Kitaply gatnaşyklar
Golaýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Ankara uniwersiteti bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebiniň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň türk dilindäki neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerinidir medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän fotosurat sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisiniň, ýurduň Parlamentiniň Türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysydyr agzalarynyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň Türkiýede akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyňdyr professor-mugallymlarynyň, bu ýurtda okaýan türkmen talyplarynyň hem-de žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň başynda ilçihana tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasy boldy. Onda türkmen Lideriniň döwet galamyndan çykan eserler, Türkmenistanyň taryhyndan we şu günki ösüşlerinden söz açýan fotosuratlar ýerleşdirildi. Myhmanlar sergide görkezilýän eserleri ýakyndan synl