"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Gar

Küräp durşy «Goýnuň gözünden, düýäň dyzyndan» diýilýäne ýetjege meňzeýär. Gazetiň Täze ýyl sany üçin gar hakda ertirden bäri bir ýazga dümtünip oturan Atda Perreň arassa howada kellesini durlamak üçin edaranyň öňündäki meýdança çykanda, gijöýlän tutan gaý gitdigiçe tutaşýardy, boramak boraýardy. Çykjak gyz ýaly, tutuşlygyna aklyga çolanan Asmangözeliň gözüň ýagyny iýip barýan ak lybasynyň etegi häzir hamala, gözýetime çenli tutuş barlygy öz reňkine öwürjek bolýan ýalydy. Bu görnüşi synlap duran Atda Perreň:

Öler janym kitap

Su­ut Ke­mal Ýet­kin,türk ýa­zy­jy­sy «Adam-ga­ra­syz bir ada­da ýal­ňyz ýa­şa­ma­ga mej­bur bol­sa­ňyz, şu ro­man­lar­dan haý­sy bi­ri­ni ýa­ny­ňyz bi­len äki­der­di­ňiz?» di­ýen so­rag bir­ma­hal­lar Fran­si­ýa­da so­wal­na­ma­çy­la­ryň örän ha­la­ýan mow­zuk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup­dy. So­wal­na­ma­çy­sy­na gö­rä, ol ro­man­lar fran­suz ýa-da dün­ýä­niň beý­le­ki halk­la­ry­nyň ede­bi­ýa­tyn­dan saý­la­nyp al­nar­dy. So­wal­la­ry­ny ede­bi­ýa­tyň beý­le­ki ede­bi gör­nüş­le­ri­ne çen­li uzald­ýan­lar hem bar­dy. Şeý­le so­wal­na­ma­la­ryň bi­ri­ne And­re Ži­diň be­ren jo­ga­by köp­le­riň ýa­dyn­da­dyr. Ýa­zy­jy jo­ga­by­ny «On fran­suz ro­ma­ny» ma­ka­la­sy ar­ka­ly «Incidences» («Ha­dy­salar») at­ly ki­ta­byn­da oky­jy­la­ra ýe­ti­rip­di. Şeý­le so­wal äh­mi­ýe­ti­ni hä­li-hä­zi­rem ýi­ti­ren­dir öý­de­mok. Çün­ki bu so­wal­lar kä­bir ýa­zy­jy­la­ryň ha­la­ýan eser­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ýar­dy hem-de ýat­dan çy­kyp bar­ýan kä­bir eser­le­riň ga­dyr-gym­ma­ty gaý­ta­dan di­ke­len ýa­ly bol­ýar­dy. Ýö­ne bu so­wal­lar ar­ka­ly or­ta atyl­ýan esa­sy zat, ede­bi­ýa­tyň adam dur­mu­şyn­da bar­ly­gy­dyr. Göw­nü­me bol­ma­sa, ço­la ada­da ýa­şa­ma­ly bo­lan bir ada­ma: «Ýa­ny­ňyz bi­len nä­me­le­ri äkid­ýä­ňiz?» diý­se­ler, el­bet­de, ol er­kek ki­şi bol­sa, gi­je ýa­tyş ge­ýim­le­ri­ni, aýal maş­ga­la bol­sa, do­dak bo­ýa­gy­dyr üst-ba­şa ti­mar be­riş goş­la­ry­ny al­m

"Magrypdan maşryga dünýäniň ýüzi"

Dünýä edebiýatyny Gündogaryň — Eýran, Hindistan, Hytaý, Ýaponiýa, Orta Aziýa... halklarynyň edebiýatyny goşmazdan, bitewüligine göz öňüne getirmek kyn. «Bütindünýä edebiýatynyň kitaphanasynyň» 200 jiltligi, onuň ägirt uly ylmy-habar beriş diwanhanasy — düşündirişler, makalalar, şeýle hem meşhur alymlar topary tarapyndan döredilip ajaýyp görnüşde bezelen «Dünýä halklarynyň rowaýatlary» atly iki jiltlik kitap (Moskwa 1982 ý.) we beýleki neşirler bu ugurda işleriň ep-esli öňe gitmegine öz täsirini ýetirdi.

