"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

«Ak pamygyň» täze üstünlikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda hem önüm öndürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde her ýyly üstünlikli jemleýän senagat kärhanalarynyň arasynda Türkmenabat şäherindäki «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabrik hem bar. Şu ýyl işläp başlanyna 15 ýyl dolýan bu fabrikde ýurdumyzyň ýüplük egriji fabrikleriniň önümleri gaýtadan işlenilip we arassalanylyp, gaýry zatlarda ulanmak üçin niýetlenilen pamyk hem-de lukmançylyk pamygy öndürilýär. Bu ugurda baý tejribe toplan Çary Abdullaýew kärhana ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hil derejesiniň dünýä ülňülerine doly laýyk gelmegi önümlere bolan islegleri has-da güýçlendirýär. Häzirki wagtda «Ak pamyk» haryt nyşanly milli önümlerimiz, esasan-da, lukmançylyk pamygy içerki bazarlar bir hatarda Azerbaýjan, Türkiýe, Belgiýa ýaly ýurtlara-da eksport edilýär. Bu bolsa fabrigiň agzybir işgärleriniň jogapkärçiligini has hem artdyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Telekeçilige — giň ýol!

Hususyýetçilerimiziň goşandy Şanly wakalary bilen dabarasy dag aşýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň guwançly wakasy bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy bellenilip geçildi. Şu sene ýurdumyzda telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw-ýardam berilmegi harytlaryň we önümleriň bolçulygynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açdy. Ilatyň ýokary hilli harytlara we önümlere bolan islegini has doly kanagatlandyrmakda uly işler bitirildi we bitirilýär.

«Ýe­di ýyl­dy­rym» — ýo­ka­ry hil we çalt hyz­mat

(Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len ser­gi­niň çäk­le­rin­de) Bil­şi­miz ýa­ly, 17 — 23-nji mart­ aralygynda Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň  15 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da türk­men işe­wür­le­ri­niň 200-den gow­ra­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ser­gi gu­ral­dy. Mil­li ba­har baý­ra­my bi­len ut­ga­şyp ge­len bu ser­gi tä­ze öwüş­gin­le­re adat­da­ky­lar­dan has baý bol­dy. Bir hep­de­läp do­wam eden ser­gi ýur­du­my­zyň hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri we hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga, şeý­le-de, işe­wür­lik ge­le­şik­le­ri­ni bag­laş­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.

«TÄZE AÝ» — lezzete baý!

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz döw­le­ti­mi­ziň azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, hal­ky­my­zyň azyk ha­ryt­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da goý­ýar. Şu iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de hu­su­sy ul­ga­myň we­kil­le­ri­niň öňünde-de uly wezipeler goýulýar. Hä­zir­ki döw­ürde ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek­de hu­su­sy ul­ga­myň pa­ýy bar­ha art­ýar. Bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy (te­le­ke­çi Be­genç Ora­zo­wa de­giş­li ) «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly et we şöh­lat hem-de ýa­rym taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na­­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­r bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. 2005-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly şöh­lat we beý­le­ki azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän bö­lü­m­de taý­ýar­la­nyl­ýan ýo­ka­ry hi­lli we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, hal­ka­ra hil ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän önüm­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Olar el­ýe­ter­li ba­ha­sy bi­le­n ta­pa­wut­la­nyp, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýar. Kär­ha­na­da «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly et we şöh­lat, ýa­rym taý­ýar önüm­ler bo­lan ha­myr we bö­rek, man­ty ýa­ly önüm­le­riň uly tap­gy­ry ön­dü­ril­ýär.

Hususy pudakdaky özgertmeler

nobatdaky gözden geçirilişde aýdyň ýüze çykdy 23-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde iş alyp barýan hususy düzümleriň 200-den gowragyny bir ýere jemläp, bir hepdeläp dowam eden sergi öz işini tamamlady. Bu waka bilen baglanyşykly geçirilen maslahat hususy pudakda geçen döwrüň dowamynda gazanylan üstünliklere ser salmakda, geljekde öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy.

Telekeçilik işiniň kanunçylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Şu nukdaýnazardan, Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bir bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi) we beýleki Kanunlar gürrüňi edilýän möhüm ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.

Hususy pudak — milli ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. 18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşmagy bolsa türkmen telekeçileri üçin şanly waka öwrüldi. Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary, diplomlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralýan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

«Mukaddesiň» süýjülik dünýäsinde

Körpejelerden: «Iň süýji zat näme?» diýip sorasaňyz, aglabasy: «Tort» diýer. «Tort süýjülikleriň seresi» diýseňem, hakykata golaý gelýär. Çünki onuň düzümine şekerden başlap, süýji nygmatlaryň ählisi diýen ýaly girýär, miwelidir şokoladly, doňdurmaly tortlar-da bar. Şatlykly günlerimizde desterhanymyzy süýjülik tortlary bezeýär. Nika toýlaryndaky süýjülik tortunyň görnüşi-de, lezzeti-de başgaça bolýar. Onda ýaş çatynjalara durmuş süýjülikleriniň arzuwy bar. Ynha, telekeçi gelin Munira Mustafakulowa şeýle süýji tortlary taýýarlamagyň ussady. Onuň ýolbaşçylygyndaky «Mukaddes» süýjülik merkezi süýjülik dünýäsini ýada salýar. Ol ýerde tortlaryň ona golaý görnüşi bilen birlikde, dürli konditer önümleri hem taýýarlanylýar.

Arzuwlary wysalyna gowuşdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, ak bazarlarymyzda we söwda nokatlarynda milli önümlerimiziň agdyklyk etmeginde türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bardyr. Olar döwlet Baştutanymyzyň hususy ulgamy ösdürmek baradaky belent başlangyçlaryndan ruhlanyp, täze önümçilikleri açmakda, halkyň gündelik sarp edýän azyklyk we senagat önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Şeýle hususyýetçileriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Samandar Mustafakulowyň alyp barýan işleri hem aýratyn bellärliklidir. Hususyýetçi Kerki etrabynyň Kerki şäherindäki kärhanasynda indi 10 ýyldan bäri «Awaza», «Hazar», «Daşrabat» ýaly haryt nyşanly gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan şöhlat önümlerini öndürip gelýär. Şöhlat önümçiligi et kabul ediji, sowadyjy, taýýarlaýjydyr gaplaýjy we barlamhana bölümlerinden ybaratdyr. Bu bölümlerde Russiýa Federasiýasynda öndürilen ýokary hilli et dograýjy, garyjy, üweýji, mal süňküni kesiji we beýleki zerur enjamlar bökdençsiz işledilýär. Önümçilik doly awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Onda işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär.

Hususy pudagyň üstünlikleri

17-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, dürli ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ir bilen dabaraly açylyşa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra dabara döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Bilşimiz ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemläp, milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýar. Şol gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda 200-den gowrak gatnaşyjy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeleri çözmekde gazanan üstünliklerine sergide aýratyn üns çekildi.

Ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

Hususyýetçiligi ösdürmekde döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň netijesinde telekeçilik ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyna öwrüldi. Berkarar Watanymyzda haryt bolçulygynyň gerimini giňeldip, iş orunlaryny döretmekde, eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmakda pudagyň gazanýan üstünlikleri muny doly görkezýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hem-de ýokary derejede geçirilen maslahat şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy pudagyň geçen döwür içinde gazanan üstünliklerini doly açyp görkezen serginiň işi bilen ýakyndan tanyşmagy hem-de ýurdumyzyň işewürlerine gymmatly maslahatlaryny bermegi telekeçilerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän uly ynamyny ödemek üçin telekeçilerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk zähmet çekip, döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň rowaçlyklara beslenmeginde mundan beýläk-de ähli ukyp-başarnyklaryny orta goýarlar. Türkmen işewürleriniň bu babatdaky agzybirlikli zähmeti öndürilýän dürli önümleriň we hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary hil derejesinde, täze başlangyçlardyr döwrebap işläp taýýarlamalary, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, ösen tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmakda indiki gazanjak üstü

Zähmet soňy – bereket!

Azyk önümlerini öndürmekde Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Täze ýurt obasynda ýerleşýän «Altyn gül» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumynda uly işler alnyp barylýar. Bu hususy kärhana 2016-njy ýylda bölünip berlen 2,5 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhana gurup, oňa pomidoryň köp hasyl berýän görnüşini ekdi. Çekilen halal zähmetiň netijesinde ýyladyşhanadan alynýan hasyl ýylsaýyn artýar. Bu bolsa ýyladyşhanada ýetişdirilýän islegli önümiň içerki bazarlary doly derejede üpjün edip, daşarky bazarlara ugratmak mümkinçiligini hem döretdi. Häzirki wagtda ýyladyşhana toplumynda Joraguly Hemraýewiň ýolbaşçylygynda 30 sany işçi zähmet çekýär. Olaryň köp bölegi bolsa ýaşlardyr. Ýyladyşhananyň agronomy Aýzada Maksudowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol alyp barýan işleri dogrusynda şeýle gürrüň berdi: — Ýyladyşhana şertlerinde pomidoryň «Marwelans», «Çerri» görnüşi, esasan, iki möhletde, awgust aýynyň ahyryndan sentýabr aýynyň başyna çenli we ýanwar aýynyň başynda ekilýär. Birinji möhletde ekilen pomidoryň hasyly dekabr-ýanwar aýlarynda, ikinji möhletde ekilen pomidoryň hasyly bolsa, mart-aprel aýlarynda ýygnalýar. Ýyladyşhanamyzda pomidoryň, esasan, «Marwelans» görnüşi ekilýär. Sebäbi «Marwelans» hasyllylygy boýunça pomidoryň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar. Pomidoryň bir düýbünden 10-12 kilogram hasyl alyp bolýar. Ol tutuş ösüş döwründe ýyly howany gowy gö

Senagatçylaryň we telekeçileriň sergisinde

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda guralýan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Ýurdumyzda hususy işewürlik ösdürilýär

18-nji martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine zerur üns berilýär. Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary, diplomlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralýan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary, diplomlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine zerur üns berilýär. Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine zerur üns berilýär. Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Hususy işewürleriň sergisi gyzgalaňly dowam edýär

Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, türkmen telekeçileriniň gazanan üstünliklerini açyp görkezmäge ähmiýetli çäredir. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginde, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar döwür üçin Döwlet maksatnamasy bilen baglylykda amala aşyrylýar. Şol maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Milli önüm – milli buýsanç

ýa-da türkmen işewürleriniň soňky ýyllarda ýeten sepgitleri Her ýylyň tüýs baharyň bahar wagty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisini geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda birleşmäniň döredilmegine 15 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hususy türkmen kompaniýalarynyň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda sergi guraldy. 17-nji martda badalga alan sergi täzeliklere baý boldy. Sergide türkmen önüm öndürijileriniň we hyzmat ediş kompaniýalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gysga döwrüň içinde uly ösüşe eýe bolandyklary, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan baý önümçilik düzüminiň dörändigini görmek buýsandyryjy duýgulary bagyşlaýar. Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň gazananlaryny hususy telekeçilige ornaşdyrmak, hususyýetçiligiň başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.