"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ak sözen (hekaýa)

Biziň obamyzda ilki gülleýän agaç ak sözen. Onuň gülleri-de üýtgeşik. Obamyzyň hemme zady onuň bilen bagly. Ak sözene dahylsyz ýekeje hojalygam tapmarsyň. Şonuň üçin biziň hemmämiz oňa hormat bilen garaýarys.

Ýiten ogul (hekaýa)

Magtymguly öten agşamdan bäri myhmançylykdady. Ol häzir Allaberdi beg bilen howlynyň törüni eýeläp oturan garry tuduň kölegesinde guşluk çaýyny içýärdi. Allaberdi beg:

Aždar

Döwli aga Ýolbars bilen Akguşy süriniň ýanynda alyp gidip, Akbilegi bolsa goşda galdyr­mak kararyna geldi. Çünki ol şu gün-erte güjüklemelidi. Ýene-de garawsyz galýan goşa goragam gerekdi. Bu ýerde mallaryň suwa ýakylýan süýji suwly guýusydyr suwly nowalar, ätiýaçlyk bede küdeleri, çöp-çalamdan edilen çalmardyr agyl hem-de birnäçe arabalyk gury odunlar eýesiz galýardy. Baharda ygalyň kemräk bolanlygy sebäpli, «Gökýaýlada» ýeriň ýüzüne çykan gyrtyç­lardyr gök otlar bireýýäm gurap, samana dönüp, onuň adyndan başga gökläre zat galmandy. Şonuň üçin sürini otlurak ýere, «Garaşora» ýa-da «Sazakla» tarap sürüp görmelidi. «Düýelidir» «Böri daranda-da» ýagdaý şu ýerdäkiden öwerlik däldi. Şonuň üçin Döwli çopan ilki bilen sürini «Garaşora» tarap alyp gitmegi göwnemakul gördi. Kim bilýär, näçe günde yza dolanyljagyny. Hemişe şeýle bolanda bir hepde, hatda ondan-da gowrak günläp, goşdan uzaklara gidilerdi. Şuny göz öňünde tutan ätiýaçly çopan çolugyna iki hepdelik azygy eşeginiň yzyna bökdermegi tabşyrdy. Döwli çopanyň özem şeýtdi. Garagumda goýun bakýan çopanlaryň bir gowy edähedi bar. Olar süri bir günlük goşdan daşa sürülse-de, bir hepdäniň azyk-suwlugyny ýany bilen göterýärler. Çünki ymgyr sährada ýoldan azaşan ýa-da heläkçilige uçrap, aç-suwsuz galan kimdir biriniňem gabat geläýmegi mümkindi. Şeýle ýagdaýa duçar bolnanda çopanlar özlerini unudyp, ilki bilen mätäje kömege howlugýarlar.

Gysga gepim — gymmatym (kyssaýy rubagylar)

Uly sürä sygmadyk iki goçuň şahlaryny kesdiler-de, bir gazana sygdyrdylar. * * *

Gyz göwni gülden näzik (hekaýa)

Söýgi adamda ýaşaýşa höwes döredýär. Söýmek we söýülmek ajaýyp duýgy bolup, Allatagalanyň her bendesine eçilen peşgeşidir. Gyz bolsaň, edepli ýigit bilen durmuş gurmak, agzybir öýüň bikesi bolmak barada kalbyňda ýagşy arzuwlar besleýärsiň. Edil şonuň ýaly, ýigit bolsaň-da, bile durmuş gurjak gyzyň barada päk arzuwlarda, ýagşy niýetde bolýarsyň. Gülaýym hem şeýle arzuwlar bilen ýaşaýardy. Ol ejesi ýarawsyz bolansoň, «Abraýly, başym gyzyl kürteli durmuşa çykyp gidenimi bir görse, käbäm» diýip, dileg edýärdi. Gülaýym maşgalada ýeke gyzdy. Olaryň agzybir maşgalasy bardy. Ol ýokary okuw mekdepleriniň birinde okaýardy, sapaklaryna diýseň gowy ýetişip, mugallymlarynyň söýgüsini gazanypdy. Gülaýym ýuwaş, çekinjeň, asylly gyzdy. Şonuň üçin bile okaýan ýoldaşlary-da ony hormatlaýardylar.

Edebi älemleriň gözleginde

Döredijilikde gabat gelýän ýagdaýlar bolýar. Bu Amannepes Şyhnepesow babatda-da şeýle boldy. Edebiýatçy alym Kakajan Ataýew barada birinji gezek makala ýazanymda onuň seýregem bolsa döreden rubagylaryndan «Çuňluga gitse kökler» diýen setirini sözbaşa çykarypdym. Ara ýyllar salyp, ikinji gezek söhbetdeşlikden soň ýazan makalamy bolsa «Oguz dünýäsiniň gözlegçisi» diýip atlandyrypdym. Edebiýatçy alym Amannepes Şyhnepesow hakda makala ýazmak üçin ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda saklanýan gazet-žurnallaryň nusgalaryny agtaranymda, onuň okuwçy döwri ýazan şygyrlaryna duş geldim. Şonda makalama «Olaň beren sowgadyn berip bilmez başgalar» diýen şahyrana setirini sözbaşy edip almagy göwne makul bilipdim. Bu günki gün, ýurdumyzda we halkara derejesinde uly wakalaryň biri hasaplanylýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligini öwrenmekde düýpli işleri alyp barýan alymlaryň biri hökmünde, Amannepes mugallym bilen söhbetdeş boldum. Şu makalanyňam ady onuň bu günki günde alyp barýan işleri bilen baglanyşdyrmagy dogry hasapladym. Döredijilikdäki bu baglanyşygyň iň esasy sepi Kakajan Ataýew Amannepes Şyhnepesowyň ylmy ýolbaşçysy bolan. Bu ýerde diňe bir makalalaryň tematikasynyň baglanyşygyny däl, halypa-şägirtlik milli ýörelgäniň kämil dowamatyny hem görmek bolýar. Biz «oguz dün

«Ýürek «ýürejik» däl»

Aram-aram oturyp-oturyp oýlanýaryn: biz özümizden uly halypalarça barmykak? Böwrüňi bükgüldedýärsiň. Göwnüňe bolmasa, şolarça ýok ýaly. Ýöne arasynda ikirjiňlenýärsiň. Şonda öz sowalyňa özüň jogap tapman, alasarmyk ýagdaýda galýarsyň. Halypalaryň halypa kemi ýokdy. Olar ýazýan zatlarymyzy çintgäp-çintgäp okaýardylar, kemçiliklerimizi ýüz görüp, gapyrga syrman aýdýardylar, asgyn çekýän ýerlerimizi düşündirýärdiler. Käteler öteräk igenýärdilerem, sülä gelýän eserlerimizi ýaltanman taraşlaýardylar. Biz muny bolmaly zat hökmünde kabul edýärdik. Gowy tarapy, halypalar biz bilen deň-duş ýaly gatnaşýardylar, oturyp-turuşýardylar, begençlerini-gynançlaryny paýlaşýardylar. Gedemlik, ulumsylyk olar üçin ýatdy.

Söz ussadyny ýatlap...

Türkmen topragy ençeme batyr gerçekleri, akyldarlary, alymlary, şahyrlary, bagşylary, senetçi ussalary dünýä beren toprakdyr. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň döreden dürdäneleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda baky orun aldy. XX asyr türkmen edebiýaty Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Ata Gowşudow, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Ata Atajanow, Gara Seýitliýew, Mämmet Seýidow, Berdinazar Hudaýnazarow, Kerim Gurbannepesow, Atajan Tagan, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Halyl Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Kakabaý Ylýasow, Gowşut Şamyýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow ýaly ençeme zehinli ýazyjy-şahyrlaryň eserleri bilen baýlaşyp, täze öwüşgine eýe boldy. Özboluşlylygy, akgynlylygy, çeperligi bilen tapawutlanan ýüzlerçe eserler türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyryp, okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular. Çeper many-mazmuny bilen okyjylaryň ýüreginde hemişelik orun alan eserleri döreden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Şamyrat Taganow hem türkmen edebiýatyny baýlaşdyran görnükli ýazyjylaryň biridir. Bir kişi hakynda söhbet ediljek bolsa, ilki bilen onuň terjimehaly bilen gyzyklanylýar. Çünki ýazyjydyr şahyryň terjimehaly onuň döredijiliginiň gönezligidir. Sebäbi doglan obasy, önüp ösen mekany, oglanlykda gezen ýerleri soňra ýazyjy-ş

