"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy

Garaşsyz Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alan Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Daşoguz şäher häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Parahatçylyk sazy — dostluk-doganlyk sazy» atly şygara beslenip geçirilen türkmen we doganlyk halklaryň aýdym-sazlaryndan, tanslaryndan düzülen baýramçylyk konserti aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Ruhubelentlige beslenen çäreler

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň muzeý bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Bitaraplyk röwşen geljegimiziň baky binýady» atly maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň we raýdaşlygyň mekany hasaplanýandygy hakynda buýsanç bilen nygtadylar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamalary esasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň iki gezek ykrar edilmeginiň berkarar döwletimiziň öňe sürýän daşary syýasatynyň bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýandygy hakynda täsirli söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurtlar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda durmuşa geçirýän diplomatiýasy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ulag, energetika, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, ony dünýädäki parahatçylygyň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýmak döwletimiziň öňe sürýän diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

Baky şöhrat-şanymyz

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan günsaýyn ösýän we öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öne barýan döwletdir. Ýurdumyzda Milletler Bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barha giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatda parahatçylygy we umumadamzat howpsuzlygyny berkitmek, sebitleriň, ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek ugrundaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda amala aşyrýan beýik işleri bu gün ähli halkymyzy buýsandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty häzirki zaman şertlerinde täze mana eýe boldy we ol sebitde hem-de dünýä möçberinde özüniň derwaýyslygyny görkezdi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçesine wise-başlyklyga saýlanylmagy, olarda türkmen döwletiniň netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ruhy joşgun paýlady

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň şowhuny gadymy Daşoguz topragynda hem daş-töweregi gurşap aldy. Ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de wäşiler topary baýramçylyk şatlygyny artdyrmak we ynsanlaryň ruhuny belende galdyrmak maksady bilen, welaýatymyzda döredijilik saparynda boldular.

Eýýamlaryň şamçyragy

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň parahatçylygyny, ynsanperwerligini goldaýan taglymatdyr, ýurtlaryň dostlukly gatnaşyklarynyň köprüsidir. Ýurdumyz goňşuçylyk gatnaşyklaryny we dünýä döwletleri bilen özara giň, peýdaly, işjeň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratik ýörelgelere pugta eýermek bilen, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürýär, asudalygy, abadançylygy pugta berjaý edýär. Häzirki wagtda ata Watanymyz beýleki ýurtlar bilen dostluk, birek-biregi çuňňur hormatlamak we ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda döwletara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirýär, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Hemişelik Bitaraplyk dünýä ýaň salýar

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde halkymyzyň belent ynsanperwerligini äleme äşgär edýär. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen hoşniýetli, düşünişmek arkaly gatnaşyklary ýola goýup, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleriniň bu gün türkmeniň dünýäde Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagynda hem mynasyp orun tutýandygyna göz ýetirmek bolýar. Bitaraplyk syýasaty öz gözbaşyny milletimiziň taryhyndan we ruhy köklerinden alyp gaýdýar. Nesilbaşymyz Oguz han goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Halkymyzda: «Keçäňi satsaňam goňşyňa sat, üstünde özüň oturarsyň» diýlen söz bar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly: «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär, gylygyň bet bolsa işiň jeň bolar» diýse, Mollanepes: «Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, ol birine gep berip, ol birine al berme» diýipdir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanylýandygyny tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär, şeýle-de dünýäniň ykrar eden ylalaşdyryjy merkezleriniň biri bolup

Köňülleriň senasy

Bagtly zamananyň buşlukçysy bolup, dünýä ýüzüne ýaň salan Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Rezolýusiýa bilen berkidilen ýeke-täk ýurtdugy kalplary buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda gazanylýan köpsanly üstünlikleriň hatarynda baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy oňyn tejribeler we diplomatik netijeler bilen baýlaşýar. Milli hukuk ulgamynyň ösüşleriniň özeninde, onuň binýatlaýyn düzgünlerinde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, häzirki zaman dünýäsiniň umumadamzat gymmatlyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär. Baky Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa baky Bitaraplyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, deň-hukuklylygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Parahatçylyk şuglasy

Parahatçylyk, ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, adamzat üçin örän möhüm ýörelgelerdir. Häzirki wagtda bular hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Has dogrusy, adamzadyň ýaşaýşynyň ähli taraplary bu ýörelgelere baglydyr. Diňe şu ýörelgelere berk daýanan ýagdaýynda, adamzadyň rahat, bagtly durmuşyny üpjün etmek mümkindir. Ine, şulary doly nazara alanyňda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň örän uly ähmiýete eýedigine anyk göz ýetirmek bolýar. Dünýä halklary üçin ählumumy howpsuzlyk, abadançylyk, ösüş, ynsanperwerlik, ruhy kämillik, dostluk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren taglymatynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Häzirki wagtda bu ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde goýmak bilen, Arkadagly Serdarymyz öz halkynyň we dünýäniň öňünde taryhy hyzmatlary bitirýär. Türkmenistan sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny ýöredýär. Ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen deňhukukly, ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýar, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Şunda Türkmenistan diňe bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň hatyrasyna bilelikde netijeli işlemäge gönükdirýär, öz pikirdeşlerine öwürýär. Ählumumy abadançylyga hyzmat edýän şeýle tagallalar ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, has dogrusy, bu syýasatyň d

Beýik maksatlar rowaçlanýar

Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Diýarymyz täze-täze sepgitlere eýe bolup, dünýäde deňli-derejeli, atly-abraýly ýurt hökmünde giňden tanalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen dünýäde ýeke-täk, hemişelik Bitarap döwlet bolan ata Watanymyz özüniň bu belent hem jogapkärli derejesinden ugur alyp, tutuş dünýä ýüzünde asudalygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna möhüm halkara başlangyçlary bilen ýygy-ýygydan çykyş edýär. 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan halkara başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde gyzgyn goldawa eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan şu geçen ýyllaryň içinde bütin adamzada özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini, Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy gorap saklamak, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky erk-islegini subut etdi».

Belent dereje ― baky bagt

Täze ýylyň bosagasynda 27 ýaşyny dolduran hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň aýnasy bolup, ýalkymyny bütin dünýä eçilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan halkara gatnaşyklar ýurdumyzyň sebitlerine hem datly miwesini peşgeş edýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli taýýarlan ýörite sahypamyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyzyň durmuşyna degişli möhüm halkara wakalara orun bermegi makul bildik. Sebitleýin hyzmatdaşlyklar

Abadançylygyň synmaz sütüni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýene-de sanlyja günden biz halkara derejesinde uly taryhy ähmiýete eýe bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramyny dabaraly ýagdaýda belläris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamany kabul etmegi bilen ykrar edildi. Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna we çäkleriniň bitewiligine sarpa goýýandygyny we goldaýandygyny görkezýär. Resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini doly goldaýandygyny beýan etmek bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler biziň ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýyny ykrar etmäge we goldamaga hem-de onuň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewiligini hormatlamaga borçlandylar.

Bitaraplyk dillerimizde senadyr

Türkmenistanyň daşary syýasat ugry dana pederlerimizden miras galan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizde-de öz beýanyny tapýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda abraýly halkara guramasy tarapyndan ýurdumyza belent derejäniň berlenine 27 ýyl dolýar. Şanly sene mynasybetli şu günler geçirilýän toý-dabaralar watandaşlarymyzda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär. Olar ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Gülüstan HUDAÝAROWA,welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri:

Ajap döwrüň şuglasy

Eziz Watan — jiger-janym, buýsanjym, Bitaraplyk arzuwydyr il-günüň.Bu gün dünýä ykrar edýär bagtyňy,Waspyň senasydyr şirin dilimiň. Ak sährany aýasynda göteren,Saba säher Günden salam getirýär.Al-asmanda perwaz urýan ak guşlar,Ýurdumyzyň şanyn dünýä ýetirýär.

Arkadagly zamana joşgun berýär zybana

Türkmenistanym Gyzgyn gujagyňda kemala geldim,Okatdyň, tapladyň hem bilim berdiň,Ak süýt beren enem ornunda durduň,Türkmenistan, Watanymsyň-janymsyň!Türkmenistan, şöhratymsyň-şanymsyň!

Bitaraplyk syýasatynyň ykdysady mümkinçilikleri

Türkmen Bitaraplygynyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna galkynyşly menzilleri bagyşlandygy hakykat. Ylym, bilim, medeniýet, sungat, edebiýat, syýasat, ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, amal edilen işler sanardan köp. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Bitaraplyk syýasaty sebitiň dünýäde häzirki zamanda bolup geçýän işlere ähli ugurlar boýunça tiz goşulyşmaga ýardam berýär. Merkezi Aziýanyň, syýasy nukdaýnazardan durnukly ösýän, netijeli ykdysady gatnaşyklar berkidilýän sebite öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýär» diýen sözleri biziň söhbedimize giriş boldy. Gürrüň türkmen Bitaraplygynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetiren özgerişli täsirleri dogrusynda barýar. Ýadymyzda şöhlelenişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz ýurdumyz 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda BMG tarapyndan ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä çykdy. Dünýäde şeýle mertebelenmek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde binýat boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan islendik döwletiň ähli ulgamlar boýunça ösmäge, öňe gitmäge galkynjakdygy öz-özünden düşnükli. Ine, G

Bitaraplygymyz – buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz günsaýyn ösýär hem özgerýär, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy gün-günden belende göterilýär. Döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarymyzyň her bir tutumly işi halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen hemişelik ýazyldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, bu Gurama gatnaşyjy 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu taryhy waka türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän, onuň ruhy baýlygyna, taryhy we milli däp-dessurlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara giňişliginde uly ähmiýete we ösüşlere eýedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy tutuş dünýäde uly goldawa mynasyp bolýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2015-nji ýylyň 3

Şanly sene — Watan goragçylarynyň ykbalynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ajaýyp sahypalary açdy. Agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti, içeri hem daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden artýar. Esasy görkezijiler boýunça Türkmenistan Watanymyz bu gün dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girip, täze ýeňişler sary ynamly öňe barýar. Bu görkezijiler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýadydyr. Esasan, bu ugurda iň ileri tutulýan wezipeleriň biri hem, Garaşsyz Watanymyzyň howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmekden, halkymyzy parahat hem bagtly durmuşda ýaşatmakdan, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary has-da jebisleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle çäreleri amala aşyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen gününden başlap, Watan goragyny, ýurt asudalygyny hem-de onuň serhediniň bitewüligini üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berip gelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Milli goşunymyz mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasydyr» diýip, guwanç bilen aýdýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ýurdumyzyň Ýaragly G

Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişip, dünýä giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýan Watanymyz dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýedir. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, dürli görnüşli möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna mynasyp ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyz halkara başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edip, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirdi. Şu jähetden, Türkmenistan bu gün Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitinde halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi ugrunda netijeli gatnaşyklary ösdürýän we energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýan döwlet hök

Sanymyz juda kän, asmanymyz bir, ömür örkli zeminimiz bir biziň

Ýer ýüzünde millionlarça ynsan, ýüzlerçe ýurt, dürli millet, müňlerçe dil, şonça il, millionlarça ýol bar. Zeminiň zerre ýerine ýeten zelel hiç zady-da, hiç kişini-de biparh goýmaýar. Şu nukdaýnazardan-da, asmanyň asudalygyny, zeminiň parahatlygyny pugtalandyrmak her bir ynsan üçin hökmanydyr. Çünki biri-birimiziňkiden gaýry, belki, has alys aralyklarda ýerleşýän ýurtlarda ýaşaýan hem bolsak, biziň zeminimiz, asmanymyz biri-birimiziňkiden üzňe däl. Şoňa görä-de, mukaddes zemini goramagy we oňa ak ýürekden hyzmat etmegi gaýragoýulmasyz borç hasaplaýan türkmen halky Ýer ýüzüniň parahatlygyny hem asudalygyny üpjün etmek dogrusyndaky beýik maksatlaryny asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirip gelýär. Şu zeýilli ýagşy niýetlerden gözbaş alýan oňyn işler bolsa, älem-jahanyň goýnuny gülgüzarlyga besleýär. Umumadamzadyň abadançylygyny arap amala aşyrylýan beýik işler, umumy ynsanyýet ömrüni ajaýyplyklara beslejek ýeňişler, bagtyýar ynsanlary bagta ýar etjek özgerişler, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny dost-doganlyga, agzybirlige, gülläp ösüşe çagyrýan beýik maksatlar, mahlasy, älem-jahanyň goýnuny gülletjek gowulyklaryň ählisi-de türkmen Bitaraplygynda jemlenýär. Dost-doganlyk bar ýerinde agzybirlik bar. Agzybirlik bar ýerinde asudalyk, parahatlyk hem abadançylyk bar. Abadançylygyň, asudalygyň, agzybirligiň hem parahatlygyň bitewüleşen ýerinde bolsa, gazanylmajak üstünlik, ýetilmejek ýeňiş ýokdu

Bitaraplyk — ählumumy parahatçylygyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmekde örän wajyp işleri amala aşyrýar. Türkmenistan birnäçe halkara guramanyň agzasy bolup, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýardam bermek, BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, sebitde we onuň daşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek, ýaragsyzlandyrmak prosesiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarydyr.