"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen tebigatynyň görki

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda indi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen her ýylyň güýz we ýaz aýlary ähli halkymyzyň gatnaşmagynda bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda möhüm ähmiýetli çärä badalga berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ekologik abadançylyga mynasyp goşant goşýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Agaç ekmek, bag oturtmak, oňa ideg etmek ýaly ýörelgeler türkmeniň gadymdan gelýän taryhy nusgalyk işlerdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly gorandygy we ösümlik dünýäsini özüniň medeniýetine, ruhy ýörelgelerine ornaşdyrandygy hakyndaky hakykat ýatandyr».

Bag — durmuşyň bezegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly depginler bilen ösýän, özgerýän ýurdumyzda arassa howa gurşawyny üpjün edýän agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek, seýilgähleriň we ýaşyl zolaklaryň sanyny köpeltmek örän ähmiýetli işleriň biri bolup durýar. Döredilýän seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň sagdyn ýaşamaklary üçin hem örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem ýurdumyzda amatly ekologiýa gurşawyny emele getirýän bagy-bossanlyklaryň döredilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak, gözel tebigatymyzyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki ynsan saglygyny goramakda we ruhubelentligini ýokarlandyrmakda ekologiýa abadançylygyna uly orun degişlidir.

Ekologiýa howpsuzlygy — sagdynlygyň kepili

Döwletimizde tebigaty goramak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek we arassa saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler halkymyzyň sagdyn durmuşy baradaky aladadan gözbaş alýar. Şonuň üçinem tebigaty goramak we baýlaşdyrmak maksady bilen, her ýyl dürli bag nahallary oturdylýar hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Milli we döwlet maksatnamalarynda hem daşky gurşawy gorap saklamaklyga möhüm mesele hökmünde garalýar. Şol nukdaýnazardan, dürli taslamalar amala aşyrylanda, ekologiýa talaplary berk berjaý edilýär. Tebigaty goramaklygyň, ekologik abadançylygy üpjün etmekligiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda kesgitlenilýär. Olaryň maksady hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ekologiýa howpsuzlygy hojalyk we beýleki işiň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň mümkin bolaýjak ýaramaz täsirinden daşky gurşawyň, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygynyň ýagdaýydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Birleş

Dag gurşawly ýaşaýyş

Daglar we baglar ...Bu ýaşuly bilen öz ýetişdiren baglarynyň arasynda awgustda, heniz tomus jöwzasynyň doly sowulmadyk pillesi, hakyt pişegini keşe taşlap, juwanlarça der saçyp işläp ýörkä tanyş boldum. Ata Atajanowyň «Saýaly güzer» oçerkiniň gahrymanlarynyň biri, 76 ýaşly Aşyrgeldi Rejebow meniň erjellik bilen gözläp ýören kişimdi. Şeýle işe berlen adamlaryň özümizde barlygyna guwanyp, onuň bilen ählitaraplaýyn gyzyklanyp başladym. Hawa, bu peşeneli ýaşuly tebigy döredijilikli akylydyr tapylgysyz tagallasyny il-güne peýdaly eýlemegi başaryp, ömrüni manyly amallara beslänleriň biri ekeni. Şol mahalky Türkmen politehniki institutynyň nebitçilik fakultetini tamamlandan soňra, geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda iri we meşhur saýylan gaz käni bolan “Şatlykda” işe başlap, ýurtda ileri tutulýan, döwletiň dykgat berip ösdürýän bu pudagynda iň jogapkärli wezipeleriň birinde — burawlaýjy ussa bolup 21 ýyl işleýär. Işe berlen kişi soňra, lukmanlaryň maslahaty bilen syrkaw aýalyna seretmek üçin obasyna dolanýar. Onuň hünäri boýunça iş onçakly kän däldi. Onsoň obada, öýüniň alkymynda bagçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Öňden ýörgünli, gowy bilinýän işdigine garamazdan, ol bu ugurda-da şobada täzeçillige ýüz urýar: Samarkanda ýörite gidip, hurma nahalyny getirýär. Synag üçin getiren 4 nahalynyň ikisi ýerlemän guran hem bolsa, galan ikisi ers-mers ösüp, häzirem bol hasyl berip otyr.

Akrap gyşyň owsuny

— Irki döwürlerden bäri pasyllar, döwürler bilen bagly söhbet edilse, «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýlen aýtgynyň ýatlanylýandygyny köpler bilýän bolsa gerek. Sebäbi asman gümmezindäki ýyldyzlar bilen gyzyklanýan adamlar oktýabr we noýabr aýlarynda ir sagat 5 — 6 aralygynda asmanyň günorta böleginde, dik depäňde diýen ýaly, topbajyk üýşüp duran Ülker, Aralyk ýyldyzlar toparyny, Üçýyldyzy,Ýaldyrak ýyldyzyny, ondan sähel aşakda bolsa, terezä meňzeş bolup duran Mizan ýyldyzlar toparyny görüp bilerler. Ata-babalarymyzyň ýyldyz senenamasy boýunça mizandan soň, akrap döwri başlanýar. Häzir şol döwür dowam edýär. Akrap döwri oktýabr aýynyň 22-sinden öz hökümini ýöredip başlaýar we noýabr aýynyň 22-sine möwritini tamamlaýar. Diýmek, akrap döwri biziň eždatlarymyzyň ýöredip gelýän ýyldyz senenamasyna görä, laýyk 30 gün dowam edýär. Ekerançylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ýylboýy alyn derlerini döküp, kemala getiren ekinleriniň üstüni gyş üçin niýetlenip basylyp goýlan bede, beýleki haşal otlar, saman, ýandakdyr syrkyn desseleri bilen basyryp, olaryň sowuk urmazlygyny gazanypdyrlar. Joýada ýetişdirilýän güýzki gök-bakja ekinlerini bolsa sapagyndan ýolman, biýaralary bilen joýalaryň içine taşlap, terligine basyryp goýupdyrlar. Şeýdibem, hasyly sowuk urmakdan halas edipdirler.

Güýzüň soňky aýy hakda

Howanyň ähli ýerde birmeňzeş bolmaýşy ýaly, pasyllar hem Zeminiň dürli künjeklerinde dürli häsiýeti bilen tapawutlanýarlar. Türkmen tebigatyna bereketli hasyly bilen gadam goýan güýzi biziň halkymyz toý-baýramlaryň pasly hasaplaýar. Çünki ildeşlerimiz güýzüň hakyky keşbini bol miweläp, başyny egip oturan baglarda, tylla reňke çaýylan ýapraklarda görýärler. Şonuň üçin il arasynda ýylyň bu möwsümine agraslygyň, goýazylygyň döwri hökmünde-de garalýar. Geliň, dünýäniň käbir ýurtlarynda güýzüň soňky aýynyň keşbine gaýybana syn edeliň!

Duýguly dünýäniň gapysyn açyp

Altyn güýzüm, duýgular dünýäsine atarýan pasyl! Sen tyllaýy şöhläňi sepeläp, asyrlar aşyp duran älemiň bezegi, pasyllaryň seresi bolup, rehnet nuruňy bolluk bilen eçilip geldiň. Zerbap güýzüň goýnunda altyn monjuk ýaly düzülen ýakymly ýatlamalara berlip oturyşyňa, duýgular dünýäsine seýrana çykýarsyň. Sen ynsan duýgularyny açyp, duýguly dünýämizi joşduryp, ülkämizde öz hökümiňi ýöredýärsiň. Altyn güýzüň ynsana edýän täsiri başgaça. Güýz durşuna ylham güzeri. Köňül güzeriň joşup, möwç alýan döwri bu. Bu gözel pasly şahyr Gurbannazar Ezizow şygrynda şeýle wasp edýär:

Käbir gyzykly maglumatlar

Çigildemiň ortaça beýikligi 10 – 70 santimetr bolup, her gunçasynyň alty sany ýapragy bar, gunçasynyň ömrüniň dowamlylygy 3 — 7 güne çenli. * * *

Seýrek duşýan gymmat bahaly daşlar

Peýnit. Bu minaral dünýäde iň seýrek duşýan mineral hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2005-nji ýylyň başynda diňe on sekiz sany nusga belli bolup, olaryň hemmesi sanawa alnyp, beýan edildi. Olardan diňe üçüsi arassa gyzyl reňkli bolup, bäşinji nusga iň agyr görnüşli diýlip hasaba alyndy. Bu daş süýrümtik görnüşde taraşlanyp, agramy 2,54 karat boldy. Dünýäde umumy tassyklanan peýnit daşlaryň sany 330-dan geçmeýär. Peýnit daşy açyk gülgüne, gyzyl we mele reňklerde bolýar. Bu daşyň ady ony ilkinji gezek öwrenen we beýan eden iňlis gemology Artur Çarlz Deýwi Peýneriň hormatyna dakyldy.

Muzeýdäki kömelekler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynda ýurdumyzda duş gelýän kömelekler ilkinji gezek görkezilýär. Eger-de haýwanlaryň derisinden gäp, ösümliklerden gerbariý ýasalýan bolsa, kömelekler gurasa, öz durkuny ýitirýär. Şoňa görä, biz olary edil tebigatdaky bolşy ýaly ýasap, muzeýe gelýänlere görkezmegi makul bildik. Munuň üçin kömelekleriň öz hakyky ululygynda hem-de tebigy görnüşinde gipsden ýa-da penoplastdan mulýažlar ýasaldy. Çeper dikeldiş we rejeleýiş bölüminiň hünärmenleriniň ýasan mulýažlaryny hakyky kömeleklerden tapawutlandyrmak o diýen ýeňil däl. Muzeýde ýurdumyzda duş gelýän kömelekleriň 10 görnüşi ýerleşdirilen. Olardan ders kömelegi, ak ýylan kömelegi, çemenlik ak kömelegi, guzybut kömelegi, smorçogy, gelin kömelegi, mele domalany, weşenka we agaç kömelegini görkezmek bolar.

Bag — durmuşyň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky taýsyz tagallalaryny, bu babatda öňde goýýan wezipelerini wagyz etmek hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsüminiň ýetip gelmegi bilen baglylykda, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy TAP-nyň Görogly etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde «Bag durmuşyň bezegidir» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik gurady. Oňa TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň başlygy Döwletmyrat Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow, etrabyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Baýrammyrat Hojaýew, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Agabaý Taganýazow, «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Gutlymyrat Aşyrow dagy gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bagbançylygy ösdürmek, baglary hem-de olary ýetişdirmek bilen meşgullanýan bagbanlary höweslendirmek, bu ugurda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak ugrunda amala aşyrýan işleri, bu babatda döredýän şertleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar» diýip belläp geçmek bil

Töräniň tudy

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarydy. Hany, ol wagtlar munuň ýaly eşretli durmuş barmydy?! Gyş günleridi. Howa diýseň sowukdy. Ir ertirki işe diýip gidişine gijöýlän öýüne dolanan Kakaly mazaly üşäpdi. Içeri girenden ony ýene sowuk howa garşy aldy. Jaýyň içinde şemal öwsenok diýäýmeseň, onuň daşardan parhy ýokdy. Kakaly ortarada duran gara peje naýynjar göz aýlady. Soňra pejiň gabadynda odun-çöp goýýan ýerine garady. Ol ýer garalyp ýatyrdy. Ol daşardaky odun-çöp çapýan ýerine garşy ýöneldi, ýöne bu ýerdenem onuň eline suwytly bir zat ilmedi. «Gyş gijes-ä uzakdyr. Digdenekläp daň atyrmagam aňsat düşmez» diýip, öz-özüne igenip durşuna gulaç boýy ýüpi egnine atdy-da, öýden çykyp gitdi...

Ýagsana ýagyş, ýagsana!

Ýagyş ynsan kalbyny heýjana salýan tebigy hadysalaryň biridir. Ýagyş ýagan pursady kimler hyýalynda ýatlamalar dünýäsine sary gitseler, kimler geljek hakyndaky süýji arzuwlara berilýärler. Asmandan sazlaşykly dökülýän damjalaryň owazy döredijilik adamlaryny hem biparh goýmaýar. Ýagyşly pursatlarda kalby joşan aýdymçy-sazandalar, ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler öz döredijiliginde ýagyşly günüň ahwalyny beýan edýärler. Ýagyşlar hemme pasla diýen ýaly mahsusdyr. Şeýle-de bolsa, her paslyň öz aýratynlygyna görä, ýagýan ýagşy bar.

Dünýäniň iň uly tokaýlary

Amazon tokaýy Amazon tokaýy tutýan meýdany boýunça dünýäniň iň uly tokaýy hasaplanylýar. 5,5 million inedördül kilometr çäkde ýerleşýän bu tokaýyň içinden iň uzyn derýalaryň biri bolan Amazonka derýasy geçýär.

Jenneti jülgäniň narlary

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak babatda kabul edilýän çözgütler oba hojalygynda-da üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şundan ugur alnyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatyndaky Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde saglyk üçin ýokumly we ykdysady taýdan peýdaly miweli baglaryň dürli görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilmegini ýola goýmakda, olardan alynýan önümleriň hojalyk hem-de biologik häsiýetlerini öwrenmekde maksada okgunly işler bitirilýär. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda döredilen bu merkezde ösümlikleriň medeniýetleşdirilen görnüşleriniň 2 müňe golaýy ösdürilip ýetişdirilýär. Häzire çenli medeniýetleşdirilen şänikli agaçlaryň 80, çigitli agaçlaryň 40, subtropik agaçlaryň 100 göterime barabary Diýarymyzyň çäklerindäki hojalyklara ýaýradyldy. Ýeri gelende aýtsak, subtropik baglaryň dürli görnüşiniň, şonuň ýaly-da üzümiň, naryň we gaýry çigitli agaçlaryň toprak-howa şertlerimize uýgunlaşyp, oňat hasyl berýän görnüşleriniň ylmy taýdan içgin öwrenilip, has amatlylarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagynyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti juda ýokarydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň içerki bazarlary özümizde öndürilýän, ekologik taýdan arassa gök-bakja we miwe önümleri, ir-iýmişler bilen doldurmak baradaky tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge-de giň mümkinç

