Döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de “Güneş” zurnalynyň redaksiýasy tarapyndan tassyklanan düzgünnama esasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Parahatçylyk: çagalaryň sesi” ady bilen döredijilik bäsleşiginiň Kaka etrap tapgyry geçirildi. Etrap bilim bölüminde geçirilen bäsleşikde mekdep okuwçylary düzme ýazmakda, surat çekmekde, dürli ölçeglerde maketleri taýýarlamakda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, ýaş nesliň hormatly Prezidentimize we Türkmenistan döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolan bäsleşik oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri döretdi. Bäsleşigiň netijesinde “Dünýe dursun parahat!” diýen tema boýunça düzme ýazmakda 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Röwşen Nyýazdurdyýew birinji orna, 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Güljahan Saparowa ikinji orna mynasyp boldy.