Gowy adam

Türkmen çagalar şahyrlary hakynda gürrüň açylanda ilkinjileriň hatarynda Gurban Çöliýew ýadyňa düşýär. Onuň dürli ýyllarda döreden goşgulary okyjylaryň arasynda gyzyklanma döredipdi. Maňa onuň bilen bile işleşmek miýesser etdi. Ol häsiýeti boýunça giňligi, ýüreginiň arassalygy, sahawatlylygy bilen tapawutlanýardy. Şahyryň Garagum barada, giň sähradyr düzler, daglar hakynda döreden birnäçe goşgulary bar. Şahyryň «Bagt näme?» atly kitabyndaky «Bir gudrat» atly goşgusynda şeýle setirler bar: Gumdadyr türkmeniň köki, özeni,Çölüň şemalyna ýuwar ýüzüni.Çölde biten ak gandymy, sözeni,Mydam taryp etjek Gurban Çölüdir.

Halypa hatyrasy belentdir

Her ynsanyň ömür menzillerinde aýny gerek pursatlarda sataşyp, çelgi mysaly ýol görkezýän, her sözi gyzyla barabar pentler bilen durmuşyňa many çaýýan perişdepisint ynsanlar bolýar. Beýle kişiler mydama ýagşylykda ýatlanylýar. Ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp şeýle halypalaryň biri-de filologiýa ylymlaryň doktory, şahyr Gurbandurdy Geldiýewdir. Gurbandurdy Geldiýew 1942-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde dünýä inýär. 1962-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, 1967-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlaýar. Ol 1967 — 1969-njy ýyllarda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda korrektor, 1969 — 1971-nji ýyllarda «Türkmenistan» neşirýatynyň redaktory, 1971 — 1975-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň uly laboranty, 1975 — 1979-njy ýyllarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mugallymçylyk ylmy-barlag institutynyň türkmen dilini okatmagyň we öwretmegiň metodikasyny öwrediş bölüminiň uly ylmy işgäri bolup işleýär. Soňky ýyllarda ol ýokary okuw mekdepleri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň müdiri, 2001 — 2016-njy ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň mugallymçylyk fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň professory wezipelerinde zähmet

Magtymguly Pyraga

Bakylyga ornap, taryha siňen,Dillere, kalplara ornaşan adyň.Ynha, pataň alan bu ulus-iliň,Dünýäniň ýüzünde ýollary aýdyň. Seniň arzuw eýlän zamanaň bu gün,Garagum çölüniň gujagy gülli.Döwlet guşy gonan merdana halkyň,Bu eziz Watanyň ykbaly güldi.

Akyldaryň goşgularynda taryhy wakalaryň beýany

Türkmeniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umumadamzadyň genji-hazynasydyr. Pyragynyň şygryýet dünýäsinde ýüzlenmedik temasy ýokdur. Onuň şygyrlarynda watançylyk, erkinlik, ajaýyp ýurt gurmak baradaky islegler eriş-argaç bolup geçýär. Şol bir wagtda, Pyragynyň goşgulary hem pähim-paýhas nury, hem taryhy çeşmeleri beýan edýän etnografiki gollanma bolup çykyş edýär. Mysal üçin, onuň anyk maglumatlara esaslanýan «Çowdur han» goşgusynda 1753 — 1755-nji ýyllarda Etrek — Gürgen türkmenleri, Owganlar we Eýranlylar bilen bolup geçýän syýasy ýagdaýlar beýan edilýär. 1754-nji ýylda Çowdur han, Döwletaly han, Muhammedaly han, Begenjaly han, Magtymgulynyň süýtdeş doganlary Mämmetsapadyr Abdylla dagy ýörite Owganystana barandyklaryny «Çowdur han üçin» diýen goşgusynda anyk beýan edýär: Ahmet patyşadan habar tutmaga,Umyt etdi iller Çowdur han üçin.Sag-salamat baryp, gaýdyp gelmäge,Oňmady ykballar Çowdur han üçin.

Aşyky

Myhman tapylmaz Myhmandyr adamzat, dünýä öýünde,Gider bir gün mundan, myhman tapylmaz.Bu dem ganymatdyr, sürüň döwrany!Amanatdyr, tende bu jan tapylmaz.

Üç nesihat

(Tymsal) Bir baý kişiniň ýalňyz ogly bolupdyr. Kakasy dünýäsini täzelemeginiň öňüsyrasynda ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir:

Söz manysy

Depme Türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Nurmuhammet Andalybyň doglan obasy bolan Garamazy bilen ýanaşyk obanyň «Depmeçi» diýlip atlandyrylýandygyny, türkmen taýpalarynyň arasynda depmeçi atly tiräniň bardygyny bilýän hem bolsam, depmäniň nähili zatdygyny anyk göz öňüne getirip bilemokdym. Mirashanalarda hem işjeň ýagdaýy görkezip duran juwazdyr jykyry gören bolsamam, depmä duş gelenim ýadyma düşenok. Onsoň bilýän adamlardan sorap, depme baradaky käbir zatlary anykladym.

Ene mähri

(Hekaýa) — Hawa, balalarym —  diýip, garry enemiz gürrüňe başlady: — Gudraty Güýçli Allatagala şeýle bir nur döredenmiş, ol nuruň zerrejigem düşen ýerinde ylla Gün şöhlesi ýaly ýagtylyk dörediji bir keramaty emele getirýärmişin. Gudraty Güýçli şol nurundan ilki How enemize paý beripdir. Zenan ähliniň mähirli bolmagam şondan gaýdan bolsa gerek. Çünki ilkibaşda paý alana köpräkden düşýär-dä. Ýer ýüzünde ýaşamaga höküm edilenleriň ählisine berlen şol nura «söýgi» diýip at goýupdyrlar. Ýer ýüzünde ýaşaýan janly-jandarlaryň söýgi paýyndan binesip galany ýokdur. Kimler çagasyny söýer, kimler ýaryny söýer. Watana bolan söýginiň serhedi ýok bolsa gerek. Ony diňe ýurduňdan aýra düşen çagyň bilersiň diýýärlerem weli... Aý, ýok, balalam, serediň, haýsyňyz şu oturan öýümizi, baglyga basyrynyp oturan obamyzy gowy göreňzok?! Birje günlük daýzalaryňyza gitseňizem: «Öýümizi göresimiz geldi, ene» diýýäňiz-ä! Ana, Watan, toprak söýgüsidir şo, balalam!

Maral

Öçdi älem ýyldyzlary, Daňlar atdy, gelmediň.

Siseron aýdypdyr...

Hoşniýetli adamyň mertebesi onuň niýetini amala aşyryşyna baglydyr. Ajaýyp zatlar seýrek bolýar.

Bileniň — baýlygyň

KYRKLAR Türkmen halkymyzda “kyrk” sözi bilen baglanyşykly atlar, jandarlar we ýer-ýurt atlary, ösümlikler barmak basyp sanardan köp. Mysal üçin, kyrk gyz hakynda rowaýat, türkmeniň gadymy “Kyrkkesek” oýny, kyrkgulba, kyrk keleme, kyrk gulaç guýy, malyň içki synasy bolan kyrkgaryn, Mary welaýatyndaky Kyrkdepe gadymy arheologiki ýadygärligi... garaz, “Sanasaň sogaby bar” diýleni. Olaryň käbiri hakyndaky ýazgylarymyzy “Maru — şahu jahan” gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Hoja Batyryň degişmeleri

DÜWÜNÇEK ALÝAN DÄLDIR Bäş-on ýyllykda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes obasyna toýa bardyk. Sazandalar gurallaryny sazlaýançalar gapdaldaky stolda çaý-çörek iýip-içip oturdyk. Toýuň eýesi — öý bikesi gelip, biz bilen görüşdi. Soň maňa ýüzlenip: “Hoja Batyr! Meňem atam öýüm Murgapdan, ejem bilen kakamyň Akgoýun toýunda sen aýdym aýdypdyň. Toý gutaransoň düwünçegiňi berjek bolsalar siz eýýäm toýdan gaýdan ekeniňiz” diýdi.