"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

«Nesiller äkider seni uzaga»

Uzak ülkeden gelen toý habary Zaman işany ragbatlandyrdy. Bada-bat ogullarynyň bäşisini daşyna jemläp, ýol şaýyny tutmagy berk tabşyrdy. Ýola düşüp, çöl-beýewany syryp geçip, ýol azabynyň ýarysyndan dynansoňlar, Zaman işan egbarlady. Şol barmana-da bir düýş görýär. Düýşünde ýetmeli menziline gowşansoň, ýurduny täzelejegi oraşan göründi. Ogullaryny çagyryp, düýşi göreniňki däl, ýoranyňky edip, iň soňky sargydyny aýdýar. Zaman aganyň pendine görä, ol myhman çagyrylan obasynda jaýlanylmalydy. Bu tabşyryk aýdylyşy ýaly-da ýerine ýetirilýär. Yzlaryna gaýtmazyndan öňinçä, özara maslahatlaşylyp, bäşiň ikisi gonak bolnan ýerde galmaly edilýär. Şeýdip Hudaýberdidir Ylýasyň duz nesibesi ýat illere çekýär duruberýär. Uly oba Zaman işanyň hormatyny tutup, bulary öýli-işikli etmek üçin kimse gyzyny berýär, kimse-de duzuny. Garaz, aýaga galnynça goltgy kemini goýmandyrlar. Şeýde-şeýde doganlar bu ülkä öz dogduk perzendi kimin goşulyp garylyberipdir... Syrgyn oba söýget bolup ýören aga-ini 1937-nji ýyllaryň nähak aýyplanmasyna duçar bolup sürgün edilende, Ylýasyň ýaňy bir dokuz aýa gadam basan, dünýäniň gamu-şatlygyndan bihabar ýekeje oguljygy, Hudaýberdiniň bolsa 2 gyzy, yzynda galypdy.

Milli miras — egsilmeýän hazyna

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi hem sungatymyzy, mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek, olary baýlaşdyrmak, bütin dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň geçirilmegi olara goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Halkyň kalbyna deňelýän medeniýetiň ösmegi adamlaryň aň-düşünjesiniň, sowatlylygynyň artmagyna ýardam edýär. Merdana halkymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşupdyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzy öwrenmekde, kämilleşdirip halka ýetirmekde, medeni ösüşleri üpjün etmekde medeniýet işgärlerine uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň: “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle setirler bar: “Durmuşdaky ähli ýagdaýlary, her bir pursady ýazga geçirmek mümkinem däl. Oňa düşünmek, aň etmek, many almak welin mümkindir. Halkyň mirasynyň gymmaty hem şondadyr. Şonuň üçinem ol egsilmeýän hazyna deňelýär”. Şundanam görnüşi ýaly, şol baý taryhy we gymmatly hazynany aýawly saklamak hem-de öz öwüşginleri bilen nesillere ýetirmek biziň borjumyz bolup durýar. Şu maksat bilen halkyň arasyndan milli mirasymyza degişli eksponatlary, maglumatlary ýygnap, muzeý gymmatlyklaryny artdyrmak boýunça işleri alyp barýarys.

Gülli keçe düşek bolar

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köp ugurlydyr. Ol halyçylyk, zergärçilik keşdeçilikdir nakgaş eserleri bilen bir hatarda, halkyň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur bolan keçe önümlerini hem öz içine alýar. Keçe taýýarlamakda we haly dokamakda türkmen gelin-gyzlarynyň hyzmaty örän uludyr. Olar ýüregindäki arzuw-hyýallaryny el işlerine, dokan halylaryna, basan keçelerine, çeken keşdelerine, geýen egin-eşiklerine siňdiripdirler. Keçe diňe düşek hökmünde ulanylman, eýsem, ondan ak öýleriň üstüni Günden, ýagyşdan-gardan goramak üçin serpik, üzük, durluk ýaly keçe önümleri, düýelere halyk, atlara atkeçeler, tazylara jul hökmünde eşik, çopanlar üçin ýapynjalyk oýluklar taýýarlanypdyr.

