"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Milli buýsanjyň çeşmesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, ýiti zehininden kemal tapan eserleri biziň her birimiziň durmuş şamçyragymyzdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny we nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, päk ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde hem gymmatly hazynadyr. Ine, mähriban Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda peşgeş beren täze — «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň şöhratly taryhyna hem-de edebi mirasyna belent buýsançdan dörän kämil eserdir. Kitap «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» diýen iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda taryhyň dürli eýýamlarynda dünýä ýaň salan beýik türkmen döwletleri bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz barada söhbet edilýär. «Ruhy miras» babynda bolsa halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden bäri dowam edip gelýän milli ruhy ýörelgelerimiziň çuň filosofiýasy beýan edilýär.

Ykbaly hala siňen zenanlar — fotosuratlarda

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Ykbaly hala siňen zenanlar» atly fotosurat sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Arşyň nepisligine deňelen haly sungatyny döreden we onuň ösmegine goşant goşan, gölleriniň syrly dünýäsiniň taryhyny biziň günlerimize ýetiren zenanlarymyzyň yhlasly zähmetini, ömrüni bu inçe käre bagyşlan ussat halyçylaryň zähmet ýoluny ebedileşdirmäge bagyşlanan sergi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi we “El darak” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guraldy.

Ýangyn howpsuzlygy: seresaplylygy elden bermäliň!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynda, edara binalarynda elektrik we gaz bilen işleýän enjamlar has işjeň ulanylýar. Şunda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk hem gyşarnyksyz berjaý edilmelidir. Ýangyn hadysalary ýygy-ýygydan gysga utgaşmadan, elektrik enjamlarynyň aşa gyzmagyndan, olara aşa agram düşmeginden, birikdirilen ýerleriniň uly geçiş garşylygyndan ýüze çykýar. Ýangyny döredýän gysga utgaşmalaryň ýarysyndan köpüsi ýaşaýyş jaýlarynda bolup geçýär. Gysga utgaşma has köp sezewar bolýan jaýlaryň içindäki elektrik geçirijilerdir. Olarda gysga utgaşma tok geçiriji bölekleriniň daşky örtüginiň tehniki ýa-da mehaniki zeper ýetmeleri, könelmegi, çygyňdyr daşky gurşawyň täsir etmegi, şonuň ýaly-da, adamlaryň ýalňyş hereketleri sebäpli döräp bilýär. Gysga utgaşma dörände toguň güýji ýokarlanyp, bölünip çykýan ýylylygyň derejesi has-da artýar. Mysal üçin, gysga utgaşmada tok 20 esse artýan bolsa, şonda bölünip çykýan ýylylyk 400 esse ýokarlanýar.

Bagtyýarlygyň ak ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllarymyz şan-şöhrata beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň şanly ösüşleri we wakalary hem şeýle diýmäge esas berýär. Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy hökmünde, ilkinji nobatda, tamamlanyp barýan şanly ýylymyzda döwletimiziň migrasiýa ulgamyndaky syýasatynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar barada guwanç bilen belläsim gelýär. Şeýle wakalaryň biri-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, şol şanly günlerde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Bu zatlar Birleşen Milletler Guramasynyň «Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Apatridleriň derejesi hakynda», «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» Konwensiýalaryna goşulan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygynyň görkezijileridir.

