"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

«Ashgabat Open 2024»: ýaş tennisçileriň baýramçylygy

Sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri bolan tennis bilen ýurdumyzda dürli ýaşdaky adamlar meşgullanýarlar. Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda-da tennise gyzyklanma örän uludyr. Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda tennis boýunça 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa ýurdumyzdan ýaş türgenleriň 42-siniň gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Beýik Britaniýa, Hindistan, Eýran, Iordaniýa, Gazagystan, Malaýziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan ýaly ýurtlardan zehinli türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen ýaş tennisçileriň ýaryşy dost-doganlygyň baýramçylygyna öwrüldi. 11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bilen utgaşyp, baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Ýaryşa gatnaşýan wekiliýetleriň tanyşdyrylyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Açylyş dabarasynyň yzysüre halkara ýaryşyň ilkinji duşuşyklaryna badalga berildi.

Halkara ýaryşlar ussatlary öňe çykarýar

Gadyrly çagalar, hemmämize mälim bolşy ýaly, parahatçylygyň ilçisi bolan sport hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimizde barha pajarlaýar, ösýär, özgerýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesinden ugur alyp, 6 müňden gowrak adam Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy. Olar agzybirlikde bu ýörişiň lezzetini alyp, beden we ruhy sazlaşygy emele getirdiler. Bu ýöriş Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly guraldy. Şeýle hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bilýäňizmi näme, çagalar, köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş hem guraldy. Ýaryş köpçülikleýin ýörişiň çäklerinde geçirildi. Soňra Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine, ýurdumyzyň halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýelän türgenlerine we olaryň tälimçi

Bedenterbiýe, sport

Sagdynlygyň gözbaşy —Bedenterbiýe, sport.Bagtly ilde sözbaşy —Bedenterbiýe, sport. Ýaşlar erjel ugrunda,Parlar ýaşyl Tugum-da,Beýik döwrüň ruhunda,Bedenterbiýe, sport.

Şa ser­paý­la­ry gow­şu­ryl­dy

Günsaýyn gülleýän Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Pudagyň hünärmenleri döredijilikli zähmet çekip, ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine mynasyp goşant goşýar. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanandygy üçin hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanan raýatlarymyzyň hatarynda bedenterbiýe we sport ulgamynyň hünärmenleriniň hem bolmagy diýseň begendirýär. 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen dabarada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygy Gurtgeldi Garýagdyýewe, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy Hydyr Orazmämmedowa, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň kömekçisi Permangeldi Atamyradowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-ba

Aýdyň maksatlaryň binýady

Milli sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny artdyrmak, dürli ýaşdaky raýatlary sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly aýdyň maksatlar bedenterbiýe we sport baradaky döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, beden hem ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça sport ätiýaçlygynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyna gönükdirilendir. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynda bedenterbiýe hem-de sport babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri kesgitlenilýär. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň kepillikleri hem-de olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna umumy elýeterlilik, dürli ýaşdaky raýatlar toparynyň beden terbiýesine bolan gatnaşygynyň üznüksizligi we dowamlylygy, ilatyň durmuş goraglylygyna mätäç bolan gatlaklarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşini goldamagyň ileri tutulmagy, okuw-türgenleşik, bedenterbiý

Dünýä çempionatynyň medallary

2 — 8-nji dekabr aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionaty türkmen ýygyndysynyň agzalary üçin diýseň düşümli boldy. Ildeşlerimiz çempionatyň 7 medalyna eýe boldular. Abraýly ýaryşa dünýäniň 34 döwletinden 140 türgen gatnaşdy. Türkmen ýygyndysyna bolsa 15 türgen wekilçilik etdi. Ýaryşa gatnaşan ýygyndy toparymyza Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenow hem-de Şirin Kubaýewa ýolbaşçylyk etdi. Bu ýerde erkekler ýygyndy toparymyzyň agzalary hem, gyzlar ýygyndymyzyň wekilleri-de ajaýyp netijeleri görkezdiler.

