"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Bötendagyň täsinlikleri

Ekologiýa abadançylygy daşky gurşaw hakdaky aladalaryň miwesidir. Bagy-bossanlyk Zeminiň görki-gözelligidir. Bötendagda ynsan aň-paýhasy, zähmeti bilen dörän bagy-bossanlyk emeli hem tebigy barlygyň sazlaşmasydyr. Gadymy mekanda täze ýaşaýyş

Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Ekologik ýagdaýy has-da gowulandyrmagyň baş şertleriniň biri-de, ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekdir. Şunuň bilen bagly milli ýörelgelerimizi, däplerimizi bilmek ýaş nesliň mukaddes borjy. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz ösümlik hem haýwanat dünýäsini gorap saklamaga çalşypdyrlar. Gözel tebigatyň adamzada eçilen baýlyklary bolan suwdan, howadan, ýerasty we ýerüsti gymmatlyklardan ýerlikli peýdalanmak, olaryň ähmiýeti dogrusynda ýaş nesillere ündäpdirler. Ýaş nesiller hem ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramakda, onuň baýlyklaryna eýeçilik gözi bilen garamakda goşantlaryny goşýarlar. Şu gün bolsa ýurdumyzda ajaýyp tebigatymyzyň gözelliklerine gözellik goşjak bag nahallaryny oturtmak dabarasy geçirilýär. Munuň özi tebigatymyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, dem alýan howamyzyň has-da arassalanmagyna getirer.

Tebigata söýgi — durmuşa söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, öz hünärine ökde adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edýär. Ýurdumyzda multimediýa tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribelerini ulanmaga, sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Orta mekdeplerde çagalara öwredilýän beýleki dersler bilen bir hatarda, biologiýa dersini hem häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede okatmak üçin ähli şert-mümkinçilikler bar. Daşymyzy gurşap alan tebigaty gowy öwrenmegi talap edýän biologiýa dersiniň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.

Ekologiýa abadançylygy umumy bähbidimizdir

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawyň goraglylygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirýän tutumlary ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremekde, tebigy tokaýlyklary gorap saklamakda we beýleki giň möçberli işlerde öz aýdyň beýanyny tapýar. Täze önümçilik we durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde agaç nahallaryny ekmek üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmeginiň özem ekologiýany arassa saklamakda uly tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir. Umuman, biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek, howa gurşawyny arassa saklamak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Nebitgaz ulgamynyň işgärleri hem ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Ýerasty baýlyklary özleşdirip, halka ýetirmekde jan aýaman zähmet çekýän merdana nebitçiler ene topragymyzy bagy-bossanlyga büremekde alnyp barylýan işlerde hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Bag-bossanly Watanymyz — buýsanjymyz, bagtymyz

Güneşli Diýarymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletimizde daşky gurşawyň arassalygyny we tebigatdaky biodürlüligi gorap saklamak boýunça öňde goýýan belent wezipelerinden ugur alnyp, ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň «Suw — ýaşaýşyň gözbaşy», «Bag — durmuşyň bezegi», «Bag ekeniň ýaşy baky» diýen dürdäne pähimlerinden belli bolşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, tebigatyň baýlyklarynyň gadyr-gymmatyny bilmek, olary goramak, baýlaşdyrmak her bir ynsanyň borjudyr. Dünýämiziň ýaraşygy bolan bagy-bossanlyk, hormatly Prezidentimiziň yglan edýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň esasynda obalardyr şäherçelerimizde, şäherlerimizde bag nahallarynyň ekilmegi eziz Diýarymyzyň tebigatyny baýlaşdyrmak işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzyň çar künjüniň bagy-bossanlyga beslenmegi, bir tarapdan, daş-töweregiň gözelligini artdyrsa, ikinji tarapdan, dem alýan howamyzyň arassalygyny üpjün edýär.

Tebigat baýlaşsa, göwün şat bolýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 5-nji noýabrynda başlanýan güýzki bag ekişligiň hem esasy maksady mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmekden, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bag ekişlik çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň güýzki möwsüminde hem oba-şäherlerimizde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologiýanyň has-da gowulanmagyny üpjün eder. Şu gezek geçirilýän bag ekişlige Türkmenabadyň halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, täze gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň toplumynyň töwereginde badalga berler.

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň barha giň gerime eýe bolýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda Ahal welaýatynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda geçirilen «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Açyk asmanyň astynda, oba hojalyk toplumynyň 500-den gowrak hünärmeniniň gatnaşmagynda geçirilen bu giň gerimli forumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär. Bilşimiz ýaly, bu ýerde okuw sapagyny geçirmek meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu meseleler boýunça Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen okuw sapagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäriniň miweli baglaryň we üzümçilikleriň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň daş-töwereginiň ekol

Bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine

Bagy-bossan Watanym Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň biri hem ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir. Munuň özi ýaşaýşy gurşap alýan tebigaty, ekologiýany gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly bütindünýä işine bolan saldamly goşantdyr.

