"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Ussat halypany ýatlap

Gündogaryň akyldar şahyry, şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda magtymgulyşynas alym, akademik Baýmuhammet Garryýewiň hem doglan gününe 110 ýyl dolýar. Magtymgulynyň adynyň dünýä dolmagynda bu alymyň uly hyzmaty bar. Onuň 600-e golaý ylmy işiniň 100-den gowragynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegine bagyşlanandygy hem munuň aýdyň mysalydyr. Alym ýaşan 67 ýaşynyň elli ýylyna golaýyny akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmäge bagyşlady. Ol belli magtymgulyşynas, folklorşynas, göroglyşynas hökmünde tanalyp, bu ugurlarda önjeýli iş alyp baran alym. Yssy diýmän, sowuk diýmän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň döreden mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan folklor eserlerini toplap, ýazga geçiren, nusgawy edebiýatymyzyň ajaýyp eserlerini hem halkdan ýazyp alyp, kätipleriň, hatdatlaryň ýazan golýazmalaryndan göçürip, halka düşnükli bolan täze ýazuwa geçirip, halka ýetirenleriň biridir. Onuň işleýiş usulyna döwürdeş alymlarynyň köpüsi beletdir. Şu setirleriň awtory hem, alymyň şägirdi hökmünde ýanyna gatnan ýyllarynda onuň çekýän uly zähmetiniň şaýady bolupdy. Görnükli alym hakyndaky ýatlamalar onuň erjelligi, maksada okgunlylygy, köp ugurdan iş alyp baranlygy dogrusynda söhbet açýar. Baýmuhammet Garryýewiň halk arasynda bolup, folklor eserlerini toplaýşy dogrusynda filol

Şahyryň sowgady

Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede wagyz etmek maksady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat guraldy. Bu zyýarata Türkmenistandan baran wekiliýetiň düzüminde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekili hökmünde maňa hem gatnaşmak miýesser etdi. Türkmen edebiýatynyň iki ägirdiniň egin deňläp ýatan aramgähinde dünýä meşhur akyldarlarymyzyň ruhlaryna salama barlan pursatlarda Türkmenistandan baranlar ýerli türkmen watandaşlarymyz bilen örän tolgundyryjy duýgulary başdan geçirdiler. Goňşy döwletde ýaşaýan ildeşlerimiziň senaly dillerinde Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň ruhlaryny tirsegine galdyryp, olary hatyralap, şeýle-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, daşary ýurtly türkmen doganlarymyzyň türkmenistanly watandaşlary bilen didarlaşmagyna döreden mümkinçilikleri üçin iki ýurduň Prezidentlerine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza soňsuz alkyşlar beýan tapdy. Sapar tamamlanyp, ulaga münjek bolup duran wagtymyz ýanymyza Eýranda ýaşaýan iki sany türkmen gelni gelip, salaml

Rowaýatyň mesgeni

Giň meýdany tutýan Daýahatyn kerwensaraýy (il arasynda «Baýhatyn» diýlip atlandyrylýar) gadymy Jeýhunyň çep kenaryndan uzak bolmadyk çäkde ýerleşýär. Ol bir müň ýyla golaý mundan öň Amuldan Horezme alyp barýan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, häzirki Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazyk-günbatarda bina edilipdir. Bu Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoly boýunça Gündogaryň we Günbataryň arasynda güýçli söwda bolan döwürden has kämil görnüşde saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir. Onuň diwarlary, derwezeleri, toplumlary we gümmezleri çig we bişen kerpiçden gurlupdyr. Kerwensaraý ýerleşiş meýilnamasy boýunça 53 metr bolup, taraplary dörtburçluk görnüşe eýedir. Içerki dört eýwanly howlusynyň daşyny gurşaýan otaglaryň öňünde gaýtalanýan arkaly däliz ýerleşýär. Daýahatyn kerwensaraýy gala diwarlary bilen emele gelen örän uly gönüburçly howly giňişliginde bina edilipdir. Galanyň burçlarynda hem tegelek minaralar gurulypdyr. Olaryň arasynda peştag böleginden başga-da simmetrik ýerleşdirilen gönüburçly diňjagazlar bar. Arheologik gözlegler onuň diwarynyň IX-X asyrlarda gurlandygyny we «tahyriýa» diýlip atlandyrylan arap köşgüniň galan bölegi bolup durýandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Soltan we imperator

1071-nji ýylda Beýik Seljuk we Wizantiýa imperiýalarynyň taryhynda iň baý hyýala getirme bilen hem oýlap tapyp bolmajak bir waka bolup geçdi. Bu babatda Fýodor Dostoýewskiý: «Hiç haçan fabulalary, hileleri oýlap tapmaň. Durmuşyň berýänlerini alyň. Durmuş biziň ähli oýlap tapjaklarymyzdan has baýdyr!» diýende, juda mamla bolsa gerek. Seljuklar ozal parahatçylyk barada ylalaşyk baglaşan ýurdunyň özlerine garşy uruş turzup biljekdigine iň soňky pursatlara çenli ynanmandyrlar. Hatda aňtawçylar Alp Arslana üstüne ägirt uly goşunyň sürnüp gelýändigini aýdanlarynda-da, ol imperator Roman Diogeniň ýanyna ilçi ugradypdyr. Emma Diogen onuň parahatçylyk hakyndaky teklibini gopbamsylyk bilen ret edipdir. Imperatoryň özüne çendenaşa ynamynyň nämä esaslanandygyna düşünse bolar, çünki britan ylmy barlagçysy Kerol Hillenbrandyň ýazmagyna görä, ol Alp Arslanyň 40 müň atlysynyň garşysyna 600 müň adamlyk goşuny sürüpdir.

Müňýyllyklaryň müdimi ýaňy

Gündogaryň beýik söz ussady, akyldary hem danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýäde giňden dabaralandyrylýan ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp ylmy-populýar kitabyny halkymyza peşgeş bermeginiň aýratyn çuňňur manysy bar. Hormatly  Prezidentimiz bu kitabynda: «Ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýäniň ykbaly bilen dahyllydygyna, oňa diňe oňyn tarapdan täsir edýändigine tüýs ýürekden ynanýaryn» diýip belleýär. Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat köptaraply häsiýete eýe boldy. Onuň esasy maksady binagärlik, dizaýn we gurluşyk pudagynda taryhy tejribäni paýlaşmak hem-de täze tehnologiýalary öwrenmekde ylmyň ösmegine we ýaýramagyna goldaw bermek bolup durýar. Şeýle maslahaty geçirmek arkaly tejribe we gazanylan üstünlikler boýunça alyş-çalyş etmek maksady bilen, ylmy-amaly aragatnaşygy giňeltmek hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şol sanda beýleki ýokary okuw mekdepleriň ýaş alymlarynyň geňeşleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek göz öňünde tutuldy. Bu halkara forumda diňe bir ýokary okuw mekdebiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň binagärlik-g

Köne Sarahsyň taryhyndan

Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde gazuw-barlag, rejeleýiş, berkidiş işlerini geçirmäge döwlet tarapyndan möhüm ähmiýet berlip, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işlere Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, onuň düzüminde hereket edýän goraghanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, daşary ýurtly alym arheologlar işjeň gatnaşýarlar. Köne Sarahs şäheriniň öwreniliş taryhyna nazar aýlasak, Zakaspiý oblastynyň naçalnigi A.Komarow ilkinji gezek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda ol ýerden ýerüsti tapyndylary ýygnapdyr. XX asyryň başlarynda akademik W.Bartold bu şähere degişli taryhy çeşmeleri öwrenipdir. Köne şäherde ilkinji gezek gazuw-barlag işlerini 1953-nji ýylda alym A.Maruşenko geçirýär. Şeýlelikde, köne Sarahs şäheri alymlaryň, arheologlaryň üns merkezine öwrülipdir. 1953 — 1957-nji ýyllar aralygynda Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasynyň XIII topary G.Adykowyň ýolbaşçylygynda bu ýerde barlag işlerini alyp barýar. Şondan soň köne şäheriň merkezi galasynda we şähristanynda öňki TSSR Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň Ö.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky arheologik ekspedisiýasy gazuw-barlag işlerini geçirdi.

Änew medeniýeti — milli buýsanjymyz

Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň döreden medeni gymmatlyklary diňe sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşine uly goşant goşdy. Mälim bolşy ýaly, mundan ençeme asyrlar öň dörän taryhy, medeni gymmatlyklarymyzyň ençemesi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Olar häzirki döwürde-de düýpli öwrenilip, geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi-de, munuň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, tutuş ýylyň dowamynda bu gadymy şäheriň ýadygärlikler toplumynyň şanşöhratyny bütindünýä ýaýmaga, Änew medeniýeti bilen dünýä halklaryny içgin tanyşdyrmaga giň mümkinçilikler döredi. Ylmy çeşmelerden bilşimize görä, Änew şäheriniň at-owazasy asyrlara uzan künjegiň taryhyny öwrenmäge gatnaşan, bu ugurda uly işleri amala aşyran alymlar, arheologlar gadymy mekanyň geçmişini öwrenmekde asylly goşant goşdular. Änew medeniýetini öwrenmek bilen, köp sanly ýadygärlikleriň we gymmatlyklaryň üsti açyldy. Şol tapylan ýadygärlikleriň we gymmatlyklaryň örän gadymylygy, gymmatlydygy subut edildi.

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Geçen asyryň 70-nji ýyllary Türkmenistanyň gaz senagaty üçin örän öndümli döwür boldy. Ýurdumyzyň nebitgazçylarynyň, geologlarynyň ýadawsyz zähmeti, uly tagallalary bilen dürli ýyllarda açylandygyna garamazdan, şol döwürde ulanyşa girizilen gaz we gazkondensat känleri milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna önjeýli goşant goşdy. Gorlary boýunça iri hasaplanýan Kükürtli gazkondensat käni Türkmenistanyň demirgazyk-gündogar böleginde, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýär. Onda gözleg-barlag we ulanyş guýularda paleozoýyň dislosirlenen jynslarynyň üstünde ýatan mezozoý we kaýnozoý eýýamynyň çökündileri açyldy. Kükürtli gazkondensat käni ХI, ХIIa, ХIIb, ХIII, ХIV, ХVII kükürtsiz gorizontlardan gazy almak bilen, 1970-nji ýylda ulanyşa girizildi. Düzüminde kükürt bolan ХV gorizont bolsa 1983-nji ýylda ulanylyp başlandy.

Pyragynyň taglymy we berkararlyk bagty

Şygyr bilen sözlän, ady kalplarda ebedi ýaşaýan, geçmişiň, şu günüň, geljegiň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýürekden-ýürege barýan paýhasy her bir ynsana her ädimde ýolgörkezijidir. Watançy şahyryň ylmy-pelsepewi, dünýewi garaýyşlary halky jebisleşdirmekden, adalatly jemgyýetçilik gurluşyny hem-de milli döwleti döredip, binýadyny berk tutmakdan ybaratdyr. Dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň hataryna giren Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserleri, jemgyýetçilik-ahlak, ruhy-edebi, ylym-bilim taglymatlary, durmuş wakalaryna ýüzlenmeleri onuň bütin çeper-filosofik, syýasy-şahsy pikirlenmesiniň kämil derejesiniň önümidir. Nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň agramly böleginde, pelsepewi temalarynyň many gatlaklarynda berkarar döwleti gurmak üçin binýat bolan ideýalar, öwüt-nesihatlar bar. Öňdengörüji şahyryň edebi mirasynda erkin jemgyýetiň hem-de özbaşdak döwletiň bar ýerinde, il-ulus bolup, bir agza bakylanda, abadançylygyň hem rowaçlygyň mümkin boljakdygy ündelýär. Beýik dananyň şol niýet-arzuwlary, ýörelgelerdir maksatlary, döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen durmuşa geçip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düýp mazmunynda öz şöhlelenmesini tapdy.

Taryhy tapyndylarda sekizburçluk şekiller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny ylmy esasda öwrenmäge möhüm ähmiýet berlip, bu ugurda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şähryslamda alnyp barylýan arheologik barlaglaryň dowamynda maddy medeniýetimize degişli ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda metal önümler aýratyn orun tutýar. Geçmişde bu ýerde metaldan dürli görnüşdäki gaplary, bezeg şaý-seplerini hem-de durmuş esbaplaryny ýasapdyrlar. Demirden, esasan, çüý, petle, nal, gulp, gapan, gaýçy, pyçak ýaly hojalykda ulanylýan önümler, misden we bürünçden bolsa nepis bezelen gaplar, öý hojalyk esbaplary, bezeg şaý-sepleri ýasalypdyr. Bu tapyndylaryň arasynda çyradanyň ýokarky bölegi hem bolup, onuň ýüzünde sekiz burçly şekil ýerleşdirilipdir. Bulardan başga-da, Şähryslam ýadygärliginde geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde, diwar bezeginde ulanylan plitajyk ýüze çykarylypdyr. Onuň ýüzündäki sekizburçlugyň ortasynda tegelek zolak ýasalyp, içinde dört sany goçbuýnuz şekili ýerleşdirilipdir.

Taryhy gollanma

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly  türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan kitaby giň okyjylar köpçüligine gymmatly sowgat boldy. Taryhymyza nazar aýlasak, türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat sallançagy boldy. Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrypdyrlar. Olardan miras galan baýlyklarymyzyň biri hem kitapdyr. Çünki kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr, genji-hazynadyr. Adamlar kitap okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä, ylym baýlykdan haýyrlyrakdyr.

Soltan Sanjaryň ylma sarpasy

Halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, baý mirasyny öwrenmekde bize nusgalyk mekdep bolup duran Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Bir hakykat milletimiziň buýsanjyny goşalandyrýar: dünýäniň medeniýetleşmegine, bir gez ýokary göterilmegine itergi beren orta asyr Gündogar medeniýeti hut türkmenleriň agalyk eden, yklymlary dolandyran döwrüne gabat gelýär. Sebäbi türkmenler baran ýerini abat-abadan eden, medreseleri, ylym-bilim ojaklaryny gurduran, ylymly, düşünjeli, garadangaýtmaz halk hökmünde gadymy taryhy ýazuw çeşmelerinde orun alypdyr» diýip, buýsanç bilen belleýär. Munuň özi Türkmenistanyň çäklerinde dürli döwürlerde ençeme güýçli döwletleriň bolup geçendigi, bu çäkleriň gadymyýetden bäri ylmyň mizemez ojagy bolandygy, esasan hem orta asyrlarda Beýik Seljuk döwletiniň ylmy-bilimi, medeniýeti ösdürmäge uly goşant goşandygy baradaky taryhy maglumatlary ýene bir gezek subut edýär. Ylym ýoluna baş goýan alym-ulamalara, müritlerdir sopulara hormat goýmak Seljuk soltanlarynyň ählisine hem mahsus häsiýet bolupdyr. Aýratyn-da, Soltan Sanjaryň döwründe bu işler has hem ýörgünli bolup, ylmy ösdürmekde düýpli tapawutlanypdyr. Soltan Sanjar döwletiň paýtagtyny Merw şäherine geçirip, gadymy Merwi Horasanyň ylym-bilim merkezine öwrüpdir. Bu barada orta asyrlarda ýaşan eýran taryhçysy Rawendi özüniň ýazgylarynda: «Onuň (Soltan Sanjaryň) döwründe bu ýerl

Dünýä belli alymlaryň durmuşyndan

“Nobel” baýragynyň eýesi, italýan radiotehnigi we telekeçisi Gulelmo Markoni 21 ýaşyndaka “simsiz telegrafy” oýlap tapýar. Eýýäm 22 ýaşynda bu açyşyna tassyknama alyp, “Markoni K” atly läheň paýdarlar jemgyýetini esaslandyrýar. ***

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Has iri bölekleýin gurmak-gurnamak işleriniň ýokary netijeliligi Şatlyk gazkondensat käninde subut edilenden soň, bu usul gorlarynyň göwrümi boýunça ägirt uly gaz känleriniň hataryna girýän Döwletabat — Dönmez gazkondensat käninde hem ulanyldy we onuň netijesinde käni özleşdirmek işleriniň wagty iki esse diýen ýaly gysgaldyldy. Bu bolsa halk hojalygyna onlarça million manatlyk peýda getirdi. Känleri özleşdirmegiň bu usuly Üçajy, Seýrap, Malaý, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy hem-de ulanyşa taýýarlanylýan beýleki gaz we gazkondensat känlerinde ulanyldy. Döwletabat gazkondensat käni 1974-nji ýylyň ýanwar aýynda 1-nji belgili ölçeg (parametriki) guýudan 2 müň 292 metr çuňlukdan synag işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen açyldy. Döwletabat gurluşy (strukturasy) 1969 — 1971-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Gaz ýatagy tektoniki taýdan Gümmezli-Döwletabat gemiantiklinalyna we Bathyz-Garabil monoklinal ýapgydyna degişlidir.

Änew medeniýeti: gadymy dünýäniň sahypalary açylýar

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi milli taryhy-medeni mirasymyza goýulýan sarpanyň, ony düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak babatda edilýän işleriň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Munuň özi gadymy Änew medeniýetine, onuň arheologik ýadygärliklerine dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy. Şanly ýylda gadymy Änew şäheri bilen bagly gyzyklanmalar diňe daşary ýurtlularda däl, ildeşlerimizde, şol sanda mende hem döredi. Şoňa görä, irki döwürlerde ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleriniň tapylan, adamzat taryhynda gadymy ekerançylyk medeniýetiniň dörän sebitinde — Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine baryp görmegi maksat edindim. Sebäbi öz ýurduň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak, olary gözüň bilen görmek, bu barada geň, täze maglumatlary bilmek hemişe-de gyzykly.

Amul — Merw aralygyndaky kerwensaraýlar

Yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde Merkezi Aziýanyň çäginde Amyderýanyň goşandy bolan Zerewşan derýasynyň ýokary akymlaryndan başlanyp, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. Amul galasy bu üç ýurduň «Beýik Ýüpek ýoly: «Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly bilelikdäki hödürnamasy esasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan orun alan 31 sany taryhy ýadygärligiň biridir. Şu mynasybetli ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-26-njy aprelinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasynyň, Amul — Merw ugrundaky kerwensaraýlaryň taryhyny hem-de beýleki gadymy ýadygärliklerimizi öwrenmäge ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Orta asyrlarda Merkezi Aziýanyň iň möhüm şäherleri Amul hem-de Merw Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, olaryň ilaty ussaçylyk, dokmaçylyk we bu önümleriň söwdasy bilen meşgullanypdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde: «Gündogardan Günbatara gidýän ýollaryň esasy ygtybarly geçelgesi, şeýle-de Buharadan Merwe barýan iň gysga ýol Amulyň üstünden geçipdir» diýip bellemek bilen, şol şäherleriň täjirleriň we söwda kerwenleriniň amatly geçelgesine hem-de güzergähine öwrülendigine ünsi çekýär.

Günbatar Türkmenistanyň gaz senagatynyň düýni we şu güni

2011-nji ýylyň iýul aýynda Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda Hazar deňziniň türkmen böleginden ilkinji tebigy gazyň alnyp başlanmagyna we Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherinde ýerleşýän gazy gaýtadan işleýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabaralar bolupdy. Türkmenistanda tebigy gazyň gorlarynyň uly möçberiniň barlygy kesgitlenen. XX asyryň ikinji ýarymynda Ojak, Naýyp, Kükürtli, Şatlyk gaz ýataklarynyň açylmagy täze gazly ýerleriň işe girizilmegine, Günbatar Türkmenistandaky nebitli ýerlerden çykýan ugurdaş gazy doly peýdalanmaga mümkinçilik berdi. 1966-njy ýylyň oktýabrynda Ojak käni tejribe-senagat ulanyşynyň düzümine girizildi, şol ýylyň noýabrynda tebigy gazyň ilkinji kub metrleri Buhara-Ural gaz geçirijisine iberilip başlandy. Şeýlelikde, ýurdumyzda gaz senagatynyň düýbi tutulyp taryha girdi we sene hökmünde kabul edildi.

