“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen geljegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly-uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyz guwandyryjy ösüşl