"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

1-nji dekabr – Bütindünýä AIDS-e garşy göreş güni

Saglygy goraýşyň möhüm ugurlary Ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, nesil saglygyny goramak maksady bilen, ençeme il bähbitli işler geçirilýär.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli. * * *

Saglyk — beglik

♦Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. ♦Witaminlere baý bolan gök we bakja önümlerini kabul etmeli.

Baş baýlygy goramak

Eziz Watanymyz bu günki gün sazlaşykly ösýän ýurt, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde tanalýar. Ýaş nesilleriň sagdyn ösmekleri, bagtyýar ýaşamaklary üçin giň şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň saglygyny berkitmek, degişli sagaldyş-dikeldiş işlerini geçirmek boýunça ägirt uly goldawlar berilýär. Elbetde, keseli bejermekden ozal onuň öňüni almak ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar. Şol ugra esaslanylyp, ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibi döredilendir. «Immuno-öňüni alyş» Milli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilip, degişli hünärmenler üçin häzirki zaman immunizasiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça okuw maslahatlary yzygiderli gurnalýar.

Lukmanyň maslahaty

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin:

Güýzüň öz ornuny sowuk gyşa berýän häzirki günlerinde bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.   Witaminlere baý önümleri iýmeli.

Kadaly iýmitlenmek sagdynlygyň gözbaşydyr

Gan basyşynyň ýokarlanmagy bedeniň agramy bilen bagly. Agramyň kadaly bolmagy arterial basyşy pese düşürýär. Hereket we fiziki işjeňlik saglyga täsir edýär. Munuň üçin her gün maşk etmeli. Aerob maşklary, ýöriş, haýal ylgaw, welosiped sürmek, suwda ýüzmek peýdalydyr. Günde altydan sekiz bulgura çenli arassa suw içmegi ýatdan çykarmaly däl. Zyýanly endiklerden daşda durmak ýürek-damar keselleriniň howpuny peselder we saglygyň umumy ýagdaýyny kadalaşdyrar. Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewi we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Sagdyn iýmitlenmegiň hem öz kadalary bar. Bu iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Mallardan alynýan önümlere garanyňda, gök-bakja we miweli önümlere has köp üns bermeli. Gök önümler dürli-dürli bolmaly. Sebäbi iýmitiň bir görnüşi bedeni gerek bolan ähli maddalar bilen üpjün edip bilmeýär. Mysal üçin, ýeralma bedeni C witamini bilen üpjün edýär, ýöne demir bilen bagly zerurlygy ýerine ýetirip bilmeýär. Onuň tersine, däneli önümler demre baý, ýöne olaryň düzüminde C witamini ýokdur.

Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumyna girýän Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana täze önüm — glisirrizin turşusynyň önümçiligine girişdi. Uly islege eýe bolan bu önüm eksport we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Täze kärhana iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. «MION & MOSOLE» atly owradyjy enjam önümçiligiň ilkinji basgançagynda buýan köküni iki tapgyrda gaýtadan işläp, ergini almak üçin zerur bolan böleklere bölýär. Soňra üç bölümde ornaşdyrylan «DELLA TOFFOLA» atly 54 sany ergin alyjy enjam işjeň madda bolan glisirrizin turşusyny saýlap alýar.

Sag­dyn dur­muş

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Türk­me­nis­tan — sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de bü­tin dün­ýä äş­gär­dir. Ýur­du­myz­da sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ug­run­da yzy­gi­der­li wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek bi­len bir­lik­de berk be­den­li, ru­hy kuw­wat­ly ýaş nes­liň ýa­şa­ýyş-dur­muş äh­mi­ýet­li iş­le­ri­ni sport ýö­rel­ge­le­ri­ni bi­len bag­la­nyş­dy­ryp, ola­ryň sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Alys gel­je­gi na­zar­la­ýan bu sy­ýa­sa­ty­myz «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, bu ugur­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyl­ýar. Mak­sat­na­ma esas­la­ýyn bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň my­sa­ly hök­mün­de, Kö­pet­da­gyň aja­ýyp kün­jek­le­rin­de gur­lan do­wam­lyl­ygy 8 km ba­ra­bar bo­lan Sag­lyk ýo­lu­na edil­ýän ge­ze­lenç­ler, ýö­riş­ler aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Sag­lyk ýo­ly, gel­ýän adam­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek bi­len ola­ry şäh­di açyk ed­ýär. Bir söz bi­len aý­da­ny­myz­da Sag­lyk ýo­ly bu ýe­re gel­ýän­le­re ru­hu­be­lent­lik paý­la­ýar. Se­bä­bi bu ýe­riň aja­ýyp dag te­bi­ga­ty, ekoul­ga­my sag­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin gel­ýän­le­riň göw­nün­den tur­ýar.

Kadaly iýmitlenmek — saglygyň girewi

Sagdyn bolmak talabalaýyk iýmitlenmek bilen hem gös-göni baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsan saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygy üpjün edýär. Bedene zerur önümler wagtynda ýetirilmelidir. Iň esasy zat hem, iýmitiň düzümi degişli talaba laýyk bolup, dogry berjaý edilmelidir. Gün içinde dört-bäş gezek, dürli-dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly, naharyň gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse, ýerlikli bolar. Nahardan soň, aýratyn hem, agşamlyk nahardan soň açyk howada gezelenç etmek iýmitiň siňmegine peýdalydyr. Sagdyn we kadaly iýmitlenmek üçin hökman öz maşgala lukmanlaryňyz bilen maslahatlaşmaly we berlen maslahatlary doly berjaý etmeli. Sebäbi olar siziň ýagdaýyňyza, ýaşyňyza seredip, size has gabat gelýän iýmitlenmek tertibini kesgitläp biler.

Gadymy dessurlar: çile saçy

Bäbejik dünýä inensoň, ol maşgalanyň göz-guwanjy bolup, öýde süýji aladalar başlanýar. Çaga doglandan kyrk güne çenli daşky howa şertlerine uýgunlaşma döwri dowam edýär. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän adatlara görä, şol döwre «kyrk çile» diýilýär. Ir döwürlerden bäri aňymyza siňen milli göreldämiz lukmançylygyň ündeýän kadalary, düzgünleri bilen gabat gelýär. Entek dogulmanka enesinden alan estrogen gormonlarynyň esasynda çagada kyrk güne çenli bedeniniň gyzarmagy, çile saçynda kesmekleriň bolmagy ýaly birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Saçdaky şol kesmekleri aýyrmak üçin pagta ýagyny ulanmak maslahat berilýär. Munuň üçin ýagy aýna gaba salyp, içi suwly gapda gaýnatmaly. Zyýansyzlandyrylan, ýagny sterilizasiýa geçirilen ýagy çaganyň çile saçyna çalyp, ýumşatmaly. Ondan soňra ownuk dişli darak bilen daramaly. Eger-de şol kesmekler wagtynda aýrylman allergiki ýagdaýlar ýüze çykan halatynda oňa ene-mamalarymyz «çile düşme» diýýärler. Lukmanlaryň dili bilen aýdylanda ekssudatiw diatez keseli ýüze çykýar.

Saglygy goraýyşda şöhratly sahypalar

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Onda halkymyzyň abadan we bolelin durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edildi. Munuň özi Halk Maslahatynyň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda, ýurdumyzy okgunly ösdürmegiň meselelerini çözmäge çemeleşmekde örän uly ähmiýete eýedigini görkezýär. Söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, saglyk, medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler geljek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary ýurdumyzyň baş ýörelgesi, belent tutumlary barada giň düşünje berýär. Bu şygarlar berkarar döwletiň, azat we erkin ýaşaýşyň ajaýyp senasy bolup ýaňlanýar. Häzir Türkmenistan döwletimiz abadan, asuda, gülläp ösýän, dünýäde öz mynasyp ornuny tapan, belent abraýa eýe bolan ýurda öwrüldi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan uly ösüşlere eýe bolýandygyna biziň her birimiz buýsanýarys.

Sapaly mekanyň şypaly merkezi

Hazaryň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňiz tolkunlarynyň akwatoriýasy, jana ýakymly howasy bilen sazlaşykly utgaşýan kenarynda bina edilen birnäçe ajaýyp şypahanalar, dynç alyş merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda. Ýylyň dört paslynda hem ilata şypahana hyzmatlaryny hödürläp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlaryny we hoşallyklaryny buýsançly beýan edýän şypaly merkezleriniň birine öwrülen «Awaza» şypahanasy döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň miwesidir. Bu şypahanadaky işler raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilenleriň berjaý edilişiniň subutnamasydyr. Şonuň üçin hem bu ýere geleniňde, Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly eserindäki: «Ähli babatda nusgalyk täze şypahana — sagaldyş merkezleriniň gurluşygyny biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan başladyk, Hazaryň türkmen kenary öz gujagyndaky gapylary gurluşyk üçin giňden açdy. Eýýäm häzirki günde Awaza ýakyn wagtda umumy ykrar edilen halkara syýahatçylyk merkezine öwrüler diýip aýtmagymyz mahabat däldir» diýen sözleriniň durmuş hakykatyna şaýat bolýarsyň.

Awazadaky maslahat

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha kuwwatlanýan ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň rowaçly ösüşleriniň ýolundaky tagallalary» ady bilen göçme okuw-maslahaty geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň welaýat, etrap birleşmeleriniň işgärleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän maslahatyň esasy maksady kärdeşler arkalaşyklarynyň işini guramakdan we kämilleşdirmekden ybarat bolup, möhüm meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Maslahatyň dowamynda bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň täsirli çykyşlary we teklipleri diňlenilýär, sowal-jogaplar alşylýar. Şeýle-de maslahatyň dowamynda ýörite meýilnama laýyklykda medeni-sport çäreleri, Awazanyň gözel ýerlerine gezelençler guralýar.

Kadaly iýmitlenmek — sagdynlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda ilat arasynda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sport çärelerini ýaýbaňlandyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenmek ýörelgesini berkitmäge-de uly üns berilýär. Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly usuly bolup durýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, adamyň saglygynyň 60 — 70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne baglydyr. Kadaly iýmitlenmegiň dürli görnüşli bozulmalary keselleriň döremegine getirýär. Halkymyzda iýmite rejeli çemeleşmek we oýlanyşykly iýmitlenmek medeniýeti kämil derejä ýetipdir. Naharlanmak ähli fiziologik kadalara we ekologik talaplara laýyk gelipdir. Iýmite aýawly garalypdyr, ony uzak möhletiň dowamynda saklamagyň düzgün-kadalary, usullary işlenip düzülipdir. Türkmen maşgalasynda özüňi alyp barmagyň belent ýörelgeleri, şol sanda beden terbiýesi, naharlanmak edebi we dogry iýmitlenmek çaganyň aňyna guýlupdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyndaky şeýle ýörelgeleri berkitmek babatynda uly işler ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagy gazanyldy.

Baş baýlygyň goragynda

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde onkologiýa keselleriň öňüni almakda, ýokanç däl keseller boýunça «Türkmenistanda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» kabul edilmegi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Onkologiýa merkeziniň gurulmagy, olaryň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde howply we howply däl täze döremeleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we gözegçilikde saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Howply täze döremeleriň (HTD) gelip çykyşyny öwrenmek, olary bejermek, öňüni alyş çärelerini anyklamak häzirki zaman lukmançylygynda iň bir wajyp meseleleriň biridir. Esasan hem, keseliň öňüni alyş çärelerini bilmekligiň zerurlygyny nygtamak möhüm bolup durýandyr.

Halkyň saglygy hakyndaky alada

Sagdynlyk ynsan durmuşyny gözelleşdirýän, ony geljege sary umytlandyrýan sütündir. Hut şonuň üçin, bu tükenmez baýlygy aýawly saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki sagdyn ynsanlardan, sagdyn jemgyýet emele gelýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen özgertmeleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen we bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna esaslanýar. Kabul edilen degişli resminamada göz öňünde tutulan ugurlar boýunça işler dowamly amala aşyrylmak bilen, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Gaýtadan kabul edilip, degişli maksatnamanyň çäklerinde has giň gerimli wezipeleriň kesgitlenendigini we olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ol önümler ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Üstümizdäki ýylda hem Aşgabat şäherinde täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna gar

Lukmanyň maslahaty

Baş baýlygyň goragynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, çagalygy we eneligi goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň badalga bermeginde milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Etrabymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň düzgünlerini we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýeti we fitoterapiýanyň saglygy berkitmekdäki orny barada halkyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýärler.

Turp — gurp

Güýz paslynyň esasy önümleriniň biri turpdur. Ol özüniň bejerijilik häsiýeti bilen tapawutlanýar. Turp adam saglygyny berkitmek üçin halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň düzüminde beloklar, uglewodlar, C, B1, B2 ýokumlary, organiki turşulyklar, efir ýaglary we glýukozoidler bardyr. Dürli maddalara baý bolan turpy, esasan, güýz, gyş hem-de ýaz aýlarynyň başynda bedende ýokumlaryň we mineral duzlaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin ulanmak netijelidir. Onuň ýokançlyklara garşy göreşmek ukyby hem güýçlüdir.

Saglyk başymyzyň täjidir

Adamyň bedeniniň islendik agzasynda dürli sebäplere görä sowuklama we beýleki keseller ýüze çykyp bilýär. Ýiti respirator keselleri çagalaryň hem-de uly ýaşly adamlaryň arasynda aýratyn ýygy duş gelýän keselleriň biridir. Ýokary dem alyş ýollarynyň ýiti ýokançly keselleriniň toplumy bolan respirator ýokanç keseller 2 topara bölünýärler, ýagny bakteriýalaryň döredýän ýiti respirator keselleri hem-de wiruslaryň döredýän respirator keselleri. Ýiti respirator keselleriň ählisi syrkawdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar hem-de, esasan, birmeňzeş kliniki alamatlar (gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk) bilen ýüze çykýar. Köplenç wirus keseliniň üstüne bakteriýalar goşulyp, dem alyş, ýürek-damar, nerw, peşew çykaryş ulgamlaryny zeperleýär. Keseliň ýaýraýan güýz-gyş möwsümlerinde onuň wirusly gaýraüzülmeleri ýygy duş gelýär. Ýiti wirusly kesel bilen kesellän näsagy maşgala lukmanyna görkezmek hökmandyr. Lukman syrkawyň umumy ýagdaýyny barlaýar, onuň bilen sorag-jogap alyşýar, burun-damakdan alnan çyrşagyň barlagynyň geçirilmegini üpjün edýär. Barlaglaryň netijesine görä bejeriş belleýär we syrkawa ýatymlaýyn şertlerde bejeriş almagy maslahat berýär. Ýiti wirusly keseliň aýak üstünde geçirilmeginiň ýüregi, böwrekleri, nerw ulgamyny zeperläp, howply gaýraüzülmelere getirip biljekdigini unutmaň. Agyr ýagdaýlarda «Tiz kömek» gullugyna jaň etmek, syrkawy ýokanç