"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylygyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz şanly wakalara beslenýär. Halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny öwrenmekde Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Kararnamany kabul eden taryhy gününden bäri, Türkmenistan bu ugurda alan borçlaryny doly ýerine ýetirip gelýär. Şonuň üçin hem Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň ikinji gezek ykrar edilmegi uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty döwlet nyşanymyz bolan Döwlet baýdagymyzda hem öz beýanyny tapdy. Döwlet baýdagymyzda zeýtun baldajygynyň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň baky Bitaraplygyny, ýurdumyzyň ylalaşdyryjy merkezdigini, bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda çykyş edýän döwletdigini aňladýar.

Baky Bitaraplygymyza bagyşlanan sergi

Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyna egsilmez joşgun, ruhubelentlik bagyşlaýar. Şeýle dabaralaryň biri hem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda guraldy. Ýaşajyk suratkeşleriň döreden eserleri esasynda guralan sergide baýramçylyk ruhy, milli buýsanç duýgusy şöhlelenýär. Şeýle hem, reňkli boýaglarda çeperçiligiň dürli ugurlary esasynda döredilen eserlerde hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, gözel Diýarymyza, bereketli topragymyza söýgi duýgulary öz beýanyny tapýar. Suratlarda şekillendirilen pursatlarda, gürrüň berilýän wakalarda çagalar ajaýyp döwrümiziň çeper keşbini suratlandyrmagy başarypdyrlar. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasatynyň, parahatçylyga we asudalyga esaslanýan milli Bitaraplyk taglymatynyň many-mazmuny çaga dünýägaraýşy bilen şöhlelendirilipdir. Gurban GURBANOW,«Daşoguz habarlary».Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.

Galkynyşly eýýamyň Galkynyş şäherçesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler diňe halkyň bähbidine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Bagtyýar raýatlarymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin ýurdumyzda döredilýän şert-mümkinçilikleri dünýä nusgalyk diýip, buýsanç bilen aýtmak bolar. Muňa Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap Galkynyş şäherçesiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçdi.

Watanyň abraýy arşa galýar

«Watanyň abraýy arşa galýar» ady bilen geçiren maslahatymyza  jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde halkymyzyň eşretli durmuşy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edilip, halkara abraýy has-da belende göterilýär. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ykdysady giňişliginde özüniň öň hatarlardaky ornuny barha berkidýändigi bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek, durnukly ösüşini üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmak babatda badalga berýän başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Bitaraplyk — buýsanjym

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Balkanabat şäher bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Bitaraplyk — buýsanjym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Pederlerimiz parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy hemişe esasy ýörelgeler edinip gelipdirler. Türkmen Bitaraplygy hem hut şu ýörelgeler esasynda barha rowaçlyga beslenýär. Halkymyz Bitaraplygyň beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe bolýar.  Watanymyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösýär, özgerýär. Baýramçylyklarymyz uludan toýlanylýar. Ýetilýän belent sepgitler her bir adamy begendirýär.

Bitaraplyk — bagtyýarlyk binýady

Halkara Bitaraplygyk gününe bagyşlap, Balkanabat şäher medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Çärede ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünlikleri, milli döwletlilik däpleriniň dowam etdirilişi dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Ýurdumyzy we halkymyzy ösüşiň rowana ak ýollary bilen täze belentliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Hemişelik Bitaraplyk syýasaty — parahatsöýüjiligiň hem asudalygyň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň 27 ýylyň içinde öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny boldan ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa halklary agzybirlik, adamkärçilik atly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.

Bitarap Türkmenistan - dillerde adyň dessan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň esasy ýörelgelerine salgylanyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar.  Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz täze taryhy eýýamyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň eşretli günlerinde özüniň ykdysady-durmuş özgertmeleri, öňe sürýän halkara ähmiýetli döwrebap taslamalary bilen dünýäde mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar we baý ýerasty hem-de ýerüsti resurslary, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, durnukly ösýän jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy bilen, geljegi örän uly ýurt

«Dialog — parahatçylygyň kepili»: Türkmenistanyň başlangyjy esasynda täze Kararnama

Şu ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Dialog  —  parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň goldanylandygy we «2023-nji ýyl  —  Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýyl Türkmenistanyň «Dialog  —  parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş edendigini hem-de Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek boýunça netijeli işlere başlandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyjyň goldanylmagy, «2023-nji ýyl  —  Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde gazanan uly we möhüm üstünligidir.

Milli ykdysadyýetimizde Bitaraplyk taglymaty

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly ählumumy ösüşi üpjün etmegiň hemmeler üçin goldanarlyk milli nusgasyny döretdi. Şeýle tejribe ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň geosyýasy esasy bilen deň hatarda, geoykdysady mümkinçilikleriniň häzirki bir bitewüleşýän, täzelenýän dünýäde aýratyn ähmiýete eýedigini äşgär etdi. Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygy dörediji ykdysady taslamalary döretmegiň sungaty. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllary öz içine alýan döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda hem-de baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasynda döwletimiziň geljekki ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz, ilkinji nobatda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip, sebitde abadançylygy gazanmaga ýardam berýär. Bu gurama agza döwletleriň her biri bilen ýurdumyz dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Döwletimizde halkara hem-de milli taslamalary durmuşa geçirmek, täze önümçilik we durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýar.

Umumadamzat gymmatlygy

Ata Watanymyzda saba-säher bilen öwsen sergin ýeller erkinligiň aýdymy, köňüllerimize bagt mukamy bolup dolýar. Asuda durmuşda ajaýyp zamanamyzyň hözirini görýän ulus-ilimiz mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza ýürekden buýsanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä tejribesinde ilkinji gezek şeýle halkara hukuk derejesiniň ýurdumyza berlendiginiň guwandyryjy nyşany boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany ikinji gezek kabul etmegi ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da ýokary galdyrdy. Onda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine goldaw, şeýle hem onuň sebitde we dünýä giňişliginde möhüm orna eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.

Parahatçylygyň we asudalygyň baýdagy

Bitaraplyk türkmen döwletiniň berkararlygynyň binýadydyr. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk dörediji sebit merkezi bolan ýurdumyz dünýäde ösüş arkaly parahatçylygyň ýola goýulmagynda, sebitde durnuklylygy üpjün etmekde, bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmekde yzygiderli we maksada okgunly işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady, bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi. Bu halkara hukuk derejesi Türkmenistana beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, özüniň parahatçylykly ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän parasatly içeri hem daşary syýasatyň netijesinde bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy ynamdar hyzmatdaşlaryň hatarynda giňden tanalýar.

Bitaraplygyň türkmen nusgasy: döredijilikli başlangyçlar — adamzadyň bähbidine

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolmak bilen, onuň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri durýar. Indi 30 ýyl bäri ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen ynsanperwer maksatlara ygrarlydygyny doly subut etmek bilen, Bitarap döwlet hökmünde ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça oňyn çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýar. Geçen ýyllaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 19 sany Kararnama munuň şeýledigini anyk görkezýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde şol taryhy Kararnamalar bilen bagly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. ■ 1995-nji ýyl, 12-nji dekabr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnama halkara gatnaşyklaryň tejribesinde Bitaraplyk babatda Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen ilkinji resminama hökmünde taryha girdi.

Parahatçylygyň kepili

Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Şolaryň hatarynda hoşniýetliligi, bitaraplygy, ynsanperwerligi, dost-doganlygy görkezmek bolar. Bu günki gün türkmen halkynyň şol asylly ýörelgeleri beýleki halklar bilen özara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan ykrar edilmegi uly mertebe, belent buýsançdyr. Biz şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllygyny belleýäris. Halkymyz bu şanly senäni uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen garşylaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi mizemez gymmatlygymyz, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin, gülleýän durmuşy berdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär.

Bagtymyzyň gözbaşy

Bitaraplyk — merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwy, öz nesillerine öwüt-ündew eden pähim-paýhasy, ertirki aýdyň güne bolan çagyryşydyr. Bitaraplyk — bu mähriban enelerimiziň mylaýym hüwdüsine meýmiräp uka giden balajygyň parahat asmanyň astynda, şadyýan guşlaryň şirin nagmalarynyň sesine ukudan oýanmagydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk ugrunda yzygiderli çykyş etmegi we göreşmegi aňladýar. Türkmen Bitaraplygy ata Watanymyzyň döwletleriň arasyndaky dawalara goşulyşmaýan we garşydaş taraplaryň hiç birine-de harby kömek bermeýän döwletleriň syýasy we hukuk ýagdaýyny aňladýan düşünjedir.

Türkmen Bitaraplygy — ösüşiň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli baýlaşdyrýar. Durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýan başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilýän döwleti hökmünde halkara giňişligindäki ornuny barha berkidýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýalarda ýurdumyzyň Bitaraplygy aýratyn orny eýelemek bilen, ol howpsuzlygyň ähli düzüm bölekleriniň dünýä derejesinde üpjün edilmeginde, durnuklylygy saklamakda we ählumumy ösüşde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň yzysüresi halkara gatnaşyklar ulgamynda hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy döwletimiziň milli ýol-ýörelgämize ygrarlylygynyň aýdyň beýanydyr.

Bagtyýar durmuşyň gözbaşy

Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk – Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň gözbaşy. Hemişelik Bitaraplyk – halkymyzyň umumadamzat ýörelgeleri bilen sazlaşýan ruhy binýady. Hormatly Prezidentimiziň, eziz Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde gazanylýan taryhy ösüşler, Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk – bu mukaddeslikler bir-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýan milli gymmatlykdyr. Hemişelik Bitaraplyk – ata Watanymyzyň sarsmaz, hemişelik mizemez sütüni. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy – hemişelik Bitaraplygyň dünýä ýalkym saçýan şamçyragy. Hemişelik Bitaraplyk – türkmeniň milli ruhunyň täzeden dabaralanmasy, ata-baba taryhy kökleri bilen sazlaşýan ajaýyp ýörelgesi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.

Bitaraplyk toýun toýlaýar halkym

«Bitaraplyk!» diýmek parahat döwrüm,Tarapdary – nurun paýlar çar ýana.Uzaldyp dostlugyň bagtyýar ömrün,Uzadar gollaryn okap, gurýana –Ýardam bolar ösüşlere barýana. Ýüreginde mydam raýdaşlyk bagty,Ynsanperwer ýollary bar mähriban.Türkmen ýörelgesi ýagtydan-ýagty,Ak bagt berip Arkadagym Gahryman –Arkadagly Serdarymyň mähri bar.

Dabaralar, çäreler, maslahatlar

Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň ösüşli ýoly» atly şygar astynda geçirildi. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşuly nesliň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Allanazar Müňbaýew, partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Täzegül Nepesowa hem-de ýaşuly nesliň wekilleri Baýrammyrat Allanazarow, Nurjemal Jumageldiýewa dagy çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler dünýäde iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň uludan bellenilýän 27 ýyllyk toýy bilen gutlap, pederlerimiziň milli ýol-ýörelgeleriniň dowamy bolan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, hoşniýetli gatnaşyklar babatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler.

Täsirli geçen duşuşyk

Golaýda Erkin döredijilik mekanynyň binasyň dabaralar zalynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk —döredijiligiň ylham çeşmesi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda halypa ýazyjylar, ýaş žurnalistler we terjimeçiler çykyş etdiler. Çykyşlarda belent bagtymyz bolan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň türkmen halkynyň ykbalyna ýazan ajaýyplyklary we ähmiýeti, türkmen döwletiniň şöhratyny belende göterendigi barada ýörite dellilere ýüzlenilip, jikme-jik durlup geçildi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, «Garagum» žurnalynyň işgäri, şahyr Döwletgeldi Annamyradow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgäri, şahyr Süleýman Ilamanow, «Nesil» gazetiniň işgäri Leýli Gurbanowa, «Zenan kalby» žurnalynyň işgäri Ogulbaýram Taganowa, «Bereketli toprak» gazetiniň jogapkär kätibi, şahyr Aýnabat Ataýewa, «Adalat» gazetiniň habarçysy, şahyr Aşyrmät Garlyýew, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçileri Dursun Tekäýewa, Züleýha Gulowa, «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhamedowa we beýlekiler çykyş edip, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň türkmen halkynyň ykbalyna bagyş eden röwşen günleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.