"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Innowasiýalar dünýäsinde täzeçil çözgütler

Golaýda paýtagtymyzda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat milli maglumat we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek, bu ugurda hyzmatdaşlaryň dialogy işjeňleşdirmek, dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Forumyň çäginde «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan yglan edilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, indi dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýär. Şu ýyl 7 ugur — saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ugurlary boýunça guralan bäsleşige jemi 317 iş hödürlenip, şolardan 42-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere degişli diplomlar we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Akylly» şäheriň «akylly» hyzmatlary

Ýolagçylar üçin ýeňillikler Arkadag şäherindäki jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylardan gelýän buýurmalar we tölegler sanly ulgamyň üsti bilen hem kabul edilýär. Mundan başga-da, elektrobuslarda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçilikleriniň biri-de şol ulaglaryň ugurlarynyň ýol çyzgylaryny, adyny we belgisini, olaryň duralga gelmeli wagty baradaky maglumatlaryny öz içine alýan ýörite ykjam mobil programmasydyr. «Akylly» şäheriň ulag hyzmatynyň üpjünçiligi ýolagçylaryň ýakyn hemrasydyr.

Mary welaýatynda sanly telefon ulgamy we GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar

«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň gündogar sebitinde sanly telefon ulgamyny we täze GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet toruny işe girizdi. GPON ulgamy (Gigabit passiw optiki tor) üçin stansiýa enjamlaryndan başlap, müşderiniň ýerleşýän ýerine çenli optiki süýmli aragatnaşyk kabelini birikdirip, bir kabeliň üsti bilen birnäçe aragatnaşyk hyzmatlaryny birbada almaga mümkinçilik berýär.

''Toyota" täze "Camry 2024" ulagyny tanyşdyrdy

Täze "Toyota Camry 2024" nesliniň ilkinji ulagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda çarşenbe güni görkezildi. Täze görnüşli ulag gürrüňsiz gibrid hereketlendirijili düzümde sarp edijilere ýetiriler. Bu barada "Toyota" kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.  Kompaniýa öňki tigirleri (168 kWt) ýa-da doly gibrid (173 kWt) hereketlendiriji gurluşda ulaglaryny hödürlär. Awtomobiliň satuwyna 2024-nji ýylyň ikinji ýarymyndan başlamak göz öňünde tutulýar. 

Sanly ulgamyň batly gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň şöhratly ösüşleri batly gadamlar bilen dowam etdirilýär. Şunda sanly ulgamyň gazanýan mümkinçilikleri, bu ulgamy yzygiderli ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Durmuşa geçirilýän şeýle netijeli işler ýakynda, has takygy, 9 — 10-njy noýabrda paýtagtymyzda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisinde we ylmy maslahatynda hem aýdyň şöhlelendi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilen bu forum ýurdumyzyň barha rowaçlanýan sanly mümkinçiliklerini gözden geçirmekde, ony has-da ösdürmegiň ýolunda täze başlangyçlary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Russiýada emeli aň bilen utgaşdyrylýan ýük akymlarynyň paýy 10 göterime çenli artar

«Üznüksiz ýük logistikasy» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Russiýada 2030-njy ýyla çenli 5 milliard transport resminamasy elektron görnüşinde resmileşdiriler. Bu maksat «2030-njy ýyla çenli ulag pudagyny sanlylaşdyrmak bilen özgertmek strategiýasy» bilen kesgitlenýär. Mundan başga-da, 2030-njy ýyla çenli her ýylda azyndan 500 müň sany ýük daşamak elektron nawigasion möhürleri amala aşyrylar. Şol döwürde Russiýada 20 sany akylly barlag nokady hereket etmeli bolar. Emeli aňyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylan ýük akymlarynyň paýy 10% -e çenli artar. Şeýle-de Ministrler Kabineti «Sürüjisiz awiasion ulgamlary» taslamasynyň maksat görkezijilerini hem tassyklady. Şeýlelik bilen, 2024-nji ýylda «Russiýanyň poçtasy» 48 ugurda sürüjisiz poçta daşamak üçin şertnamalar baglaşmaly bolar.

Sanly tehnologiýa

Häzirki döwürde milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ykdysadyýete, innowasiýalara, türkmen harytlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsleşigini pugtalandyrmaga esaslanyp, gaýtadan işleýän önümçilikleriň giň ulgamyny kemala getirmek boýunça möhüm wezipeler Prezident Maksatnamasynda kesgitlenildi. Ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek, smart-telewizorlary, noutbuklary, planşetleri, dürli döwrebap tehnikalary öndürmek baş wezipeleriň biridir. Milli innowasion önümleriň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi, dünýä bazarynda mynasyp orun eýelemegi üçin ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik hünärmenleriniň taýýarlanylmagy zerurdyr. Bu ugurda programma üpjünçiligini işläp düzýän, innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de höweslendirmäge gönükdirilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Şolaryň biri hem «Sanly çözgüt – 2023» innowasion taslamalar bäsleşigidir. Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrundaky tagallalara laýyklykda geçirilýän bu bäsleşik milli ykdysadyýetde durmuşa geçirmäge giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçiligini işläp düzmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem goldamak, ýurdumyzyň sanly ekosistemasynyň ösüşine goşant goşýan täze başlangyçlary ýola goýmak maksatlaryndan ugur alýar.

“TM-CELL” ulanyjylara wirtual telefon belgileri hödürledi

Türkmen paýtagtynda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel - 2023” atly XVI halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ulanyjylara täze hyzmaty – wirtual telefon belgileri hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi. Wirtual telefon belgisi – bu ykjam telefona fiziki taýdan ýa-da SIM-kart arkaly baglaşmaýan innowasion belgidir. Onuň peýdalanylmagy üçin degişli tehnologiýany goldaýan ýörite çipiň ýa-da modulyň bolmagy zerurdyr.

«Türk­men­tel — 2023» hal­ka­ra ser­gi­si we mas­la­ha­ty

«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023 Paý­tag­ty­myz­da Te­lea­ra­gat­na­şyk, te­le­met­ri­ýa, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­nyň we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş en­jam­la­ry­nyň «Türk­men­tel — 2023» at­ly XV no­bat­da­ky hal­ka­ra ser­gi­si­niň we yl­my mas­la­ha­ty­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi hem-de ýur­du­my­zyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan çä­re di­ňe bir ada­ty gör­nüş­de ge­çi­ril­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, san­ly ul­gam ar­ka­ly Aş­ga­bat­dan dün­ýä­niň on­lar­ça ýur­dun­da hem gör­ke­zil­ýär.

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2023» innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemi jemlendi

Düýn «Türkmentel – 2023» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2023» innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemi jemlendi. Dabarada innowasiýa pudagyndaky dürli taslamalaryň awtorlary bolan ýaşlaryň arasyndan ýeňijiler yglan edildi.

Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 3,1 milliondan geçdi

Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 ulanyjy internete birikdirildi diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Aşgabatda geçirilen «Türkmentel — 2023» atly ylmy maslahatda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

TM-CELL «Altyn Asyr» türkmen raýatlaryna täze hyzmaty — wirtual belgileri hödürledi

TM-CELL «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy Aşgabatda geçirilen «Türkmentel-2023» halkara sergisinde öz müşderilerine täze hyzmaty — wirtual belgileri hödürledi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň ýazmagyna görä, wirtual belgi fiziki enjam (SIM karta) bilen baglanyşykly bolmadyk jübi telefony ýa-da stasionar telefonyň belgisi bolup durýar. Wirtual sanlary QR kody arkaly işjeňleşdirip bolýar. Munuň üçin internete birikmeli we QR-y skanirlemeli, soňra SIM-kartany smartfonyňyzyň sazlamalarynda işjeňleşdirmeli.

Sportdaky innowasion çözgütler

Bedenterbiýe we sport döwrümizde durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Bedeniň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin trekerler, «akylly» trenažýorlar, sport görkezijilerini seljerýän ulgamlar, wirtual we goşmaça hakykat tilsimatlary hem-de beýleki tehnologiýalar bütindünýä sport senagatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sport muşdaklaryna saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga, bedeniň işini gözegçilikde saklamaga we has ýokary netijeleri gazanmaga kömek edýän enjamlaryň sany ýyl geçdigiçe artýar.

Tehnologiýalar – kämilligiň serişdesi

Bilermenler geljekde sport we bedenterbiýe ulgamynyň meşhurlygynyň barha artjakdygyny belleýärler. Az hereketlilik zerarly, bedeniň agramynyň artmagy häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurdunda esasy meseleleriň biridir. Innowasion tehnologiýalar sportuň we bedenterbiýäniň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ulanyjylarda degişli goşundylaryň we enjamlaryň sany näçe köp bolsa, bu ulgam şonça-da çalt öser. Häzirki wagtda ýüregiň, dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň işini ykjam mobil enjamlar arkaly seljermäge ýardam edýän tehnologiýalary işläp taýýarlamakda öňegidişlik gazanmak maksat edinilýär. Şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryny tälimçi hökmünde peýdalanmagyň mümkinçilikleri artýar. Bulardan başga-da, wideogözegçilik ulgamlary arkaly türgenleşiklere gatnaşýanlaryň hereketlerini seljerip, olaryň maşklary dogry ýerine ýetirişine baha bermek mümkinçiligi girizilýär. Mahlasy, täzeçil tehnologiýalar sportuň we bedenterbiýäniň netijeliligini, meşhurlygyny artdyrmaga, elýeterliligini ýokarlandyrmaga, ozal çylşyrymly bolan wezipeleri ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Bu bolsa ulgamyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly we galtaşyksyz tölegler

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň banklarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde nagt pullary peýdalanmazdan, satyn alnan harytlar ýa-da peýdalanylan hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak barha ýeňilleşýär. Şunda ykjam telefonlar üçin niýetlenen «NFC» we «QR-kod» tehnologiýalaryna esaslanýan ýörite maksatnama ulgamlarynyň ähmiýeti uludyr. «NFC» ulgamy bank kartlaryny, smartfonlary, sagatlary ýa-da beýleki enjamlary töleg terminallaryna degirmezden, hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär. Satyn alyşlary we hasaplaşyklary täze derejä çykarýan ulgamyň meşhurlygy bütin dünýäde artýar.

Sanly innowasiýalar bilen geljege

9-10-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistan Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2021-nji ýylda YHG-de başlyklyk eden döwründe YHG-niň sebitinde ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip etdi.

«Türkmentel — 2023» atly halkara sergi we ylmy maslahat

9-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Milli maglumat we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn forum geçirilýän ýyllarynyň dowamynda bu ulgamda hyzmatdaşlaryň dialogy hem-de dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Häzirki tehnologiýalar döwri 5G usulyna gadam basmaga taýýarlyk görýär

2023-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly okuw sapagy geçirilýär. Okuw sapagyna halkara guramalaryň, döwlet edaralarynyň we kompaniýalaryň wekilleri, bilermenler, ýokary okuw mekdepleriniň, düzgünleşdiriji guramalaryň, telekom operatorlarynyň, gyzyklanýan guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

«Türkmentel – 2023»

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramaklarynda telearagatnaşyk telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady.