"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

BÜDÜR-SÜDÜR TENIATERUM / Лентоостник шероховатый

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Büdür-südür teniaterum — däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15 — 40 sm birýyllyk otjumak wekili. Baldagy kökýanyndaky ýapraklaryndan uzyn. Umumy gül çogdamy —  hakyky baş.

Bal we saglyk

Ary baly — bu tebigy taýdan arassa önüm bolup, düzümi witaminlere, fermentlere, mikroelementlere, şeýle-de adam bedeni üçin gerek bolan maddalara örän baýdyr. Balyň ýakymly ysy düzümindäki organiki maddalara we haýsy ösümlikleriň gülünden ýygnalandygyna bagly bolýar. Bu maddalar ary balynyň saklanyş ýagdaýy bozulanda hiliniň we tagamynyň üýtgemegine getirýär. Ary balyny dogry saklamagy başarmaly. Onuň süýjüligini we tagamyny köp ýyllaryň dowamynda saklamak isleseňiz, onda keramika, farfor we çüýşe gaplarda agzy berk ýapylan we ýiti Gün şöhleleriň düşmeýän ýerinde goýmaly hem-de çygly ýerlerden goramaly. Demir we plastik gaplarda saklanan balyň düzümi üýtgemek bilen bolýar.

Saglyk — beglik

Gyş argynlygyndan çykylyp, bahar paslynyň maýyl ediji howasynyň täsirine berilýärsiň. Ýöne pasyllaryň çalşygynda howanyň üýtgäp durýanlygy sebäpli, bedende käbir gowuşgynsyzlygyň emele gelmeginiň ahmallygy ýüze çykýar. Günüň dowamynda howanyň üýtgäp, ýagny säher çigrekligi, günorta wagty gyzmagy, agşamlaryna bolsa howanyň sowamagy hroniki nähoşlugy bolan adamlarda birahatlyk döredýär. Pasyllaryň çalşygy döwründe howa durumyna uýgunlaşma adamlaryň hersinde dürli ýagdaýda geçýär. Çünki howa şertleriniň üýtgäp durmagy ynsanyň immun ulgamynyň goragyny pese düşürýär. Pasyldan-pasla geçiş günlerinde dümew, sowuklama, ysgynsyzlyk ýaly nähoşluklara, irden köplenç ukynyň basmarlamagynyň duýulmagynyň köp duş gelmegi hem howanyň şol ýagdaýlary sebäplidir.

Bahar paslynda keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sepgit döwründe döräp biläýjek möwsümleýin kesellere duçar bolmazlyk üçin her bir adam öz saglygyny goramaga örän jogapkärli çemeleşip, bellenilen kadalary berjaý etmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýermeli. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaly.

Ýurdumyzyň sagdynlyk ýörelgesi

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň sag­dyn be­den­li, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ra­ýat­la­ryň äh­li­si jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne oňat dü­şün­ýär­ler. Sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­ga dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler tür­gen­le­riň sa­ny­ny art­dyr­ýar.

Ýa­şyl der­man­ha­na

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Hä­zir­ki za­ma­nyň hi­mi­ki bar­lag­ha­na­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän tej­ri­be­ler te­bi­ga­tyň dö­re­den ösüm­lik­le­ri­niň dü­züm bö­le­gi­niň sag­lyk üçin peý­da­ly ele­ment­le­re baý­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. «Ýa­şyl» bar­lag­ha­na­lar­da ge­çi­ril­ýän sy­nag iş­le­ri özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Der­man­lyk ösüm­lik­ler­inden taý­ýar­la­nyl­ýan se­riş­de­ler yn­san sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge, onuň ke­se­le gar­şy du­rup bi­li­ji­lik uky­by­ny ber­kit­mä­ge we köpsan­ly ke­sel­le­ri ýe­ňip geç­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi halk luk­man­çy­ly­gy­na esas­lan­ýan fi­to­te­ra­pi­ýa ugur­la­ry­nyň ösü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu ug­ra de­giş­li bo­lan «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly düýp­li yl­my işi luk­man­çy­lyk ba­bat­da tu­tuş adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň yl­my ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant­dyr.