Toý-baýramlar – bagtyýarlyk nyşany

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günler, aýratyn-da agşam çagyndan soň paýtagtymyz boýunça, «Garaşsyzlyk», «Bitarap Türkmenistan», «10 ýyl abadançylyk» mahlasy ähli şaýollarynda hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslarynda daş-töweregi synlap gitmek, şol şaýollaryň ýanýodalarynda gezelenç etmek ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi hemme ýerdäki, esasan hem ýokarda atlandyrylan şaýollaryň ugrundaky arçalary bezäp öwşün atýan yşyklar kalplara ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuny bagyş edýär. Ruhuňy göteriji şeýle täsin hem täsirli görnüşleri ýurdumyzyň ähli ýerinde görmek bolýar. Halkymyz Täze ýyly uly umyt-arzuwlar hem-de şatlyk bilen garşylaýar. Täze ýyl baýramçylygy ýylyň ilkinji günlerinde bellenilip, ol ýylyň dowamynda toýlanjak toý-baýramlaryň başydyr. Diýarymyzda ilimiziň agzybirliginde, ýurdumyzyň asudalygynda, durmuşymyzyň abadançylygynda we bagtyýarlygynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralar şatlygymyza şatlyk goşup, ildeşlerimizi agzybirlige, jebislige, has-da eşretli günlere, täze üstünliklere, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen beýik işlerine öz goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar.

Täze ýyl baýramy dünýä ýurtlarynda

Täze ýyl baýramçylygy hemmeler üçin uzak garaşylýan hem-de uly höwes bilen bellenilýän baýramlaryň biri. Bu baýram dünýäniň köp ýurtlarynda şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Täze ýyl baýramy ynsanlaryň kalbyna nur paýlap, olary ýagşy umytlara, ýakymly arzuwlara besleýär. Täze ýyl baýramçylygynyň döreýiş taryhyny bilmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde milady senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramçylygynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, onuň belleniliş tertibi, däpleri hem üýtgeýär. Gadymy Rimde Täze ýyl baýramy mart aýynyň 1-ine bellenilip geçilipdir. Soňra Gadymy Rimde miladydan öňki 46-njy ýylda, imperator Ýuliý Sezaryň Täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarmagy bilen, bu baýram şol senede bellenilip başlanypdyr.

«Hakyda göwheri» — köňül jöwheri

Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda kitaba sarpa goýmak ýörelgesi döwrebap derejede giňden dabaralanýar. Halkymyzda kitabyň keremi — keramaty täsiri dogrusynda aýdylýan zat juda kän. Çünki kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany — söz baýlygyny özünde jemleýär. Döredijilik äleminde ählimize görelde, ýol görkeziji şamçyrag bolan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, edebi mirasyndan söz açylýar. Bu eser gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir.

Müçe hasaby hakynda kelam

Ynha, hemmeleriň höwes bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy hem bosagada. Müçe ýyl hasaby boýunça geljekki 2025-nji ýylymyz ýylan ýyly hasaplanylýar. Gündogar halklarynda müçe ýyl hasaplary häzirki wagtda hem ýöredilip gelinýär. Çarwadarçylyk we ekerançylyk bilen meşgul bolýan halklar müçe ýyllarynyň üsti bilen adamlaryň ýaşyny kesgitläpdirler we müçe hasaplary arkaly uzak ýyllaryň dowamynda howa maglumatlary öňünden çaklanylypdyr.

Adam hakdaky alada täze desganyň işe girizilmeginde aýdyň beýanyny tapýar

Düýn Tejen etrabynyň Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga ulanylmaga berildi. Täze ýylyň bosagasynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen täze desganyň açylyş dabarasy ýokary ruhy göteriliş alamatyny döretdi. Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň wekilleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşululardyr mährem eneler gatnaşdylar. Dabara üçin niýetlenen toý meýdançasynda ajaýyp waka mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw serişdelerini netijeli ulanmakda, ilatly nokatlary arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde netijeli işler durmuşa geçirilip, şonuň çäginde ýurdumyzda suw arassalaýjy desgalar gurlup ulanylmaga berilýär, suw serişdelerini tygşytlamaga şert döredýän häzirki zaman tehnologiýalary we innowasion ylmy tehnologiki işläp taýýarlamalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalar hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy üçin edýän aladalarynyň subutnamasydyr.

Berjaý edilmeli düzgünler

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin çärelerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý edilmelidir. Şol ýerlerde nobatçylygy geçirjek ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlyk çäreleri we ýangyn dörände çagalarydyr adamlary jaýdan çykarmagyň guramaçylykly halas ediş işleri barada gözükdirme geçirip, degişli howpsuzlyk kitabyna bellenilmelidir. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine jogapkär işgärler çäre başlamazdan öň, ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaba laýykdygyna we otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine göz ýetirmelidirler. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkär işgärler Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli Ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermelidirler. Jaýlaryň ýokarky örtükleri ýanmaga ukyply bolan binalarda baýramçylyk çäreleri 2 gatdan ýokary bolmadyk jaýlarda geçirilmeli. Täze ýyl arçasynyň gurnalan ýerinden daşaryk ýa-da binanyň basgançaklaryndan çykýan azyndan 2 sany çykalganyň bolmagyny üpjün etmeli. Geçelgeleriň, çykalgalaryň ugurlarynda arça agajyny bezemek gadagandyr. Bezelen arçanyň berk esasda oturdylmagyny üpjün edip, onuň şahalary jaýyň diwarlaryndan bir metrden az bolmadyk aradaşlykda bolmagyny gazanmaly. Binada elektrik yşygy bolmadyk halatynda, oýunlardyr şowhun-şagalaňlaryň diňe gündiz geçirilmegine rugsat bermeli. Arçalary çyra

«Ak bugdaý» bazarynda baýramçylyk harytlarynyň bolçulygy döredildi

Täze ýyl baýramçylygynyň öwüşginleri welaýatymyzyň ähli ýerlerinde aýdyň duýulýar. Şäherdir şäherçeleriň, obalaryň toý keşbinde, bazarlardaky, söwda nokatlaryndaky, dükanlardaky haryt bolçulygynda hem Täze ýyl baýramçylygyna mahsus aýratynlyklar aýdyň şöhlelenýär. Şeýle şatlykly günlerde ak bazarlarda söwdalaryň barha gyzyşýan pursatlary göwnüňi göterýär. Adatça, Täze ýylyň bosagasynda ak bazarlarda dürli önümleriň we harytlaryň görnüşleri artdyrylyp, baýramçylyk harytlarynyň söwdasyna giň orun berilýär, ak bazarlaryň ýanynda göçme söwda nokatlary guralýar. Olarda alyjylara köp görnüşli harytlar hödürlenýär. Bu gezek hem asylly däbe eýerilip, Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bazarlardaky haryt bolçulygyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurdaky tagallalaryň ýerine düşendigine Änew alyjylar jemgyýetiniň «Ak bugdaý» bazarynda bolanyňda guwanç bilen göz ýetirip bolýar.

Täze ýyla täze arzuwlar bilen

Bosagada täze — 2025-nji ýyl. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynyň, obadyr şäherleriň, öý-ojaklaryň Täze ýyl öwüşginine beslenmegi, söwda dükanlarynda, ak bazarlarda Täze ýyl söwdasynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bu ajaýyp baýramyň barha golaýlaýandygyndan habar berýär. Täze ýyl maşgala baýramy hökmünde her öý, her ojakda uly şatlyk bilen garşylanyp, uludan bellenilýär. Aýratyn-da, körpe neslimiziň Täze ýyly garşy alşy üýtgeşik. Bagtyýar körpeler gyş paslynyň ilkinji gününden täze ýyldyr Aýazbaba baradaky goşgulary ýatlap, Täze ýyl sowgatlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ynha, ýene-de sanlyja günden Aýazbabadyr Garpamyk içi sowgatly horjunyny egnine atyp, döwletli öýlerimiziň gapysyndan girer. Aýazbabanyň paýlaýan Täze ýyl sowgatlary bu maşgala baýramçylygynyň esasy şatlygy hem bezegidir. Biz toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly dabara bilen ugradýarys. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilen ýyly her birimiziň durmuşymyzda aýratyn ýatdan çykmajak taryhy ýyl boldy.

Täze ýylyň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-şowhuny çar tarapa ýaň salýar. Täze ýyl arçalarynyň owadan bezegleri ýürekleri buýsandyrýar. Dürli görnüşli oýnawaçlardyr çyralar bilen bezelen arça diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem göwünlerini göterýär. Baş arçanyň daşynda körpeler üçin Aýazbabadyr Garpamyk hem-de ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bilen bilelikde şatlanmak has ýakymly. Şu günler ýurdumyzda bosagada duran Täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin taýýarlyk işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl mähriban Diýarymyz, bagtyýar halkymyz üçin hemmetaraplaýyn üstünlikli, düşümli ýyl boldy. Her bir baýramçylyklarda, şanly senelerde özboluşly toý lybasyna beslenýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde hem golaýlap gelýän Täze ýyl baýramynyň öwüşgini özboluşly şöhlelenýär. Ak şäherimiziň binagärlik keşbinde ýokary ussatlyk bilen döredilen ajaýyp öwüşginler, «Täze ýylyňyz gutly bolsun!», «2025» ýazgylary bolsa her bir adamda ýakymly täsirleri döredýär, şatlykly pursatlary bagyşlaýar. Täsin görnüşde bezelen dürli öwüşginli yşyklar, baýramçylyk çyralary Täze ýylyň täsirini we joşgunyny has-da artdyrýar.

Baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhuny

Täze ýyl baýramy şatlyk-şowhunyň, ruhubelentligiň, täze arzuw-umytlaryň baýramy hasaplanylýar. Bu baýramçylyga nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan körpeje ýaş nesillerimiz bilen bir hatarda, islendik ýaşdaky adam hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýän günlerinde bolsa, bu ajaýyp baýramçylygyň şowhuny has-da artýar. Ine, şeýle ajaýyp günlerde ajaýyp baýramçylyk bolan Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzda dürli dabaralar, çäreler, şowhunly konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň hatarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan daşary ýurtly belli estrada aýdymçylarynyň konsertlerini görkezmek bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze ýyly garşylaýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi baýramçylygyň şowhunyny artdyrýar. Bu baýramçylyk konsertleri mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrýar hem-de kalplarynda guwanç, buýsanç duýgularyny oýarýar. Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde geçirilýän şeýle baýramçylyk dabaralarydyr konsertler halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, bagtyýarlygyny alamatlandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyna ýakyndan ýardam eder.

Ýurduma toý bolup gel, Täze ýyl!

Rowaçlyklara beslenjek Täze — 2025-nji ýyly dabaraly garşylamak maksady bilen welaýatymyzyň ähli ýerlerinde şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar geçirilýär. Bagtdan paýly ildeşlerimiz baýramçylyk dabaralaryna egsilmez hyjuw bilen gatnaşýarlar. GÖKDEPE. Etrabyň Medeniýet köşgündäki baýramçylyk dabarasy ruhubelentlige beslendi. Täze ýyl baýramçylygyna mahsus äheňde bezelen owadan zala ýygnanan bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, öňdebaryjy oba zähmetkeşleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar toý gutlaglaryny beýan etdiler.

Çagalara şatlyk paýlan dabara

Welaýatymyzyň dürli etraplaryndan çagalaryň uly topary paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdylar. Ruhubelent çagalar üçin bu çäräni Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi we welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. «Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!» atly dabara gatnaşyjylar ilki bilen gurjak teatrynyň artistleriniň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan şüweleňli çykyşlaryna tomaşa etdiler. Çagalar üçin özboluşly toý sowgady bolan täsirli çykyşlar ýaş nesle ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Baýramçylyk şüweleňi teatryň eýwanyndaky Täze ýyl arçasynyň ýanynda dowam etdi. Bu ýere Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi çagalaryň şatlygyny goşalandyrdy. Welaýatymyzyň bagtyýar çagalary Aýazbaba we Garpamyk bilen baýramçylyk arçasynyň öňünde tans oýnadylar, şatlandylar.

«Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!»

