"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Medeni gymmatlyklaryň mekany

Hemişelik Bitarap Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, dünýä wagyz etmek, her bir raýatda milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikleriniň hem-de maddy däl milli baýlyklarymyzyň dünýä mirasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyrýan gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini buýsanç bilen bellemek has ýakymlydyr. Şu ýylyň 1-nji dekabrynda ýurdumyzyň hödürnamasy esasynda milli keşdeçilik sungatynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň hataryna girizilmegi dost-doganlygy wasp etmekde, ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, medeni mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda möhüm ädim boldy.

Mukaddes tamdyryň gadymylygy

Türkmen halky tamdyra, çörekdir duztorba hemişe mukaddeslik hökmünde garap gelipdir. Eýsem, keramatlyk derejesine göterilen tamdyr haçan ýüze çykdyka?! Altyndepe şäher ilatynyň ikinji topary gurply ýaşan adamlardyr. Olar iki hojalyk bolup, 2-3 otagly jaýlarda, aýratyn howlularda ýaşapdyrlar, olaryň gaty sünnälenip salnan zatlary (tamdyr, ojak) hem şol howlynyň içinde ýerleşipdir.

Sungata öwrülen senet

Döwrüň galkynyşy göwünleriň şatlyga beslenmeginde, beýik işleriň köňüllere aýdym bolup siňmegindedir. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň belent ykrarnama eýe bolmagy täze eýýamyň şanly ösüşleriniň esasydyr. Dabarasy dünýä dolan beýik döwletimiziň başlangyjy bilen türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä içre dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Keşdesi dünýä keşt edýän mähriban zenanlarymyzyň el hünärinden dörän bu sungat barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle belleýär: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!». Bu aýdylanlaryň durmuş hakykatyndan üzňe däldigine bütin Ýer ýüzi aýdyň göz ýetirdi.

«Paýhas çeşmesi»: müçe ýyllary hakynda nakyllar

«7/24. tm», № 52 (135) Syçan

Nusga bolup galsyn ilden-illere

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Aşgabat şäher zenanlar bölümi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi «Zenan kalbyndan dörän nepislik nusga bolup galsyn ilden-illere» diýlip atlandyryldy. Bäsleşige «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň, «Jahan» döredijilik merkeziniň, «Nur ýüpek», «Altyn sapak» modalar öýleriniň, «Göwher» hyzmat ediş öýüniň, «Zenan gülleri», «Zynat», «Maral», «Aýläle», «Aýlar» tikinçilik öýleriniň ussat tikinçileri gatnaşyp, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el hünäriniň döreýiş taryhy, inçe tilsimleri, özboluşly aýratynlyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de bäsleşigiň şertine görä, olary tikip taýýarladylar.

Gelneje

Meniň saňa: «Mähribanym!» diýip ýüzlenmegim ýöne ýerden däl, gelneje! Sen agzybir ojagymyza gelin bolup ilkinji ädimiňi äden günüňden maňa mähriban bolduň. Ol wagt men ýaňy on ýaşymy doldurypdym. Alty oglanyň içinde ýeke gyz perzent bolanlygymdanmy, öýüň läligidim. Ähli aýdan-diýenim bolup durdy. Agalarym hemişe: «Jigim jan» diýip ezizlärdiler. Ejem: «Şu wagt ýekeje gyz diýip gowy görüp, elini «sowuk suwa urdurman» läliksiredýärsiňiz. Gyz perzent kişi maşgalasy. Durmuşa çyksa, baran öýünde gaty kösener. Şonuň üçin oňa şu wagtdan iş öwretjek boluň» diýip gatyrgansa, kakam: «Heniz ýaş, ulalsa öwrener gider, nesip bolsa, saňa kömekçi bolup ýetişer» diýerdi. Ejem onda-da kakamdyr agalarymyň ýok wagtynda, howly süpürdip, gap-gaç ýuwdurardy. Gelneje! Sen geldiň welin, ähli zat üýtgäýdi. Uly agamyň öýlenýänine begenjimden ganat baglap uçaýjak bolýardym. Toý köýnekleriniň ikisini tikdirdim. Birini gelnalyja gidilende, beýlekisini agşamky toýda geýdim. Ol gün deň-duş joralarymyň arasynda men iň owadanydym. Çünki bu biziň toýumyzdy. Öýe aýak basanyňdan, uzakly gün ýanyňda oturdym. Gyzyl kürtäňi aýryp, toý lybasyny geýeniňde, ýapynjaňy göterip, yz ýanyňdan ýöräp ugradym. Şagalaňly geçen toý agşamyndan soňra, ejem elimden çekip almadyk bolsa, özümiň-ä ýanyňdan aýrylma niýetim ýokdy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy»

