Welosiped sporty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň nusgasy
Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän peýdalydygy, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. 2018-nji ýyldan bäri Bitarap Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda «Bütindünýä welosiped güni» giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni özüniň derwaýyslygy, döwrebaplygy bilen umumadamzadyň ünsüni özüne çekdi.