"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halkymyzyň milli buýsanjy

Şu günler ähli halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň beýik ösüşleri rowaçlanýar, toý-baýramlara sowgatly barylýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Bularyň ählisi şu günki günümizde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Ildeşlerimiz şanly baýram bilen bilelikde jaý toýlaryny toýlaýarlar, bagtyýarlygyň ajaýyp miwesini görýärler. Täze taryhy eýýamyň ruhuna laýyk gelýän şanly seneler göwünleri galkyndyryjy dabaralara beslenip toýlanýar. Ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda bellenilip geçilýän her bir baýramy agzybirlikde, mynasyp üstünlikler bilen garşylamagy asylly däbe öwren halkymyz bu ýörelgä eýerýär hem-de ýurdumyzyň ösüşine buýsanýar. Mukaddes Garaşsyzlyga buýsanmak we ýaş nesillerde watansöýüjiligi kemala getirmek asylly ýörelgämize öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýaşlarymyz Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy hem Bitaraplygymyzy başlarynyň täjine deňemelidirler». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlarymyz milli ruhda terbiýelenýär, olar milli ýörelgelerimize ygrarly, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelýärler.

Rowaçlygyň ýoly

Ösüşiň röwşen ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýoly geçdi. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Garaşsyzlyk ýurdumyzy taryhy özgerişlere besledi, parahatçylyk söýüji, agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işleri durmuşa geçirýär, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berýär, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýar.

Garaşsyzlyk — alnymyzyň ak bagty

Taryhda şöhratly yz goýan Garaşsyzlyk döwri 33 ýyly arka atdy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň batly depginler bilen ösdürilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren döwlet syýasatynyň üstünlikleri we ony ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar Garaşsyz Watanymyzy berkararlyk kuwwatyna eýe edip, ata-babalarymyzyň dünýä taryhynda yz goýan şan-şöhratyna täzeden güýç berdi, janlandyrdy we agzybir halkymyza milli ruhuň küýsegi bolan eşretli durmuşy peşgeş etdi. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz bolsa, parahatçylykly ösüşleri, halkara abadançylygyny we özara ynanyşmakdyr ylalaşygy kepillendirip, dünýä ýüzünde dost-doganlyk ýollaryny gurdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy toýlanýan üstümizdäki ýylda ýurdumyz ähli ugurlarda, şol sanda, ruhy-medeni ulgamda hem ýokary ösüşleri gazandy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we bu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine hödürlemegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzdaky ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlyk merdana nesillerimiziň milli ruhunyň synmazlygyna, jebisliginiň berkemegine, ykdysady mümkinçilikleriniň artmagyna ynamly bat berdi hem-de şol baýlykla

El hünäri il gezer

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Saýat şäherindäki «Balsaýat» toý mekanynda etrap häkimliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda el işlerini sünnäläp ýerine ýetirýän gelin-gyzlarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmaklarynda üme çäresi geçirildi. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bu gadymy senet barha ösüşlere eýe bolýar. Bu çäre çeper el işlerini ýerine ýetirmekde kämilleşmek isleýän gelin-gyzlar üçin has peýdaly boldy. Olar gyzykly çäräniň dowamynda tejribeli zenanlardan el işleriniň gadymy we täze nusgalaryny öwrendiler. Uly durmuş tejribesine eýe bolan ene-mamalarymyz milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, olar baradaky gyzykly rowaýatlary aýdyp berdiler. Çärä gatnaşyjylar milli mirasymyzy dikeltmek we dünýä ýaýmak ugrunda ýadawsyz aladalanýandygy hem-de döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Garaşsyzlyk — diller senasy

Garaşsyzlyk bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny  zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly döwrebap binalar, bilim-terbiýe ojaklary, lukmançylyk merkezleri, saglyk, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir.        

