Çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri
Mähriban çagalar, adamyň saglygy oňa tebigy taýdan berlen iň uly baýlykdyr. Siz hem ony çagalykdan aýap we gorap saklamalysyňyz. Şu günlerde, ilki bilen iň derwaýys işi — arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmegi, agyz-burun örtüklerini dakynmagy, elleriňizi yzygiderli sabynlap ýuwmagy, köpçülikde talap edilýän 2 metrlik aralygy saklamagy dowam etdirmelisiňiz. Bu düzgünler bilen birlikde sagdyn durmuş ýörelgesine uýup ýaşamak her bir çaga üçin kada bolmalydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi, esasan, şulary öz içine alýar: kadaly gün tertibi, arassa howa, hereket, dogry iýmitlenmek, ruhy-emosional rahatlyk. Çagalar we ýetginjekler her günde, azyndan bir sagat wagtyny fiziki işjeňlige sarp etmelidirler. Bu diýildigi diňe sport türgenleşikleri däl-de, eýsem, pyýada ýa-da welosipedli gezelenç etmek, islendik hereketli oýunlary oýnamak ýaly hereketlilik hem bolup biler. Sagdyn durmuş ýörelgesinde kadaly uka hem aýratyn orun degişlidir. Talabalaýyk dynç alan çagalar ukusyny doly almadyklardan tapawutlylykda, has sagdyn we ruhubelent bolýarlar. Şonuň üçin mekdebe çenli ýaşly çagalar 9-10 sagat, mekdep ýaşly we ýetginjek çagalar bolsa 8-9 sagat uklap dynç almalydyrlar.