"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Tennis raketkasy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Spor­tuň sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis gör­nü­şi ra­ket­ka­ly oýun­la­ryň bi­ri­dir. Bu gy­zyk­ly oýu­nyň ta­ry­hy­na ser sal­sak, il­ki­baş­da oýun üçin di­ňe agaç­dan ýa­sa­lan ra­ket­ka­lar ula­ny­lyp­dyr, ýag­ny re­zin ör­tü­gi bol­man­dyr. Soň­ra dy­ky­lar­dan ýa­sa­lan ör­tük­li ra­ket­ka­lar peý­da bo­lup­dyr. Em­ma olar­da oý­na­mak amat­ly bol­man­dyr. 1903-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek gat­la­gy öý­jük­li kau­çuk­dan ýa­sa­lan ra­ket­ka ula­nyl­ýar. To­py her dür­li usul bi­len aý­la­mak, oňa gö­zeg­çi­lik et­mek müm­kin­çi­li­gi dö­räp­dir. Şeý­dip, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­ni­siň ka­da­la­ry üýt­ge­ýär.

Bedenterbiýe we sport

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem sport üstünliklerine beslenýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlarynyň halypalyk edýän toparlarynda türgenleşýän zehinli türgenleriň ençemesi dürli ýaryşlara, spartakiadalara, şeýle-de, halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Ýakynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde taekwondo (ITF) boýunça geçirilen Dünýä kubogynda sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Orazmyrat Çaryýew hem-de türgenimiz üstünlikli çykyş etdi. Şeýlelikde, Ysmaýyl Taýlyýew (35 kg) şahsy tuldan altyn, Orazmyrat Çaryýew (64 kg) kümüş medallara mynasyp boldular.

Kazandaky üstünlik

Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça ulularyň arasyndaky dünýä çempionatynyň hem-de 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginiň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň uly üstünligi bilen jemlenmegi sportuň bu görnüşinden milli mekdebimiziň ajaýyp ýeňşine öwrüldi. Dünýä çempionatynda 34 ýurda wekilçilik eden türgenleriň 250-den gowragy baýrakly orunlar ugrunda göreşdi. Ulularyň dünýä çempionatynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçylary Abdyresul Durdyýew (62 kg) bilen Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg) hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew (90 kg) garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, altyn medallary gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Erjel pälwan

Kämil mekdep hökmünde belli bolan türkmeniň pälwançylyk ýoly dünýä nusgalyk ägirtleri bilen halkymyzyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýratlylyk hem tutanýerlilik häsiýetlerini äleme ýaýdy. Bu gün türkmen pälwanlarynyň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýeten şol ýoluň has-da kämilleşdirilýändiginden nyşandyr. Ine, golaýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem-de 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginde türkmen pälwanlarynyň gazanan üstünlikleri hem bu hakykatyň subutnamasy boldy. Şol ýerde garşydaşlarynyň ählisinden rüstem gelip, dünýäniň çempiony bolmagy başaran ussatlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Abdyresul Durdyýewdir. 62 kilogram agram derejesinde göreşen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy A.Durdyýew bu çempionatda täjik, gazak hem mongol pälwanlaryny ahmyrda goýup, finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Jemleýji duşuşykda garşylyklaýyn zyňyş emelini ulanmak bilen, gyrgyz türgenini ýeňmegi ildeşimiziň dünýäniň çempiony bolmagyny şertlendirdi. * * *

Awtomobil sporty: ýeňişli menziller

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, awtomobil sportuny ösdürmek ugrundaky ädimleriň hem rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ösüşiň möhüm tapgyrlaryny ynamly geçen awtomobil sporty boýunça milli mekdebimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň döredýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde uly öňegidişliklere eýe bolýar. Türkmen ekipažlarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Bu hakykat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 26-27-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin sapar bilen ýurdumyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt bilen bolan duşuşygynda hem beýan edildi. «Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlygyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny, munuň bolsa türkmen türgenleriniň halkara derejede ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýandygyny belledi.

Kämilligiň çägi ýok

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hem sportuň köpçülikleýin meşgullanylýan görnüşleriniň biri futboldyr. Heniz mekdep ýaşyna hem ýetmedik çagalaryň howlularynda ýa-da öýleriniň töwereginde top kowalap ýören pursatlaryna häli-şindi gabat gelmek bolýar. Elbetde, topuň yzynda ylgap ýören her bir körpeden futbolçy çykanok. Sportuň ähli görnüşinde bolşy ýaly, futbolda hem, ilkinji nobatda, dogabitdi zehin, ukyp, başarnyk gerek. Balkan welaýatynda önüp-ösen Tirkişmyrat Sarymyradow hem kiçiliginden şeýle başarnyga eýedigini görkezmegi başardy. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparynda çykyş edýän ýarymgoragçy 2004-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Hojagala obasynda dünýä inýär. Şu obadaky 13-nji orta mekdepde bilimler dünýäsindäki ilkinji ädimini äden geljekki futbolçynyň maşgalasy Balkanabat şäherine göçüp gelýär we ol 2-nji synpdan başlap 15-nji orta mekdepde okap ugraýar.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 30-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Mary şäherinde ýerli «Merw» paýtagtymyzyň «Köpetdagynyň» derwezesinden jogapsyz iki top geçirip, utugyny 35-e ýetirdi. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Şöhrat Öwmadow (45+1-nji minut)) bilen Serdar Annamämmedow (64-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini»

Zenan futbolynyň taryhyndan

Zenanlaryň futbol oýnamagy orta asyrlara çenli Hytaýda-da, ösen Ýewropa ýurtlary bolan Angliýada, Germaniýada, Niderlandlarda hem kän bir oňlanylmandyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, bu ugurdaky tagallalar ýerine düşüpdir. Şotlandiýada ХVII asyryň ahyrlarynda zenan toparlarynyň arasynda resmi ýaryşlaryň guralandygy barada maglumatlar bar. Şeýle-de bolsa, 1970-nji ýyla çenli dünýäniň aglaba ýurtlarynda futbol diňe erkek kişileriň meşgullanýan sport görnüşi hasaplanypdyr. Muňa garamazdan, ABŞ-da, Norwegiýada, Şwesiýada, Italiýada, Germaniýada futbol bilen çynlakaý meşgullanýan zenanlar ýyl-ýyldan köpelipdir.

Halkara olimpiada üstünlikli geçirildi

Düýn — 29-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiýa tehnologiýalarynyň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň ýapylyşy hem-de halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu halkara olimpiadasyna Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynyň 21-inden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşdy.

Taryhda şu gün

Aslynda, bu iki milli ýygyndy şol ýylyň 30-njy noýabryna çenli ýoldaşlyk duşuşyklarynyň bäşisini geçiripdir. 1870-nji ýylyň 5-nji martyndaky ilkinji duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlanýar. 19-njy noýabrda geçirilen duşuşykda angliýaly futbolçylar 1:0 hasabynda üstün çykýarlar. 1871-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky duşuşykda ikinji gezek deňlik hasaba alynýar – 0:0. Soňky iki duşuşyk bolsa Angliýanyň milli ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanýar (1871-nji ýylyň 18-nji noýabry – 2:1, 1872-nji ýylyň 24-nji fewraly – 1:0).

Türkmenabatda futzal ýaryşyna badalga berildi

Türkmenabat şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli futzal boýunça şäheriň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ýaryşyň açylyş gününde «Bagtyýarlyk» futzal topary «Kerki» toparyny 11:8, «Amul» «Faraby» 9:4, «Zara» «Jeýhuny» 11:2 we «Gurluşykçy» topary «Köpetdagy» 8:4 hasabynda utmagy başardy.

Düzzüm boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde düzzüm boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň, Saýat etrabynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda aýry-aýrylykda geçirilen ýaryşda erkekleriň arasynda welaýat merkezindäki baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Eziz Artykow aýratyn tapawutlanyp, birinjiligi eýeledi. Ikinji we üçünji orunlara bolsa Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgenleri Amir Owezow bilen Gaýrat Bagtyýarow mynasyp boldular.