Bereket mekany

Ösüşiň täze taryhy tapgyrynda berkarar Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty barha arşa göterilip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler giň seslenme tapýar. Bu gün güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga, bereket mekanyna öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler hem buýsanja mynasypdyr. Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýeriniň golaýynda geçirilen «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işleri dabaralandyran aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Tebigatyň gözel künjeginde, açyk asmanyň astynda geçirilen okuw sapagyna oba hojalyk hünärmenleriniň 500-si gatnaşdy. Munuň özi bu okuw sapagynyň açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň göwrümlisidigini we Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilip bilinjekdigini aňladýar. Şol gün taryhy künjekde täze üzümçilik zolagynyň döredilmegi, ýagny bu ýerde üzümiň «gara kişmiş» görnüşiniň 500-den gowrak düýbüniň oturdylmagy bizi — geljekki oba hojalyk hünärmenlerini örän begendirdi.

Bag — zeminiň bezegi

Ýurdumyzda bag ekmek möwsümleri her ýyl giň gerimde geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda şu ýylyň 5-nji noýabrynda tutuş ýurt boýunça geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini aýtdy. Bu möhüm çäräniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy jemgyýetde ýokary derejeli ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Tebigat, daşky gurşaw, ekologiýa abadançylygy baradaky alada geljek nesilleriň abadançylygy baradaky aladadan gözbaş alýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýylda müňlerçe düýp bag nahallary ekilýär. Bu ekologiýa maksatnamasy adamlaryň durmuşyny tebigat bilen sazlaşykda utgaşdyrmaga, daşky gurşawyň sagdynlaşmagyna, ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilendir. Oba-şäherlere, dag-sähralara bezeg berip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän bagy-bossanlyk, ýaşyl zolaklar göreniň gözüni dokundyrýar, daş-töwerege gözellik çaýyp, sagdynlyk we ruhubelentlik bagyşlaýar.

Ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagy: Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. OBA HOJALYKÇY HÜNÄRMENLERI JEMLEDI

Açyk asmanyň astynda geçirilen ekologiýa çäresi

28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy. Bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna 27-nji oktýabrda amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň belent nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak ata Watanymyzda amala aşyrylýan ähli düzümleýin taslamalara bildirilýän esasy talaplaryň biri hökmünde kesgitlenilýär, ekologiýa howpsuzlygynyň hukuk esaslary berkidilýär. Diýarymyzyň tebigy-howa aýratynlyklarynyň netijeli ulanylmagy ata Watanymyz Türkmenistany sebitde we bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekdäki başlangyçlarynda öňdäkileriň hataryna çykarýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeniniň gatnaşmagynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň guralmagy we bu okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň teklip edilmegi aýdanlarymyzy tassyklaýan hakykatdyr. Ýeri gelende, iň köp hünärmeniň gatnaşmagynda geçirilen ekologiýa boýunça bu okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň teklip edilmegi her bir türkmenistanlynyň belent başyny gök diredendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Çünki bu hoş habar ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň belent nusgasy hökmünde halkara ykrarnama eýe bolýandygyny ýene bir ýola subut etdi.

Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

Ahal welaýaty, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna düýn amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, okuw sapagynyň geçiriljek ýeriniň täze gurulýan edara ediş merkeziniň golaýynda saýlanyp alynmagy tötänden däldir we onuň mazmuny bilen kesgitlenendir. Türkmen topragynyň ekerançylygyň işjeň ösýän bu ajaýyp künjeginiň tebigatynyň özboluşlylygy sebitiň ekologik abadançylygynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

Ahal welaýaty, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna düýn amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, okuw sapagynyň geçiriljek ýeriniň täze gurulýan edara ediş merkeziniň golaýynda saýlanyp alynmagy tötänden däldir we onuň mazmuny bilen kesgitlenendir. Türkmen topragynyň ekerançylygyň işjeň ösýän bu ajaýyp künjeginiň tebigatynyň özboluşlylygy sebitiň ekologik abadançylygynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Ekologiýanyň goraglylygy — ynsan saglygy

Garaşsyz Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, tebigaty goramakda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Milli Liderimiz tarapyndan anyk kesgitlenilen we üstünlikli çözülýän wezipeler Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlary bilen berk baglydyr. Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen adamlarda «ýaşyl» gurluşyklara bolan gyzyklanma artýar we bu ugurdaky milli, halkara derejelerdäki taslamalar uly goldaw tapýar. «Ýaşyl» taslamalar işlenilip taýýarlanylanda, adamyň saglygyna peýdalylygy, düýbünden howpsuzlygy we daşky gurşawa zyýanly täsirleriň pes derejede bolmagy, hatda bolmazlygy bilen bir hatarda geljek nesilleriň gyzyklanmalary, başga-da birnäçe taslamalar bilen utgaşyklylygy göz öňünde tutulýar.

Arassa ekologiýa — gözel durmuş

Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm ekologiýa meselelerini çözmekde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şonuň bilen birlikde-de, içerki mümkinçiliklerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uly bolan taslamalara, maksatnamalara aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny bellemek ähmiýetlidir. Olarda howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyna zeper ýetirilmegi, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçiligi, ösümlikleriň, haýwanlaryň biodürlüliginiň kemelmegi we beýleki ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça wezipeler göz öňünde tutulýar.  «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Altyn asyr» Türkmeniň kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm wezipeler bellenilýär. Olarda Garaşsyz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti, şonda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň tutýan orny hakynda hem-de bu kölüň gurulmagynyň netijesinde Amyderýanyň suwunyň hiliniň, çölüň ekologiýasynyň, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna mümkinçiligiň dörändigi bellenilýär.

Zeminiň bezegi

Zeminiň bezegi bolan agaçlaryň adamzat durmuşynda-da, tebigatyň täsinliliginde-de ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki agaçlar ýaşaýşymyz üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýar, howany tozandan tämizleýär. Ýurdumyzda her ýyl millionlarça düýp agaç ekilip, her bir şäheriň, dag eteklerindäki, akabalaryň we derýalaryň, deňziň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäkleri giňelýär. Netijede, türkmeniň sahawata we berekede baý giň sähralary ýaýylyp ýatan bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwrülýär. Güneşli ülkämiziň barha giňeýän tokaý zolaklary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri amatly howa ýagdaýyny üpjün edýär hem-de tomus paslynyň yssysyny gowşadýar, gyş paslynda bolsa çapgyn ýellerden goraýar. Şeýle hem tokaý zolaklary bioköpdürlülige, täze ýerlere göçýän guşlaryň, haýwanlaryň görnüşleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşyl zolaklar «şäheriň öýkeni» hasaplanyp, dürli görnüşli ösümlikler şäherlerimize bezeg bolmak bilen bir hatarda, daşky gurşawyň sagdynlaşmagynda esasy wezipäni ýerine ýetirýär. Agaçlar howany hapalaýjy maddalardyr tozan bölejiklerinden arassalaýan süzgüç mysalydyr. Olar kömürturşy gazyny, azot oksidleri kükürt oksidleri özüne siňdirip, howany tozandan, gurumdan, tüsseden saplaýarlar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bir düýp agajyň ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod bölüp çykarýandygy anyklandy. Ýaşyl zolaklaryň awtoulaglaryň, otlularyň, uçarlaryň sesini, gurl

Ekologiýa abadançylygyny üpjün edip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny toýlady. Mälim bolşy ýaly, şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, ýurdumyz boýunça ýaşaýyş we durmuş maksatly köpsanly binalar açylyp halkyň hyzmatyna berildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny dowamata dowam edýän hormatly Prezidentimiz gurluşyklaryň alnyp barlyşyny mydama üns merkezinde saklaýar. Türkmen halky köşkdür binalary galdyrmakda, ýoldur köpri gurmakda dünýäde meşhurlyk gazanan halkdyr. Ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik sungaty bilen özara sazlaşýan häzirki zaman binalaryň gurulmagy, ýurdumyzyň yzygiderli senagatlaşmagy göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde iri işewürlik, dolandyryş we jemgyýetçilik syýasy merkezine öwrülýär. Aşgabadyň häzirki zaman keşbi, ylmyň döwrebap gazananlaryna, şähergurluşyk tejribesiniň öňdebaryjy nusgalaryna, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň kämil innowasion çemeleşmelerine daýanýar. Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň hem-de mukaddes Garaşsyzly

Ekologiýa howpsuzlygy — abadan durmuşyň kepili

Ata Watanymyzda daşky gurşawy goramak, sagdyn ekologiýa şertlerini üpjün etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen sebitde we dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de tebigat gözelliklerini goramak boýunça edilýän tagallalar geljekki nesiller baradaky aladadan ugur alýar. Ýurdumyzda dürli mazmunly taslamalar durmuşa geçirilende, ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmegi döwletimiziň bu ugurdaky işlere goşýan goşandynyň güwäsidir. Daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr. Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä derejesinde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Bu ugurda halkara möçberde umumadamzat ösüşiniň bähbitlerini nazarlaýan teklipler, başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan aras-salygynyň üpjün edilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn as