«Arkadag» toparynyň yzly-yzyna 2-nji çempionlygy
Ýurdumyzyň futbol çempionatynda 26-njy tapgyryň çäginde 3 duşuşyk geçirilip, 1 oýnuň wagty soňa süýşürildi. 3 duşuşykda-da myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Türkmenbaşy şäherinde oýnalan «Şagadam»—«Arkadag» duşuşygynda janköýerler 8 goluň şaýady boldular. Çekeleşikli ýagdaýda geçen oýunda «Arkadag» toparyna ýeňiş getiren gollary 19-njy minutda Şanazar Tirkişow, 23-nji minutda Ybraýym Mämmedow, 29-njy minutda Didar Durdyýew, 67-nji minutda Resul Hojaýew hem-de 70-nji minutda Begenç Akmämmedow geçirdi. Ilkinji bolup hasaby açan «Şagadam» toparynyň adyndanam Hydyrgeldi Atdjanow (8, 61) bilen Baýram Ataýew (44) tapawutlandy. Duşuşygyň 73-nji minutynda ýeňiş gazanan toparyň hüjümçisi Didar Durdyýew penaltini dürs urup bilmedi.