"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gadymy kerwensaraýlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa diýseň uludyr. Myhmansöýer halkymyz hemişe dost-doganlygyň, agzybir gatnaşygyň ýarany bolupdyr. Her bir ýurduň, sebitiň ählitaraplaýyn ösmegi üçin beýleki yklymlar bilen gatnaşyk hökmany şertleriň biri bolup durupdyr. Halkara gatnaşyklary, şonuň bilen birlikde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde häzirki döwürde myhmanhanalar nähili orun eýeleýän bolsa, gadym döwürlerde olaryň wezipesini kerwensaraýlar ýerine ýetiripdir. Müňýyllyklaryň taryhyny özünde jemleýän bu toprak ençeme ruhy-medeni, syýasy we ykdysady ösüşleriň merkezi bolup gelýär. Diýarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, ähli kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi hem bu ösüşe esasy oňyn täsir eden ýagdaýlaryň biridir. Gadymy Ürgenjiň, Amulyň, Merwiň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň ady tutulanda ösen medeni öwüşginleriň ählisi aňymyzda janlanýar.

Muzeýler — taryhy hazynalar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny, sungatyny gorap saklamak we geljek nesle aýawly ýetirmek maksady bilen gurlup ulanylmaga berlen döwrebap muzeý binalary sanardan kändir. Ylmy-barlag edaralaryň hatarynda muzeýler özboluşly orny eýeleýärler. Alnan ylmy netijeler ylmy açyşlaryň gaznasyny doldurýar we ylmyň dürli görnüşleri tarapyndan peýdalanylýar. Muzeý gymmatlyklary taryhy çeşme hökmünde çykyş edýär. Bu gymmatlyklar ýygnalanda derňewiň dowamynda çeşmelerden we olaryň ýany bilen berilýän maglumatlardan başga-da, arhiw resminamalary, goşmaça edebiýatlar we beýleki ylmy-maglumat beriji materiallar ulanylýar. Bular gymmatlygyň öwrenilmeginiň netijelerini takyklamaga ýardam berýär. Maddy çeşmelere esaslanýan arheologiýanyň mysalynda barlaglaryň geçirilişini anyk yzarlamak bolýar. Gazuw-agtaryş işleri döwründe tapyndylar ýazmaça, surata düşürmek arkaly bellige alynýar we resmileşdirilýär. Soňra tapyndylar baradaky maglumatlar ylmy barlaghanalarda öwrenmek arkaly ýüze çykarylýar. Bu ugurdaky barlaglar esbabyň ýasalan çig maly boýunça (meselem, demir, mata we deri, kagyz, daş, çüýşe, keramika) ýa-da beýleki alamatlary bilen bir hatarda, belli bir materiallaryň ulanylmagy bilen häsiýetlendirilýän esbaplarda geçirilýär. Işler topary boýunça (nakgaşlyk, saz gurallary) alnyp barylýar. Daşky

Ýüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş – 8 ýyl mundan ozal, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ulanmaga tabşyryldy

Sekiz ýyl mundan ozal, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň açylyşy boldy. Bu waka dünýä ähmiýetli bu özboluşly taslamany durmuşa geçiren döwletleriň baştutanlarynyň – Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýranyň prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmagynda geçirildi.   Gazagystandan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana täze örän gysga ýol boýunça ilkinji demirýol otly düzümi ugradyldy, üç goňşy ýurduň liderleri bolsa onuň ilkinji ýolagçylary bolup, olara täze ýoldan geçmek nesip etdi. 

Seljuklaryň parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Döwlet maslahatynda eden çykyşynda şu binýatlyk ähmiýetli pikir-garaýşyny beýan etdi: «Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerip, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar». Bu çuňňur paýhasa eýlenen sözleriň gözbaş alýan çeşmeleriniň biri hem halkymyzyň şöhratly taryhy, hususan-da, häzirki zaman dünýä siwilizasiýasynyň emele gelmeginde mynasyp orun alan Beýik Seljuk imperiýasynyň bize miras goýan daşary syýasy we diplomatik ýörelgeleri hem däpleri bolup durýar. Olary içgin öwreneniňde, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatyndaky bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň çuňňur kökleriniň ata-babalarymyzyň dünýäniň ençeme künjeginde döreden döwletleriniň daşary syýasatynyň özeninden gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýip nygtalýan hakykaty diňe bir sebitde däl, eýsem orta asyr taryhynda möhüm orun eýelän Beýik

Bedew atlar taryhyň sahypalarynda

(Döwlet AKYÝEWIŇ çeken suraty) Syn-sy­ýak­ly be­dew at­lar dün­ýä­de iň bir ga­dy­my halk­la­ryň bi­ri bo­lan türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni gi­ňiş­li­gi­ne be­ren gym­mat­ly­gy­dyr. Adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bolan be­dew at­lar ha­kyn­da­ky ga­dy­my ede­bi we yl­my mag­lu­mat­lar asyr­lar­dan aşyp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Şeý­le ýaz­gy­lar çy­dam­ly­lyk­da, owa­dan­lyk­da özü­ni yk­rar et­di­ren be­dew at­la­ryň yn­sa­ny­ýet äh­li­ne he­mi­şe­lik hem­ra bo­lup ge­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Magtymguly we Gündogar edebiýaty

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda taryhymyzy, medeniýetimizi, edebi mirasymyzy, sungatyň dürli ugurlaryny öwrenmekde köptaraplaýyn jemgyýetçilik, döredijilik, ylmy, durmuş, taryhy ähmiýetli möhüm işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde orun alan eserleriň terjime we neşir edilişinde, dünýäniň dürli geografik sebitlerinde köptaraply öwrenilişinde, wagyz edilişinde täze şöhratly taryhy tapgyryň galkynyşlary üstünlikli dowam edýär. Taryhy ösüşlere baha berlende, köplenç, edebiýatyň kämillik basgançaklaryna, ýörelgelerine we edebi miraslaryň görnüşlerine ýüzlenilýär. Gadymy Beýik Ýüpek ýolundan gözbaş alyp gaýdýan Gündogaryň edebi-jemgyýetçilik hereketleriniň hyzmatdaşlyk akymynyň ýakymy bu günki gün ýürek ýollaryny ýylatmagyň nobatdaky tapgyrlaryna hem uly badalga berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň ösüşinde we taryhynda akyl gurşawynyň giňligi, çuňlugy, beýikligi, milliligi, döwrebaplygy we kämilligi bilen aýratyn sarpa goýulýar. Dana şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň epiki žanry bolan dürli mazmundaky dessanlaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň ýordumlaryna, Gündogaryň edebi ýazuw ýadygärliklerinde orun alan kyssalara, halk hekaýatlaryna we olar bilen bagly taryhy, nusgawy çeperçilik gymmatlyklara baýlygy, parasatlylygy bilen aýratyn tapawutla

Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za buý­sanç

Ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­tiň ru­hy sag­dyn­ly­gy­ny we ah­lak taý­dan kä­mil­li­gi­ni üp­jün et­mek, ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sa sar­pa goý­mak, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň hem-de tu­tuş adam­za­dyň ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip gel­ýän däp­le­ri­ni ös­dür­mek ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­ler my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, hä­zir­ki wagt­da türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny öw­ren­mek, dün­ýä ýaý­mak iş­le­ri üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Yn­ha, ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri: öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we re­je­le­mek tej­ri­be­si» at­ly san­ly ul­gam ar­ka­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi alym­la­ryň, ta­ryh­çy­la­ryň ara­syn­da tej­ri­be alyş­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­dir, şeý­le hem şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy dün­ýä ýaý­mak­da ne­ti­je­li­dir.

Buýsanç

«7/24. tm», № 48 (131), 27.11.2022 Ça­ga­lyk ýat­la­ma­la­ry­nyň ara­syn­da il­ki bi­len göz öňü­ňe gel­ýän zat­lar bol­ýar. Edil şu wag­tam si­ziň gö­zü­ňi­ziň öňü­ne nä­me­dir bir zat­lar ge­lendir. Men­de-de şeý­le. Şu­lar ýa­ly­-da gö­zü­miň öňü­ne dün­ýä bel­li küşt­çi Abu Be­kir Mu­ham­met as-Su­lynyň port­re­ti gel­ýär.

Gadymy taryhyň öçmejek nury

Hoş habaryň ganaty bolýar. Ol daglardan, derelerden, alaňlardan aşyp, derrew illere ýetýär. Buşluk habarynyň ganatly bolşy ýaly, ony eşidenleriňem göwünleri ýakymly duýgulara beslenýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilendigi baradaky hoş habar ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrdy. Şol şatlykly pursatda gün-günden özgerýän Änew şäheri baradaky oý-hyýallaryň ummanyna çümeniňi duýman galýarsyň.

Taryhy ähmiýetli gymmatly miras

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ni be­ýik ösüş­le­re bes­le­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­de hem-de ony hal­ky­my­za ýe­tir­mek­de ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri: öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we re­je­le­mek tej­ri­be­si» at­ly san­ly ul­gam ar­ka­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky Ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň Sy­ýa­hat­çy­lyk mü­dir­li­gi­niň we­kil­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry we ins­ti­tut­da ýa­dy­gär­lik­le­ri re­je­le­mek hü­nä­ri bo­ýun­ça bi­lim al­ýan ta­lyp­lar, mu­zeý iş­gär­le­ri, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­

Halkara ylmy maslahaty

Şu gün — 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Günüň birinji ýarymynda oňa gatnaşan türkmen alymlary we hünärmenleri Änew galasyna baryp gördüler we ol ýerde ýerleşýän orta asyr suw saklaýjy desgada alnyp barylýan ylmy-barlag we dikeldiş işleri bilen tanyşdylar.

Pyragyny gören ýerler

Magtymguly Pyragynyň ylym-bilim gözleginde birnäçe ýyllap özbek topragynyň duzuny iýendigi hemmä mälimdir. Ussadyň nazary, gadamy düşen mukaddes ýerlere — Idris baba, Gögeldaş, Şirgazy medreselerine gaýybana zyýarat etmek okyjylarda ýakymly täsir galdyrar diýen tamamyz bar. Halaçdaky Idris baba medresesi XVII asyrda öz döwrüniň derwüşçilik akymynyň uly wekili bolan Idris Muhammet ogly tarapyndan bina edilipdir. Ilkibada medresäniň ýigrimi dört sany hüjresi, daşyna belent haýat aýlanan howlusy, dört burçunda belent diňleri bolupdyr. Ýöne tebigy sebäpler bilen onuň diňleri biziň günlerimize çenli saklanyp galmandyr. Akyldaryň bilim alan medresesi welin ýyllaryň synagyndan geçip, öňki durkunda saklanyp galypdyr.

Ga­dy­my taryhymyzyň şöhraty

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de göz­ba­şy­ny has ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýan mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, ta­ry­hy­my­zy, ede­bi mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mä­ge, hem­me­ta­rap­la­ýyn go­rap sak­la­ma­ga, ös­dür­mä­ge we ony baý­laş­dyr­ma­ga, dün­ýä halk­la­ry­ny me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­myz bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň ýa­kyn­da ge­çen mej­li­sin­de oňa gat­na­şy­jy­lar türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­ly “Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly”, Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni bol­sa 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan et­mek ha­kyn­da türk­men ta­ra­py­nyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan gol­da­nan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­bar hal­ky­my­zy be­gen­dir­di we şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za buý­sanç dö­ret­di. Dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da Türk­me­nis­tan iň ga­dy­my me­de­ni­ýe­tiň dö­rän we ösen ýe­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da te­bi­gy gö­zel­li­gi bi­len adam­za­dy özü­ne ben­di eden ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ösen me­de­ni­ýet­le­ri d

Gadymy Änew — Türki dünýäniň medeni paýtagty

1904-nji ýylda amerikan arheology Rafael Pampelliniň gadymy Änew depesinde ylmy-barlag işlerini geçirýän pursaty. Ajaýyp zamanamyzda şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärlikleriň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakdaky buşluknama bolup ýüreklere doldy.

Iň iri hem ýeke-täk

«Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyna Türkmenistanyň çäginde ilkinji gurlan, iň uly we häzirki wagta çenli işjeň ýagdaýda saklanyp galan Hindiguş suw elektrik stansiýasy hem goşuldy. Başdaky kuwwatyny ýitirmän işläp duran bu goja desga indi taryhy ýadygärlik derejesine eýe boldy. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Murgap derýasynyň ugrunda gurlan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy barada gürrüň edip, ony «tehniki pikiriň ýadygärligi» diýip atlandyrdy. Türkmenistanda pudagyň ösüş taryhynyň gözbaşynda duran desgany energetika stansiýalarymyzyň şu günki derejesine buýsanç döretmek üçin institutyň talyplaryna-da görkezmegiň gerekdigini nygtady.

Pol Nadar we Žýul Wern: türkmen taryhynyň edebi-çeper we suratlardaky keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli içeri we daşary syýasaty netijesinde ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk giň gerimli ösdürilýär. Türkmen halkynyň gadymy hem şöhratly taryhyny, medeni mirasyny, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan söwda-ykdysady, medeni, edebi gatnaşyklaryň taryhy ähmiýetini öwrenmek babatda hem möhüm işler alnyp barylýar. Alym

Geçmişi şöhratly şäher

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde, şeýle hem orta asyrlarda-da, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň çäginde gadymy we orta asyrlarda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Bu ýerde ady agzalýan Zemm Lebap welaýatynyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Kerki şäheriniň öňki adydyr. Ol Türkmenistanda gadymy şäherleriň biri hasaplanylýar. Bu ýer Amyderýadan geçmek üçin iň bir amatly geçelgeleriň biri bolup, derýanyň hanasynyň dar ýeridir. Taryhda saklanyp galan ýazgylara görä, ol geçmişde «Şähri-Haňka, Anka, Zingar, Zernigär, Zemm, Kerkuh, Kerki» ýaly atlary bilen bellidir. Kerki şäheriniň atlarynyň köp bolşy ýaly, onuň taryhy-da öz gözbaşyny juda irki döwürlerden alyp gaýdýar. Arheolog W.I.Pilipko «Demirgazyk-günbatar Baktriýanyň oturymly ilaty» kitabynda: «Beg galasynyň günorta-gündogar tarapynda gazylan çukurdan çykan tapyndylar esasynda şäheriň taryhy 2500 ýyldan az däl» diýip ýazýar.

Gadymy medeniýetiň mekany

31-nji oktýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zaly köp adamly boldy. Ol gün bu ýerde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň guramagynda ady agzalan institutyň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda görnükli alym Nadežda Dubowa «Türkmenistan: Goňurdepe — Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri» atly sapak gurady. Alymyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýerleşýän ýerinde Murgabyň akymynda bürünç eýýamynyň suwarymly medeniýetiniň Margiana ady bilen ýa-da Marguş medeniýetiniň dörändigi barada örän baý maglumatlar getirildi. Bu medeniýeti taryhy jähetden açmakda Wiktor Iwanowiç Sarianidi köp ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdi. Häzirki günde şol işleriň netijeleri, jemleri boýunça W.I. Sarianidi we onuň kärdeşleri VII jiltlik kitaplary we makalalary çap etdi. Ol işleriň mazmunynda Merkezi Aziýanyň ýüregi giň sährada selçeň ýerleşýän oturymly ýerleriň bolandygyny, şol sähralyklarda tutuş ýurduň dörändigini aýan etdiler.

Poç­ta­nyň­ ta­ry­hyn­dan

Bi­ziň dur­mu­şy­myz poç­ta ara­gat­na­şy­gy bi­len berk bag­ly­dyr. Biz bir ýe­re hat-ha­bar ýa-da ban­de­rol iber­mek­çi bo­la­ny­myz­da poç­ta ara­gat­na­şy­gy­nyň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bol­ýa­rys. Poç­ta hyz­mat­la­ry bu ugur­da bi­ziň mö­hü­mi­mi­zi bi­tir­mek­de yg­ty­bar­ly mer­kez bo­lup dur­ýar. Poç­ta­nyň dö­re­ýşi­niň täsin ta­ry­hy bar. Poçtanyň taryhy hat ýazuwynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hat ýazuwynyň döremegi bilen, habar hat görnüşinde ýetirilip ugralypdyr. Mu­nuň özi bolsa poçta aragatnaşygynyň düýbüniň tutulmagyna getiripdir. Aragatnaşyk gullugynyň düzgünleşdirilen ilkinji edaralary diýseň ir, antik döwründe peýda bolupdyr. Ilkinji gezek poçta habary 5 müň ýyl töweregi mundan ozal Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Mü­sür­de hem poçta ara­gat­na­şy­gy ir­ki dö­wür­de baş­la­nyp­dyr. Ol ýer­de hat-pet gat­nad­ýan kep­de­ri­ler peý­da­la­ny­lyp­dyr. Soň­ra has möhüm habarlary ýetirmek üçin gadym döwürde atly, düýeli çaparlar ibe­rilipdir.

Taryhy tapyndylar

Ertir ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Haly, bedew at, şaý-seplerimiz ýaly gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan halkymyzyň alabaýlara bolan hormaty hem belentdir. Baýramçylygyň golaýlap gelýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda resmi saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine Alabaý atly türkmen alabaýyny sowgat bermegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýynyň zandynda bar ukyplary halkymyzyň pähim-paýhas baýlygyna öwrülip, iňňän irki döwürlerden bäri ýaşaýar. Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Alabaý güýçli, ýanbermezek hem-de wepalydyr. Alymlaryň biriniň sözlerine mysal hökmünde salgylanmak isleýärin. Ol: «Men alabaýyň bedewimiz bilen deňeçerräk, hatda ondan hem öňräk dörändigine ynanýaryn. Sebäbi adam onsuz ýaşap bilmez diýipdi» diýen sözler bar. Türkmen alabaýynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bar. Ony ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylar hem, ýazuw ýadygärlikleri hem doly subut edýär.