"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Ýaş bolmaz sen(Magtymgulynyň äheňinde) Gel, göwnüm, biz sözleşeli,Bolmasa ýoldaş bolmaz sen.Panyda yz goýman gitseň,Sen ömrüňden hoş bolmaz sen.

Şygryýet bossany

Ajap döwranly Watan Magtymguly, guwan halkyň bagtyna,Köp garaşan ajap zamanaň geldi!Eýe bolduk bagtyýarlyk döwrüne,Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi!

Şygryýet bossany

Myhmansöýer halkym Halkymda ezeli myhmansöýerlik,Damarda aýlanýan ganynda bardyr.Türkmen gonagyna hormat goýýan halk,Nygmaty baý desterhanynda bardyr.

Şygryýet bossany

Arzuwlar Bu arzuwlar şirin, şeýle ajaýyp,Çünki özüm arzuw etmän bilemok. Arzuwlar, arzuwlar size ýetäýsem, Köp eglenýär, wagty bilen gelenok.

Şygryýet bossany

Watanymda Säherimiz säherlerden ajaýyp,Gün nurundan dokalan bir haly deý.Ak süýt ýaly erňeginden çogup dur,Kalby şatlyk, joşgun bilen doly deý.

Ýaşlaryň döredijiligi

Watan Maňa ýetik dünýädäki barlygyň,Sen genji-hazynam, çäksiz baýlygym,Ýaşadýar goýnuňda ajap çaglaryň,Kalbymyň sedasy, senasy Watan!

Ýaşlaryň döredijiligi

Bitaraplyk — baky bagtymyz Bitaraplyk — baky bagty ilimiň,Asuda geçýändir her bir günümiz.Abadan, eşretli durmuşymyz bar,Nädip soň joşmasyn bagtly göwnümiz?

Ýaşlaryň döredijiligi

Arkadagly Serdarym Watan goýny läle-reýhan, gül-çemen, Tarypyna ýazjak dessan ençeme,Alyp barýar halkyn ýagty geljege,Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarym!

Ýaşlaryň döredijiligi

Akyldar şahyr Başym gama batanynda, Pyragy, seni çagyrdym. Derde bagly ýatanymda, Pyragy, seni çagyrdym.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan:

— Şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä medeniýetine nusgalyk ösüşler hem-de açyşlar ýatyr. Arheolog alymlarymyzyň yzygiderli alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde topragyň gatlaryndan taryhy gatlaklaryň syryny çöşleýän täze-täze tapyndylar ýüze çykarylýar. * * *

Şudur Bitaraplyk, eziz Watanym!

Bitaraplyk diýmek näme? Söz aslyna aralaşyp, aňyşym, alşym, düşünişim boýunça şeýleräk beýan etmäge çalşaýyn. Özüň bilen, güzeranyň bilen bolmak bu, özgäň gününe guwanmak bu hemem uly dünýäýe dolmak bu. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dünýäň ýurtlaryna, dünýäň halklaryna uly münberden ýüzlenip, taryhy söz sözlände, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyny buýsanç bilen belleýär. Şondaky guwanjyň bäri-bärde durmaýar. Höwesiň, hyýalyň kalba ganat bekleýär. Uçýaň sen, dünýäni guçýaň sen. Dereje şol ýerde, reje şol ýerde, abraý şol ýerde, at şol ýerde.

«Her sözüm bir dürdür gadryn bilene...»

Galbir, galbiri Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Gezemek bilen» atly şygrynda her bolar-bolmaza içiňi döküp syryňy aýtsaň, ol seniň kalbyňdaky pynhan duýgularyňy, maglumatlaryňy uly ile ýaýyp, seni oňaýsyz ýagdaýa salar diýen manyda şeýle nesihat edýär:

Maksatlaryň çür başynda Watan bähbidi

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan: — Bir gezek bilegi berdaşly, dogumy daglara bäs edýän, gözlerinden ot syçrap duran, gorky-ürkä per bermezek, her zähmete werziş bolan ýaş ýigitleriň biri Oguz hanyň huzuryna baryp: «Han aga, siziň gullugyňyza geldim. Ömrümi Watan wepasyna, halk hyzmatyna bagyş etmekçi» diýipdir. Oguz han ýaş ýigidi parasat nazary bilen synlap: «Ýeri, sen Watanyň hatyrasyna nämeleri başararsyň we nämelere taýýar?» diýip sorapdyr. «Buýran her bir zadyňyzy gaýra goýman berjaý etmäge, gerek bolsa, Watan üçin şirin jandan geçmäge taýýar» diýip, ýaş ýigit pert pert jogap beripdir. «Ogul, sen ilki Watan üçin ýaşap bilýändigiňi görkez. Watan üçin serden geçmäge taýýardygyňa ynanarym ýaly...» diýip, Oguz han ol ýigidi ýanyna nökerlige kabul edipdir.

Ruhy galkynyş: ylham joşguny

Gözel paýtagtym Goýnuňda oýanyp, ýüzüme sylýan,Nurana paýtagtym, säherler seni!Dünýä döwletleri dost diýip bilýär, Nusga saýýar ýurtlar, şäherler seni!

Diliň bolsa sözle, Gyrat!

