"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Öý bikesi öwrense...

Üzüm ýapragyndan dolama Gerekli önümler: 100 g et, 30 g tüwi, 3 düýp sogan, 2 pomidor, 1 käşir, 20 sany üzüm ýapragy, 1 lawr ýapragy, 2 nahar çemçe ýag, geregiçe duz, burç.

Bambuk — bagtyň ösümligi

Özboluşly baldajykly otag bambugy ýa-da Sandera draseni fen-şuýuň janköýerleriniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Bambugyň öz eýelerine üstünlik, saglyk we uzak ýaş getirýändigini tejribeler görkezýär. Ol ruhy taýdan kuwwat berýär we maddy ýagdaýyňy gowulaýar. Bu ösümligi otagda saklamak bilen bagly birnäçe ynançlar bolup, olar aşakdakylardan ybaratdyr: ● Bezeg bambugy maddy ýagdaýyňy gowulaýar, immunitetiňi berkidýär, öňde goýan maksadyňa ýetmäge kömek edýär.

Nesil hakda alada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň edepli, terbiýeli, ylym-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Ol işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, olarda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam edýär. Ýurdumyz çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar.

Bagym bar — bossanym bar

Gülçüler maşgalasy Gül— durmuşyň bezegi. Ynsan kalby hemişe gözellige ymtylýar. Bahar paslynda al-elwan güllere beslenip oturan giň meýdanlary synlanyňda kalbyň joşa gelip, keýpiň çaglanýar. Bagşy öz aýdymlary, şahyr şygyrlary bilen owadan gülleri wasp etse, ezber bagbanlar ajaýyp gülleriň müňlerçesini ýetişdirip, zemin gözelliginiň üstüni ýetirýärler.

Goşa garranlar

Türkmençilikde ýagşy zady göreniňde: «Bize-de nesip etsin!» diýip, ýüze sylmak asylly ýörelgedir. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda-da ýüze sylar derejede uzak ýaşly, döwletli-döwranly adamlar sanardan kän. Biziň şu ýazgymyzyň sözbaşysyny «Goşa garranlar» diýip goýmagymyz ýöne ýere däl. Garramak bar, garramak bar. Bir maşgala baş bolup, ogul-gyz ýetişdirip, ýanýoldaşyň bilen bile garramak, hakykatdan-da, döwletlilikden nyşan. «Garryly öý — gaznaly öý» diýip, ýönelige aýdylmaýar. Ak sakgally atalar, kümüş saçly eneler — paýhas käni, görüm-göreldäniň mekdebi. Köpügören bir danadan: «Baş gatymy, daş?» diýip soranlarynda, ol: «Baş» diýip jogap beripdir. Çünki ynsan balasy başa düşen iň agyr kynçylygy hem gaýratly ýeňip geçmegi başarýar. Uruş ýyllarynyň açlygy, horlugy, ýeter-ýetmezligi adamzat üçin ýowuz synag boldy. Şonda «Başa düşen işi başarmak gerek» diýen pähime gulluk edýän türkmen ýigitleri bilen birlikde, gyz-gelinleri hem mertligiň belent nusgasyny görkezdiler.

Eneler — ýaşaýşyň manysy

Eneler, bu dünýäde ýaşamagyň manysy sizden başlanýar. Elbetde, her bir ynsan ene söýgüsinden taplanýar, kemala gelýär. Öwüt-ündewleri bilen ulalýar. Durmuşda adam begenen pursatynda hem, gynananda hem ilkinji aýdýan sözi ene bolýar. Çagalykdan ilki mähir bilen gurşap, her bir zadyň zyýany-peýdasy barada ilkinji sapaklary beren käbelere ömürboýy minnetdardyrys. Şahyrlaryň döredijiligi biziň üçin iň bir täsin meýdan bolup görünýär. Şol döredijiligiň seresi ene mukaddesligidir. Şu ýerde şahyryň «Ene öz mährinden döredýär ynsan» diýen setirlerindäki ýaly, biz ene söýgüsinden kemala gelýäris. Biz ene söýgüsine, onuň mukaddesligine mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary arkaly has-da çuň  düşündik. Gahryman Arkadagymyzyň  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda ene hakda gymmatly pikirler bar. Ene — mähriban ynsan, ýaşaýşymyzyň özeni. Olaryň aýdan her bir sözi ýüreklerimize ornap, emer-damarlarymyza baryp, süňňümize siňýär. Enäniň söýgüsi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Olar irden mähir bilen oýaryp,  päk arzuwlar bilen durmuşa ýollar, geljegiň üçin gije-gündiz dileg edip oturandyr. Dogrudan hem ene çagasynyň üstünde gijesini gündiz edip, dileg-doga bilen kökenekdir. Durmuşda halal ýaşamagyň, päkligiň ynsanyň ýüzüniň tuwagydygyny sargyt edip oturan käbelerimizdir. Olaryň halallyga ýugrulan sözleri hakydamyzda ebedi galýar.

Geliň, kebelek ýasalyň!

Eziz çagalar, ýaz paslynda gülden-güle gonýan dürli öwüşginli kebelejikler tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Ýazyň, bagdyr gülleriň gelşigi, ýaraşygy bolan täsin kebelekleriň owadan keşbi her birimiziň ünsümizi özüne çekýär. Žurnalymyzyň şu sanynda bolsa kebelekleriň şekiliniň kagyzlardan, monjuklardan, iliklerden ýasalyşynyň dürli görnüşlerini size öwretmegi makul bildik. Olaryň şekilini ýasap, deň-duşlaryňyza, mähriban käbeleriňize sowgat edip, begendirip bilersiňiz, şeýle-de öz otagyňyzy bezäp bilersiňiz. Geliň, onda hemmämiz bilelikde kebelekleriň şekilini ýasamaga başlalyň! Gerekli esbaplar:

Almaly süýjülik

Gerekli önümler: • 250 ml gatyk;

«BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY»

ÝAGLY PETIR TAÝÝARLAMAK ÜÇIN GEREKLI ÖNÜMLER:

Eneler

Eneler — gojaman dünýäniň görki. Mähri ojar közi ýaly mährem eneler — ojagyň zynaty. Şonuň üçin dünýäde iň gowy eserler enelere bagyşlanyldy. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen», Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Dünýäniň bar görki enedir-ene», Kerim Gurbannepesowyň «Okyjy haty esasynda dörän sowal-jogap» goşgusyndaky: — Ol kim bolar, ynsanlaryň belendi?

Terbiýe bagta binýat

Perzendiň edep-terbiýeli, ilhalar adam bolup ýetişmeginde, ilki bilen, maşgalada berilýän terbiýä uly orun degişlidir. Ene-atanyň yhlasy hem-de göreldesi bilen perzent adamzada mahsus bolan iň gowy häsiýetlere eýe bolýar, zähmet terbiýesiniň ilkinji endiklerini ele alýar. Perzendiniň durmuşda öz ornuny tapmagy, bir käriň başyny tutmagy, agzybir maşgala gurmagy üçin ene-ata yhlasyny gaýgyrmaýar. Çagalygyndan halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýeren terbiýäni alan ýaşlar ata Watanymyza wepaly, edepli, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar bolup ýetişýärler. Ene söýgüsi perzende berilýän terbiýäniň gözbaşydyr. Çünki ene söýgüsiniň özeninde perzendiniň bagtly bolmagy babatdaky alada ýatandyr. Maşgalada berilýän terbiýe heniz çaga sallançakda süýji ukuda ýatan mahaly, enäniň oňa aýdýan terbiýeçilik ähmiýetli şirin mukamly hüwdüsinden başlanýar. Enäniň edep-ekram baradaky çuňňur manyly, ýakymly owazly hüwdüsiniň ganatly setirleri çaganyň aňyna siňip, ykbalyna altynsow nur bolup dolýar. Maşgalanyň bagtyny agzybirlikde görýän ene maşgala abadançylygynyň binýadydyr. Perzendine kiçiliginden durmuşy sapaklary berip kemala getirýän ene, onuň bagtyýar döwran sürmegini arzuwlaýar we munuň üçin halkymyzyň asylly ýörelgelerine kybap terbiýe berýär.

Alysdaky arzymanlarym (durmuş pursaty)

