«Hatyjagöl»
(«Hatyjagöl» haly göli hakynda taryhy hekaýa) Joşly derýa egin diräp oturan beýik baýryň eteginde Soltanýaz begiň galasynyň aşak-ýokary taraplarynda sakçylyk çekýän dört sany nökerden başga bu jelegaýda adam-gara görnenokdy. Düýbi inli edilip tutulan bu galanyň günorta-gündogaryny alkymlap oturan Akdepe obasynyň ýokary ýüzündäki ene ýabyň kenarlarynyň erňegini gyrmalap akýan suwuň endigan şyggyldysyna goşulyşyp, oba itleriniň üýrüşýän sesleri diýäýmeseň, daş-töwerekde ünsi çekäýer ýaly başga üýtgeşik bir del goh-galmagal eşidilenokdy. Daş-töweregiň bu görnüşinden çen tutsaň, şu wagt dünýäniň bu imisalalygynda, göýä, ýurtda hem, halkyň ömürboýy isläp gelen ýagdaýy bolan parahatlyk bolaýjak ýalydy. Bir göräýmäge, bu şuňa-da meňzeýärdi. Emma...