Sport — saglyk we belent ruh

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleri, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, şeýle-de ýaşlaryň boş wagtlaryny many-mazmunly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, golaýda TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Sport — güýç, gözellik, saglyk we belent ruh» diýen şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça  bäsleşik geçirildi. Bäsleşik diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Netijede, 1-nji orna mekdebiň 1-nji ýyl talyp oglanlardan düzülen «Ýyldyz», 2-nji orna talyp gyzlardan düzülen «Güneş» topary mynasyp boldular. Ýeňijilere TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

«Serie A»-da çempionlyk ugrunda ýiti göreş

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Sel­ta» bi­len du­şu­şyp, Ra­fin­ýa hem-de Le­wan­dows­ki­niň gol­la­ry esa­syn­da öňe saý­lan­dy. Ýö­ne 82-nji mi­nut­da Ku­bar­si­niň gy­zyl kart al­ma­gyn­dan soň 2 mi­nut­da 2 gol ge­çir­den ka­ta­lon­lar ýeň­şi el­den gi­der­di. «Re­al Mad­rid» bol­sa myh­man­çy­lyk­da «Le­ga­nes­den» Mbap­pe, Wal­wer­de hem-de Bel­lin­ga­myň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «At­le­tik» bi­len «Re­al So­sie­da­dyň» ara­syn­da­ky Bask der­bi­sin­de-de San­se­tiň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýe­ňiş bil­bao­ly­la­ryň ta­ra­pyn­da bol­dy. 1 aý tö­we­re­gi wagt­dan soň il­kin­ji du­şu­şy­gy­ny ge­çi­ren «Wa­len­si­ýa» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Be­ti­si» 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. «At­le­ti­ko Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da «Ala­we­si» Griz­mann we Sör­lo­tyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu du­şu­şyk tä­lim­çi Die­go Si­meo­ne­niň klub­da­ky 700-nji oý­ny hök­mün­de bel­li­ge alyn­dy. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da – «Mi­lan» bi­len «Ýu­wen­tu­syň» du­şu­şy­gyn­dan gol se­si eşi­dil­me­di. Bu ýeň­liş­siz ýo­lu­ny do­wam ed­ýän «Ýu­wen­tu­syň» 7-nji deň­li­gi­dir. Soň­ky çem­pi­on «In­ter» myh­man­çy­lyk­da «We­ro­na­nyň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 5 gol ge­çir­di. Gol­la­ryň 5-si hem 1-nji ýa­rym­da der­we­zä gi­ri­zilip, ola­ryň 2-si­ni Mar­kus Tu­ram

«Mançester Sitiniň» täze statistikalary

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Man­çes­ter Si­ti» soň­ky ýyl­lar­da­ky iň şow­suz gün­le­ri­ni baş­dan ge­çir­ýär. Äh­li ýa­ryş­la­ry go­şanyň­da, bas­syr 5-nji du­şu­şy­gyn­da-da utu­lan «Man­çes­ter Si­ti­niň» tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la­nyň şeý­le sta­tis­ti­ka­sy il­kin­ji ge­zek ha­sa­ba alyn­ýar. Öz meý­dan­ça­syn­da «Tot­ten­ham­dan» 4–0 ha­sa­byn­da utu­lan «Man­çes­ter Si­ti­niň» der­we­ze­sin­den gol­la­ryň 2-si­ni öz dog­lan gü­nün­de Jeýms Med­di­son, beý­le­ki­le­ri-de Por­ro bi­len Jon­son ge­çir­di. Pe­piň yz­ly-yzy­na bu ýeň­liş­le­ri tä­ze sta­tis­ti­ka­la­ry hem ýü­ze çy­kar­ýar. «Man­çes­ter Si­ti­den» öň çem­pi­on hök­mün­de 1956-njy ýyl­da yz­ly-yzy­na 5 oýun­da «Çel­si» ýeň­lip­di. Şol bir wag­tyň özün­de «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da 37 oýun­dan soň il­kin­ji ge­zek utul­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, «Man­çes­ter Si­ti» çem­pio­nat­da soň­ky ge­zek «Eti­had» sta­dio­nyn­da 2022-nji ýy­lyň 12-nji no­ýab­ryn­da «Brent­ford­dan» 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di. Şeý­le-de, «Man­çes­ter Si­ti» 2017-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan («Ewer­ton» – «M. Si­ti»: 4–0) bä­ri il­kin­ji ge­zek 4 gol ara­ta­pa­wu­dy bi­len utul­dy. Soň­ky ge­zek 2006-njy ýyl­da yz­ly-yzy­na 5 oýun­da utu­lan «Man­çes­ter Si­ti» çem­pi­on hök­mün­de bol­sa 1938-nji ýyl­da-da bas­syr 5 du­şu­şyk­da ýeň­lip­di we şol möw­sü­miň ahy­ryn­da-da 2-nji li­ga dü­şüp­di.

