"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Gazagystan: dost-doganlyk ýoly bilen

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmegi maksat edinýär. Ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi bolsa hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, ony mundan beýläk-de giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 10-11-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada amala aşyran resmi sapary hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Syýasy dialogyň yzygiderliligi — ynanyşmagyň nyşany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemleýji resminamasy

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Mongoliýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, meşhur alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar gatnaşdylar. Halkara foruma gatnaşyjylar:

Döwletara dialogyň taryhynda täze tapgyr

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň 10 — 13-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyran ilkinji sapary 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýlan döwletara dialogyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyran möhüm ädime öwrüldi. Dostlukly ýurduň Baştutany saparyň çäginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hem gatnaşdy. 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň hem-de Mongoliýanyň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynyň «Rowaç» zalynda geçirilen ikiçäk gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi. Türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ý

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki beýannama

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh 2024-nji ýylyň 10 — 13-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. 2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh (mundan beýläk — taraplar) dostlukly, açyk we işjeň ýagdaýda resmi gepleşikleri geçirdiler hem-de syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurduň raýatlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, sebitde we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dunaýyň kenarlaryndan «akylly» şähere

Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny nobatdaky gezek tassyklady. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 200 ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biri bolup, geçen döwürde öz meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň dürli ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi. Bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň türkmen topragynyň, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alan gadymy künjekleriniň birinde gurlandygy hem bellenilmäge mynasypdyr.

Parlament diplomatiýasyny ilerledip

14-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, has-da ösdürilýär. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler bilen bir hatarda, parlamentara dialog hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, özara gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda parlamentara dostluk toparlaryna uly orun degişlidir. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.

Üns merkezinde — durmuş syýasaty meselesi

17-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri we Arkalaşyga agza ýurtlardan — Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan we Özbegistan Respublikasyndan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, maslahat beriş geňeşi iş alyp barýan 30 ýylynyň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň durmuş ugurly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy zähmet bazarynyň döredilmegine, ugurdaş infrastrukturanyň ösdürilmegine möhüm goşant goşdy.

Nebitgaz forumy — mümkinçilikleriň meýdançasy

23 — 25-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi geçirilýär. Bu çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Şu gezekki forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Olaryň käbiri pikir alyşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Myhmanlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge gönükdirilen täzeçillikler, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy. Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň düzüminiň ýyl-ýyldan barha giňelmegi dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Dostluk köprüleri berkidilýär

16-17-nji oktýabrda ýurdumyzda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Soňky wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Bilim ulgamynda gatnaşyklar giňeldilip, ylym we medeni alyşmalar, iki döwletiň sebitara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Ýurtlarymyzda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri meşhur döredijilik çäresine öwrüldi. Nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň tomaşaçylardan doly zaly hem Türkmenistanda bu çärä uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi. Bu ýere medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dostlukly halkyň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Medeniýetleriň teatryň dilindäki söhbetdeşligi

18 — 20-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly ýurdumyzyň Türki medeniýetiň halkara guramasyna girýän döwletler bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň barha ilerledilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Festiwalyň çäginde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň, agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň duşuşyklarynda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirildi. Dabara mynasybetli teatryň öňündäki meýdançada halkara festiwala gatnaşýan döredijilik toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de tanyşdyrylyşy, teatryň eýwanynda bolsa kitap we sungat eserleriniň sergisi guraldy.

Lagym ulgamlary işe girizildi

Ýurdumyzda raýatlaryň döwrebap şertlerde ýaşamagy üçin edilýän aladalar ajaýyp miwesini berýär. Giň gerimde gurlup ulanmaga berilýän häzirki zaman ýaşaýyş toplumlary munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenabat şäherinde gurlan täze şäherçe hem şeýle döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň biridir. Bu ýerde her biri 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy bar. Şäherçede 1200-den gowrak maşgala bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurlan täze toplumda daşarky basyşly we şäheriň täze lagym arassalaýjy desgalaryna barýan lagym ulgamlary işe girizildi. Desgalaryň gurluşygyny «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň tejribeli gurluşykçylary amala aşyrdylar.

Halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa birinji tapgyrda saýlanan türkmen alabaýlarynyň 20-si gatnaşdyryldy. Birinji tapgyra gatnaşdyrylanlar 50-den gowrak türkmen alabaýynyň içinden emin agzalary tarapyndan saýlanyp alnan itlerdir. Şolaryň hatarynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümlerinde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alabaýlary ösdürip ýetişdirýän hojalyklarynda hem-de hususy hojalyklarda ösdürilip ýetişdirilýän alabaýlar bar.

Ynsanyň wepaly dosty

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan «Ynsanyň wepaly dosty — türkmen alabaýy» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, halypa itşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Sergi türkmen şekillendiriş sungatynda milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň hem-de onuň dürli sungat eserlerini özünde jemleýän baý gora eýediginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sergide türkmen alabaýynyň keşbi suratlandyrylan şekilli halylara aýratyn orun berilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň şekili sünnälenip çitilen nepis halylarymyz serginiň bezegini has hem artdyrýar. Şeýle hem bu ýerde muzeýiň gaznasynda saklanýan, arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan toýundan ýasalan it heýkeljikleri ýerleşdirilipdir. Gäwürgaladan biziň eýýamymyzyň II — IV asyrlaryna we Goňurdepeden biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara degişli tapylan it heýkeljikleri ünsüňi has-da özüne çekýär.

Şäheri ösdürmegiň konsepsiýasy: döretmegiň, gurmagyň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde kabul edilýän maksatnamalar halkyň, umumadamzadyň bähbitlerini nazarlap, milli ykdysadyýetimizde oňyn özgertmeler, ýokary depginli ösüş-özgeriş bilen rowaçlanýar. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» munuň aýdyň beýanydyr. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Resminamada ýerine ýetirilen, ýerine ýetirilýän we geljekde ýerine ýetirilmeli işler giňişleýin beýan edilip, şäheriň ähli ulgamlaryny sazlaşykly, durnukly ösdürmegi, ilatyň ýaşaýyş, zähmet, dynç alyş şertlerini kämilleşdirmegi yzygiderli üpjün etmek we has-da ýokarlandyrmak bu resminamanyň esasy maksady bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda «Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelme

«Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr»

Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzda hijem diňe özüň üçin ähmiýetli tarapy ileri tutmak diýlen düşünje ýokdur. Gaýtam, başgalaryň öňünde ýagşy iş bitirip, alkyşly sözleri eşitmek, iň bolmanda bir ýagşy işiň başa barmagyna nepiň degeni üçin begenmek mertebeliligiň nyşanydyr. Türkmenistan döwletiniň syýasy Bitaraplygynyň ynsanperwerlik diýlen beýik ýörelgäni rowaçlandyrmagyň hatyrasyna işjeňlige eýe bolýandygyna halkara gatnaşyklarynyň, dünýäniň ählumumy wezipeleriniň mynasybetinde nazar aýlamak maksadalaýykdyr» diýip örän jaýdar belleýär. Bitaraplygyň düzüm bölekleri bolan ynsansöýüjilik, agzybirlik, adalatlylyk, Watana wepalylyk, halallyk ata-babalarymyzyň wesýetleri bilen kiçilikden aňymyza guýlup gelen düşünjelerdir. Sebäp diýseň, üme düşüp başlanymyzdan gulagymyz ganýan hüwdüleriň, aýtgylaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň ählisi hem şol häsiýetleri terbiýelemäge niýetlenen. Ol halk döredijiligi bolsa gözbaşyny juda uzaklardan alýar. Gahryman Arkadagymyzyň:

«Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrýan döwlet syýasaty Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýar. Şu Kanun esasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary barada garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedir. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamaga, ylmy taýdan barlamaga, aýawly saklamaga, goramaga, öwrenmäge we wagyz etmäge aýratyn goşant goşan fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylyg

Täzelikler

Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda şu ýylyň geçen dokuz aýynyň jemi boýunça gurnama demirbeton önümleriniň 21205 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Jemi taýýarlanylan senagat önümleriniň we edilen işleriň möçberi geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 107,7 göterime deň boldy. Bu ýerde köpöýjükli demirbeton plitalary, içki we daşky diwar panelleri, jaýlar üçin bitewi demirbeton plitalary, lagym ulgamy üçin beton guýular we guýy örtgüleri, demirbeton basgançaklary, beton bloklar, germewlik demirbeton önümleri, dik demirbeton sütünleri ýaly önümleriň 100-e golaý görnüşi öndürilýär.