Şöhratly taryh, şanly ýeňişler, şuglaly geljek

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adamzadyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen sahawatly işlerini uly üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa ornaşdyrýan halk bähbitli özgertmeleri agzybir halkymyzy jebislik, bitewülik we Watanymyzyň beýik ösüşleriniň hatyrasyna yhlasly we döredijilikli zähmete joşdurýan, beýik üstünliklere ýetirýän kämil mekdep.   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň okyjylar köpçüligine sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly çuňňur paýhasa we parasada beslenen dürdäne eserini okanyňda bolsa, ýaşlary terbiýäniň täsirine salmakda taryhyň ähmiýetiniň juda uludygyna düşünýärsiň.

«Türkmen kalby» dünýämiziň bezegi

1941-nji ýylyň başlarydy. Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görülýärdi. Onda Türkmenistan tarapyndan türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärini dünýä ýaýjak äpet halyny dokamak teklip edilýär. Äpet haly Moskwanyň Uly teatrynyň sahnasyny bezemelidi. Maslahaty makul bilip, halyny dokamak üçin iň ökde halyçylary saýlamaly bolanda, Gyzylarbadyň halyçylarynyň 36-sy saýlanylyp, Aşgabada getirilýär. Olaryň arasyndan Käbe Wasowa halyçylara ýolbaşçy edilip goýulýar. Äpet halyny dokamaly halyçylaryň arasynda Käbe Wasowanyň gyzy Ogulgözelem bardy. Ýerli hünärmenler tarapyndan umumy meýdany 193 inedördül metr haly üçin adaty halylara salynýan gölleri, gyra nagyşlary ulaldylýar. Emma uly ölçegdäki halyny ýüwürtmäge laýyk jaý bolmanlygy üçin, ol häzirki «Ylham» seýilgähiniň ýerleşýän ýerinde çadyryň içinde ýüwürdilýär.

Taryhyň syry hem aýany munda, gadymy Änewiň beýany munda

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okap bolanymdan soň, aňymda fransuz ýazyjysy Žan Rostanyň «Hakyky ýazyjy bize tanyş zatlar hakynda gürrüň berip, haýran galdyrmagy başarýar» diýen jümlesi aýlandy durdy. Hakykatdanam Änewe ýygy-ýygydan ýolum düşüp dursa-da, bu şäheriň näderejede gadymydygy we ol gadymylygyň nähili gymmatlyklar bilen baglydygy hakynda henize çenli düýpli hem giňişleýin pikirlenmändirin. Şu hakda oýlanyp, bir hakykata has-da haýran galýarsyň, ol hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýaly giň kalbynda eziz Watanymyz bilen bagly her bir zada synmajak hormat-sarpanyň, özboluşly mähir-söýginiň egsilmezligi. Şeýle gymmatlyklardan kemal tapan bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gyzykly maglumatlardyr ýöredilýän çuňňur oý-pikirler seniň göz öňüňde gadymy Änewiň müdimi keşbini täzeden açýar. Keramatly toprakda, baryp, mundan ençeme asyr öň dörän ekerançylyk medeniýetiniň ähmiýetini ýüze çykarýan, ýaşy tas bir asyrdan geçýän gazuw-agtaryş işleri, olary geçiren alymlardyr arheologlaryň seljermeleri, bu ýerde ýaşap geçen taryhy şahsyýetleriň ömri we döredijiligi, gadymy şäheriň goýnunda ýerleşýän, geçmişiň syrly aýdymyna hiňlenip oturan binalar, ýadygärlikler hakda ýekänme-ýekän gürrüň berýän bu ajaýyp kitap geçmiş bilen geljegi biri-birine gowuşdyrýan köpri mysaly belent bir wezipäni ýerine ýetirip, dünýäniň çar künjüne