Ruhubelentligiň hem sagdynlygyň baýramy

Asylly däbe eýerilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda nobatdaky Uniwersiada dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde görkezýän nusgalyk göreldesi ähli ildeşlerimizi, aýratyn-da, ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça güýç synanyşýarlar. Çekeleşikli bäsleşikler türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olary kämilleşdirmäge we geljekki ýaryşlara taýýarlamaga uly itergi berýär. Woleýbol, küşt, futzal, stol tennisi, suwda ýüzmek, tennis, basketbol, düzzüm ýaly görnüşler boýunça bäsleşikler çekeleşikli häsiýetde geçirilýär. Talyp ýaşlar diňe bir sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşiklerde ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, Uniwersiadanyň geçişini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurda žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlaryň paýyna jogapkärli wezipe düşýär.

Möhüm maksatnamanyň çäklerinde

Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ýolunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň bu ugruň eýe bolýan ajaýyp sepgitleriniň gözbaşydygyny bellemek gerek. «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň», şeýle-de ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerindäki sazlaşykly işler ulgamyň okgunly ösüşlerini şertlendirdi. Çünki bu resminamalar ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini kesgitledi. Bu maksatnama Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň sport ulgamyna ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýän resminama sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmeginde hem möhüm mazmuna eýe bolan çäreleri özünde jemleýär.

Futbol täzelikleri

Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň eda­ra bi­na­syn­da ýur­du­myz­da ýet­gin­jek­ler we ýaş­lar fut­bo­ly­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çi­ril­di. Gel­je­gi na­zar­la­ýan mas­la­ha­ta ýur­du­my­zyň Ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­na ag­za fut­bol mek­dep­le­ri­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň fut­bol mek­dep­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. 2013-2014-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda guralan ýaryşa etrabyň sport mekdeplerinden birnäçe türgenler gatnaşdylar.

Gyzykly bäsleşikler

Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýaýbaňlandyrylan innowasion sport hepdeliginiň çäginde fijital we kibersport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýlelikde, fijital-futbol boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň topary 1-nji orny eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Fijital-basketbol we fijital-stol tennisi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiş gazanmagy başardy. Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparlary degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler. Ýaryşyň çäginde Türkmenistanda ilkinji gezek fijital-küşt bäsleşikleri geçirildi. Onda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary öňe saýlandy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Kibersport (CS: Global Offensive) boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary 2-nji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary 3-nji orunlary eýel

Olim­pia­da­lar­da tä­ze sport gör­nüş­le­ri

Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna her gezek sportuň täze görnüşlerini girizmek özboluşly däbe öwrüldi. Munuň sebäbi Oýunlary kabul edýän ýurduň Halkara Olimpiýa Komitetiniň yglan edýän hemişelik sanawyna sportuň birnäçe täze görnüşini goşmaga hukugynyň bolmagyndadyr. Ýakyn geljekde geçiriljek tomusky we gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem sportuň birnäçe görnüşiniň girizilmegine garaşylýar. 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda bolsa kriket, lakross, skwoş, baýdakly-futbol, beýsbol ýaly görnüşler boýunça bäsleşikleri guramak meýilleşdirilýär. Kriket we beýsbol sport muşdaklaryna ozal hem tanyş bolup, dünýäde janköýerleriň iň köp tomaşa edýän görnüşlerine degişlidir. Hokkeý bilen amerikan futbolunyň birleşdirilmeginden dörän lakross oýnunda iki topar ýaşyl meýdançada ujunda torly gapan bolan taýagyň kömegi bilen topy birek-biregiň derwezesine geçirmäge synanyşýar. Tennise çalym edýän skwoş oýnunda türgenler ýapyk giňişlikde diwardan serpigýän topy raketka bilen gezekli-gezegine urup, garşydaşdan üstün çykmaga ymtylýarlar. Baýdakly futbol bolsa amerikan futbolyna çalym edýär. Bu oýunda topy almak üçin garşydaşy ýykmaga derek, onuň guşagyndaky lenta görnüşindäki baýdajygy goparmak ýeterlikdir.

Kämillik ýolunda

Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde güneşli Diýarymyz bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiz hemişe üns-alada bilen gurşalýar. Ata Watanymyzyň daýanjy, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almagy, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Paýtagtyň açyk birinjiligi

Bu gün eziz Diýarymyzdaky sport mekdeplerinde kämil türgenleri ýetişdirmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olarda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky döwrebap sport mekdeplerinde dürli ýaryşlar yzygiderli guralýar. 7-8-nji dekabrda 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly ýetginjek oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Bu ýaryş Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Gökje» sport desgasynyň sport zalynda geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde «Ýedigen-1» topary ýeňiji boldy. «Ýedigen-2» topary 2-nji, «Döwletliler» topary 3-nji orunlary eýelediler.

Sport — hemmeler üçin!

Sporty hem sagdyn durmuş ýörelgesini saýlaýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artmagy Watanymyzda durmuşa geçirilýän döwletli syýasatyň miwesidir. Şunda islendik ugur boýunça bilim alýan ýaşlaryň hem sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu hakykaty tassyklamak üçin biziň bilim ojagymyzda — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okaýan ýaşlaryň durmuşyndan mysal almak ýeterlikdir. Häzir mekdebimizde 13 bölüm hereket edip, talyp ýaşlarymyz aýdym-sazdan daşary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hem wagt tapýarlar. Olar Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň woleýbol, basketbol, kiçi futbol, ýeňil atletika, küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi, welosiped sporty, milli göreş, tanap çekmek ýaly bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Biziň ýaşlarymyz beýleki bäsleşiklerde hem ýeňiş ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň hem-de zyýanly endiklere garşy göreşmegiň ygtybarly serişdesi bolan bedenterbiýe we sport beden taýdan güýçli, ruhy taýdan sagdyn ýaş nesliň kemala gelmeginiň hem möhüm şertidir. Biz hem şol

Taryhda şu gün

Kuraşçylarymyzyň täze halkara üstünligi

Welaýatymyzyň dürli sport mekdeplerinde türgenleşýän ýetginjek kuraşçylar Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda medallaryň altysyna mynasyp boldular. 34 döwletden 140 pälwany özünde jemlän dünýä çempionaty ýaş derejeleriniň ikisi ― 14 we 15, 16 we 17 ýaşly türgenleriň arasynda geçirildi. 14 ― 15 ýaşly türgenleriň arasynda ildeşlerimiz bürünç medallaryň üçüsini gazandylar. Has takygy, Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Orazmuhammet Orazow, Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýan Serdar Kabulow we Türkmenabat şäherindäki 21-nji orta mekdepden Nurana Mergenowa dagy degişlilikde, 55, 60 hem-de 57 kilograma çenli agram derejelerinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Futzal ýaryşynda üçünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Futzal boýunça Türkmenabat şäheriniň kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşda üçünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklar uly hasaplara baý boldy. Ýaryşyň «A» toparçasynda «Bäş dogan» topary «Farap» toparyny 12:2, «Gurluşykçy» bolsa «Amuly» 20:3 hasabynda ýeňdi. Toparçada «Köpetdag» topary dynç aldy.

Şanly senä bagyşlandy

Babadaýhan etrabyndaky 19-njy orta mekdepde Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan küşt ýaryşy geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi tarapyndan guraldy. Ýaryşda okuwçy oglan-gyzlaryň onlarçasy akyl-paýhas oýny boýunça özara bäsleşdiler. Gyzyklanma eýe bolan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 15-nji orta mekdepden gelen okuwçylar toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. 8-nji orta mekdebiň topary ikinji, 6-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Küşt boýunça ýaryş geçirildi

Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna Tejen etrabyndaky 40-njy orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrabyň bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşyň esasy makşady şanly senäni dabaralandyrmakdan, okuwçy ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Gyzykly geçen ýaryşda etrapdaky 31-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 32-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeläp, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlaryna mynasyp boldular.