusion özgerişlikler galkynyşly döwürde täze kanunlaryň gaýra goýulman, kabul edilmegini we olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny ündemeklige gönükdirilendir. Bu bolsa, öz gezeginde, mundan beýläk-de döwleti demokratiýalaşdyrmak we hukuk döwletini gurmak ýolundaky ädimlerdir.

Türkmenistan – bagtly mekan

Türkmenistan — bagtly mekan, rowaçlanyp öňe barýar,Watanmyzyň mertebesi al-asmana — arşa galýar.Päk ýürekli türkmen aga, şuglaly ak daňa barýar,Çünki biziň arkamyzda Arkadagym — Merdanym bar, Ýurduň keşgin çekip barýan Arkadagly Serdarym bar.Hana üste hana açýar gowaçalar pellermizde,Rysgal-döwlet egsilmeýär, erkimiz öz ellermizde.Begenjimiz-buýsanjymyz — Watan waspy dillermizde,

Beýik taryhyň takyk beýany

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda taryhy maglumatlaryň üsti bilen gadymy şäheriň şanly geçmişi dabaralandyrylýar. Kitabyň mazmunynyň arheologiki tapyndylara, häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanmagy taryhçylar bilen birlikde ýaş nesliň hem her birinde uly gyzyklanma döredýär. Kitapda Änew medeniýetini ilki açan amerikaly alym Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde ýüze çykarylan maglumatlar barada gürrüň berilýär. Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny, ruhy däp-dessurlaryny gorap saklamak we ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada umumy düşünjäňi baýlaşdyrýar.

Döwlet berkararlygynyň nyşany

Ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň agzybirliginiň, asudalygynyň we parahat durmuşynyň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz goşa baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýen sözleri bu gün berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerinde dabaralanýar. Döwlet baýdagymyzy we Esasy Kanunymyzy dabaralandyrýan bu baýram halkymyzyň giň gerimde we agzybirlikde belläp geçmegi jemgyýetimiziň beýik watansöýüjilik ýörelgeleriniň belent ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Döwlet baýdagy jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, pederlerimiziň paýhasynyň kämil binýadydyr. Döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň iň kämil derejesi bolmak bilen, raýatlarymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyny, işlemegini, bilim almagyny, döredijilikli zähmet çekmegini, erkinligini kepillendirýär.

Berkararlygymyzyň synmaz sütünleri

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Merdana ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamaklygy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip we adamyň, raýatyň hukuklary, azatlyklary kepillendirilip kabul edilen Konstitusiýamyz milli döwletliligiň mizemez nyşany bolup durýar. Ol ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirmekde esasy ýörelgedir. Adam we onuň bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladany ileri tutýan Esasy Kanunymyz jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hem raýatyň bähbitlerine hyzmat edýär, döwlet häkimiýet edaralarynyň öňünde adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek boýunça baş wezipeleri goýýar.

Umumadamzat bähbitli işler

Ýurdumyzyň daşary syýasatda alyp barýan işleri tutuş adamzadyň parahatçylykly, asuda, bagtyýar ýaşaýşy baradaky alada gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr hem-de berkarar döwletimiz üçin uly abraý-mertebedir. Ol ata Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda alyp barýan işleriniň tutuş dünýäde goldaw tapýandygynyň kepili bolup durýar. Dünýäde dostlugy dabaralandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine alyp barýan ynsanperwer işleri halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýar hem-de ýokary baha mynasyp bolýar. Muňa ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ençeme Kararnamalar şaýatlyk edýär. Bu resminamalar durnukly ösüşi gazanmakda, birek-birege hormat goýmakda, ynanyşmakda, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Milli gymmatlyklarymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini Esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Döwletimiziň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy döwletliligimizi alamatlandyrýan nyşanlarymyz bolup, olar Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Goşa mukaddeslik umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegine bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen beýan edýär.  Ak ertirlerimize bolan synmaz ynamy öňküden hem pugtalandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň agzybirlik bilen toýlanýan baýramy halkymyzyň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň belentliklerine göterýär.

Beýik ösüşlerimiziň gözbaşy

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Berkararlygymyzyň baky nyşany bolan Konstitusiýamyz döwletlilik, demokratik, ynsanperwer, adam gymmatlyklaryny hormatlamak ýörelgelerini özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda döwleti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň toplan baý taryhy tejribesi esas edilip alnandyr. Konstitusiýamyzda adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek baradaky alada öň hatarda durýar. Şonuň bilen birlikde, döwletiň her bir raýatyň öňünde jogapkärdigi, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýändigi, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýandygy baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlarynyň Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygyny görkezýär. 

Ajaýyp baýramyň belent ruhunyň waspy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda çykyşlara giň orun berildi. Soňra edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň özara sazlaşygynyň aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen açylyp görkezilmegi örän täsirli boldy. Welaýatyň tanymal sungat ussatlarynyň goşa mukaddesligi wasp edýän aýdymlaryna, belentden ýaňlanýan sazlaryna goşulypýerine ýetirilen tanslar dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyryp, oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny ýokary göterdi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Döwlet baýdagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dabara aýratyn bezeg berdi. Halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, häzir

Baky bagtyýarlygyň baýramy

Toýlary toýlara ulaşýan döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de türkmeniň buýsanjyna öwrülip, al-asmanda asuda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyzyň baýramynyň bir günde bellenilmeginde çuňňur many bar. Goşa mukaddeslik halkymyzyň milli buýsanjydyr. Olaryň şanyna tutulýan toý bolsa agzybirligimiziň, berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň baýramydyr.  Berkarar döwletimiziň ygtybarly hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg-arzuwlaryny, agzybirlik, ynsanperwerlik, azatlyk, watansöýüjilik düşünjelerini, döwletimiziň daşary syýasatynda alyp barýan bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulan eziz Diýarymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sungatyň, medeniýetiň, sportuň halkara derejede dabaralanýan ýurduna öwrüldi, ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlar ajaýyp ösüşlere beslendi.

Sanly tehnologiýa — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, belli bir aralykdan bilimleri we maslahatlary bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda hünärmenleriň tejribesi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ýardam edýär. Şu esasda hem ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň uniwersitetimizde hem multimediýa we interaktiw tehnologiýalar hem-de okatmagyň häzirki zaman serişdeleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle bolansoň, dünýä tejribesini düýpli öwrenmek, günsaýyn ösýän tehnologik enjamlary önümçilige ornaşdyrmak, okuw mekdeplerinde hünär öwrenýän ýaşlaryň innowasion serişdelerini giňden peýdalanmaklaryny gazanmak, netijede, hemmetaraplaýyn ösüşleri üpjün etmek wezipeleriniň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Häzirki ösen döwrümizde kompýuter enjamlarynyň, kämil tehnologiýalaryň durmuşyň ähli ugurlarynda mynasyp orny eýeleýändigi bellärliklidir. Şonuň üçinem döwrebap düşünjeli, kompýuter enjamlaryndan oňat baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda bilimiň doly ü

Goşa mukaddeslik

Ýurduň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy onuň hukuk sütüni hem-de garaşsyzlygynyň mizemez nyşany bolup durýar. Hukuk nazaryýetinde bellenilişi ýaly, Konstitusiýa ýurduň esasy hukuk namasy bolup, onuň kadalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we çäk gurluşynyň binýatlaýyn başlangyçlaryny, döwletiň hukuk ýagdaýyny, onuň jemgyýet, şahsyýet hem raýat bilen özara gatnaşygynyň hukuk esaslaryny, şonuň ýaly-da döwlet häkimiýet edaralarynyň gurluşyny kesgitleýär. Ýurduň esasy tapawutlandyryş nyşany bolan Baýdagy halkyň asyrlarboýy taryhyny, milli aýratynlyklaryny özünde mazmunlaýyn jemleýär. Berkarar ýurdumyzyň adalatly hem ynsanperwer Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň — Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň bardygy, döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibiniň kanun bilen kesgitlenilýändigi barada aýdylýar. «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň halkymyzyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydygy bellenilýär.