Täze ýyl baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň edara-kärhanalarynyň, orta mekdepleriniň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda etrabyň «Bagt köşgi» toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hünärmenleri, işjeň agzalary Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýolladylar. Bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriniň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw edip, olar ýaşlar baradaky ýadawsyz aladasy, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.

Ýyl ýyla badalga

Ýene-de sanlyja günden ajaýyp taryhy wakalary, dünýä ähmiýetli beýik işleri, ýakymly pursatlary, göwün göteriji belent sepgitleri bilen hakydalarymyzda hemişelik yz goýjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhyň altyn sahypalaryndan orun alar. Döwletimiziň, milletimiziň halkara giňişligindäki şöhratyny has belentliklere göteren bu ajaýyp ýyl bilen hoşlaşyk pursady ýakynlaşdygyça, ýakymly ýatlamalar seriňe köp dolýar. Göwünlere ganat bagladýan ol ýatlamalar Täze ýyly şatlyk-şagalaň bilen mynasyp garşylamaga ruhy joşgun berip, geljek ýylyň mundan-da rowaç boljakdygyna ynamyňy pugtalandyrýar. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna bedew badyny beren 2024-nji ýyl täze ýylda ýetilmeli belent sepgitlere badalga bolar. Tamamlanyp barýan ýylda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde sebit hem-de dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyz has giňedi. Hemişelik Bitarap döwletimiz iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen tutuş adamzadyň bähbidini araýan oňyn meselelerde birek-birege ynamdar hyzmatdaşa öwrüldiler. Bitarap Türkmenistan diňe bir öz bähbidini däl, eýsem, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerini nazarlaýan tekliplerdir başlangyçlary yzygiderli öňe sürýän döwlet hökmünde Milletler B

Bazarlarda bereket bar

Iş bilen öý aralygyndaky gatnawym Teke bazarynyň üstünden düşensoň, Täze ýyl baýramynyň ýakymly täsirinden kalbyny pürepürleýänleriň ilkinjileriniň biri bolsam gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny jemleýji aýyň ilkinji günlerinden ak bazaryň gözümi dokundyrýan harytlarynyň üstüniň Täze ýyl baýramynyň buşlukçylary bilen ýetirilendigini görüp, çaga sabyrsyzlygy bilen jadylaýjy pursatlara garaşýaryn. Süýjüliklerden dos-doly sowgatlyklar, ertekilerdir multfilmlerdäki gahrymanlaryň keşbindäki lybaslar, dürli ululykdaky täsin arçalar we olaryň bezegi üçin niýetlenen älemgoşar öwüşginli zerler, oýnawaçlar, yşyklar, mahlasy, adyny tutan zadyň bar. Baýramçylyk ruhuny bagyşlaýjy bazara baryp, barha gyzyşýan söwda, bol harytlaryň köpdürlüligine, elýeterli nyrhlaryna guwanyp, her biriniň deňinde biygtyýar, nähili aýak çekenimi-de duýman galýaryn. Ter miweleriň, gök we bakja önümleriniň melul ediji hoşboý müşki-anbary, olaryň gaplamalarynyň, şire suwlarynyň şirin-şekerligi işdä beleň berýär. Şeýle pursatlarda satyjylaryň hoşamaýlyk bilen harytlaryny mazamlamalary-da hoşuma gelýär. Goruny toýlarynda gowzadýan halkymyzyň ýurdumyzyň söwda nokatlarynda dolup-daşmasy — bagtyýarlygyň, eşretli durmuşyň hakykat ýüzünde şöhlelenmesinden bir pursat. Her kim baýramçylyk desserhanyny delje dürli-dümenlerden doldurmak, çagalaryna, ýakynlaryna, dosty-ýaryna sowgatlyklary saýlamak bilen g

Täze ýyl şygyr setirlerinde

Hiç kimsäniň göwün islegin ýykman,Barymyza bar getirer Täze ýyl.Gözel Şagulyýewa. Howlugýarys Täze ýyly görmäge.Howlugýarys ömri öňe sürmäge.Gara Seýitliýew.