"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

17-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

17-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň möhüm şerti

Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidigini belledi. Baýramçylygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, şeýle-de paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň möhüm şerti

Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidigini belledi. Baýramçylygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, şeýle-de paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

Aşgabat, 17-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Belent sepgitlere badalga

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ylym-bilimiň we tehnologiýalaryň ähmiýetini artdyrmak, ýurdumyzy ösdürmegiň innowasion usullary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň döwrebap derejesini üpjün etmek ýaly ugurlar bar. 10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi.

Rowaçly gadamlaryň ýalkymy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymaty «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalarda, gazanylýan ajaýyp üstünliklerde, ulus-ilimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrundaky taýsyz tagallalarda beýanyny tapýar. Tamamlanyp barýan ýylymyzyň şanly wakalary, ösüşdir özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadançylygy baradaky aladasynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen dabaralandyrýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toý edilýän ýylynda gözel Diýarymyzyň sebitlerinde we paýtagtymyz Aşgabatda binadyr desgalaryň açylyş dabaralaryna şaýat bolundy. Şolaryň arasynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly beýleki desgalaryň toý ruhunda açylmagy diýseň guwandyrýar. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde gurlup, ulanylmaga berlen 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdep we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzyň ilatyna ajaýyp sowgady boldy.

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň köpugurly pudagydyr

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Milli binagärligiň döwrebap nusgasy

14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Halk bähbitli netijeli işler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Arkadag şäheri — dünýä nusgalyk şäher

14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Beýik ösüşlere buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, döredijilikli zähmet bilen ýurdumyzy gülledýär. Çünki Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň, beýik işleriň özeninde diňe halkyň bähbidi, onuň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlaryň durýandygy her bir raýatyň durmuşynda duýulýar. Halkyň hal-ýagdaýynyň günsaýyn has-da gowulanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesi barha ýokarlanýar. Bu bolsa her bir adamda buýsanç döredýär.

Şöhratly taryhymyzyň aýdyň beýany

Üstünliklere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalara baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza serpaý eden eserleri ruhy we medeni gymmatlygymyza öwrüldi. Bu ajaýyp ylmy-filosofik eserler ýol-ýörelgämizdir. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny, nusgalyk ýol-ýörelgelerini beýan edýän eserler ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden döreýän dürdäne eserler her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem pähim-paýhasyň nur-şuglasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen «Hakyda göwheri» atly kitaby geçmişimize buýsanjy, geljegimize bolan ynamy artdyrýar. Milli Liderimiz taryhy maglumatlary diňe bir öwrenmek bilen çäklenmän, häzirki zaman dünýäsine akyl ýetirmegiň syryny hem salgy berýär. Täze kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda neşir edilmegi uly ähmiýete eýedir. Ata-babalarymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklarymyz bu günki günde dünýä ýaýylýar. Bu asylly ýörelgeleri, şöhratly taryhymyzy ýaş nesillere öwretmek, wagyz etmek köňüllerde buýsanç döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, edebi mirasyny, akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasyny döwrebap aýdym-sazlaryň üsti bilen mynasyp wasp etmäge goşan uly goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin: