"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Magtymgulyny» ýazan

Käbir döredijilik işgärleri bolýar, olar haýsydyr bir eseri, ýa bolmasa döreden keşbi bilen adamlaryň aňynda galýarlar. Olaryň atlaryny eserleriniň ýada gahrymanynyň adynyň eýeleýän ýagdaýlaryda az bolmaýar. Ýazyjy Gylyç Kulyýewede, başgada ýatda galyjy eserleriniň az däldigine garamazdan, «Hä, «Magtymgulyny» ýazanmy?» diýläýýändir. Muny ýazyjynyň Pyragy baradaky eseri döretmäge sarp eden ýyllary, çäksiz yhlasy bilen düşündirip bolar. 1913nji ýylyň 14nji aprelinde Marynyň birinji Gökje obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inen Gylyç Kulyýew başlangyç bilimi internatda alýar. Ol 1948nji ýylda şol wagtky Aşgabat pedagogik institutyny, soň bolsa Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlaýar.

Körpelere okap beriň!

Garry we garga Unaş bişrende garypIýmegi edip tama,Çekizeden togarlap,Garry gurt serdi tama.

Pyraga bagyşlanan monografiýa

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Tagandurdy Bekjäýewiň «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly monografiýasy neşir edildi. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki frazeologizmleriň etimologiýasy, leksik-semantik aýratynlyklary, grammatik gurluşy ylmy taýdan derňew edilýär, şahyryň eserleriniň poetik dili dogrusynda täzeçe garaýyşlar öňe sürülýär. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserlerindäki düzüminde reňkler, sanlar, beden agzalary, aryflyk bilen bagly sözler, tirkeş sözler bolan frazeologizmler ýörite seljerilýär. Kitabyň ahyrynda Magtymguly atamyzyň eserleriniň gysgaça frazeologik sözlügi ýerleşdirilipdir. Magtymgulyşynas mugallymyň täze kitaby ýokary we orta mekdepleriň dil we edebiýat mugallymlaryna, bu ugurdan bilim alýan talyplara we dana Pyragynyň döredijiligi, türkmen diliniň taryhy bilen içgin gyzyklanýan adamlara gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.

Parasatly pikirler

Bir şem başga bir şemi tutaşdyrany bilen öz ýagtylygyndan hiç zat ýitirmez. Möwlana Jelaleddin Rumy. * * *

«Iň güýçli» serçejik (Rus tymsaly)

Gyş barha çynyna tutýardy. Alys ülkelere gyşlamaga gitmedik guşlar, iýmitden geregini edinensoňlar, aýazda sowukdan goranmagyň aladasy bilen bolýardylar. Ýöne ýaşuly guşlar wagtlaryny mümkin boldugyça ýylyrak ýerden çykman geçirseler, ýaşlaryň bir ýerde oturyp kararlary ýetmeýärdi. Olar daşaryk çykyp, nähilidir bir oýna güýmenmeseler, wagtlary geçmeýärdi. Bir günem ýaşajyk serçejikler şäheriň köp gatly jaýlarynyň üstünde gaýmalaşyp, özbaşlaryna oýna gümra bolşup ýörüşlerine, olaryň arasynda haýsy biriniň güýçlüdigi baradaky jedel ýüze çykýar. Jaýyň üçeginde seteran oturan serçeleriň biri aşakdaky guran agajy görkezip:

Akyldaryň şygyrlarynda saglygyň waspy

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip, örän jaýdar belleýär. Şu parasatly sözlerden çen tutulanda, söz sungatynyň zergäri hasaplanylýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik aýdyň görünýär.  Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri ajaýyp döwürde täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Pyragy her bir ynsanyň arassa pikirli bolmagyny hem-de jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen hut biziň bagtyýar günlerimizde wysal boldy. Akyldar şahyr durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerur diýlip hasaplapdyr. Ol şonuň üçin hem ýaşaýşyň diregi bolan saglygy goramalydygyny nygtap, şeýle ýazýar:

Şygryýet bossany

Arkadagymyzyň kämil eseri Ata Watan ýada salýar uçmahy,Döretmek, gurmagyň kämil nusgasy,«Hakyda göwheri» — döwrüň kyssasy,Arkadagymyzyň kämil eseri.

Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Mähriban Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly günlerimiziň gujagy toý-baýram. Özi-de biri-birinden şanly, şatlykly, şowhunly wakalar ömrüň her pursadyny gurşaýar. Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly dürdäne eserini iň arzyly sowgat hökmünde maňlaýymyza sylyp, kabul eden günlerimiz ýene-de bir hoş habarlara şatlykly pursatlara ulaşyp gitdi.

«Hakyda göwheri» — zehin jöwheri

Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar. Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, zergärçiligiň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Olaryň ebedileşdirilmegi, dünýäde dabaralandyrylmagy milli mirasymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz täze kitabynyň sahypalarynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýmek bilen, milli taryhy we ruhy gymmatlyklarymyzyň ýyl geçdigiçe öwüşgini artýan mähek daşy dek, gün-günden görklenýän göwher mysaly hakydalarda uly orun tutýandygy jähetden, ajaýyp kitabyny «Hakyda göwheri

Magtymguly Pyragy

Türkmen binasy Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkan mydam, budur türkmen binasy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dana şahyr Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. Türkmen edebiýatynyň göwher gaşy Pyragynyň çeper döredijiligine degişli, çuň many-mazmuna eýe bolan medeni mirasymyz bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Söz ussadynyň eserlerinde türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlyk we watansöýüjilik şahyrana beýan edilýär.

Algyn pendim, jigerbendim!

Abraý getirýän daragt Ynsany bezeýän ýüzlerçe häsiýet bar. Elbetde, olaryň ählisini bir ýerde jem etmek mümkin däl. Ýöne şol häsiýetleriň biri-de ynsana bir ömürlik sogaby bagyşlap biler.

Gursagyma guýduň müň bir hyýaly...

(Oýlanma) Entek orta mekdebiň gapysyndan aýak basmadyk uçurlarym enemiň elinden düşürmän okaýan galyň sahaply, gollaryňa agram berýän saldamly kitabyny okamak höwesim meni hiç öz erkime goýmazdy. Enem kitaby eline alandan, ilki bilen, öz maňlaýyna, soňra meniňkä sylardy. Dogrusy, şol mahallar hiç zada düşünmedigem bolsam, keramatly zatlaryň maňlaýa sylynýandygyny bilýärdim. Ýaşajyk aňymda orun eýelän bu endige häzir-häzirlerem uýýaryn. Kitaby elime alanymda ilki maňlaýyma sylyp, soňra sahaplap başlaýaryn.

BAGT GETIREN ÝYL ýa-da Aýazbaba lybasly ýigit

Gyş paslynyň gelmegi uludan-kiçä hemmeleri begendirýär. Sebäbi gyş paslynyň ortaky aýy iň gowy baýramçylyk — şatlyk-şowhun bilen Täze ýyl gelýär. Täze ýyl örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Ynha, ýene-de bu jadyly baýramçylyga sanlyja gün galdy. Täze ýyl baýramçylygyna ulularam garaşýandyr welin, çagalaryň begenjini hiç zat bilen deňemek mümkin däl. Ähli adamlar Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli otaglaryny, ýaşyl öwsüp duran arça agajyny dürli görnüşli jäjekler, her hili reňkde öwsüp duran girlýandlar bilen bezeýärler. Menem adat bolşy ýaly, ähli aladamy dynç gününe goýupdym. Ol günem ýetip geldi. Adatça, her dynç güni säher bilen oýanman, biraz ýatýardym. Näme üçindir, bu gün säher bilen oýandym. Hemişeki endigime görä, penjiräni açyp, daş-töweregi synladym. Bar ýeri ap-ak gar basypdyr, özüniň owadan altyn şuglasyny saçýan Günüň şöhlesine ähli ýer edil künji sepilen ýaly, ýyldyraşyp, tebigatyň gözelligine görk goşýardy. Bu gözelligi synlap, göwnüm göterildi. Gowy görýän aýdymyma hiňlenip, öý işlerine güýmendim. Derrew öý-içerini tämizläp, otagymyzdaky Täze ýyl arçasyny bezemäge başladym.

ENE hakda poema

Dertliň şypa tapany, hassahana, Rebbim, goraweri hassa ýatany. Ene ýatyr başyn ýassyga goýup,Durmuş aladasyn gyrada goýup.

Asuda Diýaryň beýik şygary

Bitaraplyk ýolun seçen Diýarym,Gadam urýar beýik geljege sary.Parahatlyk, dost-doganlyk, jebislik —Beýik Watanymyň baky şygary. Bedew batly ösüşlerne ýurdumyň,Guwanyp garaýar halklaryň bary.Parahatlyk, berkararlyk, rahatlyk —Asuda Diýaryň beýik şygary.

Baky bagtymyzyň badalgasy

Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr. Bu jümle biziň göwnümize ganat, ömrümize zynat berýär. Çünki hemişelik Bitaraplyk — biziň baky bagtymyzyň badalgasydyr. Türkmen Bitaraplygy diýlende, kim «Ser bereris, ýer bermeris!» diýen Oguz han Türkmeniň agzybirlik hakyndaky sargytlaryny hakydasyna getirse, kimsi Gorkut ata Türkmeniň boýlaryny ýadyna salýar. Kimsi merdana Görogly beg Türkmeniň keşbini göz öňüne getirse, kimsi Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny tekrarlaýar. Kimsi gökde ganatlaryny giňden ýaýan kepderi hakynda pikirlense, kimsi dutary gylyçdan has güýçli saýan Şükür bagşynyň dutarynyň mahmal owazy hakynda oýlanýar. Garasaý, dünýäde näçe sany ynsan bar bolsa, şonça-da dünýägaraýyş bar. Men hemişelik Bitaraplygymyz dogrusynda pikirlenip, golaýda geçirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriniň birini ýadyma saldym.

Göterildi il ykbaly, Pyragy

Beýik akyldar, söz şalygynyň serweri, jahankeşde, filosof, kämil şygyr bossany dünýä nusgawy edebiýatynyň gymmatly genji-hazynasyna öwrülen ynsanperwer, dana şahyryň üç asyrlyk toýunyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bile bellenilmegi, elbetde, döwletlilikden nyşan. Magtymguly sözüm gysga şerhi köp,Bilmeze hiç, bilenlere nyrhy köp

Esger oglum bar

Eziz hem edermen oglum! Ene ýüregimiň seniň Watan goragçysy bolandygyň üçin nähili begenýändigini bir bilseňdiň! Men bu ajaýyp pursatlary sen entek ak gundagdaky bäbejik wagtyň sallançagyňy üwräp, hüwdä salyp arzuw edipdim. Şol wagt juda kiçijek bolanyň üçin ol hüwdi seniň ýadyňa düşýän däldir, meniň bolsa sözme-söz ýadymda... Allan-allan aklasa,Sallançakda uklasa,Ulalyp, esger bolup,Watan duzun haklasa.

Watanyň toýy

Gujagynda bu bagtyýar zamanaň,Bitarap Watanda toýlar toýlanýar. Dünýä dolup belent şöhratym-şanym,Bagt sazy çar tarapda ýaňlanýar. Bitaraplyk toýy — Watanyň toýy,Mähre beslär her bir ojagy-öýi,Nurlanypdyr älem-jahanyň roýy,Belent işler dünýä içre oňlanýar.