"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Dünýä uzaýan ýollar

He JIN, Hytaý Halk Respublikasynyň «Hainan Weidu Internasional Travel Co., Ltd» syýahatçylyk kompaniýasynyň prezidenti:

Jümle-jahan habarlary

«Akylly» gerdejikler

Saz binasy

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde ýerleşýän aýdym-saz merkezi özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen köpleri haýran galdyrýar. Bu bina ýapon arhitektory Sou Fujimoto tarapyndan taýýarlanyp, 2022-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda açylyp ulanylmaga berilýär. Ol paýtagtyň merkezindäki ajaýyp gür baglyga bürenen şäher seýilgähinde ýerleşýär. Binanyň täsin üçegi has-da özüne çekijidir. Bu Wengriýanyň aýdym-sazynyň taryhyny şöhlelendirýär we onda sergiler, okuw sapaklary geçirilýär. Binanyň umumy tutýan meýdany 9000 inedördül metr bolup, onuň dizaýn işlerinde saz bilen tebigatyň özboluşly sazlaşygyna aýratyn üns berlipdir. Mundan başga-da, bu binada 2 sany konsert zaly hem ýerleşýär.

Güneşli Türkmenistan: syýahatçylaryň höwes edýän mekany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden kemala gelen  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we Arkadag şäheriniň taryhy we häzirki zaman aýratynlyklary dünýä syýahatçylarynyň gyzyklanmasyny has artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi. Ýurdumyzyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça iň möhüm düzüm bölegi bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny  barha giňeltmegi syýahatçylyk ulgamynyň ösmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýan taryhy gymmatlyklaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilen «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, gadymy Köneürgenç şäheri, köne we täze Nusaý galalary hem-de beýleki taryhy ýerler bar.

«Dört paslyň» gözelligi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago şäherinde ýerleşýän «Dört pasyl» myhmanhanasy 1989-njy ýylyň 10-njy martynda açylyp ulanylmaga berilýär. 46 gatdan ybarat bolan bu binada ähli amatlyklary bolan giň we ýagty otaglaryň 345 sanysy ýerleşýär. Häzirki wagtda myhmanlaryny güler ýüz bilen garşylap, ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän bu kaşaň myhmanhanada birnäçe çaýhana we ajaýyp restoran bar. Özüniň owadanlygy we rahatlygy bilen tapawutlanýan myhmanhananyň gijeki görnüşi has hem owadan bolýar. Hususy myhmanhanalaryň iň ajaýyplarynyň biri hökmünde tanalýan bu binanyň her bir işgäri myhmansöýerdir. Bu ajaýyp myhmanhana ýylda 60 milliondan gowrak syýahatçyny kabul edýär.

Jümle-jahan habarlary

Aýyň arka tarapyndan toprak getirildi

Awaza — Ar­zy­ly mekan

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ha­za­ryň türk­men bö­le­gin­de sa­gal­dyş-dynç alyş we eko­lo­gi­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gyny ös­dür­mek­ ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk hem ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Tomus dynç alşyny «Awazada» geçirmekçi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 To­mus pas­ly diý­len­de il­ki bi­len dynç alyş möw­sü­mi göz öňü­mi­ze gel­ýär. Bu pa­syl­da mek­dep okuw­çy­la­ry dynç alyş möw­sü­mi­ne, iş­gär­ler bol­sa zäh­met rug­sa­dy­na çyk­ýar­lar. Şol dynç alyş möw­sü­mi­ni gyz­ga­laň­ly, şa­dy­ýan ge­çir­mek hem­me­le­ri­ňem is­le­gi bol­sa ge­rek. Şo­nuň üçin mu­ňa öňün­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

“Türkmenhowaýollary” agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýulmagy meýilleşdirýär. Agentligiň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu çözgüt müşderileriň isleginiň artýandygy nazara alnyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpura hepdede iki gezek howa gatnawlaryny amala aşyrar

“Türkmenhowaýollary” agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýulmagy meýilleşdirýär. Agentligiň penşenbe güni habar bermegine görä, bu çözgüt müşderileriň isleginiň artýandygy nazara alnyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Gezsem, dünýäni görsem

Suwasty myhmanhana Dünýäniň iň ajaýyp myhmanhanasy bolan «Poseidon Undersea Resort» Awstraliýa kontinentinde, Fijidäki Poseidon adasynda ýerleşýär. 2008-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen «Poseidon Undersea Resort» suwasty myhmanhanasynda 24 sany kaşaň otag, 6 sany restoran, suwa çümüjilere niýetlenen dükan, suw sport merkezi, golf we tennis meýdançalary bar. Myhmanhananyň deňziň 12 metr çuňlugynda ýerleşmegi onuň täsinligini has-da artdyrýar. 12 metr çuňlukdaky gidrostatik basyş 2,2 bara — ýagny 220 kilopaskala deňdir. Beýle basyşly çuňlukda çümüjiler ýüz otuz minutlap suwuň aşagynda saklanyp bilýärler. Muňa garamazdan, binanyň içindäki basyş 1  bara, başgaça aýdylanda, ýeriň üstündäki basyş bilen deňdir. Myhmanhanada jahankeşdeler üçin ummanyň ajaýyp gözellik dünýäsi açylýar.

Jümle-jahan habarlary

Iň uly Gün elektrik stansiýasy

Dünýäniň täsin daglary

Fudziama dagy 3766 metr belentligi bilen Ýaponiýanyň iň beýik dagy hasaplanylýar. Şol bir wagtda hereket edýän ýanardag bolmagyna garamazdan, soňky gezek 1707-nji ýylda wulkan atylandygy hasaba alnandyr. ***

Russiýa ýurduň birnäçe şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny açmagy teklip etdi

Russiýa Federasiýasy ýurduň Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Astrahan we Nowosibirsk şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Iwan Wolynkin howa we deňiz ulaglary arkaly Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň sanyny artdyrmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Jümle-jahan habarlary

Dron bilen Ewereste ýük daşaldy

2023-nji ýylda 100 million jahankeşdäni kabul etdi

 Fransiýa 2023-nji ýylda 100 milliondan gowrak jahankeşdäni kabul etdi. Şeýlelikde, Fransiýa geçen ýylda iň köp syýahatçyny kabul eden ýurt boldy. BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, ýurda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany boýunça Fransiýadan soňra ýene bir Ýewropa döwleti Ispaniýa ýerleşär. Bu ýurda geçen ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden 85 million jahankeşde barypdyr. Sanawyň ilkinji üçlügini 66 million jahankeşdäni myhman alan ABŞ jemleýär.

«Singapore Airlines» ulag çaýkamagynda ejir çeken ýolagçylara 25 müň dollar öweztöleg berer

«Singapore Airlines» kompaniýasy uçar çaýkamagynda ejir çeken ýolagçylara 25 müň dollara çenli öweztölegini berer, bu barada howa gatnadyjynyň resmi internet sahypasyna salgylanýan «Iz.ru» habar berdi. Agyr şikes alan ýolagçylara awiakompaniýa 25 müň dollar tölär, bu ýolagçylaryň aljak doly öweztöleginiň diňe bir bölegi bolar, tölegiň galan bölegi ýolagçylar doly sagalandan soňra olar bilen maslahatlaşylyp kesgitlener.

Dostlukly döwletiň paýtagty Seul

Meşhur bina Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde ýerleşýän «Lotte World Tower» binasy koreýalylaryň buýsanjy hasaplanýar. Bu bina 2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Beýikligi 555 metr bolan ajaýyp bina 123 gatdan ybaratdyr. Koreýa Respublikasynyň iň beýik, dünýäniň bolsa bäşinji beýik binasy hasaplanýan bu desga Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. Birnäçe söwda merkezlerini, ofisleri, restoranlary, myhmanhanany we konsert zalyny öz içine alýan bu binada bulutlaryň arasyndan şäheri synlamaga uly mümkinçilikler bar.

Muny bilmek gyzykly

@ şu belginiň 500 ýyldan gowrak taryhy bar. Adamyň beýnisi 1 milliondan 7 million megabaýta çenli maglumaty saklamaga ukyplydyr.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň ýaş suratkeşi