Dünýä ýaň salýandyr türkmen sporty
«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda, asuda asmanymyzda parlaýan ýaşyl Tugumyzyň şuglasynda, täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlary, taryhy tutumlary, giň gerimli özgertmeleri netijesinde milli sportumyzy ösdürmegiň, onuň halkara derejede ykrar edilmegini gazanmagyň düýp binýadynyň goýlandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, durmuşa geçiren ägirt uly işleri esasynda eziz Diýarymyzyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegini bolsa Garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň ajaýyp üstünlikleriň biri hökmünde buýsanç bilen görkezmek bolar. Türkmenistanda sanlyja ýyllaryň içinde gurlan dürli sport desgalary Diýarymyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, şäherleriniň bezegine öwrülip, olar ilatyň saglygyny berkitmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini,