"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Beýik maksat — bagtyýar geljek

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly üstünliklere beslenen ýyl bolar Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ösüşli, özgerişli gadamlara beslän halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar, belent maksatlar bilen täze ýyly garşy aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp özgerişleriň, ösüşleriň, şanly wakalaryň, gowulyklaryňdyr öňe ilerlemeleriň köp sanlysyny ýurdumyza peşgeş beren 2020-nji ýyl taryha girdi. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli hem-de maksadaokgunly başlangyçlarynyň netijesinde köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan uly işleriň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da arşa göterdi.

Dostlukly gatnaşyklaryň merkezi

Il agzybirliginde, ýurt abadançylygynda täze, 2021-nji ýyla gadam basdyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl ählumumy abadançylygyň, hoşniýetli dostlugyň alamaty bolup geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ol baky bitaraplyk ýörelgelerini äleme ýaýan we oňa ygrarlylygy bilen halkara jemgyýetçiliginiň hormat-sarpasyna mynasyp bolan ylalaşdyryjy ýurtdur. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilen ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu abraýly guramanyň şol mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan ägirt uly işleriniň özboluşly ykrarnamasy bolsa, hormatly Prezidentimiziň öňe süren ajaýyp başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçyl

Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz

(Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi kalbymyzy egsilmez buýsanja besledi) Dünýäni çagyryp durar jebislige, birlige,Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz.Bagtyň ajap nurun çaýar ol buýsançly serlere,Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz.

Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenildi.

Parahatçylygyň ýoly bilen ynamly ädimler

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýörite iş maslahatyny geçirdi. Elbetde, bu taryhy pursadyň özi tutuşlygyna üstünliklere beslenip tamamlanan ýylyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadag Prezidentimiz bu gezekki geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna degişli buýsançly tabşyrygynda «Wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmeli. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, Demokratik partiýanyň jemgyýetdäki ornuny berkitmeli, täsirini artdyrmaly bu ugurda syýasy-jemgyýetçilik ulgamlar bilen arkalaşykly işlemeli» diýip belledi. Şeýle hem eziz  Arkadagymyz 2021-nji ýylda dabarasy uludan tutuljak Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy hakynda aýratyn bellemek bilen, «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geljek ýyl bellenjek şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmeli. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmeli» diýip nygtady. Ine, şeýle buýsançly hem-de sogaply tabşyryklary durmuşa geçirmek bilen bagly işleriň gözbaşynda durýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli işjeňleri

Ýaş nesiller üçin gymmatly gollanma

Hormatly Prezidentimiziň baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby şatlygymyzy goşalandyrdy. Durmuş hakykatyny çeper sözüň üsti bilen beýan etmegiň ussady bolan milli Liderimiziň täze eserinde bu hakykat ýene bir ýola öz aýdyň beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, çärýek asyryň dowamynda Bitaraplyk biziň dillerimiziň senasyna, döwletimiziň parahatçylyk tuguna öwrüldi.

Ösüşleriň täze döwri

Ata Watanymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda içeri we daşary syýasatda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary sepgitlere ýetildi. Uly üstünliklere beslenen geçen ýyl türkmen halkynyň aňyna ebedilik ýazyljak taryhy we şöhratly wakalara baý boldy. Muny iki gezek BMG-niň ykraryna mynasyp bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy uludan tutulan ýylymyzda ýurdumyzda durmuş maksatly amala aşyrylan beýik işler we halkara gatnaşyklarda ýetilen belent sepgitler subut edýär. Ösüşleriň täze döwri hökmünde taryhyň sahypalaryndan orun alan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda gazanylan üstünlikleriň ählisi, ýurt başyna geçen ilkinji gününden bäri «Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň miwesidir. Ynsanperwer milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi. Bu babatda şeýle uly işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da artýandygynyň hem-de halkymyzyň durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

Gülleýän, gül açýan eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar

Watan hakda söhbet açylanda kalbyň joşýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Diýarymyz Merkezi Aziýanyň ýüregi bolmak bilen, öz sebitinde ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm orun eýeleýär. Garaşsyzlyk iň eziz zat. Ol baky bagtymyz. Garaşsyzlyk gazananymyzdan soň, türkmen ýaýlasyna baky bahar geldi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz dünýä bileleşiginiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryna işjeň goldaw berýär. Halkara parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň orny has-da pugtalanýar.

Bagt — parahatçylyk bilen ynamdan başlanýar

«Ynam» diýilse, meniň ýadyma kiçijik çaga wagtlarymyz üýşülip bir ýere gidilende, gapyny gulplap däl-de, onuň zülpüne ulurak çöp ýa-da agaç çemçe dakylyp gidilýäni ýadyma düşýär. Şol görnüş, meniň aňyma juda ýaranlygy üçin men ony henize bu güne çenli ýadymdan çykaryp bilemok. Çünki şol hereket goňşy-golamlara dag ýaly ynam bildirilýändigini aňladýar. Şeýle pugta ynamyň netijesinde bolsa, birek-birege hormat bilen söýgüden kemal tapan halk bagtyýar bolýar, ýurt durnukly parahatçylygy saklaýar, iň esasy hem, jemgyýet kämilleşýär. Hormatly Arkadagymyzyň gadam basan täze ýylymyzy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek baradaky teklibini eşidenimden hem, bada-bat meniň göz öňüme şol görnüş geldi. Elbetde, meniň ýokarda getiren mysalym, bir şäheriň, bir ýurduň, has dogrusy, öz bagtyýar Watanymyzyň adaty durmuşyndan getirilen mysal. Gahryman Arkadagymyzyň halklaryň ynanyşmagy baradaky arzuwy bolsa, tutuş dünýäniň parahatçylyk diýlen bagta eýe bolmagy ugrundaky edilýän ägirt uly tagalla. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem, uly dünýäniň iň arzyly we iň ullakan «parahatçylyk» atly bagtyny diňe ynam bilen gazanyp bolýandygynyň umman deý çuň beýanydyr.

Röwşen geljegiň altyn şuglasy

2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şanly wakalar bilen tamamlanyp barýan pursatlarynda halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan teklipdir islegleri nazara almak bilen, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş halkymyz bilen birlikde biz — harby gullukçylaryň hem göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Görşümiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny has-da dabaralandyrjak bu ýyl ata Watanymyza çäksiz söýgi bilen biziň ählimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna alyp barýar. Elbetde, nesip bolsa, bu ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly iri wakalar we çäreler möhüm häsiýete eýe bolup, ata Watanymyzyň abraýy mähriban Arkadagymyzyň ady bilen has

Waspnama

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna Gözbaş alan pederleriň pendinden,Ýanbermezek hyjuwyndan, erkinden.Asyrlaň aýdymyn baýdak edinen,Tug edinen Arkadagyň pähimin,Geçmişi geljege atarjak menzil.Halky deý joşgunly möwç urýan deňziňGoýnundan gündogar sary uzaýan,Her ädimne kalplaň tary uzaýanÇäginde jem eýlän bagtyň badyny,Äleme ýaň eýläp Watan adyny.Illeri illere dogan eýlejek,Dost etjek halklary birek-birege,Mätäji goldajak dag deý direnip.Ynamy, umydy ganat edinen,Arzuwyn ak ýolda ak at edinen,Abadan durmuşy dünýä ýaň edip, Diňe gowluk bilen özün tanadyp,Aýdyň ýolun Hakdan ha:lat edinen.Ynsanlaň alkyşyn, illeň şükürin,Çagajyklaň bagta siňen şekilin,Göge sary rowan bolan umytlaň,Göge sary dowam bolan maksatlaňÖz myradyna gowuşjak ýyly — Parahatlyk ýyly, ynanyşmak ýyly.

Täzelikler

Golaýda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu ajaýyp kitap milli Liderimiziň beýleki gymmatly eserleri ýaly uly ähmiýete eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiz öz kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleri barada parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, il-günüň abadançylygyny üpjün etmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetine uly üns berýär. * * *Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli dabara geçirildi.

Dünýä dursun Parahat!

Ykbaly göterilen halkymyza Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik sepgide, ösüşe, rowaçlyga we halkara derejesindäki mynasyp mertebä eýe bolmak bagty miýesser etdi. Gojaman taryh üçin örän gysga döwürde döwletimiz durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiň täze belentliklerine tarap iňňän okgunly we netijeli ýoly geçmegi, halkara bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde öz mynasyp ornuny eýelemegi başardy. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine esaslanýan parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, abraý-mertebesi has-da beýgeldi. Türkmenistanyň halkara guramalarynyň derejesinde yzygiderli gazanýan oňyn netijeleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň halkara syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapmagy dünýä döwletleriniň biziň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleginiň has-da artmagyna getirdi. Häzirki wagtda ata Watanymyz bilen diplomatik hem-de hyzmatdaşlygyň giň we köptaraply ugurlary boýunça gatnaşyklary ýola goýýan döwletleriň sany yzygiderli artýar. Eziz Watanymyzyň bu günki ýeten belent sepgitlerine buýsanjyň püre-pürlenip, Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpaň barha joşýar.

Kuwwatly desgada işler ileri

Elektrik energiýasy ykdysady ösüşlerimiziň we ýaşaýyş-durmuş derejämiziň günsaýyn ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýan baýlyklarymyzyň biridir. Bu energiýa serişdesiniň ýeterli bolmagy üçin welaýatymyzda hem giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda welaýatymyzyň obalarydyr şäherleriniň ilaty, täze işe girizilen we öňden bar bolan önümçilik desgalary, dürli kärhanalar elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilýär. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap desgalaryň biri-de Döwletli etrabynyň çägindäki ýyllyk kuwwaty 254 megawat bolan «Watan» döwlet gazturbinaly elektrik stansiýasydyr. Desga hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda işe girizildi. Energetikler her ýylda 1 — 1,5 milliard kilowat töweregi elektrik energiýasyny öndürmegiň hötdesinden gelýärler. Elektrik energiýasyndan netijeli peýdalanmakda, energiýa akymynyň durnuklylygyny we sarp edijileri onuň zerur bolan möçberdäkisi bilen üpjün etmekde bu desganyň mümkinçilikleri çäksizdir. Elektrik desgasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede guruldy. Ol birbitewi elektrik ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Bu halkalaýyn ulgam ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginde hem, energiýanyň eksporta iberiliş möçberlerini kanagatlandyrmakda hem örän bähbitlidir. Bu ýerde ýaşlarymyzyň hem uly topary zähmet çekýär.

Wezipeler kesgitlenildi

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän Täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Belent maksatlar — halkymyzyň buýsanjy

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabara Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikiriň hem öz beýanyny tapýandygy bellenildi. Çykyş edenler 2021-nji ýylyň halkyň erk-isleginiň nyşanyna öwrülen şygarynyň Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini açyp görkezmäge, iri möçberli ykdysady özgertmelere hem-de durmuş taýdan öňegidişliklere itergi bermäge, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendigini nygtadylar.

Adam balasy — iliň lälesi

Çaga — durmuşyň güli. Halkymyz maşgalada köp çagalylygy ileri tutýar. Gadymy döwürden bäri ene-mamalarymyz şaý-sepleri çagalara owadanlyk we daşky täsirlerden goramak üçin dakypdyrlar. Çaganyň tahýasyna gözden-dilden gorasyn diýip, guş-gumrularyň käbiriniň, aýratyn-da hüwiniň ýeleklerini berkidipdirler. Tumar köplenç üçburçluk edilip, köýnegiň ýakasynyň sag tarapyna çatylypdyr. Kähalatlarda tumarlar arçadan ýa-da nar agajyndan hem ýasalypdyr. Amyderýanyň orta akymynda ýerleşýän obalarda tumarlar borjak we ýemşen atly gyrymsy agaçlardan taýýarlanylypdyr.

Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatynyň dabaralanmagy

Hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamyndaky başlangyçlary dünýä dolýar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynda çykyş edip: «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary energetika howpsuzlygy, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ekologiýa, azyk üpjünçiligi, suw serişdelerine elýeterlilik, bosgunlaryň hukuklaryny goramak we ählumumy ösüşiň beýleki möhüm ugurlarynda aýratyn ähmiýetlidir hem-de uly abraýa eýedir» diýip belledi.

Bitaraplyk nurundan ylham alýar, Aşgabat

Mähriban halkymyz Täze, 2021-nji ýyly uly zähmet sowgatlary bilen garşylady. Ata Watanymyz üçin belent üstünliklere, netijeli özgerişlere beslenjek bu ýylyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň teklibi bilen «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Bu taryhy waka Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan, parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen 2020-nji ýyl eziz Diýarymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Geçen ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, ak şäherimiz Aşgabatda möhüm ähmiýetli desgalardyr ýaşaýyş toplumlarynyň açylyş dabaralary boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy giň gerim bilen ýokary derejede toýlanar. Bu şanly sene mynasybetli gözel paýtagtymyzyň kämil keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrüljek nurana öwüşginli binalaryň ýene-de ençemesi gurlup ulanylmaga berler. Eziz Watanymyzda amala aşyryl

Dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Geçen ýylyň 18-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. 2020-nji ýylyň dowamynda bilelikde amala aşyrylan işleriň netijeleri, GDA-nyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we özara gatnaşyklary kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesini kabul etmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz ýokary derejeli mejlisde çykyş edip, Arkalaşygyň çägindäki gatnaşyklary däp bolan we döwrüň öňe çykaran täze ugurlary esasynda ösdürmäge degişli ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.