Folkloryň içindäki folklor

Ýaşuly nesliň özünden soňky nesle goýup biljek iň uly gymmatlyklarynyň biri ruhy mirasdyr. Ol görüm-göreldäni, milli däp-dessurlary, durmuş tejribesini, terbiýe bermek medeniýetini, döredijilik dünýäsini, pähim-paýhasy özünde jemleýär. Ençeme asyr aşyp, nesilleriň paýhasyndan, döredijilik zehininden kämillik derejesine ýeten halk döredijiligi ruhy mirasyň edebi nusgasydyr. Başgaça aýdylanda, halk döredijilik eserleri halkymyzyň özi hakynda döreden edebi-taryhy ensiklopediýasydyr. Halk döredijilik eserlerine milletimize mahsus dünýägaraýyş, hüý-häsiýet, ýaşaýyş-durmuş, däp-dessur, edim-gylym aýratynlyklary siňdirilipdir. Älemgoşaryň 7 reňkiniň başga onlarça reňki emele getirmäge esas bolşy ýaly, türkmen halk döredijilik eserleriniň 3 žanry hem halkymyzyň ruhy dünýäsini häsiýetlendirmekde, suratlandyrmakda, beýan etmekde edebi gönezlik bolup hyzmat edýär. Türkmen halk döredijilik eserleriniň çuň mazmunly, köp öwüşginli häsiýeti, onuň köp žanrlylygynyň, köp görnüşliliginiň üsti bilen açylýar. Olaryň tas ählisiniň mazmunynda ata-babalarymyzyň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berendigine göz ýetirmek bolýar.

Terbiýe mekdebi

Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, halkymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwretmekde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly romanlarynda atasy, ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Tejen aýagy diýilýän ýerlerde ýagny, öňki Kirow raýonynyň (häzirki Babadaýhan etrabynda) «Gyzyl çarwa» kolhozynda ýaşap, işlän ýyllary çeper beýan edilýär. Berdimuhamet mugallymyň halkymyzyň edebi mirasyna goýýan hormaty ýaş Mälikgula hem oňyn täsir edýär. Bu Mody başlygyň Mälikgula berýän gürrüňlerinde has aýdyň ýüze çykýar. Ynsany pespällik, dogumlylyk, dogry sözlülik, birek-birege bolan hormat-sylag, rehimlilik, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler bezeýär. Berdimuhamet mugallymyň görüm-göreldesi, oba adamlary we okuwçylary bilen gowy gatnaşygy Mälikguly üçin uly terbiýeçilik, döredijilik mekdebi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ene-atasyna bolan hormaty hemmelere nusgadyr. Mähriban käbesi Ogulabat ejä, mähriban kyblasy Mälikguly aga bolan söýgüsi çäksizdir. Şeýle söýginiň, hormatyň miwesi hökmünde milli Liderimiziň «Enä tagzym— mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler Watan üçin dogulýar» ýaly kitaplaryny mysal getirip bolar.

Halypa bagyşlanan mukam

Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösmeginde uly işleri bitiren ussat halypalar Amangeldi Gönübegiň, Şükür bagşynyň, Bazar bagşynyň, Kel bagşynyň, Hally bagşynyň, Täçmämmet Suhangulyýewiň, Sary bagşynyň, Oraz salyryň, Mylly Täçmyradowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Nobat bagşynyň, Pürli Saryýewiň, Sahy Jepbarowyň, Baky Maşakowyň we başga-da ençeme halypalaryň atlary elmydama hormat bilen tutulýar. Ezber halypalaryň zehin goýup döreden we ýerine ýetiren «Ýandym», «Keçpelek», «Humarala», «Burnaşak», «Berkeli çokaý», «Hajygolak»... ýaly ajaýyp sazlaryny her gezek diňläniňde, üýtgeşik bir dünýä düşen ýaly bolýarsyň. Olardaky göwnüňi galkyndyryjy şirinlik, täsinden-täsin imrindiji öwrümler akylyňy haýran edýär. Türkmen aýdym-saz sungatynyň diýseň baý mirasy bar. Edebi eserleriň döreýşi ýaly, saz eserleri hem bir wakanyň täsiri bilen döreýär. Muňa türkmen halk sazlary hakdaky rowaýatlar-da şaýatlyk edýär. Kel bagşynyň «Ussadym» atly sazy döredişi hakynda şeýleräk bir rowaýat bar.

Çörek mukaddesligi

Saçakdaky çöregi almak üçin birden iki adam elini uzatsa, öýüňe myhman gelýändiginiň alamaty saýylýar. Çörek owuntygyny ýere gaçyrsaň günä. Çöregi hormatlap, maňlaýyňa sylmak halkymyzyň adatyna öwrülipdir.... Asyrlaryň dowamynda emele gelen şuňa meňzeş ynançlaryň ýüzlerçesi milletimiziň ýaşaýyş-durmuş tejribesiniň örän baýdygyny, şonuň bilen birlikde bu düşünjeleriň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Ýakynda çörek mukaddesligine bagyşlap geçiren söhbetdeşligimizde bu barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň täsiri bilen şu setirleri ýazmaga girişdim. Maşgala we çaga terbiýesinde çörek mukaddesligi bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan gaýdýan özboluşly, üýtgeşik bir ýörelgämiz dowam edýär. Bu ýörelge ruhuňa täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçirip gelýär. Parasatly sözlerde çöregiň mukaddesligi durmuş bilen şeýle bir çuňňur baglanyşdyrylypdyr welin, haýran galaýmaly, ol kalbyňa berk köküni urýar. Öýüňe gelen myhmana hem ilkinji hödür çörekden başlanýar. «Ýolda ýoldaşyň bolsun!» diýip, eneler perzentlerini ýola salanlarynda hem ýany bilen çörek berip goýberýärler. Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde hem çörek mukaddesliginiň has ýokary tutulýan pursatlary köp duş gelýär.

Halkymyzyň müdimi gymmatlyklary

Pederlerimizden miras galan milli baýlyklarymyz halkymyzyň geçmişinden, şan-şöhratyndan habar berýär. Olar türkmen taryhynyň çeper beýany bolmak bilen, indi ençeme asyrlardan bäri halkymyzyň milli buýsanjy hökmünde şöhlelenýär. Milli medeniýetimiziň maddy we ruhy baýlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde sungat ussatlarynyň hyzmaty diýseň uludyr. Olar elmydama milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmagyň, üstüni ýetirmegiň we nesillere miras galdyrmagyň aladasyny edipdirler. Bu nusga alarlyk göreldäni häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirmek bolsa biziň paýymyza düşýär. Millilige ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemek biziň esasy işlerimiziň biridir. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Astanababa, Alamberdar ýadygärlikleri, Daýahatyn kerwensaraýy, Idris baba medresesi, Amul, Osty, Ödeý galalary gündogar sebitiň milli medeniýetiň ösen ojaklary bolandygyny görkezýär. Olaryň gurluş, binagärlik aýratynlyklary bolsa hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

Helise

Jeýhunyň boýlary — rowaýatlara baý mekan. Bu jelegaýlara ýoly düşen myhmanlar gören-eşidenlerini ýatdan çykarman, taryp edýärler. Ýakynda Daşoguz welaýatyndan okyjylarymyzyň biri Lebapda helise atly nahary dadandygyny aýdyp, «Çeşmeler» sahypamyzda şu barada söhbet etmegimizi haýyş etdi. Okyjymyzyň haýyşyny göz öňünde tutup, helise bilen baglanyşykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Irki zamanlarda Amyderýanyň çep kenaryndan sag kenara barýan ýolagçylaryň gaýygy heläkçilige uçraýar. Ýüzüp, kenara çykanlary ýerli ýaşaýjylar öýlerine myhman alýarlar we üýşüp, helise (halk arasynda helese diýlip hem atlandyrylýar) tagamyny taýýarlaýarlar. Bu tagamyň ady aslynda «birleşmek, ýardamlaşmak» diýen manyny aňladypdyr. Şondan soň adamlar helise bişirip, doga-dileg etseler, bela-beterleriň sowlup geçjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyrlar. Şonuň üçinem bu däp nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär.

Dün­ýä kar­ta­sy­ny çy­zan alym

Tür­ki dil­le­riň söz baý­ly­gy ha­kyn­da söh­bet edi­len­de, Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň ady il­kin­ji bo­lup ýat­la­nyl­ýar. Alym «Tür­ki dil­le­riň di­wa­ny» ese­ri­ni 1077-nji ýyl­da ýa­zyp gu­tar­ýar. Söz­lük­dä­ki söz­le­riň kä­biri hä­zir­ki wagt­da hem hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan giň­den ula­nyl­ýar. XI asyr­da Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň söz­lü­gin­de ýa­zyp gör­ke­zen köpsan­ly oguz-türk­men na­kyl­la­ry, ata­lar söz­le­ri we goş­gu­la­ry türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň iň ga­dy­my nus­ga­la­ry­dyr. Aly­myň bu ese­ri­niň ýe­ne bir gym­mat­ly ta­ra­py bol­sa, gol­ýaz­ma­nyň 22-23-nji sa­hy­pa­la­ryn­da şekillendirilen dün­ýä kar­ta­sy­dyr. Mah­myt Kaş­gar­ly tür­ki halk­la­ryň ni­re­de ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len bu kar­ta­ny taý­ýar­lap­dyr. Kar­ta­nyň mer­ke­zin­de Ba­la­sa­gun şä­he­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da­ky Gyr­gy­zys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän bu ta­ry­hy şä­her irki dö­wür­ler­de Ga­ra­han­ly türk­men döw­le­ti­niň mer­ke­zi bo­lup­dyr. Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň dün­ýä kar­ta­sy to­ga­lak gör­nü­şin­de çy­zy­lyp­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu alym bi­len dö­wür­deş Abu Reý­han Bi­ru­ny 22 ýa­şyn­da Ýer şa­ry­nyň şe­ki­li­ni ýa­sap­dyr. Şeý­le-de ola­ryň dö­wür­de­şi Omar Haý­ýa­myň:

Men-menlik etseň...

Tymsal Goýun janawar çybyn-çirkeýden goranyp zordan mydar edip duran eken. Şol wagt geçi gudurap, bir ýerde durmaga karar tapmandyr. Ol tümmek kesegiň üstüne çykypdyr-da, gum sowrup başlapdyr.

Çemçeleriň taryhy

Ilkinji çemçeler biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl öň toýun palçykdan ýasalyp, ulanylmaga başlanypdyr. Ata-babalarymyz haýwanlaryň süňklerinden, goçuň we geçiniň şahyndan hem çemçeleri ýasapdyrlar. Soňabaka peýda bolan kümüş çemçeleriň sapy gysga bolupdyr. Gadymy ýazuw çeşmelerine ser salanymyzda, dürli görnüşli çemçeleriň ulanylandygyna şaýat bolýarys. Edebi çeşmelerimizde çemçe sözüniň «kaşyk», «köfçe», «çömçe» görnüşlerine duş gelmek bolýar. «Kaşyk» — «çemçe» sözüniň gadymy görnüşi. Häzirki wagtda hem käbir şiwelerde çemçä «kaşyk» diýilýär. Gadymy türkmen dilinde «kaşyk» sözi «şah» diýmegi aňladypdyr. Alymlar şundan çen tutup, çemçäniň öň haýwan şahyndan ýasalandygyny, şondan hem «kaşyk» sözüniň gelip çykandygyny aýdýarlar.

Kürmek salmak

Kürmek — düwün salmagyň bir görnüşi bolup, berkligi we aňsat çözülýänligi bilen tapawutlanýar. Dilimizde «kürmek salmak», «kürmemek» ýaly görnüşlerde ulanylyp, «düwün salmak», «çigmek» manylaryny berýär. Bu düwün oba ýerlerinde häzir hem mal-garalara ýüp daňylanda işjeň ulanylýar. Kürmek salnanda ýüpüň bir ujuny çep eliňe alyp, elleriňi atanak şekilinde tutmaly. Soňra ýüpüň uzyn tarapyny halka görnüşinde ýüpüň daşyndan aýlap, tutup durlan ýüpüň ujuny halkanyň içinden geçirmeli. Şeýle ýagdaýda emele gelen düwne «kürmek» diýilýär. Bu düwni sarç mallar hernäçe çekse-de çözüp bilmeýär. Emma halkanyň içinden geçirilen ýüpüň ujy çekilende aňsat çözülýär. Halk arasynda şalynyň içinde gögeren gara dänelije ösümligiň dänesine — çignine hem «kürmek» diýilýär. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ekerançylyk, maldarçylyk tejribesi milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Olary içgin öwrenmek we wagyz etmek ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň esasy borjudyr.

Türkmen saçagynyň mukaddesligi

Türkmen halkynyň milli aýratynlyklarynda gyz-gelinleriň el hünärinden dörän önümler uly orun tutýar. Olaryň biri-de düýe ýüňünden dokalan milli saçagymyzdyr. Türkmen milleti saçagyny keramat bilip, ony hemişe mukaddeslik derejesine göteripdir. Saçak maşgalanyň agzybirliginiň nyşany, maşgala haýsy işde, haýsy ýerde bolsa-da, saçagyň başynda agzybir bolup jemlenýär. Türkmen zenanynyň golunyň hünärinden dörän saçak diňe bir gadymy sungat bolman, keramat hasaplanylýar. Ony eliňi ýuwman ellemek, basmak ýa-da ötülip-geçilip duran ýerde goýmak külli günä hasaplanylýar. Gudaçylyga gidilende hem saçagy hormatlanýan, ýaşy uly aýallara açdyrypdyrlar. Olar bolsa «Bismilla» diýip, maňlaýlaryna sylyp açypdyrlar. Saçagy dokanlarynda gelin-gyzlarymyz ilki ýüňi arassalap, tüýdüp, soňra darap, egrip, bükdürip, ýumak edipdirler. Soňra taýýar bolan düýe ýüňüniň ýumagyndan saçak dokapdyrlar. Ýüp näçe inçe, berk, gowy hilli egrilip, bükdürilen bolsa, saçagam şonça berk hem nepis bolupdyr. Dokalan zolak-zolak insizje bölekler inçe düýe ýüň sapagy bilen çatylyp, berkidilipdir. Gerek ululykdaky saçagyň dört burçuny deňänsoňlar, gyrasyna ýörite dokalan ýüp, alaja tutupdyrlar, saçagy degişli bezegler bilen bezäpdirler. Taýýar bolan saçagyň iç ýüzüne içlik tutulyp ulanylýar. Saçak milliligimiziň ajaýyp nusgalarynyň biri bolup, häzirem biziň durmuşymyza berk ornaşdy. Toýlarymyzyň bezegi bolan saçagyň her b

Pir-ussatlar goldaw berer her işde

Keremli türkmen topragynyň taryhyň dürli döwürlerinde ösen medeniýetleriň ojagyna öwrülmegi, bu toprakda ekerançylygyň we maldarçylygyň, senetçiligiň dürli görnüşiniň, ylym-bilimiň, medeniýetiň we sungatyň ösmegi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň näderejede gözeldigini, zehin akabasynyň hem çuňdugyny açyp görkezýär. Halkymyzyň arasynda her bir kesbiň başyny tutup, kämil derejä ýetiren pir-ussatlaryň zehin-başarnygy bilen bagly milli ýol-ýörelgeler, asylly däp-dessurlar asyrlardan-asyrlara aşyp, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Biz olaryň birnäçesi barada söz açmagy makul bildik. Türkmen halkynda dal bedewleriň piri Düldül ata hasaplanylypdyr. Bu pygamberiň ady hem-de Hezreti Alynyň Düldül atynyň ady bilen baglanyşykly. Gadymy ýörelgelere uýan halkymyz dal bedewleri seýislemeklige girişenlerinde, Düldül atadan medet isläpdirler. Şonda işleriniň şowly boljakdygyna ynanypdyrlar. At çapyşyklarda, ýaryşlarda hem Düldül atanyň ady bilen tutan tutumlary şowly bolupdyr.* * *Ähli öý haýwanlarynyň hem piri bolupdyr. Göwender baba geçiniň piri hasaplanylýar. Biziň ülkämizde gadymy döwürlerden bäri maldarçylygyň has ösendigi üçin geçmişde süri-süri mally çopanlar, baýlar bolupdyr. Şunuň bilen bagly halk arasynda «Düýeli baý — dünýäli baý», «Sygyrly baý — saldamly baý», «Goýunly baý — goýy baý», «Geçili baý — kiçi baý» diýen nakyllar hem döräpdir.* * *Zeňňi baba — sygryň piri.

Meşhur tebibiň mirasy

Mary welaýatynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren alymlar hum küýzelerine hem-de mallaryň ýülmenen pilçeleriniň ýüzüne gara syýa bilen ýazylan tapyndylary ýüze çykarypdyrlar. Şol ýazgylar pehlewi harplar bilen ýazylypdyr. Bu dilden ezberlik bilen baş çykaran meşhur tebip Barzueniň VI asyrda Maryda ýaşap geçendigi barada ylmy çeşmelerde maglumatlar saklanyp galypdyr. Ol adalatly hökümdar Anuşirwanyň köşk tebibi bolup işläpdir. Barzue barada köp ertekiler we rowaýatlar dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Ýanama bagşynyň ýardamçysy

Türkmen nusgawy edebiýatynyň eserlerinde, şadessanlarda, sazşynaslaryň, folklorçylaryň ylmy işlerinde we köpsanly syýahatçylaryň ýol ýazgylarynda ata-babalarymyzyň ulanan saz gurallary barada gymmatly maglumatlar bar. Bu saz gurallary uzak taryhy döwrüň içinde dürli görnüşlere we atlara eýe bolupdyrlar. Olardan gyjak saz guraly biziň durmuşymyza has berk ornaşypdyr. Türkmenlerde 3 kirişli gyjak, takmynan XVIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykypdyr. Tut agajyndan ýasalan gyjagyň sesi owadan we owazly bolýar. Gyjagyň kädisiniň ýüzüne keýigiň ýa-da balygyň hamyny çekipdirler.

Medeni mirasyň hazynasy

Düýedarçylyk türkmen halkynyň däbe öwrülen medeni miras hasaplanýan maldarçylyk pudagynyň möhüm ugrudyr. Türkmeniň düýe malyna bolan yhlasy, söýgüsi çäksizdir. Halkymyz düýe malyna bolan yhlasyny, söýgüsini el senediniň, halk döredijiliginiň dürli görnüşleriniň üsti bilen hem beýan edýär. Türkmen zenany edil öý-ojagyny bezeýşi ýaly, düýe malyny dürli esbaplar bilen bezemegi başarypdyr. Munuň şeýledigini biziň günlerimize gelip ýeten sungata öwrülen düýe esbaplary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şeýle täsin el senetleriniň biri-de düýehalykdyr. Düýehalyk ýörite taýýarlanan keçeden we şuňa meňzeş zatlardan ýasalyp, düýäniň arkasyna atylýar. Ol dürli şekiller bilen bezelipdir. Olarda türkmen sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi dürli reňkler bilen şekillendirilýär. Iň esasy şekil hem düýehalygyň orta gyrasyna nagyş hökmünde salnan üsti kejebeli düýe kerweniniň keşbidir. Onda halkyň toý baradaky arzuwlary beýan edilipdir.

Alabaý — milli buýsanjymyz

Hormatly Prezidentimiz: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip bellemek bilen, pederlerimizden gelýän gadymy itşynaslyk däplerine uly hormat-sarpa goýýar hem-de türkmen alabaýlarynyň tohumyny has-da kämilleşdirmek babatda ajaýyp işleri durmuşa geçirýär. Täze taryhy döwrümizde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň sebitlerinde türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi we olary saklap köpeltmek üçin binalar toplumlarynyň gurluşygyna ähmiýetiň berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan sanlyja ýyl ozal, ýagny 2019-njy ýylda welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy şeýle maksatly desgalaryň ilkinjisidir. Bu toplumda türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi we olary saklap ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek üçin giň şertleriň üpjün edilmegi ulus-ilimizi örän guwandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 19-njy fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada gürrüňe ünsüň çekilmegi hem-de «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» di

Gadymy taryhyň şaýatnamalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halkyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek we gorap saklamak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Çünki biziň gadymy ýadygärliklerimiz halkymyzyň taryhy köklerini açyp görkezýän ajaýyp gymmatlyklar hasaplanylýar. Olar milletimiziň köpasyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmekde, asyrlaryň jümmüşinde galan, wagtyň aýdyp bilmeýän syrly sahypalaryndaky ýazgylary okamakda bahasyna ýetip bolmajak miraslarymyzdyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän Marguş, Köneürgenç, Altyndepe, Nusaý, Amul, Zemm, Dehistan ýaly gadymy ýadygärliklerimiz geçmiş bilen şu günümizi utgaşdyryp, ruhy bitewüligi emele getirýär. Olar halkymyzyň şanly taryhy bilen geljekki nesilleri tanyşdyrmak arkaly diňe bir şu günümiz üçin däl, eýsem, ertirlerimiz üçin hem gönezlik bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän üç sany medeni-taryhy ýadygärlik — Gadymy Merw, Köneürgenç we Köne Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna girizilmegi dünýä alymlarynyň we jahankeşdeleriniň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Häzirki döwürde dünýä taryhynda Mary welaýatynda ýerleşýän bürünç asyryna degişli Marguş döwletiniň paýtagty Goňurdepe uly orna eýedir. Alymlaryň pikiriçe, Marguş kökleri taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan gadymy Gündogar