Sag­dyn dur­mu­şyň hem­ra­sy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da dur­mu­şa ge­çir­ýän ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan ra­ýat­la­ryň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar.

Allergiýadan goranyň!

Allergiki ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin allergiýany döredip biljek maddalardan, serişdelerden daşda durmaly, kesellere garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrmaly. Allergiýa garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrmak üçin:

Suwda ýüzmegiň peýdasy

Suwda ýüzmek bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň özboluşly görnüşidir. Suwda ýüzmegiň aýratynlyklary suw gurşawynda fiziki işjeňlik bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýda adam bedenine, bir tarapdan, fiziki maşklar, beýleki tarapdan, suw gurşawy oňaýly täsir edýär. Suwda ýüzülýän wagty suwuň dykyzlygynyň howanyň dykyzlygyndan 769 esse ýokarydygy sebäpli, bu ýagdaý adama rahat halda  bolmaga mümkinçilik berýär. Suwuň ýokary ýylylyk geçirijiligi bar, hatda ýeňil fiziki işjeňlikde ýerine ýetirilende, bedenden energiýa sarp edilmegini talap edýär.

Haýyr-sahawatly işler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. 24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalaryň bu merkezde saglygyny dikeltmek boýunça geçirilmeli işleriniň meýilnamasyny tassyklady.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

— Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. — Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Saglyk başa tylla täçdir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerini nazarlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady nusgalyk derejede berkidildi. Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, işe girizilen döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň sany barmak büküp sanardan has köpdür. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak işleri köpugurly häsiýete eýedir. Döwletimiz raýatlaryň saglygyny goramakda durmuş ugurly syýasatyna, lukmançylyk hyzmatlarynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegine hem-de kämilleşdirilmegine, ekologiýa abadançylygyna, şol sanda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şunuň ýaly tutumlar ata Watanymyzy sözüň doly manysynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürdi.

Saglyk — başymyzyň täji

Paslyň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen çagalarda duş gelýän möwsümleýin kesellerden ägä bolmaly. Bu döwürde olaryň töwekgelçiligi artyp, ýiti respirator ýokanç keseller köpelýär. Ýiti respirator ýokanjy çagalarda iň köp duş gelýän keseldir. Bu keselde, esasan hem, ýokarky dem alyş ýollary zeperlenýär. Kesel howa, damja arkaly we galtaşma üsti bilen geçip biler. Ýiti respirator ýokanjy kliniki alamatlarynyň örän basym ýüze çykýanlygy bilen häsiýetlidir. Ilkinji 24 — 36 sagatda bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Bokurdagyň gijäp, agyrmagy, dem almagyň kynlaşmasy, sesiň gyrylmasy, ýürek bulanma we gaýtarma, işdäsizlik, ukusyzlyk, biynjalyk, keýpsizlik, yzygiderli aglamaklyk ýaly alamatlar bolup biler. Gury üsgürme, burnuň dykylmasy keselländen birnäçe sagat geçenden soň ýüze çykyp biler.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

♦Ýaz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň. ♦Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý ediň.

Oraza tutmagyň saglyga peýdasy

Türkmen halky päklige beslenip gelen Oraza aýyny ruhubelentlik bilen garşylaýar. Mukaddes aýyň gelmegine köpler sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Halkymyz täze dogan Aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýär. Oraza aýynda edilýän dilegler ynsany päklige, sagdynlyga, ynsanperwerlige ruhlandyrýar. Mukaddes Remezan aýy agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň, hoşniýetliligiň, ýagşy gylyk-häsiýetli, arassa ahlakly, göreldeli bolmak hakyndaky ýagşy doga-dilegleriň kabul bolýan aýydyr. Mukaddes Remezan aýynda Oraza tutmak bolsa adam bedeniniň ähli ulgamyny sagdynlaşdyrýar. Adatça, yzygider işleýän iýmit siňdiriş ulgamy agyz beklän adamda birneme dynçlykda bolýar. Şeýlelikde, beden agzalarynyň zeperlenen ýeri bar bolsa, azda-kände bitişmäge mümkinçilik bolýar. Oraza adamyň ýürek-gan aýlanyş, iýmit siňdiriş ulgamyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Adam bedeniniň degna ulgamyna has köp agram düşýär. Beýnidäki dokumalar we öýjükler endamyň iň näzik, şol bir wagtyň özünde-de gurluş taýdan has ösen bölegidir. Bu dokumalar we öýjükler tutuş bedeniň nerwleri bilen baglanyşyklydyr. Her bir öýjük aýratyn wezipäni ýerine ýetirýär. Köp işleýän merkezi degna ulgamy gany köp talap edýär. Iýmit siňdiriş agzalary nahardan doly bolanda, ganyň aglaba bölegi şol tarapa gönügýär. Netijede, beýnä barýan gan azalýar, gan ýetmedik beýniniň işjeňligi peselýär. Beýni öz funksiýasyny ýerine ýetirip bilmeýändigi üçin çe

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, paslyň talaplaryna laýyklykda geýniň! * * *

Çagalaryň sagdynlygy — maşgalanyň abatlygy

Enterobioz keseli dünýäde giňden ýaýran parazitar keselleriň biridir, ol, esasan hem, çagalaryň arasynda ýygy duşýar. Bu kesele «hapa elleriň keseli» diýilse hem dogry bolar. Enterobiozyň döredijisi ostrisalar, mikroblardyr. Ostrisalar diri jandarlar bolmak bilen, adamdan-adama galtaşma ýoly arkaly umumy zatlaryň — oýnawaçlaryň, mekdep enjamlarynyň (ruçka, galam we beýlekiler), şeýle hem arassalanmadyk iýmitleriň, gök önümleriň, miweleriň üsti bilen ýokuşýar. Ýokuşma howpy çagalaryň arasynda has ýokary bolýar, ýagny enterobiozly çagadan beýlekilere geçýär. Ostrisalar adam bedenine düşenden soňra, şobada alamatlar ýüze çykmaýar. Esasy ilkinji alamatlarynyň biri artbujakda gijeme alamatlarynyň ýüze çykmagydyr. Ostrisalar nerw ulgamyna, esasan-da, çagalaryň özüni alyp barşyna ýaramaz täsir edýär, ukusynyň bozulmagyna getirýär, kellagyry peýda bolýar, okuwa-işe ukyplylygy peselýär, ýatkeşligi, ünsi bozulýar, gaharjaňlyk we beýleki alamatlar ýüze çykýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Sport sagdynlygyň gözbaşydyr Sport bilen dostluk, ilki bilen, irki maşklary ýerine ýetirmek bilen başlanýar. Irki beden maşklary adama säher bilen aňsat oýanmaga itergi berýär, ertirlik naharyň oňat siňmegine ýardam edýär, beden myşsalaryny we süňk bogunlaryny berkidýär, beýniniň gan aýlanyşygyny, nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, bedeniň kesellere garşy durumlylygyny ýokarlandyrýar. Gijeki ukudan soň oýanan badyňa ýerine ýetirilýän irki maşklar, tutuş bedeniňe ýeňillik, synalaryňa ýazylganlyk bagyşlaýar, göwnüňi göterýär, durmuşa höwesiňi artdyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Irki maşklar her bir ýaşda-da peýdalydyr, olaryň ýerine ýetirilmegi üçin aýratyn wagt ýa-da uly bir güýç talap edilmeýär. Çagalar, göwreli aýallar, ýaşy gartaşan adamlar, hatda kiçi ýaşly çagalar üçin hem beden maşklarynyň ähmiýeti uludyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Edeni em lukmanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän özgerişlikler halkymyzyň saglygynyň bagtyýarlygynyň kepili bolup durýar. Halkyň saglygyny goramak, ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, saglyk durmuş kadalaryny düzgünleşdirmek üçin ýurdumyzyň hassahanalarynda ähli zerur şertler döredilýär. Sakarçäge etrap hassahanasynyň agzybir işgärleri ynsan saglygy ugrunda ýadawsyz göreşýärler. Olar ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, raýatlara berilýän lukmançylyk kömegini kämilleşdirmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny gowulandyrmak babatynda birnäçe işleri alyp barýarlar.

Saglyk

Sport — sagdynlyk, sport — gözellik, sport, bir söz bilen aýdanyňda, ýaşaýyşdyr. Bedenterbiýe adamda ruhubelentlik we sagdynlyk medeniýetini kemala getirýär.