Dewis Kubogyny ýene-de Ita­li­ýa aldy

Ten­nis bo­ýun­ça er­kek mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky De­wis Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da Ita­li­ýa bas­syr 2-nji ge­zek ýe­ňi­ji bol­dy. Ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ry Is­pa­ni­ýa­nyň Ma­la­ga şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, fi­nal­da Ita­li­ýa bi­len Ni­der­land­la­ryň ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy. Ita­li­ýa çär­ýek fi­nal­da Ar­gen­ti­na­ny 2:1, ýa­rym fi­nal­da Aws- t­ra­li­ýa­ny 2:0 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ni­der­land­lar bol­sa çär­ýek fi­nal­da Is­pa­ni­ýa­dan 2:1, ýa­rym fi­nal­da-da Ger­ma­ni­ýa­dan 2:0 ha­sap­lar bi­len üs­tün çyk­dy.

Toýo­ta­da «Hy­un­dai» çem­pi­on boldy

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy, 13-nji bäs­le­şi­gi Ýa­po­ni­ýa­nyň To­ýo­ta şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 21 tap­gyr­dan yba­rat 302,59 ki­lo­metr­lik ýa­ryş­da «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si El­fin Ewans ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 3 sa­gat 24 mi­nut 41 se­kunt­da ýa­ry­şy ta­mam­lap, kar­ýe­ra­syn­da­ky 9-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ýa­ryş­da to­pa­ryň fran­suz sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie 2-nji, «M-Sport Ford» to­pa­ry­nyň fran­si­ýa­ly pi­lo­ty Ad­ri­en Fur­mo 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Ýa­ry­şy 6-njy orun­da ta­mam­lan bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will kar­ýe­ra­syn­da Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly pi­lo­ty utu­gy­ny 242-ä ýe­tir­di we 15 ýyl­lyk WRC kar­ýe­ra­syn­da il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. To­ýo­ta şä­he­rin­de «Hýun­dai» to­pa­ry­nyň çem­pi­on bol­ma­gy aý­ra­tyn bel­lär­likli­dir. Şol bir wag­tyň özün­de «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň 5 ýyl­lyk çem­pi­on­ly­gy­ny hem soň­lan­dyr­dy. Şeý­le-de, 36 ýa­şyn­da­ky sü­rü­ji Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji bel­gi­ýa­ly pi­lot hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Ol Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on bo­lan 22-nji sü­rü­ji hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Gyzykly geçen ýaryş

Golaýda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly şygar astynda hyzmat ulgamy işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda welaýat maýyplar bedenterbiýe sport klubunda sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň, Şabat etrap agyzsuw bölüminiň, Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň agyzsuw bölüminiň işgärlerinden düzülen ýygyndy toparlar gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň agyzsuw bölüminiň topary üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Şabat etrap agyzsuw bölüminiň topary ikinji, «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Erjeller ýeňiji boldy

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde okuwçy oglanlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynyň Kaka etrap tapgyry uly gyzyklanma eýe boldy. Etrabyň sport mekdebiniň döwrebap enjamlaşdyrylan zalynda geçen bu ýaryşy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de bilim bölümi bilelikde gurady. Ýaryş gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Sport janköýerlerinde uly täsirleri döreden şol duşuşyklar etrapdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçy oglanlaryň üstünligi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, agzalan mekdebiň topary ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Ikinji orna 20-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 14-nji orta mekdebiň toparlary mynasyp boldy.

Sport. Sport. Sport.

Sagdynlygyň sakasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sportuň ösdürilmegi babatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, döwlet, halkara derejelerinde dürli ýaryşlaryň yzygiderli guralmagy ýaşlaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrýar. Türkmen türgenlerimiz geçirilýän ýaryşlarda ukyp-başarnygyny görkezip, Watanymyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrýarlar.