"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Ykdysady üstünlikleriň we ösüşleriň şöhlelenmesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň üç günlük sergisinde ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, ýeten belent sepgitleri giňden şöhlelendirilýär. Bu iri gözden geçirilişe ykdysadyýetiň pudaklaryna degişli döwletiň garamagyndaky edara-kärhanalar, hususy düzümler bilen birlikde, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Biz sergä gatnaşyjylaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Lebap welaýaty: göwünleri galkyndyrýan sepgitler

Baş baýramymyz ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem uly dabaralar, zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar. Jeýhunyň goşa kenarynda ýaşaýan bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlykly geldiler. Soňky ýyllarda welaýatda amala aşyrylan işler göwnüňi galkyndyrýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler häzirki wagtda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Şu ýylyň göwünlerde aýdyma öwrülen şygary lebaply zähmetkeşleriň ylham çeşmesine öwrüldi. Döwre ýaraşyk binalar

Etrap kazyýetiniň täze binasy

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaralanýan günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem täze gurlan binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrýar. Düýn bolsa welaýatyň Garagum etrap kazyýetiniň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, il sylagly ýaşulular, ak saçly mährem enelerimiz, dürli ýaşdaky we dürli kärdäki ildeşlerimiz ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Täze binalar — baş baýrama sowgat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy dürli maksatly täze binalaryň, döwrebap desgalaryň açylyş dabaralaryna beslenýär. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat Polisiýa müdirlikleriniň düzümlerinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň täze edara binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi-de munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmek, bu ugurdaky işleriň gerimini giňeltmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Babadaýhan etrabynyň, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Magtymguly, Etrek etraplarynyň, Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Wekilbazar, Garagum etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Halaç, Hojambaz etraplarynyň polisiýa bölümlerinde, şeýle-de Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň polisiýa bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň bosagasynda içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin-de, sürüjiler

Agzybirlik we ruhubelentlik bilen

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine wekilçilik etjek ildeşlerimiziň 300-e golaýy bu syýasy çärä gatnaşmak üçin Watanymyzyň paýtagtyna tarap ýola düşdüler. Olary Türkmenabat demir ýol menzilinde welaýatymyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlar bilen ugratdylar. Bosagada duran döwletli mejlise gatnaşjaklaryň arasynda uly nesliň, welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden wekilleriň, dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjylaryň, ýaşlaryň bardygyny aýtmak gerek. Watandaşlarymyzyň ýurdumyzyň ösüşleri, raýatlarymyzyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň bilelikde maslahatlaşylyp, çözülmegine işjeň gatnaşmaklary döwletlilik ýörelgelerini ösdürmäge, halk bilen döwletiň jebisligini üpjün etmäge ýardam eder. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak ildeşlerimize ýollarynyň ak bolmagy, Milli Liderimiziň baştutanlygynda geçiriljek ählihalk forumyna işjeň gatnaşmaklary arzuw edildi.

Ata Watanymyzyň abraýy arşa galýar

Garaşsyzlyk güni – bagtyýar türkmen halkynyň baş baýramy. Bu şanly senäniň golaýlaşýan günleriniň halkymyzyň, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny arşa göterýän dabaraly wakalara beslenmegi, hoş habarlaryň gelip gowuşmagy bolsa Garaşsyzlygymyza, eziz Watanymyza, ajaýyp zamanamyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi hem şeýle şanly wakalaryň biri hökmünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsi bolup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde halkara derejesinde belent abraýa we ykrarnama eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy wezipe dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bu wezipäni ýokary derejede ýerine ýetirmek bilen, sporty hem-de sport arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini Ýer ýüzünde has-da ý

Garaşsyzlyk – jahan içre mertebe

Garaşsyzlyk – jahan içre mertebe,Owal-ahyr arzuwlary pederiň.Halkym üçin şanly şu gün, erteler,Oguz handan gaýdan beýik şejeriň –Ýollaryny söýläp, togap ederin. Bu gün altyn berýär gadym topragym,Hazyna ol – hasyl çeken zähmetiň.Bagşy, çal sen dutar, gyjak, depregiň,Halypalyk – ýoly pälwan Mahmydyň,Alp Arslan bar, göreşlerde bagt tapan.

Beýik ösüşlerden galkynýan Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleriň, döwrebap özgertmeleriň, taryhy wakalaryň, dünýä ýaň salýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň dowam edýän zamanasynda halkymyz bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary astynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda belent maksatlara gönükdirilen has uly wezipeler öňde goýulýar.

Il-ýurt bähbidine

Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezip, her bir ýyly uly zähmet ýeňişlerine, üstünliklere besleýär. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljek umumymilli forumda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu bolsa türkmen jemgyýetinde ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimiziň barha uly ähmiýete eýe bolýandygynyň we rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän taryhy özgertmeleriň ähmiýetiniň şeýle uly çärelerde has-da aýdyň ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize alkyş we hoşallyk söz

Beýik işleriň belent ykrary

Eziz Diýarymyzda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary jebisleşdirýän gymmatlyklar hökmünde bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy toplumlaýyn özgertmek babatda amala aşyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň amala aşyrýan sport diplomatiýasynyň rowaçlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda gelip gowşan bu hoş habar ähli halkymyzyň ruhuny galkyndyrdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini tassyklaýar

Buýsanja beslenýän ýyllar

Üstünliklere we rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç duýgusyny, gözlerine çäksiz guwanç nuruny çaýýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp, gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Gysga taryhy döwürde Watanymyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy, döwrebap obalar, şäherçelerdir şäherler guruldy. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, sport ulgamynda hem giň möçberli taryhy işler durmuşa geçirildi.

Garaşsyzlyk — ähli ösüşlerimiziň binýady

Öňňin paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Köpugurly gözden geçiriliş «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralyp, aýratyn ähmiýete eýe bolan bu sergi milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär.

Milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide öz beýanyny tapdy

Täze taryhy döwrümizde milli we dünýä tejribesini öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-senagat edarasynyň guramagynda 19 — 21-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň geçirilmegi möhüm wakadyr. Paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirip, bu ýerde döwlete dahylly düzümleriň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri öz diwarlyklaryny görkezdiler. Olaryň käbiriniň önümçilik işleri, sergä hödürlän täze önümleri dogrusynda gyzyklanyp, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Pyragynyň goşgularynda tebigatyň waspy

Tebigat – biziň umumy öýümiz. Hut şonuň üçin hem, ata-babalarymyz topragy, suwy, ösümlikleri, haýwanlary, umuman, tebigatyň ähli baýlyklaryny rejeli ulanyp, olary gorapdyrlar, perzentleriniň kalbynda tebigata, onuň baýlyklaryna söýgi duýgusyny oýarmak üçin tagallalaryny gaýgyrmandyrlar. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir» diýen dürdäne sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, özboluşly aýratynlyklary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynda hem uly orun alypdyr. Magtymguly atamyz eziz Diýarymyzyň gözelliklere baý tebigatyny, ösümliklerini, agyp-dönüp ýören mallaryny, ýaz gelende açylýan al-elwan güllerini ussatlarça wasp edipdir. Dana Pyragynyň «Türkmeniň», «Hasar dagyndadyr», «Soňudagy», «Ýaýlahlary bar», «Jahan peýda», «Gürgeniň» ýaly şygyrlaryny okanyňda, onuň tebigat we ýaşaýyş baradaky pelsepewi garaýyşlaryny öz goşgy setirlerine siňdirendigine göz ýetirmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň «Türkmeniň» atly goşgusyndaky:

Halkymyzyň milli buýsanjy

Beýik Ýüpek ýoly Gahryman Arkadagymyzyň hem belleýşi ýaly, halklaryň ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklarynyň ösmegine, özgermegine, baýlaşmagyna uly goşant goşmak bilen çäklenmän, ynsanyň ruhy gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak ýörelgeleriniň ösüş we özgeriş taryhynda möhüm hyzmaty ýerine ýetiripdir. Gadymy hytaý, grek, arap syýahatçylary, alymlary biziň ýurdumyza gelende, ata-babalarymyzyň ýaşaýşy, gylyk-häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri bilen tanşyp, olara ýokary baha beripdirler. Mertligiň, gahrymançylygyň, watançylygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunda bedewe aýratyn sarpa goýulýandygyny guwanç bilen belläpdirler. Bedewiň durmuşda, söweşde bitirýän hyzmatynyň uludygy barada halky kyssalarda, dessanlarda çeper beýan edilipdir. Olar dilden-dile geçirilip, biziň bagtyýar döwrümize gelip ýetipdir.

Täsirli gezelenç

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji Zenanlar guramasy ýokary okuw mekdebiň talyp gyzlarynyň Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenjini gurady. Bu çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpanyň beýanyna öwrüldi. Milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak we wagyz etmek ugrundaky beýik işler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen şol ajaýyplyklaryň ähmiýetinden habar berýär. ÝUNESKO-nyň

Baýrama bagyşlanan bäsleşik

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi.  Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Esasan hem sportuň küşt we şaşka görnüşi boýunça guralan ýaryş talyplaryň köpsanlysyny özüne çekdi. Onuň jemi boýunça baş baýraga okuw mekdebimiziň 1-nji ýyl talyby Şatlyk Nazarow mynasyp boldy. Ikinji, üçünji orunlary okuw mekdebimizde bilim alýan Aýnur Agaýewa bilen Aksoltan Ataýewa eýelediler. Bäsleşigiň ahyrynda guralan dabarada ýeňijiler guramaçylar tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ýollarymyz rowan – geljegimiz dowam

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegi, ilkinji nobatda, eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatdan ugur alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu biraýlygyň geçirilmegi aýratyn mana eýedir. Şu döwürde birnäçe sport çäreleri, welosiped ýaryşlary, esasan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işleriniň alnyp barylmagy öz oňyn netijelerini berýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilýän çärelerde ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin durlup geçilýär.