"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

«Bahar» işdäaçary

Gerekli önümler: • 300 gram towuk döşi;

Mähriban ene

Göräýmäge, eneler barada ähli ajaýyp sözler aýdylan ýaly. Enäni wasp etmek üçin beýik şahsyýetlerden başlap, ýönekeý raýatlara çenli iň ýagşy, iň mährem, iň şirin sözlerini gaýgyrmady. Şonda-da enäniň tarypy, edil akabasy togtamaýan bulak ýaly, hiç wagt egsilmeýär. Şu jümle hakydamda galypdyr: enelik — munuň özi dynç almaga, zähmet rugsadyna çykmaga we ýalňyşlyk goýbermäge asla hukugy bolmadyk adamyň agyr zähmetidir. Bu pikir bilen ylalaşsaňyz gerek. Ene bolmak — jogapkärçilik, borç we beýik söýgi. Ene bolmak — ýazgyt. «Ýerini çalşyp bolmaýan adam ýok» diýen jümläni köp eşidensiňiz. Ýöne bu aýtgy enelere asla dahylly däldir. Enäniň öz perzendiniň durmuşynda eýeleýän orny juda ýokarydyr, edil şonuň ýaly perzent hem öz enesiniň durmuşynda uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «...enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir» diýen sözlerinde durmuş hakykaty bar.

Eneligiň peşgeşi

Saryýagyzdan ýylmanak ýüzli, sadadan mähirli zenanyň içki dünýäsiniň gözelligini kindiwanja gurjaklara geçirip, olara «janly görnüş berşiniň» men-ä şindem haýrany. Dünýäde her kimiň bir zadyň kül-külünde ýaşaýandygy çyn. Duýgy-düşünjeleriň parhly bolşy ýaly, güýmenjedir gyzyklanmalaram dürli-dürli. Käte-hä uzak ýyllaryň tejribesi, käte-de daş ýarýan zehin başda gyzyklanma ýa güýmenje hökmünde baş goşulan döredijilik işini tas sungat derejesine ýetiräýýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň ýolbaşçysy Gülälek Babakulowa hem şeýle döredijilik ýoluny geçen zenan. Hünärli elleriniň gurjaga «jan» berşiniň hikmeti hakynda orta atan sowalyma onuň beren jogaby meniň bu işiň döreýşine gyzyklanmamy has-da artdyrdy. Gülälek mugallym bu döredijilik ussatlygynyň döreýiş taryhyny bir jümlede jemläp: «Bu maňa eneligiň peşgeşi» diýdi-de, keşbine ýaraşyk berýän mylaýym ýylgyryş bilen nazaryny iş otagynyň bir nokadynda egledi. Bu jümle gurjaklar bilen «öz dilinde gürleşýän» çeper elli mugallymyň hakydasyna onlarça ýyllaryň ýatlamasyny dolady... — Perzende uzak garaşyp gözümiň düşenindenmi ýa eneligiň kalbyma has üýtgeşik duýgulary bagyşlanyndanmy, bilmedim, gyzym Aýlar jan dünýä inensoň, bir hili gurjaklara imrinmäm artdy. Çagalykda gurjakgoş oýnamadygymyz ýokdur. Şol wagtlarda kiçijik gyzjagazlar enaýyja gurjaklary hopba edip, ejelerinden gören herek

Çagalaryň gürrüňi

 «7/24.tm», № 10 (93), 07.03.2022.  ILLER BIZI GYZYKLANDYRANOK

Mukaddes ynsan

Ene! Şu sözden ýakymly söz barmyka?! Megerem ýokdur. Halkymyz ulyny sylamak, hormatlamak, kiçini söýmek ýaly ýörelgelere uly ähmiýet berýär. Bu ýörelge özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Jemgyýetiň jebisligi maşgaladan başlanýar. Maşgalada perzende berilýän terbiýe bolsa eneden başlanýar. Şunda enä bolan çäksiz söýgini näçe beýan etseň hem bärden gaýdýar. «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» diýen pähim hemmämize mälimdir. Maşgalada enäniň tutýan orny belentdedir. Onuň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewleriniň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan, giň dünýägaraýyşly, belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän kämil nesiller kemala gelýär.

Ýylyň mährem zenany

Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan häzirki toý günleri Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda ýaşaýan Aýbölek Baýramowa ýatdan çykmajak pursady peşgeş berdi. Bu bagtyýar ene Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan guwandyryjy işleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine asylly goşant goşýan, öňdebaryjy zenanlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginde ýeňiji bolup, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada mynasyp görüldi. Munuň özi enäniň döwletli ojagyna egsilmejek şatlyk getirdi. Aýbölek Baýramowa il-günümize, Gahryman Arkadagymyza wepaly, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinen, köp çagaly, bagtyýar zenanlaryň biri. Ol sekiz çaganyň — üç ogul, bäş gyz perzendiň enesi. Bu gün perzentlerine we üç agtygyna guwanyp ýaşaýan, döwlet tarapyndan köp çagaly enelere berilýän durmuş ýeňilliklerinden ruhlanan ene çaga terbiýesine uly üns bermek bilen birlikde, etrap, welaýat derejesindäki medeni-köpçülik işlerine-de işjeň gatnaşýar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinden hem çetde durmaýar.

Terbiýe mukaddesdir

Şahsyýetiň ahlak kadalaryna laýyklykda, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara baha bermegi we şoňa görä hereket etmegi netijesinde ahlak keşbi kemala gelýär. Ýokary ahlakly adam her hili kyn şertlerde hem ejizlemän, halal ýaşamaga çalyşýar, arassa gazanjynyň hasabyna eklenýär, şol ruhda hem çagalaryny terbiýeleýär, elmydama döwletiň kanunlarynyň öňünde şahsy jogapkärçiligini duýup, olara hormat goýup ýaşaýar hem-de kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şeýle ýokary ahlakly halkyň döwlet binýady hem berk bolýar. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň bitiren beýik işleri bu gün halkymyzyň durmuşynda has aýdyň duýulýar. Ynsanyň ahlak terbiýesi maşgala ojagyndan başlanýar, mekdep ýyllarynda dowam etdirilýär, soňra şahsyýet ahlak sapaklaryny jemgyýetden özbaşdak alyp başlaýar. Türkmen jemgyýetinde edepli bolmak, arassa, halal ýaşamak, zähmeti söýmek dowamly öwredilýär we ýaşlaryň aňyna guýulýar. Elbetde, bu meselede maşgalanyň we mekdep mugallymlarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär.

Agzybirligiň sütüni

Agzybirlik hakynda söz açylanda, ilkinji nobatda mähriban enäniň keşbi göz öňüňe gelýär. Çünki, maşgalanyň asuda, abadan bolmagynda enäniň uly orny bar. Ene maşgala agzalarynyň uludan-kiçi ählisiniň göwnüni awlamagy başarýar. Bilmezlikden ýalňyşlyk edeni mähir bilen dogry ýola gönükdirýän hem ene. Onuň paýhasy bilen maşgalada birek-birege bolan mähirli gatnaşyklar, agzybir durmuş kemala gelýär. Çünki ene agzybirligiň sütüni. Ene mähremligi hakynda uzakly günläp, hatda, aýlap, ýyllap gürrüň edilse-de, aýdara söz tapylar. Sebäbi ene mähriniň özi suwy egsilmeýän uç-gyraksyz umman ýaly, onuň aňyrsyna göz ýetirjek gümanyň ýok. Şu ýerde, nireden eşidenligim ýadyma düşenok, ýöne kalbymda hemişelik orun alan bir waka hakynda gürrüň beresim gelýär.

Sen — tutuş goşgyň içinde, iň oňat görýän setirim!

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Aýdym-saz göwnüňe ganat berýär, ruhuňy göterýär. Çünki aýdymlar içki duýgyňy okaýan ýaly ýürek taryňa kakyp goýberýär. Onsoň, isleseň-islemeseňem, içiňden hiňleneniňi duýman galýarsyň. Bu hemişe-de şeýle.

Öý ýaraşygy — çaga

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Baýyň ogly barga oýnar,

Dünýä dursun, eziz eneler dursun!

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, şol ýerde täze dünýä inen taýçanaga Zaman diýip at berip, onuň boýnuna mähriban käbesiniň ören alajasyny dakyp duran pursadyny gören her bir ynsanyň kalbyny nähili duýgularyň gaplap alandygyny, megerem, aýdyp oturmagyň hajaty bolmasa gerek. Öz mähriban käbesine uly hormat goýmaklygyň, çäksiz söýgi bilen guwanmagyň we buýsanmagyň aňryçäk nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiz muny şol gün ýene-de bir gezek äşgär etdi. Hawa, şondan soňra elime galam alanymy özümem duýmadym. Öňem mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny birnäçe sapar okap, onda eje hakda aýdylýan gürrüňlere, rowaýatlara kalbym, durkum bilen berlip, öz ýaşlygym hem-de mähriban ejemiň keşbi göz öňümde janlanýardy. Käbäm bize halal ýaşaýşy, zähmete ýüregiňden berilmegi, kitaby söýmegi ündäpdi. Ejemiň tamdyrda çörek bişirişi, çöreklerinden goňşulara paýlaýşy, çagalaryny mähir bilen söýşi, goňşy-golamlar bilen gatnaşygy, sähel bir ýeriň agyrdygy üstüňde kökenek bolup, daňyny atyryşy hakydalarymda janlanýar. Mähriban Arkadagymyzyň: «Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz uly mähir bar. Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir» diýen seti

Öý bikesi öwrense...

Mäşli çorba Gerekli önümler: 100 g ösümlik ýagy, 200 g et, 2 sany sogan, 2 sany pomidor, 2 litr suw, noýba, mäş.

ÝYLDYZLAR NÄME DIÝÝÄR? SIZE GOWULYK GARAŞÝAR 2022-nji ýyl Mart

1.HAMAL (Guzy 21.03—20.04) Mart aýynda hamallar köp wagt bäri garaşýan üstünliklerine ýeterler. Bu döwürde, esasan hem, maliýe ýagdaýyňyz gowulaşar. Üstünlige ýetmek bilen işjeňligiňizi artdyrmalysyňyz. Mart aýy işde öňegidişlik üçin amatly döwür bolup biler. Zähmetsöýerligiňiz sizi täze jogapkärli wezipelere ýetirer. Bu döwür işewürlik gatnaşyklaryna baý bolar. Şeýle-de zerur şertnamalary baglaşmagyň has amatly wagtydyr. Maşgalaňyz üçin wagt aýyrmagy ýatdan çykarmaň. Ýakynlaryňyzyň size bolan ynamy, berýän goldawlary, kömekleri siziň işiňiziň mundan beýläk-de ilerlemegine uly itergi berer. Dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy unutmaň. Oňat endikler size täze pikirleriň döremegine kömek eder.

Ýagşylyk hakynda

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyz, edebi mirasymyz, şahyrana döredijiligimiz bilen bir hatarda, ýaşaýyş-durmuşymyzdaky ynsan gatnaşyklary-da özboluşlydyr. Türkmen halky pespäl, sada, hoşsözli, myhmansöýer, ýagşy niýetli, umuman, adamkärçiligiň iň naýbaşylaryny özünde jemlän, birek-birege hormat, sylag-sarpa goýýan halkdyr. Ata-babalarymyz ýagşy gylyk-häsiýetler barada onlarça nakyllardyr atalar sözlerini, rowaýatdyr hekaýatlary döredipdirler. Paýhas eleginden geçip gelen gymmatlyklar häzirki döwürde-de gymmatyny ýitirmeýär. Olaryň her biri ýaşaýyş-durmuşymyzda giňden ulanylyp, bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik häsiýete eýe bolup durýar. Adamlaryň birek-birege ýagşy söz bilen ýüzlenmegi, oňat görelde bolmagy ajaýyp nusga bolup galypdyr. Şonuň üçin hem birek-birege her ädimde ýagşy söz bilen hemaýat berip gelipdirler. Ozaly bilen türkmen halky didarlaşanda «Edebiň ýagşysy — salam bereni» diýen sözlerden ugur alyp, hemişe sözi salamdan başlaýar. Säher bilen turup, «Ertiriňiz haýyrly bolsun!», «Sag-aman ördüňizmi?!», «Säher tutan işiňiz rowaç alsyn!» diýilýän ýagşy sözleri beýan edýärler. Şol sözleri bagyş eden adama senem iň ýagşy dilegleriňi aýdýarsyň. Garry enemiň gürrüň beren rowaýatlarynyň birinde şeýle waka beýan edilýär:

Asylly terbiýäniň gözbaşy

Bilim we okatmagyň kemala geliş taryhy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Ähli ylmy ugurlaryň we nazaryýetleriň ýüze çykmagy durmuş bilen baglanyşykly bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym-bilimiň ösen merkezine öwrülen şäherlerimizde ýaşap, ylmy-döredijilik işi bilen meşgul bolan belli alym-ulamalaryň, pir-danyşmentleriň öwüt-ündewini almaga, olaryň huzuryna şägirtlige durmaga höwesliler suwuň akyşy deýin üznüksiz geler durar eken. Munuň üçin olar uzak ýollary söküp, ýurt aşyp gelipdirler» diýip belleýär. Medeni-ruhy islegleriň içinde aňly-düşünjeli nesli ýetişdirmek wezipesi esasy orunlaryň birini eýeleýär. Mugallymçylyk ýaşlary terbiýelemegiň, okatmagyň we bilim bermegiň kanunalaýyklyklaryny öwrenmekdir we onuň esasynda usulyýet tejribäni baýlaşdyrmakdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda dürli pedagogik ulgamlar döredilip, wagtyň geçmegi bilen täzelenip, olaryň arasyndan iň ähmiýetlisi, adamzada zerurlary saýlanyp galdy.

Gyzym — gyzyl gülüm

Halkymyz «Gyzym — göwnümiň hoşy» diýip, gyz çagany gowy görýär. Ejesine kömekçi bolup ýetişer diýip, köp maşgalalarda gyzyň dünýä inmegine begenilýär. Aýratyn hem maşgalada yzly-yzyna ogul dogulsa, gyzyň dünýä inmegine garaşyp, dileg edilýär. Halkymyzda gyza çagalykdan edep-terbiýe bermek bilen bilelikde, milli el işlerini öwretmäge-de uly üns berilýär. Biziň milli el işlerimiz hem synçylygy, ezberligi, akyl taýdan başarnyklylygy — çylşyrymly nagyşlary ýatdan öwrenmegi, reňkleri ussatlyk bilen seljermegi, irginsizligi we sabyr-takatlylygy terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Ejem ussat halyçylaryň biridi. Ol bize çagalykdan öý işleri bilen birlikde tikin-çatyn işlerini, haly dokamagy hem öwredipdi. Her bir çitimimiz ejemiň talapkär nazaryndan sypmazdy. «Eden işiň owadan bolsa, tutuş dünýä owadan görner. Eliň işi iň uly baýlygyňdyr, ýüzüň tuwagydyr, synçy adamlar eden işiňden içki dünýäňi okarlar» diýip öwrederdi. Hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda halynyň halkyň ýaşaýyş-durmuşyndaky orny, ony döredýän türkmen zenanynyň kalbynyň bakylyk aýdymy hökmündäki ýüze çykmalary baradaky pikirleri ejem ýaly halyçy zenanlaryň kalbyny şöhlelendirýär. Haly türkmeniň hem durmuş zerurlyklaryny, hem gözellige küýsegini teswirleýän, zenanlaryň sungat duýgularynyň, pikirleriniň arassalygyndan ak öýüň içinde dünýä indiren Älemiň we Zeminiň birligini çitimde suratlandyrmasy

Terbiýe — ynsan kalbynyň bezegi

Dünýädäki iň gözel barlyk adamdyr. Onuň bezegi edep-terbiýesidir. Asylly ýörelgeleri ýöredýän halkymyz maşgalada terbiýelenen her bir perzendiň watansöýüji, maksadaokgunly bolup ýetişmegi üçin yhlasyny gaýgyrmaýar. Elbetde, adamyň daşky keşbini bezeýän zat onuň edep-terbiýesidir. Emma adamyň käbir häsiýetleri onuň daşky dünýäsine-de täsirini ýetirýär. Türkmen halky edep-terbiýä aýratyn üns berýär. Şonuň üçin hem bu babatda asylly ýörelgeleri döredipdirler. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin olara parasatly sözleri, nakyllary öwredipdirler. Edep-terbiýe baradaky nakyllar, ündewler ýaşlarda watansöýüjiligi, ula hormat goýmagy öwredýär. Şeýle hem nakyllar ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini artdyrýar. Munuň özi çaga terbiýesinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

«Köjüme» nagşy

Gerekli esbaplar: • Mata;

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Mähriban çagalar, ertirligiňiziň witaminlere baý bolmagy saglygyňyza we bedeniňiziň kadaly ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şol sebäpli bolsa ertirlik üçin, taýýarlaýan tagamlaryňyzyň peýdaly gök-önümlerdir miwelerden bolmagy zerurdyr. Bu tagamlar size günüň dowamynda güýç-kuwwat berer we immunitetiňizi berkider. Siz hem ertirlik üçin taýýarlanylýan tagamlary şu aşakdaky suratlarda görkezilişi ýaly bezäp bilersiňiz.

Maşgala mukaddesligine bagyşlandy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gubadag etrap komiteti tarapyndan etrabyň «Bereketli», «Akýaýla», «Çowdur», «Ýaşlyk» geňeşliklerinde «Öý-ojagyň gelşigi — maşgala mukaddesligi» diýen at bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Olarda maşgalanyň jemgyýetdäki orny, ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi. Parasatly il sylagly ýaşulular, mährem eneler maşgala gymmatlygyna aýawly çemeleşmek, maşgalanyň bitewüligini we jebisligini gorap saklamak bilen bagly ýaş nesillere durmuş tejribelerine salgylanyp öwüt-ündewleri berdiler. Wagyz-nesihat çärelerinde zenanlara, enelere belent sarpa goýýan, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri belentden ýaňlandy.