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahatda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, owalynda bedew ata behişdi jandar hökmünde garaýan halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Mätäjiniň: Kylsa Mätäji güman, behişdi haýwan başy sen,Bolsa şolar jenneti, sen hem imanly bedew —

Magtymguly Pyragy — ýürekleriň çyragy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ylmy we çeper eserleriň ençemesi çap edilýär. Golaýda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym» atly goşgular ýygyndysy neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitapda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär. Kitapdaky mähir-muhabbete ýugrulan goşgular üstümizdäki ýylda ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan toýlanylýan Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamyna, berkarar türkmen döwletiniň bu günki ýeten belent sepgitlerine şahyr zenan Gözel Şagulyýewanyň özboluşly seslenmesidir, ýürek owazydyr. Täze kitaba şahyryň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ruhlanyp ýazan söýgi, durmuş baradaky goşgulary hem girizildi. Many-mazmuna, çuňňur çeperçilige ýugrulan şygyrlar, olardaky pelsepewi pikirler okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Ýolda ýatan daş hakda

Iňrik garalypdyr. Şol wagt iki dogan ýol bilen barýan ekeni. Uly dogany ýolda ýatan daşy görmän, oňa büdräpdir hem-de aýagyny agyrdypdyr. Ol agsaklap, daşdan sowlup geçipdir-de, dogany bilen ýoluny dowam etdiripdir. Ertesi olaryň ýoly ýene şol ýerden düşüpdir. Gün ýaşyp, daş-töwerek garaňkyrapdyr. Bu gezek şol daşy görmän, oňa doganlaryň kiçisi büdräpdir hem-de aýagyny erbet agyrdypdyr.

Gün dogup gelýärdi (hekaýa)

Gün dogup gelýärdi. Onuň tyl­laýy çyrazlary ýylçyr gaýalara düşüp lowurdaşýardylar. Daragtlaryň ýapraklary Günüň nuruna has-da terlenip, öwşün atýardylar. Ýapraklara, parç bolup boý alan otlara siňňin seretseň, olar ýap-ýaňyja ýaşyl boýaga batyrylyp çykarylypdyr diýdirýärdi. Giň jülgeden atyny maýdalyna sürüp barýan Ärsak patyşa hem bu hözirlerden binesip däldi. Ol daş-töweregindäki gözel­liklere bakmakdan doýmaýardy.

Dünýewilige ýugrulan şygyrlar

Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir öz halkynyň aladasy bilen ýaşaman, eýsem, adamzadyň ykbaly hakynda-da öz pikir-garaýşyny dürdäne döredijiliginde belläp geçipdir. Dogrudan-da, häzirki zaman ýaşaýşynda pähim-paýhas ilkinji orunda durýar we ol ynsanyýet ýaşaýşyny bakylyga öwürmekde ýeke-täk usul hökmünde özüni görkezýär. Hakykatdan-da, parahatçylygyň diňe gepleşikler, maslahatdyr geňeşler bilen pähim-paýhasa eýerip, gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Magtymguly Pyragynyň pelsepewi şygyrlarynyň birine göz aýlalyň:

Ketjallar (nowella)

Eger biz söhbedimizi bir daragta meňzetsek, onda onuň topraga uran kökleri birneme öňräkki döwürde galdy. Oba hojalyk ugrundan ýokary okuw mekdebinde okaýan Seýitguly Aşgabadyň günbatar-demirgazyk bölegindäki howlularda kireýine ýaşaýardy. Onuň ýanynda bolýan obadaş oglanlary Öwezdir Meret bolsa beýleki ýokary okuw mekdebinde okaýardylar. Olar irden okuwa diýip çykyp gidensoňlar giçlik dolanyp gelerdiler. Ýöne Seýitguly welin, sapaklary gutaran dessine ýaşaýan ýerine gelerdi. Garbak-gurbak edinerdi-de, eline kitabyny alyp, bolýan jaýlarynyň daş işiginde goýlan oturgyja özüni goýbererdi. Kitaba her näçe ünsüni berýän-de bolsa, onuň ýüzüniň Muhy aganyň öýüne bakyp durýandygy üçin bolmagy mümkin, öýden girip-çykýanlara gözi düşerdi. Muhy aga ölemen küştçi bolansoň, özi ýalylary çagyrardy-da, üzüm dalbarynyň aşagynda goýlan agaç sekiniň üstünde, ýumşak körpeçäniň üstünde ýanbaşyny ýere berip, küşt tagtasyna bir egildigi galmazy bolmazdy. Käte-käte käsesine çaý guýunsa-da, ondan owurtlamagy ýadyndan çykarardy. Birmahaldan soň käsesinden bir owurtlardy-da, sowap giden çaýyň galanyny gapdala serpip goýbererdi, soňundanam: «Çaýy täzeläň!» diýip, hiç biriniň adyny tutman, gygyrybrak aýdardy. Şonda içerden iki örülen saçlary öňüne atylan bir gyz Muhy aganyň öňündäki çäýnegi alyp giderdi. Seýitguly onuň Muhy aganyň gyzy Bahardygyny bilýärdi. Birazdan soň hem ýene iki örülen saçlary öňüne