"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — BMG: parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylyk

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy 5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Kalbym buýsançdan doly

Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri gün-günden ýokary depginlere eýe bolup, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyna, halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine oňyn şertleri döredýär. Halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymlarynyň mynasyp paýy bar. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan bilim ojagynda fakultetleriň dördüsi, kafedralaryň altysy bolup, talyplara halkara gatnaşyklary boýunça bilim berilýär, merkezleriň üçüsi hereket edýär. Geçen aýyň 11-ne hormatly

Möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimizi şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

«Aşgabat - Siti» sanlar we maglumatlar:

— Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. — Toplum dürli maksatly binalardyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alar.

Türkmenistan — BMG: wajyp wezipeler, täze çemeleşmeler

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň 75-nji ýubileý mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi syýasatda, ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramak işinde, ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde deňhukukly, hormat goýmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, Ýer ýüzüniň tebigy serişdelerini adalatly we netijeli paýlamak, bosgunlara, göçe-göçlükde ýaşaýanlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek we goldaw bermek, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme beýleki möhüm meselelerini çözmek üçin çagyryşdyr hem-de şertleriň döredilmegidir» diýip, Bitaraplygyň türkmen nusgasyna beren anyk kesgitlemesini ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň, halkara giňişlikde ileri tutýan garaýyşlarynyň esasy çelgisi hasaplamak bolar. Milli Liderimiziň 5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen geçiren duşuşygy baradaky söhbedimizde-de hut şu jümläni esas edip almagy maksadalaýyk hasapladyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatyna yzygiderliligiň, toplumlaýynlygyň hem öňdengörüjilikli çemeleşmäniň mahsusdygyny geçilen ýyllaryň tejribesi aýdyň görkezýär. Türkmenistan soňky 15 ýyla golaý wagt bäri, daşary syýasatyny-da şeýle çemeleşme bilen amala aşyryp, dünýäniň syýasy giňişligine üstünlikli goşulyşýar, ählumumy meseleleriň çözgüdi babatda öz sözüni aýdyp, abraýly münberler

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri

Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz ygtybarly we howpsuz ulag-üstaşyr düzümini döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary öňe sürýär. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça döwletimiziň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän bu taslamalar halkara söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy Aşgabat, 5-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Aziadanyň mirasy «Forum plýus» žurnalynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde çap edilýän «Forum plýus» žurnalynyň «Binagärlik ýyly» atly ýörite taslamasy hut şu tema bagyşlandy. GDA-nyň şäherlerinde häzirki zaman binagärligi hakynda gürrüň berýän makalalar tapgyryny «Aşgabat Aziadasynyň mirasy» atly makala açýar. Onuň awtory «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň jogapkär kätibi Ruslan Muradow.

Halkara hyzmatdaşlygy pugtalanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleriniň çäklerinde ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda amala aşyrylýan işler hem barha rowaçlanýar. Bu babatdaky tagallalar netijesinde ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwaty artýar. Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belleýär. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Işjeň hyzmatdaşlyk — üstünliklere badalga

Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ähli ugurdaky, şol sanda söwda-ykdysady babatdaky hyzmatdaşlygy barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Geçen hepdede Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde türkmen paýtagtynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda söwda-ykdysady, ulag, energetika, senagat, oba hojalygy we beýleki pudaklar hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Ylaýta-da, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak esasy wezipeleriň biridir. Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek üçin bolsa uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu jähetden, telekeçilik işi üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döretmegiň, işewürleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergileriniň guralmagynyň möhümdigi barada aýratyn bellenilip, türkmen we gyrgyz kompaniýalaryny iki ýurduň çäklerinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna çekmäge döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça teklipler aýdyldy.

Aşgabat duşuşygy: strategik hyzmatdaşlygyň täze çelgileri

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň jemlerine Ýer ýüzüniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, sebit we dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürýän Türkmenistan bu gün ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Mizemez dost-doganlyk ýörelgeleri, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk ruhy, medeni umumylyklar nazara alnyp, strategik derejä çykarylan türkmen-gyrgyz gatnaşyklary bolsa iki ýurduň Liderleriniň tagallalary esasynda ösüşiň täze basgançagyna gadam goýdy. 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyran Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bu hakykaty dolulygyna açyp görkezýär.

Sebitleýin hyzmatdaşlyk ugrundaky halkara mediaforum

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hoşniýetlilige, dost-doganlyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty dünýä giňişliginde özüniň oňyn ykraryna eýedir. Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmakda köptaraplaýyn başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde tanalýar. 30-njy iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp geçirilen halkara mediaforum hem muňa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli Liderimiziň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: hoşniýetli gatnaşyklaryň işjeňligi

29-njy iýunda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna ýörite ýük baryp gowuşdy. Munuň özi ýakynda türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açandygyny hem-de dostlukly döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryna goşmaça itergi berendigini bellemek gerek.

Durmuş goraglylygy ugrunda

1-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna BMG-niň Ählumumy Gün tertibini durmuşa geçirmäge gatnaşýan agentlikleriniň wekilleri hem gatnaşdy. Wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatynyň gün tertibinde BMG-niň düzümleri bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki maksatnamalary ýerine ýetirmegiň maksatlary hem-de wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleriniň, şeýle hem BMG-niň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň çykyşlary we ilatyň dürli gatlaklaryna durmuş goldawyny bermegiň ähmiýetini beýan edýän wideoşekiller täsirliligi bilen tapawutlandy. Çykyşlarda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» goldawa mätäç raýatlar üçin durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň gurluşyny we işini kämilleşdirmek, salgylaýyn durmuş kömegini bermek ulgamyny girizmek, durmuş taýdan goraglylyk boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Golaýda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän iri habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Hoşniýetli gatnaşyklar dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň her bir güni il-ýurt bähbitli şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň iňňän öňdengörüjilikli «Açyk gapylar» syýasaty her bir türkmenistanlyda uly ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Ata Watanymyza buýsanjymyzy, söýgümizi goşalandyrýar. Öňe sürülýän ajaýyp başlangyçlar, durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar, dünýäniň ençeme döwletleri bilen alnyp barylýan dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolup, halkymyza rowaçlyklar hem-de şan-şöhrat getirýär. Şu ýylyň 27 — 28-nji iýunynda dostlukly Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýurdumyza resmi sapar bilen gelmegi, ýokary derejede geçirilen gepleşikler we kabul edilen resminamalar iki ýurduň arasynda giň gerimli möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklere tarap barýandygyny, milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasat ugrunyň barha rowaçlanýandygyny dünýä aýan etdi.

Dostluk ýollarynyň täze sepgidi

Halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, adamlaryň arasynda agzybir gatnaşyklary berkitmek iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiz dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, milli mirasymyzy umumadamzat gymmatlyklarynyň ýokary derejesine çykarmak bilen halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurýar. Ol köprüler, ilki bilen, goňşy ýurtlarymyz, sebit döwletleri bilen aralykda gurlup, özara bähbitli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolýan ýurtlarynyň biri-de dostlukly Gyrgyz Respublikasydyr. Baý taryha we gadymy däp-dessurlara eýe bolan ol gatnaşyklar ajaýyp zamanamyzda täze basgançaklara çykýandygyny Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň netijeleri hem dünýä äşgär etdi. Türkmenistan hem Gyrgyz Respublikasy halkara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy görnüşlerine we häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýetiniň senagat ugruny işjeň ösdürýän döwletler bolmak bilen, abraýly halkara we sebit düzümleriniň, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýygjam gatnaşyklary

Aşgabat — arzyly mekan

Paýtagtymyz Aşgabat hemişe guýmagursak zehini, tebigy ukyby bilen dünýä ýüzünde giňden tanalýan şahsyýetleriň üns merkezinde boldy. Biz paýtagtymyza myhman bolan tanymal şahsyýetler bilen tanyşdyrmagymyzy dowam edýäris.

Türkmenistan – Gyrgyz Respublikasy: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi Oguz han adyndaky Köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler boldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşülenden soň ikiçäk görnüşinde ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz gyrgyz Liderini sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, oňa Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz doganlyk Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, belent mertebeli myhmanyň Gyrgyz Respublikasynyň baştutany hökmünde biziň ýurdumyza guran ilkinji saparynyň örän netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ruhy umumylyk arkaly baglaşýan iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen nygtady. Taraplar sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.