Aýdym-sazly dabara

Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar Golaýda Ýolöten etrap häkimliginiň,etrap medeniýet öýüniň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky «Ajaýyp agşam» toý mekanynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabara

Garaşsyzlyk bagt getirdi Diýara Golaýda Sakarçäge etrabyndaky «Alkyş» toý mekanynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet öýüniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagt getirdi Diýara» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabara

Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň guramagynda “Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bagtyýarlyk ruhuna beslenen bu dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy

23-nji sentýabrda ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Garaşsyz döwletimizde watandaşlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, döretmegi, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyz bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu Garaşsyzlyk gününe aýratyn hormat goýýar.

Garaşsyzlyk - ykballaryň ykrary

Her ýyl sahawatly güýz gelende:Il-günüme ygtyýarlyk, erk beren,Garaşsyzlyk alyp gelen tylla güýz! — diýen goşgy setirlerini biygtyýar sere getirenimi duýman galýaryn. Toý-baýramlary goşa-goşadan getirýän bu ajaýyp pasyl bosagadan ätlände, göwnümiz galkynyp, heýjana gelýär. Çünki bu pasylda külli türkmen halkynyň iň uly toýy — Garaşsyzlyk baýramy giňden bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny ýüregimize has ýakyn saýýarys. Neneň şeýle bolmasyn?! Mähriban halkymyz Garaşsyz döwlet bolmak arzuwyny gursagynda göterip, bäş müň ýyllyk ýoly geçip geldi.

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlandy

Şu gün paýtagtymyzda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.  Şanly senäniň – eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdiriden möhüm meseleler girizildi. 

Geňeş etmek däbiniň döwrebap nusgasy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär Milli we döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halka sala salyp, köpçülik bilen geňeşip çözmek, ara alyp maslahatlaşmak, ýaşululara sarpa goýmak halkymyzyň owaldan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgelerindendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de şeýle asylly ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň güwäsi bolar.

Arkadag şäheri: geljegiň arzuwlary hakykata öwrülýär

Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik, şähergurluşyk babatda jöwher zehininden döräp, täze taryhy döwrümiziň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine bagyşlanan gazet sahypasyny taýýarlamaga başlanymda, näme üçindir, şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygryndaky: «Ynsana bagt üçin nämeler gerek?» diýen setirleri aňymda aýlandy durdy. Elbetde, bagt adamyň içki dünýäsi, ruhy ahwaly bilen bagly düşünje. Ony her adam dürli-dürli zatlarda görýär. Ýöne sosiologlaryň ylmy barlaglary hem içki, hem daşyňy gurşap alýan dünýä bilen sazlaşykly ýaşamagyň köp babatda özüňi bagtly duýmaga iterýändigini tassyklaýar. Başgaça aýdanymyzda, abadan durmuşyň, halaýan käriň, rahat öý-ojagyň, agzybir maşgalaň bolup, ýaşaýan döwrüňe, döwletiňe tüýs ýürekden buýsanyp ýörmegiň özi uly bagt. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde kemala gelen ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde ildeşlerimiziň müňlerçesine, ine, şeýle bagtdan paýly bolmak miýesser etdi. Bu gün täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde bu ýerde bitirilýän işler, arkadaglylaryň durmuşynda bolup geçýän özgerişler barada söhbet etmek juda ýakymly. Adam paýhasynyň we «akylly» innowasiýalaryň sazlaşygy

Geňeşli salamat bolar

Berkarar döwletde, ajaýyp zamanamyzda ýyllar biri-birinden zyýada gelýär. Bagtyýar halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Şanly toýuň öň ýanynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taryhy ýylyň möhüm ähmiýetli wakasy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý-baýramly günlerine aýratyn ýakym çaýar. Halk pähiminde: “Geňeşli salamat bolar” diýlişi ýaly, her bir döwletli tutuma maslahatly, geňeşli başlamak pederlerimizden dowam bolup gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Halkymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, döwletli maslahat etmegi agzybirlikden, jebislikden, birek-birege hormat-sarpadan nyşan. Munuň özi il-ýurt bähbitli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bir ýere jem bolup, maslahatly iş etmek uly üstünliklere, beýik ösüşlere alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgeleri esasynda Garaşsyz Watanymyzda alnyp barylýan giň möçberli işler ýurduň gülläp ösüşlerine, il-günüň bagtyýarlygyna gönükdirilendir.

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

MAHMAL KIMIN MAÝSALAR GUJAGYN AÇÝAR... Çagalygymyzyň iň gowy aýdymlarynyň biri şu setirler bilen başlaýardy. Aýdymyň dowamynda:

Adyňyza alkyş ýagýar, Arkadagly Serdarymyz!

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna barýan Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyz toý donuny geýdi. Dabaraly çäreler, çykyşlar, dürli ugurdaky bäsleşikler bu uly toýuň şowhunyna şowhun, şatlygyna şatlyk goşýar. Şeýle çäreleriň biri — aýdym-sazly dabara geçen ýekşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilip, ol aýratyn öwüşgine eýe boldy. Sazly kompozisiýalaryň, aýdylan aýdymlaryň, okalan goşgularyň üsti bilen döwletimiziň başynda duran hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri wasp edilip, jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi. Beýik döwür beýikleri döredýär. Dogrudan-da, bu jümleleriň aňyrsynda ýyllaryň dowamynda dabaralanan hakykat bar. Çünki beýikleri beýik döwrüň döredýändigini bize döwrüň özi aýan edip berdi. Mysal hökmünde, diňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni alsagam, şöhratly wakalary, buýsançly pursatlary sanap gutarar ýaly däl. Şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan ak alkyşlaryň bar ýerinde döwür sözüni ulanman bilmeris. Goşgularymyzda:

Merdanalygyň mertebeli mekdebi

Garaşsyz döwletimiziň sarsmaz galasyna deňelýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň binýadyny kuwwatlandyrmak, Watan goragçylaryny parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleri esasynda terbiýelemek ýurdumyzyň asudalygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň möhüm şertidir. Berkarar döwletimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza esaslanyp, Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr» diýip bellemek bilen, Watan goragynyň ähmiýetini beýan edýär. Bu hakykat ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk derejesini pugtalandyrmak, milli bähbitlerimizi gorap saklamak, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent we jogapkärli borja wepaly bolan harby gullukçylaryň hem kalbynda orun alýar. Döwletimiz mukaddes borja we harby kasama wepaly mert gerçekleriň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleri häzirki döwrüň iň kämil tehnikalary, sanly tehnologiý

Dünýä nusgalyk tagallalar

Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan asylly işler ýurdumyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasyndaky günlerde hem taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Ak mermerli paýtagtymyzda dünýäniň abraýly bilermenleriniň, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň hem-de onuň bilen ugurdaş serginiň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň, şeýle-de «Hi-tech Türkmenistan 2024» atly serginiň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda diňe bir goňşy Owganystanda däl, eýsem, tutuş sebitde sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge goşant goşjak möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly wakalar bolsa buýsanjymyzy artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda has-da rowaçlanýar. 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyşy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, «Türkmenistan— Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkad

Garaşsyzlyk taglymaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli, dostlukly, syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlyklar yzygiderli giňeldilýär. Halklaryň arasyndaky dostlukly, ylalaşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak Ýer ýüzünde abadançylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmakdyr. Päk zähmet bilen Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmek bagtyýarlygyň eýeleri bolan nesilleriň borjudyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň güllemegi, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Garaşsyz döwletimizde durmuşymyzy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleri çözmekde raýatlaryň pikir-garaýyşlarynyň esasynda oňyn çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýan edýär.

Halk Maslahaty il-ýurt bähbitli maksatlardan ugur alýar

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymaty öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli her bir başlangyjy özüniň ýokary netijesini berýär. Milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisinde hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berler. Onda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilmek bilen, mejlisde garalýan meseleleriň döwlet derejesinde ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilen beýik sepgitler diňe bir döwlet derejesinde gazanan üstünligimiz bolman, eýsem, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän hem-de döwletlerdir halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.