Ynsan erkinliginiň goragçysy

Žan-Pol Sartr Edebiýat boýunça Nobel baýragyna biziň döwrümize ägirt uly täsirini ýetiren, erkinligiň ruhuna ýugrulan baý pikirleri hem-de döredijilik hakykatyny tapmak ugrundaky gözlegleri üçin mynasyp bolýar. Fransuz filosofy we ýazyjysy Žan-Pol Sartr hemişe Ýewropanyň edebi tankydynyň üns merkezinde saklanýar. Ol hakda jedelleşýärler, onuň bilen ylalaşýarlar, oňa haýran galýarlar, ahyrsoňunda hem, onuň syýasy we filosofik garaýyşlary edebi döredijiliginden öňe saýlanýar.

Alhimiýa jahanyň kalbyna barýan ýol

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň ilkinji sanlarynyň birinde häzirki zaman meşhur ýazyjylaryň biri bolan Paulo Koelionyň «Alhimik» eseri O. Çaryýew tarapyndan ussatlyk we ýokary çeperçilik bilen terjime edilip çapdan çykypdy. Bu eser filosofiýa ýykgyn edýän islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä dillerinde çap edilen eseriň öz ene dilimizde terjime edilip halka gowuşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Alhimik» eseriniň filosofiki pikirlere baý bolmagy, bir tarapdan, Paulo Koelionyň bu ugra ömrüni bagyş edendigini aňlatsa, beýleki tarapdan, terjimeçiniň hem filosofiýadan çetde däldigini ýaňzydýar. Dünýäniň syrlaryndan söhbet açýan bu eseri ene dilimizde halk köpçüligine ýetirendigi üçin, ussat terjimeçä we žurnalyň agzybir döredijilik toparyna hoşallygymyzy bildirýäris.

«Owaz bilen sözlärin» («Heň­ňam he­ka­ýat­la­ry» top­lu­myn­dan)

Pälwansypat, tegelekden gyzyl ýüzli, epeý-epeý basyşly, agrasdan äwmän gürleýän adamyň keşbi gözde galypdyr. Ondan bäri är ömri geçiberipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda her gün diýen ýaly gabatlaşylan, salamlaşylan wagtlar indi hakyda depderinde ýatlama bolup galdy. Ýaňy ýokarda «gyzyl ýüzli» diýipdim. Şu wagt oýlanýan weli, aslynda ak ýüzli bolup, türkmen ýurdunyň jöwzasyna garalansoň gözüme şeýle görnen bolmaly. Epeý-epeý basyşam ulumsylykdan däldi, ýasawy salykatly bolany üçindi. Birki agyz gep alşyp-alyşmankaň: «Ýaz ýaly adam eken-ow» diýdiräýýärdi. Bir gezek Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şol wagtlar Ýazyjylar birleşmesiniň Daşoguz welaýaty boýunça edebi maslahatçysy Hangeldi Garabaýewe pete-pet gelnende, el uzadyp:

Günlerde bir gün

Itiň aň­sa­dy  Günlerde bir gün beýik amerikan ýazyjysy Mark Twene okyjylar şeýle sorag beripdir:

Terjimäniň täsin dünýäsi ýa-da "çaý başyndaky söhbet"

Wagta salym ýok, şo-ol akyp barşy. Ynha, «Dünýä edebiýaty» žurnalam ýap-ýaňy döredilen ýalydy, ýöne, görüp otursak, eýýäm 10 ýaşapdyr. Eliňizde bolsa onuň 60-njy sany. Bizem bu şanly sene mynasybetli žurnalyň tejribeli işgärleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň başynda» ýörite söhbetdeşlik gurnadyk. Onda şol geçilen sepgitde çeper terjimede bitirilen işlere seljerme bermäge çalyşdyk.

