"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Milliligim — köňül kelamym

Türkmen halk döredijiliginde: lälelerde, monjugatdylarda, öleňlerde, hüwdülerde, ertekilerde, rowaýatlarda gyzlar hakynda söz açylsa, olaryň elinden dür dökülýän maşgaladygy nygtalyp geçilýär. Şolarda nagyşlaryň döreýiş taryhynyň beýan edilýän halatlaryna-da, elbetde, gabat gelensiňiz. Biz bolsa şu ýazgymyzy iňňäniň döreýşi baradaky söhbet bilen başlamagy makul bildik. Dilden-dile geçip gelýän, halk arasynda aýdylýan rowaýata görä, Dawudyň şägirdiniň ýasan iňňesi sünnäläp keşde çekerden juda gödek bolupdyr. Şol iňňe işeňňir hem gözel gyzyň eline düşüpdir. Ol görkana gyzyň saçlaryna sülük ýaly barmaklaryna, gözelligine maýyl bolup, onuň gyzgyn gysymynda süýügip inçelýär-de, barmaklarynyň hereketine tabyn bolýar duruberýär.

It wepasy waspa mynasyp

Türkmen topragynyň gymmatlyklarynyň arasynda üşükliligi, syzgyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen dünýä meşhur bolan alabaý itlerimiz bar. Olaryň goraýan öýüne, eýesine wepalydygy hakda köpsanly eserler döredildi, goşgular düzüldi. Biz bu hakykata gündelik durmuşymyzda hem häli-şindi gabat gelýäris. ...Bir maşgala ýaşaýan obasyndan başga ýere göçmekçi bolýar. Öýüň goşlary, ownukdyr iri mallaryň ählisi ulaglara ýüklenilýär. Indi gapyny gulplap, goňşular bilen hoşlaşyp, ýola düşübermelidi. Şu ýerde garaşylmadyk mesele ýüze çykýar duruberýär. Öý eýelerine köp ýyllap hemra bolan, olara wepadarlyk bilen hyzmat eden alabaýy ulaga münmäge kes-kelläm garşy bolýar. Olaryň alabaýlaryny täze ýurda alyp gitmek üçin eden synanyşyklary başa barmaýar. Şeýdip, alabaý göçülen öýüň öňünde ýalňyz galyberýär.

Naly kümüşden...

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewlerimiziň taryhy öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ahalteke bedewleriniň ajaýyp tohumlaryny ösdürip ýetişdiripdirler. Olaryň ýetişdiren atlaryna owadanlykda, uzak ýörişlerde çydamlylykda dünýäniň hiç bir tohum atlary taý gelip bilmändir. Dünýäniň ähli çapylýan atlarynyň meşhur bolmagynda ahalteke bedewleriniň orny uludyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz özüniň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar» diýip belleýär. Gadymy golýazmalarda, nusgawy edebiýatda türkmen bedewleriniň şöhraty beýan edilýär. Halk arasynda şeýle bir rowaýat bar. Bir gezek at bilen elguşy ýaryşdyrypdyrlar. Guş bilen deň gaýdan ajaýyp bedew elguşdan ozup, öň gelipdir. Rowaýatdan görnüşi ýaly, ahalteke bedewlerimize ýyndamlykda, çalasynlykda, çydamlylykda taý geljek jandar ýokdur. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk türkmen atlarynyň waspy halk döredijiliginde-de, «Görogly» şadessanynda, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde-de öz beýanyny tapýar.

Ussatlaryň ussady

Kemaleddin Begzada hakynda söhbet Türkmen soltanlarynyň gönüden-göni howandarlyk etmeginde sungat ussatlary suratkeşligiň kämillik mekdepleriniň birnäçesini döretmegi başarypdyrlar. Şolaryň iň kämili türkmen suratkeşleriniň Töwriz mekdebi hasaplanylýar. Sungaty öwreniji alymlaryň pikirine görä, Töwriz mekdebi öz gözbaşyny XIII-XIV asyrlardan alyp gaýdýar. Bu mekdepde garagoýunly we akgoýunly türkmenleriň döwründe hem kämil sungat eserleri döredilipdir. Bu mekdebiň döredijiligine Hyrat mekdebiniň belli bir derejede täsir edenligini görmek bolýar.

Käriz

Durmuş tejribesi ýetik ata-babalarymyz tebigatymyzyň ýerasty hem-de ýerüsti baýlyklaryna aýawly çemeleşipdirler. Öz durmuş hajatlary üçin zerur bolan tebigy baýlyklary tebigy görnüşde hereket edişi ýaly ulanmaklygyň hötdesinden gelipdirler. Dag göwsündäki ýerasty suwlary azaply hem bolsa ýerüstüne çykaryp durmuş hajatlary üçin peýdalanypdyrlar. Ata-babalarymyzyň öz döwri, geljek nesil üçinem gazan kärizleri häzirki wagtda-da il-günümize öz bol suwuny eçilip dur.

Göwün saraýy

Adamy adamdan tapawutlandyrmak üçin, göräýmäge, onuň adyny tutmak ýeterlik ýaly. Şunda sen isle-isleme, derrew adyny agzaýanyň daş keşbi göz öňüňde surat bolýar: bugdaýreňk, akýagyz, uzynak, keltepaýça, hortap, kakçekge... Bu diňe daşky ýasawy. Meniň menligim, seniň senligiň, onuň ollugyny seljerdýän zat weli başgarak. Ol — adam oglunyň içki dünýäsi. Gadymkylar ony aýlaw-aýlaw, öwrüm-öwrüm söz baryny sepläp oturman, ýönekeýden owadan bolar ýaly, iki sany söz bilen «Göwün saraýy» diýip atlandyrypdyrlar. Dogry, «Göz — ýüregiň aýnasy» diýlişi ýaly, kişiniň içki dünýäsini gözünden okap bolýanlygy hakda aýdylýanlar azda-kände ugrunda bar bolsa bardyr, ýöne oňa möhürläp tassyklanan hakykat hökmünde ynanyp bolmajagy düşnükli. Çünki adamyň kimdigini anyklamak, «Keçe-keçe» oýnunda oýunçyny barlap, oýundan çykaran ýaly däl-de, has çylşyrymlyrak. Göwün saraýy diýilýän çylşyrymly dünýä düşünäýmek iňňän çetin, çünki jemgyýetde umumy ykrar ýa inkär edilýän zatlardan daşgyn, ömür menzillerinde pisindiň oturyp-oturmazlyk bilen bagly her kesiň göwnüne jaý ýa-da bijaý zatlar bolýar. Göwün saraýyna sygýan zat bar, sygmaýany-da. Ol durmuş tejribesi, aň-paýhas, dünýägaraýyş bilenem bagly. «Akyl-akyldan sowaşyk» diýilýäni-de, meger, şu bolsa gerek. Diýmek, könekileriň aýdyşy ýaly, adam oglunyň göwün saraýyndakylar onuň häsiýetiniň mizany. Sözüň göwün saraýy hakdaky hörpi başlangyç awtorlaryň birinde

Bäherden etrabyndan gowşan habarlar

Nepis türkmen halysy Bäherdeniň çeper halyçylyk kärhanasynda buýurma esasynda täze ajaýyp halyny dokamaga girişildi. Halkymyzyň örän çylşyrymly we inçe senedi bolan halyçylygyň syrlaryny birkemsiz ele alan çeper elli halyçy gyz-gelinler tarapyndan dokalýan 276 inedördül metrlik bu nepis halynyň ini 12 metre, boýy 23 metre barabar bolar. Milli gölli nepis halyny dokamaga halyçylaryň 40-sy gatnaşýar.

Adalgalar – dil biliminiň baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, dil bilimi, şol sanda türkmen diliniň adalgaşynaslygy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda täze ösüşe gadam goýdy. Taryhy jähetden şu döwrüň içinde türkmen adalgaşynaslygy milli dilimiziň sözlük düzüminde hil we san taýdan bolup geçen özgerişlikleri şöhlelendirip gelýär. Ylmy-tehnikanyň ösmegi netijesinde dilimiz täze sözler bilen baýlaşýar. Bu bolsa ylmy-tehniki adalgaşynaslygyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Alynma sözleri, halkara adalgalary mümkingadar millileşdirmek meselelerini ýüze çykarýar. Bu meselede, öňi bilen, dilimiziň öz içki serişdelerinden, ýagny gadymy ýazuw ýadygärliklerimizden, türkmen diliniň şiwelerinde we gepleşiklerinde ulanylan sözlerden, şeýle hem garyndaş türki dillerdäki kybapdaş adalgalardan peýdalanmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Söz äleminiň bilbili

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşdy» diýip belleýär. Şeýle şahsyýetleriň hatarynda «Bilbil» lakamy bilen indi üç asyrdan gowrak wagt bäri şygryýetiň sonarly sährasynda saýrap gelýän Nurmuhammet Andalyby hormat bilen ýatlamak bolar. Nurmuhammet Andalyp gadymy türkmen topragynda, ýagny häzirki Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Garamazy obasynda dünýä inipdir. Şahyr muny:

Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň öňünde täze wezipeleri goýdy. Institutyň alymlary bilen «tegelek stoluň» başynda guralan söhbetdeşligi gazetimiziň okyjylaryna ýetirýäris.

Milli oýunlar — durmuş mekdebi

Ata-babalarymyz taryhda sagdyn nesilleri kemala getirmekde, olaryň ilhalar, paýhasly, edep-terbiýeli we watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edipdirler. Pederlerimiziň akyl-paýhasyndan kemal tapyp, asyrlardan-asyrlara, nesillerden--nesillere geçip gelen milli oýunlarymyza nazar salsaň hem, muny aýdyň duýmak bolýar. Bu oýunlaryň aňyrsynda nesil terbiýesi bilen birlikde, sagdyn, berk bedenli, gaýduwsyz, hüşgär bolmak ýaly häsiýetler jemlenendir. Olardan aşyk, çeke (ýüzük oýny), gizlenpeçek, aksüňk, bäşdaş, düzzüm, ýaglyga towusmak, sadranç (küşt), göreş ýaly terbiýeçilik we paýhas oýunlaryny mysal getirmek bolar. Bu oýunlarda ýaş aýratynlyklary göz öňüne tutulýar. Oglanjyklaryň bedeniniň çeýe, çakgan, süňkleriniň sagdyn, ugurtapyjy hem mergen bolmagy üçin aşyk, gyzjagazlaryň çalasynlygy üçin bolsa bäşdaş oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýetginjek oglanlara bolsa ýaý atmak, göreş tutmak, ýaglyga towusmak ýaly oýunlar mahsus bolupdyr. Şunuň bilen birlikde hem, orta we uly ýaşly adamlar düzzüm, küşt, çeke ýaly paýhas oýunlaryny oýnapdyrlar.  Gahryman Arkadagymyz milli mirasymyzy içgin öwrenmek we geljekki nesillere asyl nusgasynda ýetirmek üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli oýunlary oýnamak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşginler bilen dowam etdirilýär. Olar ajaýyp zamanamyz

Sagdyn ýaşaýşyň waspy

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ynsan saglygy barada uly aladalar edilýär. Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda hem Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şagalaňa, dürli sport ýaryşlarydyr dabaralara beslenip bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Saglyk ― ömrümiziň bezegi» atly wagtlaýyn sergi giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde guralan serginiň esasy maksady Bütindünýä saglyk gününi mynasyp derejede dabaralandyrmakdan ybarat bolup, onuň açylyş dabarasyna Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, türgenler, muzeý hem-de kitaphana işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we şäheriň ýaşaýjylarynyň uly topary gatnaşdy.

Daşlardan dünýä döredip

Medeniýet ojaklaryna baran-goýan ýerlerimizde, halypa sungat işgärleri bilen hem söhbet eden gezeklerimizde welaýatymyzyň iň ussat zergärleriniň işleri bilen gyzyklandyk. Şonda: ― Ugruny tapyp gürledibilseňiz-ä, Babajan size zergärçilig iň syrly we owadan dünýäsi hakynda bilýänlerini giňişleýin gürrüň berer. Ol öz aýtmaly sözleriniň ählisini ýasaýan şaý-seplerine geçiripdir. Az sözli, ýygra, kän bir edýän işini mazamlap ýörmeýän ýigidiň elinden dür dökülýär ― diýenler örän köp boldy.

Haly önümleriniň görnüşleri

Uly haly dürli nagyşlar çitilip dokalýar. Muny köplenç topar, ýagny, 4-6 halyçy bolup dokaýarlar. Halydaky nagyşlaryň sany uly ýa-da kiçiligine we halyçylaryň ussatlygyna hem-de isleglerine, çig mala bagly bolýar. Uly hala esasan, 12-16 sany, käwagt ondan hem köpräk göl salynýar. Göl halynyň esasy orta nagşy bolup, onuň töweregi her dürli ownuk ara, gyra, älem nagyşlaryndan doldurylýar. Halyda agdyklyk edýän reňk dürli öwüşginli gyzyldyr. Düýphaly (muňa törhaly hem diýilýär) — orta ululykda (1,5 metrden 2,5 metre çenli uzynlykda) bolup, dürli nagyşlar çitilip dokalýan haly. Öýüň törüne, myhman üçin hormatly hasaplanylýan ýere ýazylýandygy üçin oňa «düýphaly» ady berlipdir. Bu 1 ýa-da 2 halyçy tarapyndan dokalýar. Orta nagşynda halyçynyň ussatlygyna we islegine, esasan, uzynlygyna 10-12, inine 2-3 ýa-da 4 göl salynýar.

Halkymyzyň goşa buýsanjy

Türkmen topragynda kemala getirilen, umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen türkmen alabaýlarydyr behişdi bedewler halkymyzyň milli buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler». Şoňa görä-de, bu gün milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatynda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we başlangyjy esasynda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi we bu senäniň her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçiriljekdigi ulus-ilimizi begendirýär hem-de alabaý itlerimize we ýyndam bedewlerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy günlerinde goşa belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy, Türkmen bedewiniň milli baýramy ildeşlerimiz üçin ajaýyp toýa öwrüler. Berkarar Watanymyzda bu ajaýyp toýa görülýän taýýarlyk işleri munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Muzeýe syýahat

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda welaýat merkezinde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan syýahata kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hem-de ýaşlar gatnaşdy. Syýahatyň başynda muzeýiň hünärmenleri sergi bölümleriniň aýratynlygy barada gürrüň berdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, muzeý arheologiýa, oba hojalyk we ekerançylyk, etnografiýa hem-de Berkararlyk ýaly sergi bölümlerinden ybarat bolup, olar taryhy gymmatlyklaryň üç müňden gowragyny özünde jemleýär. Ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetini beýan edýän gymmatlyklar muzeýde aýratyn orun eýeleýär.

Garadäli gökleňiň tudy

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde belli-belli şahsyýetleriň ady bilen bagly agaçlara duşmak bolýar. Olara Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdiniň atyny daňan tuduny, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabyndaky ýaşy asyrdan geçen, nahaly Sankt-Peterburgdan getirilen Sabyr darbazçynyň dubuny, Arçabildäki Ýedidogan çynaryny we başga-da köp sanly agaçlary mysal getirmek mümkin. Geçen asyryň segseninji ýyllarynda welaýatymyzyň häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy şäheriniň etegindäki Gurbandurdy Zeliliniň ady bilen baglanyşdyrylýan Gökleň medrese ýadygärligini görmäge bardym. Şol mahal Gökleň medresesiniň çig kerpiçden örülen depesi, gümmezli ders otaglary, hüjreleri abat durdy. Şonda bu ýerde bize duşan ýaşuly salam-helikden soňra:

Ýaz öwüşginli halylarymyz

Nepisligi, owadanlygy bilen görenleri özüne maýyl edýän haly we haly önümleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan hala salynýan nagyşlary ene-mamalarymyz nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Gelin-gyzlarymyz sähramyzyň gözelligini, tebigatymyzyň owadanlygyny haly nagyşlaryna siňdiripdirler. Her bir çitimini yhlasly zähmet bilen çitip, çeperligiň, sungatyň ajaýyp nusgasyny dünýä getiripdirler. Şeýdibem, halyçylyk sungatyny kämillik derejesine ýetiripdirler. Halylaryň gözelliginiň özünde jemlenmeginde tebigy boýaglara möhüm orun degişlidir. Ýeri gelende bellesek, tebigy boýagdan dokalan haly we haly önümleri hiç wagt öz reňkini ýitirmeýär. Olar ýyllar geçse-de, edil täze ýaly lowurdap, öwşün atýar. Şonuň üçin türkmen halylary dünýäde gadymy hem müdimi sungat hökmünde tanalýar.

Kämilligiň gözbaşy

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan halk döredijiligimiz, terbiýeçilik tejribämiz wagtyň geçmegi bilen halkyň durmuş ýagdaýyna we ruhy baýlygyna baglylykda üýtgäp, barha baýlaşyp, kämilleşip çuňňur mana eýe bolupdyr. Şeýlelikde, halkymyz geljegimiz bolan ýaşlara yhlasly işlemegi, halal ýaşamagy, halkyň milliligine, ruhy-medeni baýlyklaryna hormat goýmagy ündäpdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durnukly ösüşini üpjün etmekde, umumadamzat ähmiýetli ýol-ýörelgeleri kemala getirmekde, ony halkymyzyň aňyna ornaşdyrmakda edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň uly ähmiýeti bardyr. Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi, terbiýeçilik tejribesi onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllarydyr atalar sözünde jemlenendir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň gepine-sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň akylyna, terbiýe derejesine baha beripdirler. Halk döredijilik eserleri ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda many-mazmun, çeperçilik taýdan ösdürilip, kämilleşdirilip, halkyň ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklaryna siňdirilipdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli medeniýetimiziň galkynýan zamanasynda halk döredijiligimiziň uly hem gymmatly bölegi bolan nakyllardyr atalar sözüni aýratyn öwrenmek we wagyz etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmes

Yrymly yrylmaz

Halk hazynasynyň gadymy görnüşleriniň biri-de yrymlardyr. Yrymlar adamlaryň dünýägaraýşy bilen baglanyşykly döräpdir. Olaryň mazmunynda edebe, arassaçylyga, hüşgärlige, tebigata aýawly garamaga, ýagşy umyt-arzuwlara ündew bar. 1968-nji ýyl bolaýsa gerek, biz şol döwürde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde gaýybana okaýardyk. Bize halk döredijiliginden akademik Baýmuhammet Garryýew sapak berýärdi. Gürrüň yrymlara ýazanda, hormatly mugallymyň aýdan bir sözi ýadyma düşýär. Ol: «Bir hikmeti bolmasa, pederler «Yrymly yrylmaz» diýmezdiler. Atalarymyzyň şol ýoluny ýitirmejek boluň, zyýana galmarsyňyz, oglanlar!» diýip tekrarlapdy.