"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri! Gadyrly myhmanlar! Sizi ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde, öňdebaryjy täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täsinlikler äleminde

Suwasty demir ýoly gurlar Birleşen Arap Emirlikleri gurluşyk pudagynda gazanan üstünlikleri netijesinde dünýäde ilkinjileriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Onuň görnükli binalarynyň arasynda dünýäniň iň uzyn binasy, iň uly emeli ada we iň uly «Ferris» halkasy ýerleşýär. BAE-niň gurjak ýene-de bir täze taslamasy El-Fujaýrahdan Mumbaýa (Hindistan) tarap uzaýan äpet suwasty demir ýoludyr.

Jümle-jahan habarlary

Ýylyň iň gowy binasy yglan edildi Bütindünýä binagärlik festiwaly 2023-nji ýylyň iň gowy we täsin binalarynyň sanawyny yglan etdi. Festiwala dünýäniň iň täsin binagärlik düzümleriniň 1000-den gowragy gatnaşdyryldy. Sanawda birinjiligi Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Quay Quarter Tower binasy eýeledi. Beýikligi 206 metr bolan bu minaranyň gurluşy biri-biri bilen sepleşýän sütünleriň 5-sinden ybaratdyr. Ol diňe bir daşky gurluşynyň kaşaňlygy bilen däl, eýsem, içki bezegleri bilen özboluşly gözelligi emele getirýär. Quay Quarter Toweriň otaglarynyň gurluş aýratynlyklary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ofis merkezleri üçin niýetlenilen bina 45 gatdan ybaratdyr.

Aragatnaşyk pudagynyň ösüşine goşant goşjak hyzmatdaşlyklar

Noýabr aýynyň  9-10-na geçiriljek telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşjak kompaniýalaryň intellektual tehnologiýalar ulgamyndaky alyp barýan işleri telekommunikasiýa ulgamynda tejribe we bilim alyşmaga, şeýle hem ösen tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga mümkinçilik berer.   «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisine gatnaşjak kompaniýalar:

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň milli ölçeglere we halkara ülňülere laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny bilim edaralarynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýanlygynda hem görmek bolýar. Häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda kompýuter tehnologiýasynyň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap serişdeleriň biri hem kompýuterlerdir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan isleg has-da artdy. Beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda rus dilini öwretmekde tehniki serişdeleriň yzygiderli ulanylmagy oňyn netijeleri berýär. Tehniki serişdeler arkaly döredilýän prezentasiýalardyr wideoşekiller okuwçylaryň daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Orta mekdepleriň başlangyç we ýokary synplarynda döwrebap tehnologiýa serişdeleriniň yzygiderli ulanylmagy okuwçylarda kompýuter sowatlylygyny artdyrýar. Rus dili sapagynda häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanyp, okuwçylaryň

«Türkmentel ‒ 2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlaýar

9-10-njy noýabrda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ‒ 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Bu halkara sergä we ylmy maslahata Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň 200-den gowrak wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.  

Raýatlarymyza «sanly kart» we galtaşyksyz töleg hyzmatlary hödürlener

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurduň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmentel-2023» halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri hakyndaky hasabatynda aýdyldy. Hasabatda bellenişi ýaly, bu foruma Türkmenistandan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

512 GB fleş-ýady bolan iň arzan smartfon bilen tanşyň

«Oppo» kompaniýasy «A2 5G» smartfonyny 12 GB OÝE (operatiw ýat enjamy) we 256 GB fleş-ýatly 232 amerikan dollar baha bilen satuwa çykarýar. 12 GB OÝE hem 512 GB fleş-ýatly smartfon bolsa bary-ýogy 246 dollara durýar. Bu bazardaky 512 GB ýady bolan iň arzan smartfondyr. Emma müşderiler töleýän pullaryny diňe fleş-ýat üçin bermeýänlerine-de düşünmelidir. Meselem, smartfonda «SoC Dimensity 6020» hem ornaşdyrylan. Şeýle-de 6,72 dýuým diagonally Full HD+ ýokary ýagtylyga eýe bolan 90 gerslik IPS ekran bilen üpjün edilendir. Bularyň üstesine «Samsung S5KJN1» datçigi bolan 50 megapiksellik kamera, 33 watt zarýad berijisi bolan 5000 mAs göwrümli akkumulýatory, stereodinamika, gulak ýerleşdirmek üçin oňaýly ýeri we IP54 çyglylykdan goraýjysy-da bar.