Degişmeler düwünçeginden

Tüsse dagaýança Iki awçy özara gürleşip dur:

Dünýäniň danalary

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanlaryn­da). MARI FRANSUA WOLTER

Faraon

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanyn­da). ON IKINJI BAP

Gyş paslynyň ak sowgady (Oý­lan­ma)

Güýz paýawlaberende, enem pahyr miwelerden, ir-iýmişlerden ullakan gazanda toşapdyr mürepbe gaýnadardy. Bizem çür-çülpe çaga bolup gazanyň daşyndadyrys. Enem ullakan kepgir bilen gaýnap duran gazany bulap durşuna, wagtal-wagtal bize gatyrganardy: — Gazanyň daşynda kebeleklemäniňizde, oýnamaga başga ýer tapan dälsiňiz. Görýäňiz-ä, ulularyň işlidigini! «Gara gyş» gelýär. Bu zatlardan wagtynda ýüküňi tutmasaň, soň hezil bermez.

Zemin jümmüşine syýahat

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanyn­da). DOKUZYNJY BAP

Şygryýet bossany

Arkadagly ýyllarymyz Giň dünýäni mähre çoýýar,Arkadagly ýyllarymyz.Ak ýollara nurun çaýýar,Arkadagly ýyllarymyz.

Şygryýet bossany

Parahatçylyk, ynanyşmak — dünýäň bagty, Arkadag! Kalby ylham-joşly ýyllar ak geljegiň buşlugynda,Gujagynda dostluk güller, parahatlyk joşgunynda,Tarypynda saýrak diller, eneleriň şatlygynda,Dostluk, doganlyk, raýdaşlyk, Gün nury deý ýagty sende,Halkara parahatçylyk, ynanyşmak bagty sende, Täze ýyl!

Ak günleriň ýaraşygy

Hoş günleriň ýakymy, hakydalaryň baky hemrasy bolan ajaýyp pursatlaryň ýylylygy bizi bagty süňňümiz bilen syzmaga, kalbymyz bilen ezizlemäge mejbur edýär. Allatagalanyň peşgeş beren günlerini bagtyýarlyga beslemek päkligiň, her bir dogýan Gün bilen ynsanlara ýylgyryş hem bagt paýlamak beýikligiň alamaty. Bu gün hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyň güzer edinen berkarar ýurdumyzda her dogýan günümiz bizi bagtyýarlygyň goýnuna atarýar. Akyldarlaryň birine: «Bagtyňy nädip tapmaly?» diýip sowal beripdirler. Ol: «Öz bagtyňy gözlemek biderek wagt ýitirmekdir. Dünýäde her bir adam garaçyny bilen nirededigi näbelli bagtynyň gözleginde. Biziň bagtymyz özgeleriň bagtynda gizlengi. Sen olara bagtyny ber, soň siziňki size gaýdyp geler. Aslynda, ynsanlaryň ömrüniň manysy-da özgeleriň bagtynyň içinden öz bagtyny tapmakdyr» diýip jogap beripdir. Bu barada halkymyz hem «Özgäni hoşbagt edeni betbagt saýma» diýen paýhasy döredipdir. Bütin adamzadyň ýagty geljegi, asuda durmuşy hakynda gije-gündiz alada edýän, asyrlara barabar beýik işleri durmuşa geçirýän, öz bagtyny halkyň, il-günüň bagtynda görýän Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik, durmuş ýoly hem, akyldaryň aýdyşy ýaly, ynsanyýete bagt paýlamakdan, mukaddes Diýary berkarar etmekden ybaratdyr.

Şygryýet bossany

Nurana ýyllar Biz kän garaşdyk,Gerip gujagy.Gel, sen Täze ýyl,Ýyllaň ajaby.