"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Hytaýda öndürilen elektrokarlaryň söwdasy 34% ýokarlandy

Hytaýyň ýeňil awtoulag bileleşiginiň resmi portalynda çykan soňky maglumatlara laýyklykda, «Tesla» kompaniýasy awgust aýynda 44 264 sany Hytaýda öndürilen elektrokarlarynyň söwdasyny amala aşyrdy. Şeýlelikde, «Tesla» kompaniýasynyň awgust aýynda elektrik hereketlendirijili awtoulaglarynyň söwdasy iýun, iýul aýlaryna garanyňda, 34% artdy. Maglumat üçin, amerikaly işewür Uorren Baffet tarapyndan goldanylýan «BYD» kompaniýasy awgust aýynda 60 858 elektomobil, Hytaýyň «General Motor» bilen bilelikdäki kärhanasy bolsa 43 783 elektrokar satdy.

Ilkinji akylly telewizorlaryny görkezdi

«Amazon» kompaniýasy alyjylar bazaryna gönükdirilen ilkinji akylly telewizorlaryny köpçülige görkezdi. «Fire TV Omni» akylly telewizorynyň ilkinji iki görnüşi dürli ululykda bolar. Täze önümleriň oktýabr aýynda ABŞ-nyň 369,99 — 1099,99 dollary aralygynda bazara goýberilmegine garaşylýar. «Amazon»-yň saýty bilen bir hatarda täze telewizorlar ABŞ-nyň iň iri «Best Buy» dükanlar toplumynda hem satlyga çykarylar. Ýeri gelende aýtsak, «Best Buy» hem-de «Amazon» ýakyn wagtda «Pioneer» kompaniýasynyň «Fire TV» bilen enjamlaşdyrylan akylly telewizorlarynyň täze görnüşlerini köpçülige hödürlemegi meýilleşdirýär.

Ary guşy

Guşlar te­bi­gat­da iý­mit zyn­jy­ry­nyň mö­hüm hal­ka­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Bu jan­dar­lar me­de­ni zo­lak­lar­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ne zy­ýan be­ri­ji mör-mö­jek­le­ri iý­ýän bol­sa­lar, ýa­ba­ny te­bi­gat­da dür­li ösüm­lik­le­riň kö­pel­me­gi­ne we ýaý­ra­wy­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýän guş­la­ryň bi­ri hem «ary iýi­ji­ler­dir». Yl­my dil­dä­ki ady «Me­rops» hem bol­sa, ola­ra köp dil­de «ary gu­şy» ýa-da «ary iýi­ji» di­ýil­ýär. Köp­lenç ary­lar bi­len iý­mit­le­nen­soň, ola­ra şeý­le at ber­lip­dir. Bu guş­lar, esa­san, Af­ri­ka­da, Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da, Azi­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­da we Tä­ze Gwi­ne­ýa­da ga­bat gel­ýär. Ola­ryň kä­bir gör­nü­şi pa­syl­la­ryň ça­lyş­ma­gy bi­len ýy­ly ýurt­la­ra gö­çüp, iý­mit­len­mek üçin uç­ýan mör-mö­jek­le­ri aň­sat­lyk bi­len ta­pyp bol­jak bat­ga­lyk ýer­le­riň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýar­lar. Çä­ge­den we to­ýun­dan edi­len di­war­lar­da ki­çi­räk de­şik­ler de­şip, hö­würt­ge ýa­sa­ýar­lar. Şeý­le-de bu jan­da­ryň tä­sin ta­ra­py hö­würt­ge­si­ni ýe­riň as­tyn­da hem gu­rup bil­ýän­di­gi­dir. Daşky görnüşi. Iň reňk­li jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lup, boý­ny açyk sa­ry, kel­le­si­niň üs­ti gy­zyl go­ňur, ga­na­ty bol­sa gök we ýa­şyl reňk­le­ri bi­len özü­ne çek­ýär. Göz­le­ri­niň yz ta­ra­pyn­da in­çe ga­ra çy­zyk bol­ýar. Eňe­gin­den ga­ra çy­zyk geç­ýär. Çüňk­le­ri ga­ra reňk­de bo­lup, u

«Win­dows 11» in­di­ki aý­da çy­kar

«Win­dows 11» ama­ly ul­ga­my 5-nji okt­ýabr­da ula­ny­jy­la­ra el­ýe­ter­li bo­lar. Bu ba­ra­da ul­ga­my iş­läp dü­zen «Micro­soft» kor­po­ra­si­ýa­sy ha­bar ber­di. «Ýa­kyn wagt­da «Win­dows 10» otur­dy­lan komp­ýu­ter­le­riň eýe­le­ri «Win­dows 11»-e mugt ge­çip bi­ler­ler. Şol gün­ler­den baş­lap hem «Win­dows 11» ýük­le­nen komp­ýu­ter­ler sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp ug­rar» diý­lip, kom­pa­ni­ýa­nyň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Tä­ze­le­nen ama­ly ul­ga­my özü­ne or­naş­dyr­ma­ga uky­by bo­lan en­jam­la­ryň eýe­le­ri 2022-nji ýy­lyň or­ta­la­ry­na çen­li bu işi ama­la aşy­ryp bi­ler­ler. Şeý­le-de, «Win­dows 10» ama­ly ul­ga­my­nyň 2025-nji ýy­lyň 14-nji okt­ýab­ry­na çen­li sak­la­nyp gal­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Kosmos sy­ýa­hat­çylygy ösdüriler

Kos­mos sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek is­le­ýän «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy 15-nji sent­ýabr­da ra­ýat­lar­dan yba­rat bo­lan to­pa­ry kos­mo­sa goý­ber­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. «Ins­pi­ra­ti­on4» at­ly mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de kos­mo­sa çyk­jak dört adam haý­sy­dyr bir kos­mos mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de däl-de, ra­ýat uçu­şy bi­len ibe­ril­ýär. Olar di­ňe sag­lyk bi­len bag­ly kä­bir bar­lag­la­ry ge­çir­mä­ge gat­na­şar­lar. Ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä, sy­ýa­ha­tyň 16-njy sent­ýab­ra hem ge­çi­ri­lip bi­lin­jek­di­gi mä­lim edil­di. «Ins­pi­ra­ti­on4» uçu­şy­na gat­naş­jak adam­lar al­ty aý­dan bä­ri dar­tyş güý­ji bol­ma­dyk ýer­de taý­ýar­lyk gör­dü­ler. Sy­ýa­hat­çy­lar «Dra­gon» gä­mi­si­niň pen­ji­re­sin­den aja­ýyp pla­ne­ta we kos­mo­sa syn eder­ler. Hä­zi­re çen­li kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne çy­kan adam­la­ryň sa­ny 600-e go­laý. Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­sy­na çyk­jak adam­la­ryň äh­li­si il­kin­ji ge­zek kos­mo­sa çy­kar. Uçu­şa Ja­red Aý­zak­man ýol­baş­çy­lyk eder. Oňa mag­lu­mat in­že­ne­ri Kris­to­fer Semb­ros­ki bi­len ze­nan­lar – sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gä­ri Haý­li Ar­se­no we geo­lo­gi­ýa bo­ýun­ça pro­fes­sor Si­an Prok­tor ýol­daş bo­lar.

Ro­bot tak­si­si­ni ulan­ma­ga be­rer

Ko­re­ýa­ Respublikasynyň öň­de­ba­ry­jy aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy «Ioniq 5» ulag mo­de­li­ni ro­bot tak­si­si­ne öw­rüp, ony ulan­ma­ga ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ugur­da­ky il­kin­ji ula­gy­ny 2023-nji ýyl­da müş­de­ri­le­re hö­dür­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da aw­to­nom ulag teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ös­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny ep-es­li art­dy. Ýo­lag­çy­la­ra do­ly öz­baş­dak hyz­mat ed­ýän ro­bot tak­si­le­ri kä­bir ýurt­lar­da, esa­san hem Hy­taý­da hyz­mat edip baş­la­dy.

Tehnologik ösüş — bäsdeşlige ukyplylygyň şerti

Häzirki döwürde ýurdumyz örän uly tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonda öňdebaryjy düzüm böleklere ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, ýerlerdäki işleriň kompýuterleşdirilmeginde iň oňat dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan we üstünlikli durmuşa geçirýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzyň tehnologik taýdan durnukly ösüşiniň möhüm guralydyr. Şeýlelikde, ýerli serişdeler we önümçilik kuwwatlyklary esasynda ykdysady ösüş yzygiderli ilerledilýär. Ähli pudaklara häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, innowasiýalar diňe bir tehnologiýalary ornaşdyrmaga däl, eýsem, ähli ugurlaryň yzygiderli

Sanly ykdysadyýet:

çyzykly şertli belginiň mümkinçilikleri Sanly tehnologiýalar bize birnäçe sagatlyk işi gysga wagtda, ýokary hil derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy görkezijileri bolan döwrebap tehnologiýalar her bir ädimde gabat gelýär.

«Xiaomi» kompaniýasy elektrokarlaryň önümçiligine badalga berdi

Hytaýyň smartfon öndürýän «Xiaomi» kompaniýasy elektrik hereketlendirijide işleýän awtoulaglar kärhanasynyň resminama işlerini tamamlady. Kompaniýanyň kärhanadaky wekili wezipesine «Xiaomi»-niň direktorlar geňeşiniň başlygy Lei Jun bellenildi. Täze kärhananyň ygtyýarly maýasy, takmynan, ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna deň boldy. Öňümizdäki on ýylda bolsa bu görkezijiniň ABŞ-nyň 10 milliard dollary möçberinde bolmagyna garaşylýar. Maglumat üçin, ýakyn geljekde «Xiaomi» kompaniýasy awtoulaglara niýetlenilen öz-özüni dolandyrmak tehnologiýalaryny işläp düzýän ýörite bölümçesini işe goýberer.

«Google» kompýuterler üçin prosessor öndürer

«Google» noutbuklary, planşetleri üçin öz prosessorlarynyň önümçiligini ýola goýar. ABŞ-nyň internet ägirdi «Chrome OS» operasiýalar ulgamynda işleýän prosessorlaryny 2023-nji ýyldan başlap öndürmegi meýilleşdirýär. Bilermenler «Google»-yň öz prosessorlaryny işläp düzmeklige berýän ünsüni, bäsdeşleriniň bu ulgamda uly işleri durmuşa geçirmäge başlandyklary bilen baglaýarlar. Hususan-da, «Amazon», «Facebook», «Microsoft», «Tesla», «Baidu», «Alibaba Group Holding» ýaly ägirt kompaniýalar internet hyzmatlaryny we elektron önümlerini goldamak üçin öz prosessorlaryny işläp düzdüler we olaryň önümçiligini ýola goýdular.

«Windows 11» operasion ulgamy tölegsiz bolar

«Microsoft» korporasiýasy oktýabr aýynyň 5-inden başlap müşderilerine öý kompýuterleri üçin, operasion ulgamynyň täze «Windows 11» görnüşini tölegsiz hödürläp başlar. Ýöne muňa garamazdan, 1985-nji ýylda ilkinji gezek ulanylyşa goýberilen «Windows» operasion ulgamy «Microsoft» korporasiýasynyň esasy girdeji bölegi bolmagynda galar. Ýeri gelende, şu ýylyň ikinji çärýeginde «Windows» operasion ulgamynyň ABŞ-nyň 6,6 milliard dollary möçberinde girdeji getirendigini bellemelidiris. Bu görkeziji korporasiýanyň umumy girdejisiniň 14%-ine deňdir. Korporasiýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmagyna görä, «Windows 11»-iň üstünlikli işe goýberilmegi «Microsoft»-yň «Azure» hem-de «Office» ýaly beýleki bölümçeleriniň ösmegine uly goldaw bolar.

«Amazon» 55 müňe golaý adamy işe kabul eder

Ýakyn wagtda «Amazon» kompaniýasy dünýädäki korporatiw we tehnologiýa wezipelerine 55 000 adamy işe alar. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Endi Jessi mälim etdi. Jessiniň aýtmagyna görä, «Amazon» kompaniýasy häzirki wagtda bölek satuw, mahabat we beýleki pudaklarda müşderileriniň islegini kanagatlandyrmak üçin, degişli hünärmenlere mätäçlik çekýär. Şeýle-de giň zolakly internete girişi giňeltmek üçin, hemralary Älem giňişligine ornaşdyrmak meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin täze işgärleriň zerurdygyny aýtdy. Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Amazon» kompaniýasynyň paýnamalary 0,24% gymmatlap, ABŞ-nyň 3,479 dollaryndan satyldy. Bazarlarda bolsa kompaniýanyň paýnamalary 0,29% ýokarlandy.

«Tesla»-nyň «Roadster»-i ýene bir ýyldan öndürilip başlanar

«Tesla» kompaniýasynyň direktory Ilon Mask geçen hepdäniň çarşenbe güni «Roadster» sport awtoulagynyň global üpjünçilik zynjyryndaky ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, önümçiliginiň ýene bir ýyl yza süýşürilendigini aýtdy. Amerikaly işewür ýanwar aýynda «Roadster»-iň 2022-nji ýylyň tomus aýlarynda satuwa çykaryljakdygy barada habar beripdi. Ýeri gelende aýtsak, soňky döwürde ýüze çykan çip ýetmezçiligi «Ford Motor», «Honda Motor», «General Motors», «Volkswagen» ýaly dünýäniň iň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň önümçilik kuwwatlyklaryna hem öz täsirini ýetirdi.

Täze ösüşlere tarap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlary esasynda, gazanylýan üstünlikler ýaşlar syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu syýasat ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda hem-de bu ugurlar boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlara döwrebap hünär bilimini bermekde uly işler amala aşyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde belent sepgitlere eýe bolan pudaklaryň biri-de himiýa senagaty we himiýa ylmy bolup, bu ugurda ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirilmäge uly üns gönükdirilýär. Watanymyz dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly önümleri öndürmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak, himiýa senagatyny we himiki tehnologiýalary ösdürmek şu

Sanly ulgam — Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginiň möhüm şerti

Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir. Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin konsepsiýa durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa kabul edilen döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen degişli Pudagara topar döredildi.

Ýa­po­ni­ýa­nyň meş­hur ro­bot­la­ry

Ýa­po­ni­ýa se­na­gat, yk­dy­sa­dy­ýet we teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ösen ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da dür­li ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ro­bot­la­ryň en­çe­me­si­ne duş gel­mek müm­kin. Şeý­le ro­bot­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris: Hos­pi. Bu ro­bot «Pa­na­so­nic» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2004-nji ýyl­da ön­dü­ril­di. Ol öň ta­ra­pyn­da ýer­leş­di­ri­len kar­ta­laş­dy­ryş mag­lu­mat­la­ry ar­ka­ly öz­baş­dak he­re­ket et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Has­sa­ha­na­lar­da be­jer­gi al­ýan has­sa­la­ra ýar­dam ber­ýän, ola­ry bar­ma­ly ýe­ri­ne äkid­ýän, baş­ga-da bir­nä­çe hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­ýan bu ro­bo­tyň tä­ze nus­ga­sy 2013-nji ýyl­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di we uly meş­hur­lyk ga­zan­dy.

In­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny artýar

Ýer ýü­zün­de 4,8 mil­liard iş­jeň in­ter­net ula­ny­jy­sy­nyň bar­dy­gy mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä ila­ty­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ula­ny­jy­la­ryň 92 gö­te­ri­mi in­ter­ne­te mo­bil en­jam­lar ar­ka­ly bi­rig­ýär­ler. Ula­ny­jy­la­ryň sa­ny soň­ky bir ýyl­da 257 mil­li­on kö­pe­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny her ýyl­da 5,7 gö­te­rim art­ýar. De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ara­gat­na­şy­gyň ösen gör­nü­şi ila­tyň 96 gö­te­ri­mi üçin el­ýe­ter­li bo­lup, bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ilat sa­ny­na gö­rä in­ter­ne­tiň el­ýe­ter­li­li­gi­nde Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Da­ni­ýa we Şwe­si­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. In­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň umu­my sa­ny göz öňün­de tu­tu­lan­da Azi­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu yk­lym­da 2,5 mil­liard adam in­ter­net­den iş­jeň peý­da­lan­ýar. Ikin­ji ýer­de Ýew­ro­pa yk­ly­my bo­lup, se­bit­dä­ki ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bol­sa 728 mil­lio­na ýet­ýär.

Aw­tou­lag ön­dü­rer

Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry dür­li mak­sat­lar bi­len aw­tou­lag ön­dür­ýär. Şeý­le kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan «Xiao­mi» aw­tou­lag ön­dür­mek üçin «Xiao­mi Au­to­mo­bi­le Co. Ltd.» at­ly kom­pa­ni­ýa dö­ret­di. Bu kom­pa­ni­ýa­da 300 adam zäh­met çe­ker. «Xiao­mi» tä­ze kom­pa­ni­ýa­nyň res­mi ýag­daý­da esas­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny, söw­da mak­sat­ly we se­na­gat üçin ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Tä­ze kom­pa­ni­ýa üçin 10 mil­liard ýu­an (155 mil­li­on dol­lar) bö­lü­nip be­ril­di. Kom­pa­ni­ýa do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­gyň önüm­çi­li­gi­ni gys­ga wagt­da ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bi­ler­men­ler bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk edip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hy­taý bren­di di­ňe mo­bil en­jam­la­ry däl, eý­sem, dür­li elekt­ron en­jam­la­ry, sa­mo­kat, we­lo­si­ped ýa­ly ýe­ňil ulag­la­ry hem ön­dür­ýär.

Sanly tehnologiýa — medeniýet ulgamynda

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýji durmuş-ykdysady maksatnamalar yzygiderli kabul edilýär. Şolaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasydyr». Bu Konsepsiýa laýyklykda häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlara sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda özgertmeler durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipesini we esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, olary üç tapgyrda durmuşa geçirmeklik meýilleşdirildi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň ikinji tapgyry amala aşyrylýar. Bu tapgyr 2020—2023-nji ýyllary öz içine almak bilen, degişli döwürde ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.

Elektron resminama dolanyşygy we döwrebap ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ugurdyr pudaklaryny mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmek, halkara gatnaşyklary hil taýdan täze, has ýokary derejä çykarmak, olary barha ilerletmegiň berk kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we dünýä ülňülerine doly laýyk getirmek, durmuş taýdan ösen kämil jemgyýeti gurmak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Islendik döwletiň esasy alada-tagallalarynyň biri milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Çünki ykdysadyýetiň ösmegi ýurduň içerki we daşarky meseleleriniň köpüsini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman dünýäsinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem baý tejribesi toplandy. Dünýä döwletlerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda hem ykdysadyýeti ösdürmekde sanly usullara daýanylmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Karara gol çekip, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady.