"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Hünäri ykbala öwren halypa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri hem Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününi agzybir halkymyz bilen bilelikde mynasyp derejede belläp geçýärler. Olar bu senäni «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem milli Liderimiziň baştutanlygynda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we oňyn döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli, çuňňur mazmunly we giň möçberli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek ugrundaky ýokary netijeler bilen garşylaýarlar. Toý gününde Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diplomatiýasynyň ilkinji «kerpiçlerini» goýan halypalar barada söz açmak, olaryň söhbedini diňlemek aýratyn buýsanç döredýär. Şuny nazara alyp, biz hem milli diplomatiýa ulgamynyň ösmegine ägirt uly goşandyny goşan, ömrüniň manyly we ýokary netijeli zähmet ýoluny diplomatik gullugyna bagyşlan Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amangeldi Rahmanow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Amangeldi Rahmanow, şu pursatda sizi diplomatik gullugyň işine höweslendiren ýagdaý barada bilmek geljekki diplomatlar hem-de okyjylar üçin täsirli bolsa gerek, gürrüňi şondan başlaýalyň?!

Berkarar döwletiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň düzgünleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de belent ynsanperwerlik däplerimiziň esasy bolup durýan demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky gymmatly garaýyşlary özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyklylyk we parahatçylyk hakyndaky ündewleri, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine siňdiren ýürek arzuwlary bu gün öz beýanyny tapýar. Döwrüň badyna, ýurtda gazanylýan ösüşleriň depginine laýyklykda Baş Kanun hem, onuň esasynda kabul edilýän hukuk resminamalary hem yzygiderli özgerdilýär, kämilleşdirilýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugrudyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň Konstitusion gurluşy kämilleşdirildi hem-de milli Parlamentimiz iki palataly ulgama geçirildi. Şuňa laýyklykda güneşli Diýarymyzy ösdürmek we hemmetaraplaýyn öňe alyp gitmek, şeýle hem jemgyýetimizi kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi. Bu kanunçylyk özgertmeleri ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ýokary belentliklere çykarmak boýun

Ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda

Şu ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda şeýle merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Merkezde hormatly Belent Serkerdebaşymyza uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berýän şekiller görkezildi, olar barada hasabatlar berildi. Döwlet Baştutanymyz merkezde görkezilen enjamlar bilen tanyşlygynyň dowamynda uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de enjamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary, çyzgylary bilen içgin gyzyklandy. Şeýle-de bu ýerde mähriban Arkadagymyza ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynda ulanylýan enjamlar, uçarmansyz uçarlaryň Watanymyzyň mukaddes çäklerinde wideogözegçiligi amala aşyrmakda ähmiýeti hem-de enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Serhet gullugynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi.

Abadan ýaşaýşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň: «Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmeli» diýen sözlerinden ugur alyp, ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň ýardamy bilen maýor Amanmyrat Momalakowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Ruhubelentlik — sagdynlygyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zyýansyzlandyryş işleriniň meýilnamalaýyn esasda alnyp barlyşy, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, witaminlere baý bolan önümler bilen iýmitlenmek, iki metr howpsuz araçägi saklamak we agyz-burun örtüklerini dakynmak barada çykyş edenler täsirli maslahatlary berdiler. Rahmet ALLAKULYÝEW,kapitan.

Türkmeniň ynanyşmak ýörelgesi

Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkidýän eziz Watanymyz Türkmenistan halkara syýasy ynamyny gazanmakda uly üstünlige eýe boldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli adyl syýasaty esasynda Türkmenistan bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasynda durnukly, ynanyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, goňşy döwletler bilen açyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi dünýä ýurtlarynyň biziň ýurdumyza bolan oňyn garaýyşlaryny kemala getirdi. Taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň parahatçylygy wagyz ediji ýörelgesine daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we özara ynanyşmak ýörelgesiniň has-da dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

4. YLYM WE BILIM Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. Munuň özi diňe bir täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda däl, eýsem, milli ylym we bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda-da ähmiýetlidir.

Türkmen diplomatiýasy: ählumumy ösüşiň bähbidine

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň açyklygy, ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýarlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi halkara durmuşynda türkmen diplomatiýasynyň ykrar edilmegine itergi berýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Bitaraplyk diplomatiýanyň ösmeginiň esasynda durýar. Diplomatiýa munuň özi köpugurly we köpmanyly düşünjedir. Diplomatik işiň ýöredilişiniň aýratynlyklarynyň we görnüşleriniň köpdürlüligi bu düşünje barada dürli garaýyşlaryň hem öňe sürülmegine ýardam berýär. Diplomatiýa döwletleriň daşary syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletleriň, olaryň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak boýunça resmi işdir. Bu döwletiň daşary aragatnaşyklary baradaky ylymdyr, halklaryň bähbitlerini özara ylalaşdyrmagyň, gepleşikleri alyp barmagyň sungatydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Bu şanly ýylymyzyň her bir güni täze ösüşlere badalga bolýar, köňüllerde, ýüreklerde buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, parasatly syýasatynyň netijesinde gazanylýan şeýle üstünlikler ýürekleri joşa getirýär.Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly taglymaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Biz muny hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalarynyň kabul edilendiginde hem aýdyň göz ýetirýäris. Iň esasy şeýle parasatly başlangyçlar umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýar, dünýäniň parahatçylygyny, ösüşini üpjün edýär. Munuň özi täze eýýamyň parahatçylyk taglymatydyr, dünýäniň ösüşini has-da tizleşdirýän, halklary dostlaşdyrýan asylly ýörelgedir. Şeýle taglymaty ýola goýan hormatly Prezidentimiziň beýik işleri halkymyzyň we adamzadyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen parahatçylyk ýörelgesi bu günki gün dünýä tarapyndan belent ykrarnama eýe bolýar. Muňa aýdyň nusga hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň iki gezek ykrar edilendigini aýratyn bellemek bolar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji deka

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 15-nji fewral (TDH). Şu gün wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn duşuşygyny geçirdi. Onda ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saz­la­şyk­ly ösüş­le­riň mi­we­le­ri

Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­li alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň iş ýü­zün­dä­ki be­ýa­ny­dyr. Şu ýy­lyň şy­ga­ry­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de ka­bul edi­len «2021-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma bi­len my­na­syp ut­gaş­ýan­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Ýyly­my­zyň baş şy­ga­ryn­da ýaş­la­ry Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­na çäk­siz buý­sanç hem-de söý­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ba­ra­da­ky pi­kir­le­riň hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny aýt­mak ge­rek. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­ýän, öz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti, me­de­ni­ýe­ti, öz­baş­dak içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty bo­lan, dün­ýä­de giň­den yk­rar edi­len pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji döw­let hök­mün­de ta­nal­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy bin­ýa­dy­nyň ber­ke­me­gin­de we hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da art­ma­gyn­da Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak adam­zat üçin iň ze­rur dü­şün­je­ler bo­lup, hä­zir­ki wagt­da bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bu ýö­rel­ge­ler hyz­mat­

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Munuň özi dünýä halklarynyň asuda durmuşda ýaşamak baradaky pikirleriniň esasyny düzýän beýik başlangyçdyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy maksatnamalary, dünýä halklarynyň isleglerini özünde jemleýän başlangyjy Ýer ýüzinde uly goldawa eýe bolýar. Çünki, dünýä halklary ynanyşmak bilen öňe gitmegi, asuda durmuşda ýaşamagy, işlemegi maksat edinýär. Şonuň üçin bilelikdäki tagallalar hem-de umumy jogapkärçilik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge mümkinçilik döredýär. Parahatçylykly ýaşaýşy üpjün etmek wezipesi ähli döwürlere hem ilkinji zerurlyk hasaplanylypdyr.

Çagalaryň hukuklarynyň goragynda

Çagalar — biziň geljegimiz. Ýurdumyzda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek, olaryň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan düýpli işler amala aşyrylýar. Muny çagalaryň hukuklaryny goramagy nazarlaýan kanunlarda we kanunçylyk namalarynda hem bütin aýdyňlygy bilen görýäris. Türkmenistanda adamyň, şol sanda çagalaryň hukuklary kanunçylyk esasynda goralýar. Şeýle resminamalar taýýarlanylanda, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende, Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryndan, ata-baba gelýän ýörelgelerden ugur alynýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem şolaryň biridir. Onda ýurdumyzda ýaş nesliň bähbitleri babatda döwlet syýasatynyň çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine we goralmagyna, çaganyň saglygynyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň goralmagyna, çaga babatda kemsitmelere ýol bermezlige, hukuklary bozulan ýagdaýynda olaryň dikeldilmegine, çaganyň beden, akyl-paýhas, ruhy we ahlak taýdan terbiýelenilmegine we ösmegine ýardam edilmegine gönükdirilendigi bellenilýär.

Demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmagy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine geçiriler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň internet-saýtynda (saylav.gov.tm) saýlawlar baradaky täzelikler, makalalar ilatymyza ýetirilip durulýar.

Ösüşli menziller

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy özgerişlere beslenýär Garaşsyz Diýarymyz bagtyýarlyk döwrümizde «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygar bilen beýik gülleýişlere ulaşdy. Ýurdumyzyň ägirt uly ösüşleri, ýeten kämil derejesi daglary ýada salýar. Daglar bolsa gatbar-gatlanyp, ýene-de daglara — beýikliklere çagyrýar.