Şol gün iş sapary bilen Türkmenbaşy şäherine ýola rowana bolupdym. Otlynyň üstünde jaýlaşanym hem şoldy welin, gabadymda ýerleşen kärdeşim gyzgynjak çaý içmegi teklip etdi-de, çaý demlemegiň ugruna çykdy. Otlynyň penjiresiniň aňyrsynda ýaýylyp ýatan meýdanyň şeýle ajaýyp keşbe girendigine men diňe şol pursat göz ýetirdim. Içimi gepledip durmuşyň ownuk-uşak iş-aladalary bilen gümra bolup ýörşüme gözel tebigatyň adamzada az salymlyk eçilýän bu ajaýyp bahar serpaýyny hut häzire çenli nazarymdan sowanyma gynandym. Gyzyl çog bolup ýatan depe-düzleri, jümjümedir gök otly meýdanlary, ak bulutdan kerwen guraýan asmany gözlerim bilen surata alyp, gözellik diýlen gudratyň gül görküne maýyl bolup barşyma eňňit-eňňit gum depeleriniň arasyndan sil ýaly yňyp barýan demir ulagyň içinde hoşboý ysly çaýyň başyndaky täsirli söhbetdeşlik başlandy. Işdeş ýoldaşym meniň pikirlere gark bolanymy bada-bat aňdy-da: —Dost, iş-alada bilen ýazyň ýakymyny gözden sowana meňzeýäň. Gel, gyzgynjak çaý başynda tebigaty bile synlap, söhbet edeli! — diýdi.

Alma hakynda käbir gyzykly maglumatlar

Dünýä boýunça alma bagynyň umumy meýdany 5 000 000 gektar hasaplanýar. ***

Maşgala terbiýesi mukaddesdir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň geljegi bolan maşgala ojagynyň berkligi, agzybir maşgalalarda terbiýelenýän ýaş nesliň edepli-terbiýeli, bilimli-hünärli, watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edilýär. Şol tagallalar ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller milli ruhda terbiýelenýär. Şonuň üçin hem olar milli medeniýetimize, ene dilimize sarpa goýýarlar. Ýokary medeniýetlilik her bir adamyň hereketinde, gündelik işinde, maşgala durmuşynda aýdyň görünmelidir. Ýaşlaryň özüni medeniýetli alyp barmagy, okuwlaryna oňat ýetişmegi, medeniýetli sözlemegi milli terbiýäniň özenidir. “Maşgalam - baş galam” diýen pähimi miras galdyran ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap many-mazmuna beslenip, mynasyp dowam etdirilýär. Maşgala terbiýesi islendik çaga üçin täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Döwletimiz tarapyndan maşgalanyň binýadynyň berk bolmagy, onuň agzalarynyň agzybir, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň buýsançly hakykatydyr. Gadymy zamanlardan bäri maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddeslik saýylyp, ol milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklary

Sen mydam ýadymda, eje!

Bularyň barysy, barysy göz öňümde. Men olary hiç wagt, hiç hili ýagdaýda unudyp bilmerin. Eger şeýtsem, özüm hem hiç kim bolup galaryn. Ähli zatlaryň manysy ýiter. Arzuwym-umydym, buýsanjym-bagtym, ýürekde yhlasym, söýgim hem mährim, ynamym-ygrarym, köňülde yşkym, eý görenim, durkum-düýrmegim şygra meňzeş dünýäsine eýlenenim — meniň geçmişim, süýji ýatlamalarym dälmi, eýsem?! Şol ýatlamalaryň gözbaşynda, mukaddes töründe, tyllaýy tagtynda, gözlerimiň üstünde, ýüregimiň çuňunda ornuň bar, eje! Her bir aýdan sözüň, hereketleriň, eden yhlas-aladalaryň, mähir-muhabbet gatyşykly ýylgyryşlaryň, bize — öz perzentleriňe bolan buýsanjyň, ösüp ýetişmegimiz, ylym-bilim almagymyz, öý-işik bolmagymyz üçin çeken irginsiz zähmetiň, ukusyz gijeleriň... barysy, ählisi gözlerimiň öňünde. Kakam ikiňizi ýatlanymda, kalbyma gussa gatyşykly bir süýji ahwal aralaşýar, hyýalymda ýalňyz özüm siziň bilen galyp, söhbet edýärin, hereketleriňizi, aýdan sözleriňizi, şol bagtly pursatlary, geçen günleri, hut şu mahal bolup duran ýaly, birme-bir göz öňüme getirýärin. Oýa batýaryn, rahatlanýaryn, ýakymly duýgulara berlip, täzeden edil çaga ýaly, ataly-eneli günleriň gujagynda hüwdülenýärin. Uzak ýoldan gelenimde, «Sag-aman geldiňmi, oglum?! Men derrew çaý-naharyň ugruna çykaýyn» diýip zowzuldaýşyň, ugradan çagyň, garam ýitýänçä, gollaryňy salgap duran nurana keşbiň, edil surat ýaly, hiç göz öňümden gidenok.

Süýji ylham

Ýazyjylaryň biri: «Eger ähli adamlaryň dili süýjüdenem süýji bolan bolsady, onda çaýyň gapdaly bilen süýji sözüň özem ýeterlik bolardy» diýip belläpdir. Bu örän dogry. Çagakam, «Iň süýji zat näme?» diýseler, «Süýji» diýip, jogap bererdim. Soň düşündim, iň süýji zat arzuw eken. Häzir welin, süýji arzuwlary süýji zatlaryň döredýändigine göz ýetirdim. Süýjüler durmuşda bagtly adamlaryň hasam bagtly bolmagy üçin döredilen ýaly. Meniň ýylgyrmagym üçinem birje şokolad ýeterlik. Sebäbi men Françesko Petrarkanyň: «Bir bölejik süýji ençe gussanyň dermany» diýen sözleri bilen ylalaşýaryn. Konditer önümlerini öndürijileriň arasynda Peggi Porşeniň ady täze bolup görünse-de, onuň öndürýän süýjülikleri ýaly juda göze ýakymly kafesi eýýäm tutuş dünýäde bellidir. Içi-daşy durşuna gülgüne reňke boýalan, her dürli güller, bezegler bilen owadanlanan «Peggi Porşeniň meşhur süýjüli butgajygy» diňe bir Londona baryp görmek däl, eýsem, internet sahypalarynda suratlaryna duşanyňda hem ünsüňi derrew özüne çekýär. Häzirki wagtda bu süýji kafesi jahankeşdeler tarapyndan iň köp barylýan we internet sahypalarynda köp mahabatlandyrylýan ýerleriň birine öwrüldi. Sebäbi Londonyň bu ýeri bir käsejik kofeniň ýanynda bir bölejik şirinnan bilen durmuşyň lezzetini duýmak üçin, şeýle-de ýadygärlik surata düşmek üçin iň gözel ýerleriň biri hasaplanýar.

Dünýä atyr saçanda

«Atyr geçmişe dolap bilýän ýeke-täk jadyly çüýşejik» diýsek ýalňyşmarys. Duýgulary hiç bir zat hoşboý ys ýaly çuňňur oýaryp bilmeýär. Hakykatdan-da, atyr göýä çüýşä gaplanan geçmişiň bir bölegi. Şonuň üçinem häzirki döwürde parfýumeriýa pajarlap ösdi. Indi atyrlar diňe bir geçmiş, ýatlamalar ýa-da kimdir biri barada däl, eýsem, tutuş dünýä, gözel ýerler, ülkeler barada-da söz açýar. Hyýalyňyzda dünýä syýahat etmek isleseňiz, «Memo» atyryndan sepiniň. Onuň bir çüýşesi Mýanmanyň «Inle» kölüni, ýene biri Müsüriň «Siwa» jülgesini, Latyn Amerikasynyň «Manaosyny», Afrikany, Aziýany we dünýä kartasyndaky beýleki täsin ýerleriň özboluşly tebigatyny hyýalyňda janlandyrýar. Sebäbi «Memo» markaly atyrlary döreden ispaniýaly Klara Molloý dürli ýerlere syýahat etmegiň aşygy. Ol syýahatçylygy ömrüňi bezemek, gözelleşdirmek hasaplaýar.

Öý bikesi öwrense...

Ýaga bişen dolama Hamyry üçin gerekli önümler: suw, 1 ýumurtga, 2 çemçe ýag, duz, un.

Maşgala ojagy – terbiýe mekdebi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar. Her bir çaga maşgalanyň dowamaty hem-de berkleşdiriji güýçdür. Bagtyýar çagalar bilen her bir ojak şatlyk-gülki bilen beslenýär. Maşgala döwletiň kiçijik bir bölegi bolup nesliň dowamat bolýan, däp-dessurlarynyň berjaý edilýän ýeridir. Her bir bagtyýar maşgalada çaganyň dogulmagy iň şatlykly pursatlaryň biridir. Ene ençeme çaganyň arasynda öz bäbeginiň agy sesini seljerip bilýär, göwsüniň syzlamasyndan ukuda ýatan çagasynyň naharlanmak isleýändigini duýýar. Çaganyň sähelçe hereketine süýji ukuda ýatan ene oýanýar.

Eziz Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan

... Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn. Çünki öz il-halkymyň ykbalyna nur çaýýan işleri durmuşa geçirmäge güýçli ymtylyşymyň we yhlasymyň özeninde käbämiň ynamynyň ilkinji orny eýeleýändigine ynanýaryn. Biz eneleriň arzuwynyň geljegiň abadanlygydygy barada hemişe aýdýarys. Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi. Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri — beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goralmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir. «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar.