"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kärhananyň batly gadamlary

Ahal welaýatynyň «Bäherden» tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyryljak ýylynyň geçen alty aýyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu baýry, öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň birinji ýarymynda 7 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, meýilnama 127 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada 110,6 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri kärhanada tikin önümleriniň 385 müňden gowragy taýýarlanyp, şonuň aglabasy ýöriteleşdirilen lybaslardyr. Degişli pudaklaryň buýurmalary esasynda ekologiýa taýdan arassa nah matalardan tikilen şeýle önümler hiliniň ýokarydygy bilen hem tapawutlanýar. Ildeşlerimiziň 100-den gowragynyň zähmet çekýän bu önümçilik düzüminiň iş gadamlarynyň barha batlanýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

«Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Arkadagymy­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len bi­na edi­len Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­nil­ýän gü­nün­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň ser­ti­fi­kat­laş­dy­ryş ul­ga­my ta­ra­pyn­dan hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di.

«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» elektron žur­na­ly­nyň 6-njy sa­ny oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Şöh­rat­ly ýy­lyň şa­ny­na şan go­şan ta­ry­hy wa­ka­lar Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň tä­ze sa­nyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Žur­na­lyň şu ýyl­da­ky al­tyn­jy sa­ny oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di.

«Arkadag» ýyldyzy ― eýýamyň altyn öwüşgini

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Uly ösüş­le­ri, öz­ge­riş­le­ri, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry bi­len dün­ýä­ni özü­ne çek­ýän, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň sy­lag-hor­ma­ty­na my­na­syp bol­ýan döw­le­ti­miz­de her gü­nü­miz bi­ri-bi­rin­den zy­ýa­da şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da bag­tyň hem gel­je­giň şä­he­ri bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­mi­ziň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­tyn­da ge­lip gow­şan hoş ha­bar her bir türk­men ra­ýa­ty­nyň toý şat­ly­gy­ny art­dyr­dy.

«Arkadag» adyny göterýän ýyldyzyň güwanamasy gowşuryldy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 1-nji iýul­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de As­man ji­sim­le­ri­ni öw­ren­ýän «Kos­mos-Ýer» jem­gy­ýe­ti­niň alym­la­ry ta­ra­pyn­dan as­man gi­ňiş­li­gin­dä­ki ýyl­dyz­la­ryň bi­ri­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň go­ýul­ma­gy, bu as­man ji­si­mi­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan gü­wä­na­ma­nyň, şeý­le-de te­les­ko­pyň we onuň dü­şü­ren su­rat­la­ry­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­ne gow­şu­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Garaşsyzlyk döw­rü­niň şyg­ry­ýe­tin­de Awa­za­nyň was­py

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de bu gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy gün­sa­ýyn ös­ýär, öz­ger­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de Awa­za­ny wasp et­me­dik şa­hyr­dyr ýa­zy­jy­la­ry­myz az bol­sa ge­rek.

Halk bähbitli belent maksatlar

4-nji iýulda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň çözgütleri — halk bähbitli belent maksatlar» atly maslahat geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministligi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan guralan maslahat Halk Malahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Mejlis, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmeklige bagyşlandy. Oňa ady agzalan ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Milli sportumyzyň ösüşli ýoly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy giň gerimli dabaralar bilen bellenilip geçiljek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda geçen şol şöhratly ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda gazanylan ägirt uly ösüşler dünýä jemgyýetçiliginiň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ösüşler, ýetilen belent sepgitler hakynda söhbet edilende bolsa, elbetde, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylan nusgalyk işler barada hem buýsanç bilen bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, taryhy tutumlary, giň gerimli özgertmeleri netijesinde milli sportumyzy ösdürmegiň, onuň halkara derejede ykrar edilmegini gazanmagyň düýp binýadynyň goýlandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, durmuşa geçiren ägirt uly işleri esasynda eziz Diýarymyzyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegini bolsa Garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň ajaýyp üstünlikleriň biri hökmünde buýsanç bilen görkezmek bolar. Türkmenistanda sanlyja ýyllaryň içinde gurlan dürli sport desgalary Diýarymyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, şäherleriniň bezegine öwrülip, olar ilatyň saglygyny berkitmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni rowaçlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň

Zeminde ajaýyp şäher, asmanda ýyldyz – ARKADAG

«Geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu dürdäne jümleleri dünýäde uly ykrarnama eýe bolan ajaýyp hakykatyň beýanydyr. Mundan bir hepde ozal dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy şatlyk-şowhunly çäreler bilen giňden bellenilip geçilen Arkadag şäheri bagtyň, bagtyýarlygyň, ýaşlygyň şäheri hökmünde göreniň kalbyny buýsanja besläp, göwün guşuny al-asmana göterýär. Bilşimiz ýaly, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan sebitdäki ilkinji «akylly» şäheri döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesi bolup durýan bu şäher häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we özboluşly binagärlik çözgütlerini, dünýäniň iň döwrebap tejribesini özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda bu ajaýyp şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça işler dowam etdirilip, onuň çäginde, esasan, senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Halkyň bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde ýurdumyzda giň gerimli işleriň amala aşyr

Köňül buýsanjymyz bedew

Merdana türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi, geljegini ýelden ýyndam ahalteke bedewlersiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Taryhyň dowamynda we häzirki döwürde halkymyzyň durmuşynda ahalteke bedewlerine möhüm orun degişlidir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy gymmatlygy hasaplanylýan ahalteke bedewleri Ýer ýüzüniň iň gadymy atlarynyň biri bolmak bilen, ol milli mirasymyzdyr, köňül buýsanjymyzdyr» diýip tarypyny ýetirýän behişdi bedewlerimize goýulýan hormat-sarpa, olaryň gadyr-gymmaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da artdy. Her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dünýä ýaň salýan dabaralar bilen bellenilip geçilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ahalteke atlarynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň gözelligine, ýyndamlygyna Ýer ýüzünde taý tapylmaýan behişdi bedewlerimize söýgi-buýsanjynyň nusgalykdygyna ýakynda bolup geçen şanly wakanyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Çawy dünýä dolan türkmen sporty

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda, asuda asmanymyzda parlaýan ýaşyl Tugumyzyň şuglasynda, täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Asuda, parahat şuglaly Watan,Arkadagly Gahryman Serdarym bilen!Bu gün sport mekanyna öwrüldi,Arkadagly Gahryman Serdarym bilen!

Pyragy saglyk hakynda

Ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyrymyzyň abraý-mertebesiniň dünýäde has-da beýgelmegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär» diýip belleýär. Bu jümleleriň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna beýik Pyragynyň saglyk, sagdynlyk, lukmançylyk babatdaky öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň çuň many-mazmunyna aralaşanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. At-owazasy, gymmatly şygyrlary dünýä dolan Magtymguly Pyragy:

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini berjaý edip, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňde täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek hem-de ösdürmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Welaýatlarda sport mekdepleri we sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Her bir ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertler döredilýär. Sagdynlyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi – bularyň ählisi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk – bu bahasyna ýetip bolmajak her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. Sporta gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň gözbaşy, durmuşa bolan höwesi, söýgini artdyrýan egsilmez güýç hökmünde ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar Watanymyzda milli sporty wagyz etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli tutumlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Bize halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döre

«Nebitçiniň» nobatdaky üstünligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19 — 28-nji iýuny aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Oňa şu uniwersitetiň «Nebitçi», Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala», Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýüpek ýoly» hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» toparlary gatnaşdylar.

Futbol täzelikleri

GOÝÇÝSM to­pa­ry (Fut­bol bo­ýun­ça gel­jek­ki olim­pi­ýa­çy­la­ryň ýö­ri­te­leş­di­ri­len ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler sport mek­de­bi) to­pa­ry 2008-2009-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da fut­bol bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­niň ýe­ňi­ji­si bol­dy. «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dion­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şy Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy bi­le­lik­de gu­ra­dy. Paý­tag­ty­my­za we­kil­çi­lik eden to­par aý­gyt­laý­jy du­şu­şyk­da «Al­tyn täç» to­pa­ryn­dan 2:1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy.

Bedenterbiýe we sport

Tagtabazar etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdeplerinde ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň bedenterbiýä hem-de sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guralýan ýaryşlar yzygiderliligi bilen tapawutlanyp, olara ýaşlar uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Tälimçi-mugallymlar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejede türgenleşik işlerini geçirýärler. Bu bolsa ýaşlaryň saýlap alan ugrunda barha kämilleşmegini şertlendirýär. Türkmen sportuny dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Güljan ÝAGŞYMYRADOWA,

Sportuň we medeni özgertmeleriň paýtagty

Ýurdumyzda beýleki öňdebaryjy ugurlar bilen bir hatarda sagdyn durmuş ýörelgesini, Aşgabat şäheriniň binagärlikde ýeten sepgitlerini dabaralandyrmak maksady bilen, dürli ulgamlarda medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Ýakynda Erkin döredijilik mekanynda  geçirilen «Sport bilen göterildi şöhratymyz-şanymyz, Arkadagly Serdar bilen gülle, Aşgabadymyz!» diýlip atlandyrylan dabara halypa ýazyjylar, žurnalistler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, talyplar gatnaşdylar.

Türkmenistan dialog arkaly parahatçylyk söýüjilik däplerini ilerledýär

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!