Aşgabat: köne heňňam — täze eýýam

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen döwleti täze belentlikleri nazarlaýar. Ösüşleriň we zamanabap özgertmeleriň ählisiniň özeninde «Döwlet adam üçindir!» diýen belent maksatly şygar bolup, ol tutuş ýurdumyzyň we ähli halkymyzyň bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan döwlet Baştutanymyzyň bütindünýä derejesindäki ýokary ynsanperwer başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýandyr. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny», şeýle-de beýleki maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda takyk işler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde diňe bir gözel Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň işewürlik, medeniýet, ulag, söwda we ylym-bilim, innowasion merkezleriniň birine öwrüldi.

Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy biziň iň uly gymmatlygymyzdyr. Ol ene topragyny, ata Watanyny jandan söýýän halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşup, röwşen geljege bolan ynamyny artdyrýar. «Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan başlanýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Hawa, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzda dünýä ýaň salan tutumly işleriň ençemesi amala aşyryldy, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetildi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolsa bu üstünlikler has-da berkidilip, ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyz dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde bu gün ata Watanymyz ähli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde sebitde hem-de bütin dünýäde uly abraý-hormatdan peýdalanýar.

Baky bagty peşgeş beren Arkadaga alkyş bolsun!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyz turuwbaşdan özgerip, tutumlarymyz rowaçlyga beslendi. Hut şonuň üçinem dört ýyl mundan ozal Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň raýatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna agzybirlik bilen bir adam ýaly bolup gatnaşdylar we öz milli Liderini döwlet Baştutanlygyna täze möhlete saýladylar. Munuň özi halkyň erk-isleginiň aýdyň beýanyna öwrüldi we şol bir wagtyň özünde-de örän dürs ädim boldy. Taryhy wakalary peşgeş berip, tirkeş gurap geçip barýan ýyllar bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen görkezýär: ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly-uly ösüşlere eýe bolup, täze belentliklere bedew bady bilen ynamly barýar, halkara derejesindäki at-abraýy bolsa has-da belende göterilýär. Biz «Garaşsyz Watanymyz biziň her birimiz üçin ezizdir, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr» diýýän pähimdar Baştutanly ýurduň, «Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär» diýýän milli Liderli döwletiň we «Biziň ähli işlerimiz mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň hatyrasynadyr» diýýän Gahryman Arkadagly Watanyň raýatydygymyz üçin beýik bagtyň eýesidiris.

Arkadag

Döwletlisiň, döwranlysyň, halatlysyň, Arkadag!Gaýratlysyň, uçar guş deý ak atlysyň, Arkadag!Bu gün dünýä haýran galýar ýurdumyzyň badyna,Zemin içre at-abraýly, şöhratlysyň, Arkadag! Eziz Diýar ösüşlere beslenýändir gün-günden,Bütin älem nusga alýar bagtyýarlyk döwrüňden,Dowamat-dowamly bolsun şöhratyň hem, ömrüň hem,Ýer ýüzünde sylaglysyň, sarpalysyň, Arkadag!

Işde we durmuşda hemişe öňde

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşikde her bir gatnaşyjy özüniň iş ýeri, zähmet we durmuş ýoly, bagtyýar maşgalasy we jemgyýetçilik işlerine gatnaşyşy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly barada çeper sözlerde gürrüň berip, eşretli döwrümiziň hözirini görmäge ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdy. Netijede, Balkanabat şäherindäki 34-nji çagalar bagynyň müdiri Gülaýym Nyýazmämmedowa «Ýylyň işewür zenany», «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň ammarçysy Tuwaktäç Mämmetgeldiýewa «Ýylyň çeper elli zenany», welaýat medeniýet merkeziniň işçisi Gözel Hudaýberdiýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», 24-nji orta mekdebiň mugallymy Bibigül Nurjanowa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Aýna Haýdarowa «Ýylyň watançy zenany» diýen atlara mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýurt goragçylarynyň waspy

Golaýda maýor Aganazar Allaberenowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Biz — Watanyň goragçysy, galkany» atly diwar synlamalarynyň bäsleşigi geçirildi. Ökdelerden ökdeleri saýlan bäsleşik diýseň çekeleşikli geçip, oňa gatnaşan çagyryş boýunça harby gullukçylar öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde maýor Narly Garaýewiň serkerdelik edýän diwiziony 1-nji, maýor Guwanç Garagulowyň serkerdelik edýän diwiziony 2-nji, uly leýtenant Atabaý Muhammetmyradowyň serkerdelik edýän batareýasy 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Adalat HOJAKULYÝEWA,kapitan.