Şaşka boýunça bäsleşigiň netijeleri yglan edildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Milli şaşka merkeziniň, «Nebit-gaz» gazetiniň we «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 33 ýyllygyna hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlap, bilelikde yglan eden sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Bäsleşik şu ýylyň 1-nji fewralyndan 5-nji sentýabry aralygynda geçirilip, onuň dowam edýän döwründe gazetiň sanlarynda okyjylara Bütindünýä Intellektual oýunlarynyň ýeňijisi, Türkmenistanyň Milli şaşka merkeziniň agzasy, Balkan welaýatynyň ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebiniň tälimçi mugallymy Maksat Durdyýew tarapyndan taýýarlanylan şaşka meseleleri hödürlenildi. Şaşka meseleleriniň çözgütlerine baha bermek, ýeňijileri kesgitlemek Türkmenistanyň Milli şaşka merkeziniň, «Nebit-gaz» gazetiniň, «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalarynyň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan gelnen netijä laýyklykda amala aşyryldy. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bäsleşige gatnaşyjylaryň sany garaşylyşyndan hem artyk boldy. Intellektual oýun ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, bilim-ylym edaralarynda zähmet çekýän, okaýan mugallymlarydyr talyp ýaşlary, okuwçylary bir ýere jemledi.