"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyk — asylly ýörelgämiz

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanýandygynyň aýdyň we anyk subutnamasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sebit we ählumumy abadançylygy üpjün etmekde dost-doganlyk gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Aslynda parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi milli Liderimiziň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapýar.

Taryhy ähmiýetli tutumlar

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy okgunly ösüşe eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän uly möçberli maýa goýum taslamalary we tehniki-ykdysady maksatnamalar şol ösüşiň esaslary bolup durýarlar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebitgaz ulgamynda önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işleriň barha giň gerime eýe bolýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmekde, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň ýokary depgine eýe bolandygyny bellemek gerek. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi-de taryhy ähmiýete eýedir we bu ýurdumyzyň dost-doganlyk, özara yn

Arkadaga alkyş — kalplarda sena

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly üstünliklere beslenjek ýene bir ýylynyň — 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler şu günler ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň guramagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilip, ol «Bagtyýar halkymyz Siziň bilendir, eziz Arkadagymyz!» diýlip atlandyryldy. Partiýanyň şäher komitetiniň hem-de welaýat merkezindäki edara-kärhanalaryň ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen söhbetdeşlikde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda edilen işlere seljerme berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän 2021-nji ýylda amala aşyrylmaly wezipeler çäredäki çykyşlarda esasy orny eýeläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda beren tabşyryklary, maslahatlary, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara beslemek, Diýarymyzda gazanylýan ösüşleri halkyň arasynda wagyz etmek şol meýilnamanyň öze

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Arkadag Prezidentimiziň her bir eserinde döwrüň beýik ruhy galkynyşy örboýuna galýar. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýyl bilen adybir «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabyny giň okyjylar köpçüligine peşgeş berdi. Täze kitapda döwrüň aýratynlygy, milletiň pähim-paýhas hazynasy, ruhy gaýduwsyzlygy çeper beýanyny tapýar. Bilşimiz ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy umumadamzadyň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde möhüm orna eýedir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, ynsan mertebesini dabaralandyrmak ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen taryha şan beren milletimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki gazananlary, hemişelik Bitaraplygymyzyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara-hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegindäki mynasyp orny düýpli teswirlenilýär hem-de dünýäniň ählumumy wezipelerini amala aşyrmagyň mümkinçilikleri içgin seljerilýär.

Oguzhandan gelýän döwletli ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny sowgat etmegi geçen ýylyň iň ýakymly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz ençeme müňýyllyklaryñ dowamynda kemala gelen türkmeniň dünýä nusgalyk ajaýyp sypatlary barada edebi-filosofik mazmunda çuňňur manyly söhbet edýär. Eseriň eýýäm daşary ýurt dillerine hem terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine hödürlenilmegi onuň ähmiýetiniň juda uludygyny tassyklaýar. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen içgin gyzyklanýan her bir adamyň bu eseri okap, tutuş adamzadyň ösüş taryhynda öçmejek yz goýan halkyň milli gymmatlyklary hakynda giňişleýin düşünje alýandygy düşnüklidir. Okyjylaryň uly söýgüsine eýe bolan kitapda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle sazlaşyklylykda eseriň gymmatyny has beýgeldýän ýene bir ýagdaýa ünsi çekesimiz gelýär. Ýagny halkymyzyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary jemgyýetde asylly ýörelgäni ornaşdyrmagyň ähmiýetli gurallarydyr. Şolaryň netijeli peýdalanylmagy eseri has-da baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp eserinde tebigat we adam gatnaşyklary hakyndaky düşünje hem dürli wakalaryň ü

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň saýlap alan ösüş ýolunyň ygtybarlydygyna we beýik geljegi nazarlaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýer ýüzünde ykrar edilen şeýle bir hakykat bar: ykdysady taýdan beýik ösüşleri gazanmak üçin, ilki bilen, ýurtda dost-doganlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmeli. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dostluk, birek-birege bolan ynam has-da pugtalandy. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi öz gerimini barha giňeldýär. Dünýä ýurtlary Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ösüş gazanmak ýörelgesini doly makullaýarlar. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň saýlap alan ýolunyň nusgalyk ýoldugyny tassyklaýar.

Parahatçylygyň gözbaşy birek-birege bolan ynamdadyr

Ynamyň bar ýerinde dostlugyň, agzybirligiň, parahatçylygyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Bize çagalykdan edep-terbiýe berleninde-de: «Bir işe başlamakçy bolsaň, hökman özüňe ynamyň bolsun, diňe şonda sen şol işi soňuna çenli ýokary derejede ýerine ýetirmegi başararsyň» diýip, öwüt-ündew ederdiler. Hawa, her bir işde ilki bilen özüňe ynamyň bolmaly, ondan soňra ýakynlaryňa, dost-ýarlaryňa, daş-töweregiňi gurşap alýan tebigata ynanmaly. Birek-birege bolan ynam hem iki taraply bolmalydyr. Ynamyň we ynanjyň bar ýerinde üstünlikleriň açary eliňde bolýar. Mälim bolşy ýaly, bütin Ýer ýüzüniň halklary üstünliklere, özgerişlere bolan umyt hem-de ynam bilen 2021-nji ýyla gadam basdy. Şonuň bilen bilelikde Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz hem täze ýyly şanly wakalar hem-de ösüşler bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen 2021-nji ýyla «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen çuňňur manyny aňladýan şygar berildi. Hakykatdan hem, bu şygarda uly many-mazmun bar. Çünki birek-birege bolan ynanyşmagyň bar ýerinde parahatçylyk höküm sürýär. Parahatçylyk barada Gahryman

Dünýä ýurtlarynda

2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli guralýan çärelere ulaşýar. Ýylyň resmi taýdan başlanmagy bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyrdy.

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

2020-nji ýylda halkymyz tutuş dünýädäki dostlary bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň çärýek asyrlyk toýuny uludan toýlady. Taryh üçin uly bolmadyk bu döwür bir hakykaty dünýä äşgär etdi: türkmen Bitaraplygy halkara gatnaşyklarda aýratyn hadysadyr. Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyzlygy wysal bolandan soňra, Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, döwlet binamyzyň gaýym bolmagy üçin berk binýat bolan Bitaraplyk dünýä dolan beýik taglymdyr. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk dörediji taglymy bilen türkmen Bitaraplygy nur saçýan şamçyraga, kökleri berdaşly çynara öwrüldi. 1. TARYHY GÖZBAŞLAR, MIZEMEZ KÖKLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

3. GURLUŞYK-SENAGAT TOPLUMY WE ELEKTROENERGETIKA Halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň okgunly ösdürilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanyna hem-de döwrümiziň döredijilik ruhunyň beýanyna öwrüldi.

Bereketli saçaklaryň bezegi

Balkanabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Parfiýa — Gurluşyk» hususy kärhanasynyň unaş önümleri önümçilik bölüminde unaş önümleriniň on görnüşi öndürilip, olar müşderileriň arasynda barha artýan islegden peýdalanýar. Owadan gaplara gaplanýan unaş önümleriniň her günde 1 tonna çenlisi öndürilýär. Döwrebap önümçilik enjamlary ornaşdyrylan kärhanada çörek hem-de çörek önümlerini öndürmek işlerem utgaşykly alnyp barylýar. Hil taýdan ýokary talaplara laýyk gelýän önümler diňe bir welaýatymyzyň däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitleriniň sarp edijilerine-de ugradylyp durulýar. Islegli tikin önümleri

Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýar durmuşyň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine 2020-nji ýylda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny nazarda tutýan beýik işleriň amal edilmegi hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň bina edilmegi, täze-täze iş orunlaryny döredýän, şeýle-de halkymyzyň döwrebap ýaşamagyna, zähmet çekmegine gönükdirilýän kärhanalaryň işiniň ýola goýulmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ugrundaky işleriň aýdyň subutnamasydyr. Bu zatlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyz parahatçylygyň, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmagyny gazanmakda ajaýyp işleri durmuşa geçirýär. Geçen ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kabul edilen Kararnama ýurdumyzyň belent halkara abraýyny görkezse, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatyny

Röwşen geljegiň şuglasy

Taryh üçin gysga döwürde dünýäde özüniň mynasyp ornuny pugtalandyran ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň beýgelýändigini subut edýän şanly wakalar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň üstümizdäki ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi mähriban Diýarymyzyň dünýädäki belent abraýynyň hem-de öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlarynyň dünýä ykrarnamasyna eýe bolandygyny görkezýär.  «Parahatçylyk» we «ynanyşmak» diýen düşünjeler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Sebäbi ynanyşmak, düşünişmek, birek-birege hormat goýmak  arkaly parahatçylygy gazanmak mümkindir. Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr” diýen sözleri hem munuň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bitaraplyk syýasatymyz hem şol gymmatly ýörelgelerden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň özenini düzýär. Ata Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barýan işleri dünýä döwletleriniň we halklarynyň abadançylygyna hem ösüşine gönükdirilýär. Şonuň netijesinde bolsa, halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi berkeýär.

Ýyly üstünliklere beslemek ugrunda

Welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda brifing geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen brifingde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilendigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek üstümizdäki ýylda hem eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda tutumly işleriň durmuşa geçiriljekdigi, uly üstünlikleriň gazanyljakdygy barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Beýik Garaşsyzlygymyzy, milli bitewüligimizi pugtalandyrmakda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini artdyrmakda jemgyýetçilik guramalarynyň ýokary depginde iş alyp barýandyklaryny, möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatyny özleriniň baş ýörelgesi edinýändiklerini aýtdylar. Halk baradaky aladany ilkinji orunda goýýan Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Dillerde ajaýyp eseriň waspy

Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, pähim-paýhaslylyk, edep-ekramlylyk türkmen zenanlarynyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli aýratynlyklardyr. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, Tug ýaly belende göterilýär. Zenanlarymyzyň süňňüne siňen bu milli häsiýetler, aýratynlyklar arkaly ýaş nesilleriň kalbynda şan-şöhratdan doly geçmişimize, şu günümize buýsanç, geljegimize ynam terbiýelenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyz ene-mamalarymyzdan gelýän bu aýratynlyklary ýaş nesliň kalbyna guýmakda, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinden ugur alýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem halkymyzyň geçmişi, milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ýol ýörelgelerimiz, şöhratly taryhymyzy şu günlerimiz bilen baglanyşdyrýan wakalar çeperçiligiň ýokary nusgasynda beýan edilýär. Eziz Arkadagymyzyň ajaýyp eserini halk köpçüliginiň, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda wagyz etmekde geçirilýän dürli çärelerdir bäsleşikler bolsa uly ruhubelentlige beslenýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 4-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Ajaýyp, ýalkawly bu mekanlara diň salsaň, ondan, hakykatdanam, parahatçylyk hakyndaky ebedi arzuwlaryň sedasy eşidiler. Dünýä taryhynda öçmejek ýazgy galdyran Nusaý şalygynyň gadymy topragynda, häzir III müňýyllygyň başynda döwrüniň beýik taglymatlaryna ygrarly, dünýäde giňden meşhur bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň kalbynyň toýdugyny, şatlykdygyny, barlykdygyny, baýramdygyny bir gezek däl, onlap-ýüzläp gaýtalaýandyryn, gaýtalarynam.

Dogana gadyr bar, dostluga — sarpa

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we ýurduň asudalygyny, parahatçylygyny, döwletiň berkararlygyny, ilatyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýörelgeleri hemişe rowaçlyga eýe bolupdyr. Asylly maksady nazarlaýan şol ynsanperwer ýörelgeler nesilden-nesle, asyrdan-asyra geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler ynsanlaryň, halklaryň biri-birine ýakynlaşmagynda, dostlaşmagynda, doganlaşmagynda, ýurtlaryň dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. «Arkalaşan dag aşar» diýlişi ýaly, arkalaşyk ösüşe ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen halky agzybirlige, dostluga, doganlyga aýratyn sarpa goýýar. Muňa halkyň paýhas çeşmesiniň dürdänelerine nazar aýlanymyzda-da, olaryň many-mazmunyny tirenimizde-de aýdyň göz ýetirýäris. Olarda beýleki ynsanperwer, asylly häsiýetler bilen birlikde abadan, asuda, bagtyýar durmuşy, parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan hem-de ilkinji zerurlyk hasaplanylýan agzybirlik, dostluk, doganlyk, arkalaşyk, özara sylanyşyk ündelýär. Şeýle asylly we ynsanperwer häsiýetleri ruhy-medeni gymmatlyklar arkaly ündeýän halkymyzyň özünde şol häsiýetleriň jemlenendigi mälim, aýan hakykat.

Bitaraplyk we parahatçylyk — Türkmenistanyň dünýäde baky oňlanýan teklibi

Halkara habar beriş jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň XXI asyryň 21-nji ýylyny dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürýän taryhy ähmiýetli wakalara besleýändigi barada dürli žanrdaky täsirli çykyşlary berýärler. Munuň sebäbi bolsa döwrüň ýüze çykarýan hakykatlary bilen bagly. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz turuwbaşdan halkara derejeli wakalara beslendi. Wakalaryň bütin dünýäde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmeginiň ähmiýetini artdyrýan mazmun bilen beslenmegi, şeýle çykyşlaryň dünýä dolmagynyň sebäpleri hökmünde beýan edilýär.

Aşgabat — binagärligiň täsin nusgasy

Türkmen halky işjeňligi, zähmetsöýerligi, erjelligi bilen dünýäde özüni tanadan halkdyr. Köşkdür binalary, ýoldur köprüleri gurmakda geljekki nesillere nusgalyk miras galdyran ata-babalarymyzyň binagärlik sungaty bilen häzirki zaman ülňüleriniň özara sazlaşygyndan emele gelen nurana binalaryň gurulmagy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi, yzygiderli senagatlaşmagy ata Watanymyzyň ösüşlere beslenýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini Aşgabadyň ýurdumyzyň iri işewürlik, dolandyryş we jemgyýetçilik syýasy merkezine öwrülmeginiň, bu ýerde uly medeni, döredijilik, intellektual mümkinçilikleriň jemlenmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Ak mermere bürenen paýtagtymyzyň ençeme desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, soňky ýyllarda ylym-bilimiň, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde mertebesiniň ýokarlanmagy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasadyndan gözbaş alýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, ýurdumyzyň ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabadyň keşbiniň döwrebap gözelleşmegi, abadanlaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» paýtagtymyzy özgertmekde hil we mazmun taýdan täze derejäniň, öňdebaryjy halkara tejribäniň gazananlarynyň, iň kämil innowasiýalaryň üpjün edi