Wysal bolan arzuwym

Heniz okuwçy wagtlarym «Watanyň serhetçi gyzy» diýen belent ada mynasyp bolmagy we gelşikli harby lybasy egnime geýip, onuň gullugynda durmagy hyýalymda janlandyrýardym. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli geçirilýän harby ýörişe teleýaýlymyň üsti bilen zenan harby gullukçylaryň dabaraly harby ýörişden geçişlerini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Dabaraly harby ýörişde zenan harby gullukçylaryň nyzamly ýöriş bilen ädimläp geçýän pursatlary meniň ýaş ýüregimi heýjana salyp, kalbymy joşdurýardy. Belki-de, şol täsin pursatlar Watanyň serhetçi gyzy bolmagyma sebäp bolandyr. «Türkmenistan — arzuwlaryň amala aşýan ýurdy» diýlip aýdylyşy ýaly, maňa hem Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby bolmak bagty miýesser etdi we egnime harby lybasy geýip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyp, iň arzyly arzuwymy amala aşyrdym. Meniň, ýurdumyzda uludan toýlanan Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli geçirilen harby ýörişe zenan harby gullukçylaryň şahsy düzümi bilen birlikde gatnaşandygyma buýsanjymyň çägi ýok. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň zenan harby gullukçylaryndan düzülen batalýonyň şahsy düzümi bilen bir hatarda, men hem, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biz — ýaşlar üçin edýän aladalaryna jogap edip, geljekde-de ýurdumyzy gülledip ösdürmäge goşant goşjakdygyma buýsanç bilen söz berýär

Maksatly il — döwletli il

Halkymyza mahsus bolan döwletlilik, agzybirlik, parahatçylyk ýaly taglymatlaryň, milli ýörelgeleriň bagtyýar zamanamyzda üstünlikli dowam etdirilýändigine paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Bu döwletli maslahatda halkymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana ertirleriniň hatyrasyna durmuşa geçirilen we geljekde göz öňünde tutulan maksatnamalaýyn işler barada birin-birin durlup geçildi. Görşümiz ýaly, berkarar döwletimizde ata Watanymyzy sebitde we dünýäde kuwwatly döwlete öwürmek, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamak boýunça ýene-de beýik özgertmelere garaşylýar. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzda halkara derejelerine laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalaryny açmagy, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Munuň özi ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulan işleriň nobatdaky tapgyryndan habar berýär. Şeýle hem mejlisde döwletimizde bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işl

Sungat festiwaly — dost-doganlygyň ykrary

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen, mazmuny we gerimi boýunça dünýä ýaň salan halkara forumynyň yzysüre Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň geçirilmegi berkarar Diýarymyzda dost-doganlygyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň barha dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Festiwalyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara türki halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine, ýakynlaşmagyna önjeýli goşant goşýan bu guramanyň işine ýokary baha berýän hem-de halkara festiwalyň işine üstünlikler arzuw edýän çuňňur mazmunly Gutlagynyň okalmagy dostlukly döwletlerden gelen sungat we döredijilik işgärlerinde hoşallyk we ýokary ruhubelentlik duýgularyny döretdi. Festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň, teatrlaryň döredijilik toparlarynyň, şeýle hem bu abraýly halkara guramasynyň Muzeýler birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlaryň geçirilmegi, türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny mundan buýana hem ösdürmek barada özara pikir we tejribe alşylmagy dostlukly ýurtlaryň medeniýetleriniň has-da ýakynlaşmagyna we ösmegine itergi berendigini buýsanç