Asylly işler — asyrlarboýy adat

Golaýda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ileri künjeginde ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri geçirildi. Bu sogaply işe «akylly» şäheriň il sylagly ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda»

Men Köpetdagyň eteginden ugur alyp, ýokarlygyna uzalyp gidýän owadan dag ýodalaryny külterläp, köňlümiň aramyna tarap barýaryn. Bu ýodalardan belende galdygyňça, Arkadag şäheriniň gözelligini juda ýakyndan görüp hem duýup bolýar. Täze şäher bilen tebigat özara sazlaşyp heýjana getirýär. Burnuňa güýzüň howasy urlup, duýgular ummanyna çümdürýär. Ynha, men sähra-düzlerde karar tapman, dag tebigatynyň täsinlikleriniň içinde ylhama gark bolup ýörşüme, kert gaýalardan aýlanyp, «egrem-egrem jülgelerden ýol ýasap», daga çykýaryn. Töwerege nazarymy aýlaýaryn. Ynha-da, ýene-de aňymda bir täsin pikir, üýtgeşik düşünje «dogulýar». Daglaryň üstünden dünýä bakýaryn: daglaryň arkasynda daglar bar. Honha, şu daglaryň içinde iň beýik dag. Emma onuň arkasynda-da daglar bar. Men daglaryň üstünden daglar görünýändigini çeper şygyrlaryň üsti bilen bilýärdim. Ýöne, näme üçindir, şu wagta çenli ol pikire ýa-ha kembaha garapdyryn ýa-da gaty üns bermändirin. Ynha, daglara çykyp täsin bir duýga gaplandym. Näme üçin daglar ýeke dälkä, näme üçin olaryň arkasynda geriş-geriş daglar durýarka? Olar dag ahyry!? Eýsem, daglar ähli gaý-tupanlara, ýel-ýagmyrly synaglara çydamly bolmaly dälmidir?! Olar ähli kynçylyklara gara daşlaryny öňe tutup, döş gerip, ýel-harasatlara döz gelmeli dälmidir, eýsem?!. Ynha, gözüňe söweýin, şu beýik gara daglaryň arkasynda-da «dag ýaly» äpet daglar dur. Eýsem, sarsmaz beýik dagla

Akrap

Tebigy hadysalardan çen tutan parasatly ata-babalarymyz durmuşda özleriniň ýaşaýyş şertlerinden başarjaňlyk bilen peýdalanypdyrlar. Gadymdan gelýän Aý-Gün, ýyldyz senenamalary boýunça tebigy hadysalara taýýarlyk görüpdirler. Möwsümleýin işlerini tebigatyň şertlerine görä, hasaply alyp barypdyrlar. Halkymyzda şol senenamanyň biri akrap ýyldyz hasabydyr. Akrap möwsümi güýzki deňleşik — mizan döwründen soň gelýär, ol 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýär. Akrapda maýyl howaly günler sabaşýar. Bereketli güýz paslyna mahsus baly goýalyşan ir-iýmişler, gawun-garpyz, kädi ýaly bakja, mäş, noýba-nohut we bürünç ýaly, kösükli ekinleriň giçki görnüşleri ýetişýär. Bu döwür daýhanlaryň azap bilen ýetişdiren hasyllaryny gyşa galdyrmazlyk üçin ýygymyň gyzgalaňly wagtydyr. Olar ýylboýy azaplaryny reýgana çykarmazlyk üçin tijenýärler. Akrap möwsüminde ýere çyg düşüp, howa sowaýar, toprak gyrawlaýar. Bu alamatlar bolsa aýazly gyşyň geljeginiň habarçysydyr.

Tebigat biziň öýümizdir

Gülzarlyga öwrülýän Diýar Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Ýurdumyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olaryň köpdürlüligini aýawly goramak, geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.

Türkmeniň täsin tebigat dünýäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki iň bir gyzyklanma döredýän ugurlarynyň biri hem türkmen tebigatyna gezelençdir. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleriniň kitaphanalarynda saklanýan gadymy ýazgylarynda syýahatçylaryň we alymlaryň galdyran türkmenler barada maglumatlaryny görmek we okamak bolýar. Ýurdum