"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere ýurduň Magdeburg şäheriniň Täze ýyl bazarynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berildi. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda çäkli düzümdäki gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri! Hanymlar we jenaplar!

Awtomobil sporty: täze mümkinçilikler we döwrebap şertler

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidini nazarlaýar, ýurdumyzyň geljegini üpjün edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň çuňňur many-mazmunyny kalbymyza guýýarys. Bu kitapda beýan edilýän parasatly pikirler ýaşlaryň röwşen geljegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaşlaryň ylym-bilimi, kämil terbiýesi hakynda parasatly pikirler beýan edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, nesil terbiýesindäki milli ruhy-ahlak gymmatlyklar her bir ynsanyň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmegi dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu ajaýyp kitap ýaponiýaly okyjylara halkymyzyň ýaş nesli terbiýelemek babatdaky asylly däpleri bilen tanyşmaga ýardam eder. Ajaýyp kitap türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlary bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Şon

«Hakyda göwheri» — köňülleriň buýsanjy

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Şeýle ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby uly ilimize sowgat boldy. Bu ajaýyp kitap türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini dünýä ýaýýar, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine çuňňur düşünmäge giň mümkinçilik döredýär. Kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çap edilmegi hem şöhratly taryhymyzyň dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň milli ýörelgesini, şöhratly taryhyny beýan edýär. Bu ajaýyp kitabyň birinji babynyň «Taryha syýahat», ikinji babynyň bolsa «Ruhy miras» diýlip atlandyrylmagynda örän çuňňur many bar. Munuň özi şöhratly taryhymyzy sarpalamak, ata-babalardan miras galan ruhy gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Taryh hakynda beýan edilende kitapda şeýle ajaýyp filosofiýa ünsi çekmek gerekdir: «Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler». Bu çuňňur manyly filosofiýa halkymyzyň taryhy, täze eýýamy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki şöhratly taryhy bolan halkymyzyň taryhy ösüşiniň täze tapgyry, şöhratly eýýamy bu günki gün dünýä ýaýylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýylyň 19-njy de­kabr­ynda Kua­la-Lum­pur­da il­kin­ji ge­zek res­mi sa­par­da bol­ýan Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedow Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Da­to Se­ri An­war Ib­ra­him bi­len ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.

2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýylyň noýabr aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, forumlar hem munuň aýdyň güwäsidir. 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu gazna bilen geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly meýilleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyry

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähetden, 18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi sapary amala aşyrmagy möhüm ähmiýete eýe bolup, türkmen-malaý gatnaşyklarynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. ÇÄKLI DÜZÜMDÄKI GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Ýurdumyzda awtomobil sporty belent derejelere çykarylýar

Gahryman Arkadagymyz IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy Soňky ýyllarda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Möwsümleýin işler göwnejaý ýerine ýetirilýär

Häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe bolup, bu işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagy wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Häkimleriň hasabatlarynda welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini bolsa ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Beýik döwrüň nusgasy

Ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejä eýe bolan Arkadag şäheri bu gün türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüldi. Ýerleşýän ýeri, özboluşly taslama aýratynlygy, milli hem häzirki zaman binagärlik tejribeleriniň özara sazlaşygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Ýakynda bu şäheriň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Abraýly halkara baýrak Awstriýanyň paýtagty Wenada Arkadag şäheriniň wekiliýetine halkara işewür jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu hoş habaryň üstüniň ýetirilmegi, ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanylmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada resmi saparda boldy. 19-njy dekabrda ir bilen döwlet Baştutanymyz Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi. Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanansoň, Hormat garawulynyň serkerdesi hormatly Prezidentimize dabaraly hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, Malaýziýanyň goşun baýdagyny sarpalady. Soňra hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda, Premýer-ministr Anwar Ibrahim hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyryldy.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çagyrmagy boýunça 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa resmi sapary amala aşyrdy. 2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji sapary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň tassyklanmasy bolup durýar. 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Nebitgaz senagaty babatda hyzmatdaşlygyň netijesinde gatnaşyklar has-da pugtalandy. Bu bolsa iki ýurt üçin hem örän möhüm bolup durýar.