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şatlykly wakalary goşa-goşadan gelýär. Ministrler Kabinetiniň 2-nji dekabrda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagam türkmen gelin-gyzlarynyň başyny göge ýetirdi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde kabul edilen bu çözgüt biziň ene-mamalarymyzyň el hünärine goýulýan sarpanyň aýdyň beýanydyr.

Keşdäm

Nagyşlaryň keşbi gülli bahardan,Gaýmalaryň ak daňlardan, säherden,Görküň ylhamyndan joşýan mähirden,Kalbymyň ömürlik bahary keşdäm. Görküňde keşdedir Aý-Gün jemaly,Görküňde keşdedir Zemin şemaly,Keşbiňi çitime çitsem — gül haly,Gözellik barynyň gaýmagy keşdäm.

Saklanyp galan pursatlar

1966-njy ýylda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Alty Garlyýew Aşgabat şäherindäki häzirki S.A.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen duşuşypdyr. Üstünden ýarym asyrdan gowrak wagt geçen bu surat tanymal sungat ussadynyň ösüp gelýän ýaş nesil bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygyny şöhlelendirýär.

Türkmen keşdeçilik sungaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawynda

Ministrler Kabinetiniň 2-nji dekabrda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Budur türkmen binasy

Magtymguly Pyragynyň bakylyga öwrülen çuňňur dünýägaraýyşly şygyrlary häzirki wagtda tutuş adamzady tolgundyrýar. Akyldaryň dürdäne şygyrlary hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen daşary ýurt dillerine terjime edilip, häzirki döwürde ýedi yklyma nur saçýar. Şahyryň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli şygryýet äleminiň gadyr-gymmaty Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň öz ýurduna, halkyna bolan belent söýgüsini adamzadyň ebedilik oý-hyýallaryna siňdirmek bilen, onuň umumadamzat şahyryna öwrülendigini özüniň çuňňur pelsepeli garaýyşlarynda beýan edýär. Hormatly Arkadagymyz öz kitabynda şeýle ýazýar: «Adamzadyň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan Magtymguly bu gün ynsanlaryň buýsanjyna öwrüldi». Magtymguly Pyragy her bir adamyň öz Watanynyň ogly bolmagyny, şol belent söýgüsini–de adamzada ýaýmagy hakda şeýle ündew edýär:

Taryhy muzeýlere zyýarat – şöhratly geçmişe syýahat

Ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň taryhyny bilmek şu günümiziň gadyr-gymmatyna çuňňur düşünmäge kömek edýär. Belent ösüşlere beslenen gözel Diýarymyzyň şöhratly taryhy hem, bagtyýar şu güni hem nesillerde buýsanç çeşmesidir. Asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalardan miras galan ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň öwrenilişi bagtyýarlyk döwründe has giň gerime eýe boldy. Öz taryhymyz bilen içgin tanyşmagyň iň ähmiýetli mesgeni-de ýurdumyzda hereket edýän muzeýler bolup durýar. Taryhy mesgenlere zyýarat edeniňde ýüregiňde döreýän duýgulary hut şu ýerde aýdyň duýup bolýar. Müňýyllyklary gerdişinde goýup, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndylary synlaýan mahalyň daşarky dünýäni doly unudyp, täsin duýgulara gaplanýarsyň. Bu zatlar hakynda onlarça kitap okalanam bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Muzeýlerimiz dürli taryhy gymmatlyklara baýdyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we onuň milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmek üçin döreden mümkinçiliklerinden başlanan ýolçulyk hakyky taryhyň jümmüşine sary uzap gidýär. Halkymyzyň baý taryhyny ädimme-ädim, ýylma-ýyl diýen ýaly teswirleýän ýazgylar gadymy tapyndylar bilen aýdyň görkezilýär.

Ýag küýze

Dänew etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Poladow ir döwürlerden bäri halkymyzyň senetçiliginiň taryhy bilen içgin gyzyklanýar. Mirasgär mugallymyň ýag küýzeleriniň ýasalyşy hakyndaky şu söhbedini size ýetirmegi makul bildik. — Etrabymyzyň çägindäki gadymy ýadygärliklerden birnäçe küýzeleriň tapylmagy ata-babalarymyzyň senetçiligiň bu görnüşi bilen içgin gyzyklanandyklaryna güwä geçýär. Olar ýag salynýan küýzeleri hem ýasapdyrlar.

Mirasym bar — buýsanjym bar

Dünýä mirasynda nepis sungatym, barha artýar millilige hormatym Halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary galdyryp, tamamlanyp barýan Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň taryhy wakalary biziň her birimizde uly ruhubelentlik döredýär.

Miras

Sözi manysy bilen öwren Şu ýazgylarymyzda halkymyzyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän söz ummanyna syýahat etmegi makul bildik. Muňa halypa mirasgär Ümür Eseniň öz muzeýindäki eksponatlaryň atlary ýazylan sanawnama sebäp boldy. Ümür aga olary sünnäläp goşgy setirlerine-de geçiripdir. Ol sanawnamada jemi dört ýüz sany zadyň ady bar. Sanawnamada öz mynasyp ornuny tapan şol zatlaryň köpüsi ulanyşdan galan. Näme, wagt öz hökümini ýöredip, isleseň-islemeseň geçip dur. Döwür-döwran-da üýtgeýär. Onsoň, ir döwürde ulanylan zatlar-da ulanyşdan galyp barýar. Ol zatlaryň ulanyşdan galmagy bilen olaryň atlary-da sözleýiş dilimizde işjeň ulanylmadan galýar. Biz öz söz gorumyza, sözlüklere esaslanyp, şol sanawnamadaky zatlaryň ýetmişe golaýynyň atlaryna düşündiriş berip, köpleriň söýgüli neşiri bolan “Maru — şahu jahan” gazetiniň üsti bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik. Çünki, söz, dil — baýlygymyz, il-halkymyzyň baýlygy-hazynasy bolup durýar. Halkymyzyň geçmiş-taryhyny özünde jemleýän ol sözlerde ýaş nesillerimiziň-de paýy bolmalydyr. Sanawnamada bildirge, teber, okaç, tilkiduz, depildaş, toganyk, gowuş, basgan... ýaly we başga-da birnäçe könelişen sözleri bolsa bu ugurdan gory gaýmakly adamlara goýýarys. Ilçilikdir. Şeýle adamlar il arasynda az däldir.

Nepisligi dünýä meşhur gözellik

Tamamlanyp barýan ýylymyzda biziň her birimizi begendiren, buýsandyran wakalar köp boldy. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde giň gerimli sergi guraldy. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň dokan nepis halylary görkezildi. Haly we amaly-haşam sungatynyň sergisini synlanlar ene-mamalarymyzyň döreden el işleriniň ajaýyp nusgalarynyň kämil derejededigine, dünýä meşhurdygyna ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik döredi. Halyçylykdyr keşdeçilik sungaty diňe gündelik durmuşymyzyň däl, eýsem toý-baýramlarymyzyň bezegleridir. Nepis halylarymyz toý-baýramlaryň gelşigi bolsa, sünnälenip keşdelenen milli we täze öwüşgin çaýylan keşdeler häzirki zaman lybaslarymyzyň bezegi. Türkmen gyz-gelinleri bu ajaýyp sungaty ýaşlygyndan öwrenýär. Özi-de, bu inçe sungaty eliňden tutup biri öwretmez, olary ululardan — mähriban eneňdir ejeňden, gyz doganlaryňdyr gelnejeleriňden görüp öwrenersiň. Kem-käs ýeriňi welin, olar ýadawsyz öwrederler. Şeýdip, türkmeniň gadymdan dowam edip gelýän bu ajaýyp sungaty seni-de öz dünýäsine dolap alar. Gyzlar bilen bile dokma dokasaň-da, ýekelikde keşde çekseň-de, sen gözellik dünýäsini döredýäniň üçin edýän pikirleriň-de gözel dünýä, ajaýyp ýaşaýyş, bagtyýar geljek hakynda bolýar.

Çäkmeniň syny goňşymyňky

Türkmeniň gadymy milli lybaslarynyň biri-de çäkmendir. Egin-eşiklerini «Milli eşigim — görküm, gelşigim» diýip söýgülän eli çeper mähriban ene-mamalarymyz çäkmeniň dürli görnüşlerini taýýarlap, bu işi sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhas ummanyna göz aýlasaň çäkmen bilen baglanyşykly «Çäkmeniň syny goňşyňky», «Çäkmen geýen ezilmez» diýen ýaly pähimlere gabat gelmek bolýar. Munuň özi çäkmeniň halkymyzyň gadymy milli lybaslarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Aslynda çäkmen erkek adamlara niýetlenen milli geýim bolmak bilen, ol geýlende adamy salyhatly, görmegeý görkezýär. Türkmen çäkmenleriniň inçe çäkmen, orta çäkmen, agar çäkmen, gök çäkmen, garma çäkmen we çogda çäkmen diýen görnüşleri bar. Inçe çäkmen torum ýüňünden ýa-da saryja tohumly goýunlaryň ýüňünden, esasan-da, berreki toklularyň mele ýüňünden taýýarlanylýar. Oňa inçe diýilmeginiň sebäbi, onuň üçin has inçe süýümiň ýüňi ulanylýar. Orta çäkmenler, esasan, torum ýüňünden taýýarlanylýar. Agarçäkmenler bolsa ak toklynyň ýüňünden arassalanyp ýa-da garyndyly ýüňden taýýarlanylýar. Onuň pile ýüpegi düýe ýüňüne garylyp, bükdürilip taýýarlanylýan görnüşi-de bar.

Ga­dy­mdan gözbaşly miras

Mil­li mi­ras hal­kyň uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­den gym­mat­ly­gy­dyr. Şu­lar­dan ugur al­saň, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­nyň öz göz­ba­şy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­mek bol­ýar. Türk­men top­ra­gyn­da eme­le ge­len me­de­ni­ýe­tiň, sun­ga­tyň, baý ede­bi mi­ra­syň yl­my esas­da öw­re­ni­li­şi giň maz­mu­na eýe­dir. Bu gün­ki gün­de dil­çi­ler, ta­ryh­çy­lar, ede­bi­ýat­çy­lar mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ga­dy­my çeş­me­le­ri­ni iç­gin öw­ren­ýär­ler.

Düşünene dünýä syry çözlener

Türkmen halkynyň döreden milli sungaty öz köptaraplylygy, çuňňur pelsepewi many-mazmuna ýugrulandygy bilen tapawutlanýar. Bu hakykata «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde guralan giň gerimli serginiň mysalynda aýdyň göz ýetirdik.

Türkmen nakyllarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

2. Är edenli gerek, aýal — edepli Är-aýal diýlende, elbetde, ilkinji nobatda, maşgala göz öňüňe gelýär. Maşgala bolsa iki ýaş juwanyň sulhy alşyp, bilelikde ýaşaşyp, soňra, Hudaý berse, ogul-gyzlarynyň, agtyk-çowluklarynyň hem olara goşulmagy bilen emele gelýän, hemmesi üçin birmeňzeş gymmatlyklaryň, edim-gylymlaryň mahsus bolan ynsanlaryň toparydyr, olaryň diňe bir häsiýetlerinde ýa-da isleglerinde däl, hatda ýüz keşplerinde-de, boý-syratlarynda-da özboluşlylyk, aýratynlyk bolýar. Bu, türkmençilikde ganyň birligi bilen düşündirilýär. Umuman, ganybirlik diýseň inçe mesele, bu häzirki döwürde-de dyngysyz öwrenilip gelinýän, şonda-da doly anygyna ýetilmedik meseledir. Ine, her biri şular ýaly özboluşlylygy özünde saklaýan maşgalalardan — ganybirlikden tutuş jemgyýet emele gelýär. Şol maşgalalaryň hemmesine mahsus bolan häsiýetler birleşip we umumylaşyp, tutuş jemgyýetiň häsiýetli aýratynlyklaryna, milli häsiýetine öwrülýär. Şol häsiýetli aýratynlyklar hem bir jemgyýeti beýlekisinden aýyl-saýyl edýär, şol bir wagtyň özünde-de, tutuş jemgyýete mahsus bolan gymmatlyklar her bir maşgalany, hususan-da, täze döreýän maşgalany umumy kabul edilen gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge gözükdirýär.