Gök önümleri kesýän enjam

Gök önümleri kesýän gural önümleri çalt we gelşikli kesmäge kömek edýär. Bu guralyň taryhyna ser salanymyzda, onda gök önümleri kesmek üçin diňe pyçagyň ulanylandygyny, ýöne iri zatlar kesilende, pyçak bilen kesmegiň kyn bolandygyny, onuň ele zeper ýetirip bilmek ähtimallygynyň bardygyny bilýäris. Şeýle bolansoň, gök önüm kesýän täze guraly oýlap tapmaklyga girişilýär. XVI asyrda Rim Papasy Piýa VI-nyň baş aşpeziniň aşpezlik hakyndaky kitabynda gök önümleri kesmek üçin tagtajygyň we päkiniň suraty çekilipdir. Warfolomeý Skappi gök önümi elde kesýän ilkinji guralyň şekilini oýlap tapýar. 1540-njy ýylda fransuz Fransua Bulýe gaty peýniri ownatmaga niýetlenen aşhana gyrgyjyny oýlap tapýar. Russiýada XVIII asyrdan gök önümleri, kömelegi, eti, kelemi kerçemek üçin iki gyrasy gyşardylan uly pyçaklar ulanylyp başlanýar. Pyçagyň sapy agaçdan ýa-da agyr metaldan bolupdyr.

Ilkinji ýokary tizlikli otly gatnawyny ýola goýdy

Günorta-Gündogar Aziýanyň öňdebaryjy ýurtlaryndan Indoneziýada ilkinji ýokary tizlikli otly gatnawy ýola goýuldy. Ýurduň Prezidenti Joko Widodo ýokary tizlikli demirýol gatnaw ugrunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu taslama Günorta-Gündogar Aziýadaky ilkinji ýokary tizlikli otly taslamasydyr. Taslamanyň bahasy 7.3 milliard dollara barabar bolup, onuň köp bölegi Hytaý tarapyndan maliýeleşdirildi.

Sanly bilim ulgamy – döwrebap ösüşiň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle uly özgertmeleriň bir ugry hem ähli pudaklarda, şol sanda bilim ulgamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagydyr. Çünki häzirki ösen döwürde sanly tehnologiýalardan peý

Sanly tehnologiýalar durmuşymyzda

Ata Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biri hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrmak işleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan mälim bolşy ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň ösüş depgini ýokary netijelere eýe boldy. Häzirki tehnologiýalar eýýamynda bir bitewi sanly ykdysadyýeti kemala getirmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe gitmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan belent maksatlarynyň esasyny düzýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bi

Jümle-jahan habarlary

Geljegiň ulagyAwstriýanyň Сyclo Tech kompaniýasynyň öndüren täze aeromobili «geljegiň ulagy» diýen derejä eýe boldy. «CruiseUp» diýlip atlandyrylan bu döwrebap ulagyň agramy 80 kilogram bolup, ol howada deňagramlylygy saklamakda we ýere gonmakda beýleki uçar görnüşli ulaglardan ep-esli tapawutlanýar. Bu ulaglary dolandyrmak köp güýji, uzyn uçuş-gonuş zolagyny talap etmeýär. Iki ýolagçy orunlyk ulaglaryň uzynlygy 6,7 we ini 3,3 metrdir. Onuň aňrybaş tizligi sagatda 150 kilometre barabar bolup, ol 100 kilometre çenli aralygy geçmäge ukyplydyr. Kompaniýanyň bu ulaglary diňe bir owadan görnüşe eýe bolman, eýsem, ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin döredilen oňaýlyklary hem özünde jemleýär. Täsin görnüşli diňTäsin binagärlik çözgütleri bilen tanalýan Saud Arabystanynda täze diň gurulýar. Ýurduň Troýen daglyk syýahatçylyk merkezinde, deňiz derejesinden 1500 metr belentlikde bina edilýän kristal görnüşli bu täsin diňiň beýikligi 330 metre barabar bolar. Ol köpsanly kristal sütünlerden ybarat bolup, onuň düzüminde tomaşa ediş meýdançasy we restoran bolar. Şonuň ýaly-da täsin binanyň içinde Saud Arabystany bilen ýakyndan tanyşmak üçin syýahatçylara başga-da giň mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Diňiň gurluşygyny 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryna çenli doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Ýapon alymlary elektroulaglara swetoforda simsiz zarýad beriş ulgamyny synagdan geçirýärler

Elektroulaglar üçin infrastrukturany ösdürmegiň täze tapgyry Ýaponiýanyň ýollarynda başlap biler. Ýakynda Ýaponiýanyň Çiba hem-de Tokio uniwersitetleriniň gözlegçileri swetoforlarda ýoluň ýüzüne integrirlenen simsiz zarýad ulgamyny ösdürmek ugrundaky taslama girişdiler. Deslapky gözleglere görä, awtoulag bu ulgamyň örtüginde bary-ýogy 10 sekunt durýan halaty goşmaça bir kilometri geçmäge ýeterlik zarýad alar. Bu täzelik elektroulaglaryň önümçiliginde-de ençeme öwrülişikleriň döremegine sebäp bolup biler. Öndürijiler her swetoforda gysga wagtyň dowamynda ýygy-ýygydan zarýad bermek mümkinçiligi üçin elektroulaglara has az kuwwatly batareýalary ornaşdyrmaly bolarlar.

BMW «iX5» wodorod awtoulaglaryny synagdan geçirýär

Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe sebitinde şu ýylyň fewral aýynda satuwa çykarylan «BMW» kompaniýasynyň wodorod bilen işleýän «iX5» awtoulaglarynyň synagy dowam edýär. Kompaniýanyň hünärmenleri Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) geçirilen synagda ýolagçy awtoulagynyň ilkinji gezek 45°C (113°F) temperaturada hereket edip, synaglardan üstünlikli geçendigini aýdýarlar. «BMW iX5» ulgamynda uglerod süýümli demir plastmassadan ýasalan goşa 700 tank bolup, olaryň hersinde, ortaça, 6 kilogram wodorod ýangyjy bardyr. Ulgam 125 kWt/170 at güýji bilen ýangyjy elektrik toguna öwürýär. «BMW» wodorod awtoulagynyň sagatda 0-dan 100 km/sag (0-60 mil) tizlige ýetmäge alty sekundyň içinde tizligini artdyryp bilýändigi iň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

5G ýokary tizlikli internet stansiýalary guruldy

Sanly ykdysadyýetiň hem-de «akylly» tehnologiýalaryň ösmegi bilen, dünýäniň ençeme ýurtlary ýokary tizlikli 5G internet ulgamyna geçmegi tizleşdirýärler. Ösen ýurtlaryň öňdebaryjylarynyň biri-de Hytaý Halk Respublikasydyr. Ýurtda şu ýylyň sentýabr aýyna çenli 3,19 million sany 5G stansiýalary ornaşdyryldy. Hasabatda geçen aýa çenli hytaýlylaryň her 10 müňüsiniň 22,6 5G stansiýasynyň bardygy aýdylýar. Magdançylyk, elektrik üpjünçiligi hem-de beýleki senagat pudaklarynda 5G-niň ulanylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we çykdajylary azaltmaga şert döredýär. 5G internetini ulanmak arkaly ýokary tizlikli wideolar, giňeldilen hem-de wirtual hakykat hyzmatlary pudagyň düşewüntliligini we önümçilik yzygiderliligini ýokarlandyrýar.

«Google Chrome» ýalňyş gözleg ýazgylaryny ýüzugra düzedýär

Innowasiýa tehnologiýalarynda iňňän ýokary tizlikde gazanylýan özgerişlikleriň köpelmegi bilen «Google» kompaniýasy hem täze hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegini dowam edýär. Ýakynda kompaniýa ulanyjylaryň brauzerinden gözleg üçin ýazan ýazgylarynyň ýalňyşlyklaryny ýüzugra düzetmäge ukyply bolan hyzmatyny işe girizdi. Şeýlelik bilen, «Google Chrome» brauzeri gözleg sahypasynda ýazylýan tekstlere özbaşdak gözegçilik edip, ýalňyş ýazylan ýazgylary ýüzugra düzeder. Ýagny brauzerde islendik saýtyň ýa-da beýleki maglumatlar üçin gözleg tekstiňiziň ýalňyşlygyny çalyşmak üçin birnäçe ugurdaş sözler görkezilýär. Ulanyjylar şeýle halatda özlerine gerekli dogry teksti saýlap, hyzmatdan örän ýeňillikli peýdalanyp bilýärler. Bu bolsa kompaniýanyň brauzeriniň ulanyjylaryna wagty tygşytlamagyna, gerek gözleglerini gysga sekuntlarda tapmaga we internetden bökdençsiz peýdalanmaga giň mümkinçilik döredýär.

Beden terbiýesinde innowasiýalar

Ylmyň we tehnikanyň ýyldyrym tizliginde ösýän zamanasynda innowasiýalar diňe uly sportda däl, eýsem, adaty bedenterbiýede hem giňden peýdalanylýar. Pudagyň öňdebaryjy kompaniýalary öý şertlerinde türgenleşikleri geçirmek üçin täze işläp taýýarlamalary hödürleýärler. Olaryň hatarynda diňe tehniki enjamlar däl-de, mobil goşundylardyr programma üpjünçiligi hem uly ähmiýete eýedir.

Täze «akylly» enjamlar

ABŞ-nyň meşhur «Google» kompaniýasy tehnologiýalar äleminde emeli aň aýratynlygyna eýe bolan täze «akylly» telefonlary oýlap tapdy. Kompaniýa Nýu-Ýork şäherinde geçiren tanyşdyryş dabarasynda «Tensor G3» çip ýady bilen işleýän täze telefonlary «Pixel 8» we «Pixel 8 Pro» bilen tanyşdyrdy. Kompaniýanyň täze telefonlary emeli aňdan peýdalanmaga we tehnologik çeşmelerini ulanmaga mümkinçilik berer. Täze emeli aň bilen üpjün edilen telefonlarda ulanyjylar tomaşa edýän wideoýazgylaryny kebşirläp bilerler. Kompaniýa täze «Pixel Watch 2» atly «akylly» sagatlaryny hem görkezdi. Sagat ulanyjylaryň gan basyşynyň gözegçiligini amala aşyrar. Bu «akylly» sagat öz eýelerine ýörişe çykmakda we maşklary ýerine ýetirmekde saglyk maslahatlaryny hödürlär. Tanyşdyrylyş gününden başlap, bu täze enjamlara sargytlar kabul edilip başlandy. Bu täze enjamlar 12-nji oktýabrda ABŞ-nyň söwda nokatlaryna satuwa çykaryldy.