"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.

Aşgabat — şähergurluşygyň döwrebap nusgasy

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabatda döwrebap şäher gurşawyny döretmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň baş şäheriniň häzirki zaman ýol-ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Şoňa görä-de, 10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasynyň bolmagy wajyp ähmiýetli wakadyr.

Ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi

Lukmanlara ak arzuwlar edildi Ýakynda Baýramaly şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň lukmanlary gatnaşdylar.

Täsirli duşuşyk geçirildi

Etrap medeniýet bölüminiň merkezi kitaphanasynyň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň we etrap halk maslahatynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de kitaphananyň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. Oňa dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdy. Täsirli duşuşykda etrabyň ýaşaýjylary — Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Jumamyrat Muhammedow, mährem ene Ejebaý Hemedanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Babajan Muhammedow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, etrap medeniýet merkeziniň işgäri Sülgün Durdyýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jemal Hezretowa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeler we onuň many-mazmuny dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Taryhy waka bagyşlanyldy Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň, şäher halk maslahatynyň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabara

Sagdyn durmuş bilen gadamlar batly Mary şäher iç keselleri hassahanasynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň we ady agzalan hassahananyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Berkarar döwletim şanly-şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Saglyk ulgamy pugtalandyrylýar

10-njy oktýabrda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» alty halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystanyň Iýmit akademiýasynyň wise-prezidenti  Şamil Tažibaýew, Russiýa Federasiýasynyň Pfizer kompaniýasynyň lukmançylyk sanjymlary bölüminiň müdiri Swetlana Struç, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary, TSG we DSM-niň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hünärmenleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Bonn, Germaniýa, BSGG-niň bilermeni Wladimir Kendrowski gatnaşdy.

Belent sepgitleriň waspy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda ýetilen belent sepgitlerde kärdeşler arkalaşygynyň tutýan orny» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeginden nebitgaz we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Birnäçe günläp dowam eden okuw maslahatynyň çäklerinde guralan çärelerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda gazanylýan üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň wezipeleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Ata Watanymyzyň barha gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Çärelerde aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berlip, döwrümiziň, eziz Watanymyzyň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň waspy belentden ýetirildi.

Aýdym-sazly dabara

Balkanabat şäheriniň merkezi kitaphanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de kitaphananyň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli «Kitap okan gullar magnydan dokdur» ady bilen  aýdym-sazly çäre geçirdi. Dabaraly çärä döredijilik işgärleri, mugallymlardyr talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler  Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki orny, halkara derejede şahyra bagyşlanyp geçirilýän dabaralar barada gürrüň berdiler. Beýik akyldaryň şygyrlaryny wagyz etmekde kitaphana işgärleriniň hem işjeňlik görkezýändigini bellediler.

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde gurnamaklarynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli duşuşyk geçirildi. Onda çykyş edenler ata Watanymyzda ýaşlaryň ylym-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmekleri baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunynyň ynsan saglygy, sagdyn durmuş hakyndaky alada ýugrulandygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenip, sagdyn ýaşlaryň kemala gelýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Keşde çeker ellerim

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Gyzylarbat etrap tapgyry geçirilip, oňa dürli kärde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Ajaýyp zamanamyzda milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpany zenanlarymyzyň el işleriniň üsti bilen açyp görkezmegi hem-de gadymdan gelýän keşdeçilik sungatyny ýaş nesillere ýetirmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşan çeper elli gelin-gyzlar çeper sözde özleri, iş ýerleri bilen tanyşdyryp, gazalyň, goşgynyň, aýdymyň üsti bilen keşde nagyşlaryny wasp etdiler. Netijede, etrapdaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljeren Amangeldiýewa birinji, 25-nji orta mekdebiň mugallymy Laçyn Amanmuhammedowa ikinji, 28-nji orta mekdebiň mugallymy Laçyn Saryýewa üçünji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Döwletli geňeş — ösüşlere binýat

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde: “Agzybirlik, asudalyk, zähmetsöýerlik eziz Diýarymyzyň rowaçlyklarynyň binýadydyr. Şeýle halky bolan döwletiň geljegi aýdyňdyr hem-de beýikdir!” diýip belledi. Bu jümläniň gözbaşynda çuňňur many bar. Çünki agzybirlik, asudalyk ösüşlere, abadançylyga binýatdyr. Agzybir, jebis halkyň çekýan päk, yhlasly zähmeti ýurduň gülläp ösüşlerine itergi bolýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy maslahatdaky çuň manyly çykyşyndan göwni göterilen agzybir türkmen halky Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň daşyna has mäkäm jebisleşýär, gurýar, döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy forumdaky çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny, sanly ykdysadyýeti, ulag diplomatiýasyny, medeni diplomatiýasyny, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny, ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň, intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip edendigi uly buýsanç bilen agzamak ýakymly.

Taryhy ähmiýetli döwletli maslahat

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabry ýurdumyzyň täze taryhyna şöhratly sahypa bolup girdi. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň hormatyna geçirilen umumy milli forumda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çuň manyly çykyşlary ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taryhy çykyşynda: “Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris» diýip belledi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek, halkymyzy baky bagtyýarlykda ýaşatmak ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň barha rowaçlanjakdygynyň dabaralanmasyna öwrüldi.

Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Ak bugdaý etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga lukmanlardyr şepagat uýalary gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap derejede ösýändigi, güneşli Diýarymyzda häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýändigi, olarda saglygy goraýyş işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi, näsaglaryň ýokary hilli bejergi almagy babatynda ajaýyp amatlyklaryň üpjün edilýändigi dogrusynda täsirli çykyşlar diňlendi. Baýramçylyk duşuşygynda şanly sene mynasybetli gutlaglaryň aýdylmagy saglygy goraýyş işgärleriniň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Dabaraly duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň köpugurly hassahanasynda saglyk ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Berkarar döwletim şanly-şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» atly şygar astynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew açyp, saglygy goraýyş işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türk­me­nis­tan-GDA: öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk

8-nji okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Mosk­wa­da ge­çi­ri­len mej­li­si­ne gat­naş­dy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär

9-njy okt­ýabr­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da 400 orun­lyk Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň we 250 orun­lyk Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­la­ry bol­dy. Bu da­ba­ra­la­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow gat­naş­dy.

Ara­ta­pa­wut 10 utu­ga düş­di

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 16-njy ýa­ry­şy Ýa­po­ni­ýa­nyň Mo­te­gi şä­he­rin­dä­ki «Mo­bi­li­ty Re­sort Mo­te­gi» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 24 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da soň­ky çem­pi­on Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si ýa­ry­şy 42 mi­nut 09,790 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 8-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 26-njy ýeň­şi­dir. Ýa­ryş­da 2-nji or­ny is­pa­ni­ýa­ly Hor­ge Mar­tin eýe­läp, «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si ýe­ňi­ji­den 1,189 se­kunt yza gal­dy. Mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na bol­sa «Gre­si­ni Racing» to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Mark Mar­kes çyk­dy. Ita­li­ýa­ly Enea Bas­tia­ni­ni­niň («Ducati Le­novo») 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da wa­tan­da­şy Fran­ko Mor­bi­del­li («Pri­ma Pra­mac») 5-nji ýe­ri eýe­le­di.

Bra­zi­li­ýa 6-njy ge­zek Dün­ýä­ Kubogynyň eýesi

Fut­zal bo­ýun­ça Özbegistanda geçirilen 10-njy FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gy ta­mam­lan­dy. Ýurduň Daş­kent, Bu­ha­ra hem-de An­di­jan şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len çem­pio­na­tyň fi­na­lyn­da Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň 2 öň­de­ba­ry­jy we­ki­li Bra­zi­li­ýa bi­len Ar­gen­ti­na­nyň fut­zal ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy. Daş­kent­dä­ki «Hu­mo Are­na­da» 9 müň 29 jan­kö­ýe­riň şa­ýat­ly­gyn­da ge­çen fi­nal­da Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bra­zil­le­re ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Fer­rao (05:47) bi­len Ra­fa San­tos (12:34) ge­çir­di. Ar­gen­tin­ler­den Ro­sa­nyň 38-nji mi­nut­da­ky go­ly ýeň­şe ýet­me­di. Şeý­le­lik­de, Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2012-nji ýyl­dan soň 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy mun­dan ozal, 1989-njy, 1992-nji, 1996-njy, 2008-nji hem-de 2012-nji ýyl­lar­da çem­pi­on bo­lup­dy. Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2000-nji ýyl­da-da fi­nal­da Is­pa­ni­ýa­dan ýeň­lip­di. Olar 2 sa­pa­ram bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup­dy­lar (2004, 2021). Bas­syr 3-nji ge­zek fi­na­la çy­kan Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy şo­la­ryň soň­ky 2-sin­de ýe­ňil­di. Tan­go­çy­lar 2016-njy ýyl­da fi­nal­da Rus­si­ýa­ny 5-4 ha­sa­byn­da ýe­ňip, hä­zir­lik­çe ýe­ke-täk çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp­dy. Ar­gen­ti­na 2021-nji ýy­lyň fi­na­lyn­da-da Por­tu­ga­li­ýa­dan as­gyn ge­lip­di.