"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Änew — şöhratly geçmişiň şaýady

Adamzadyň medeni mirasyny gorap saklamaga, maddy we ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine içgin düşünmäge ýardam edýän taryh ylmy halkyň geçmişiniň aýnasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary şöhratly taryhymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmäge, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüş aýratynlyklaryna düşünmäge ýardam edýän gymmatly çeşmelerdir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda adamzadyň medeni aňynyň, döredijilik başlangyçlarynyň siwilizasiýany kemala getirýändigi hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bu taryhy ähmiýetli kitap ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň dörän ojagy bolan Änewiň müňýyllyklara uzaýan taryhyna ýüzlenýär. Bu ugurda dünýä belli alymlar Rafael Pampelliniň, Lazar Rempeliň, Mihail Massonyň, Galina Pugaçenkowanyň işleri, aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz eneolit zamanyndan irki demir asyryna çenli Änew topragynda dörän we dowam eden medeniýetleri ylmy nukdaýnazardan seljerýär. Änew topragynyň taryhy-medeni ösüşini we wakalaryny yzygiderliligi boýunça şu güne çenli getirip, aýdyň geljek bilen hem baglanyşdyrýar.

Ol Rumustany görsem...

(Üç yklymyň döwleti) (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

«Haýbar-u-Hyrat ile...»

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-owgan serhedinde täze desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralary hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gadymy ýollaryny arçady. Taryhdan belli bolşuna görä, türkmenler goňşy halklar bilen agzybirlikde, dost-doganlykda hoşniýetli gatnaşyk saklap ýaşapdyrlar. Şeýle goňşy ýurtlaryň biri hem Owganystandyr. Owganystanyň geografik ýerleşişi türkmenler üçin dürli döwürlerde amatly hasaplanypdyr. Türkmenler owgan halkyna hemişe hormat goýupdyrlar. Türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar orta asyrlarda has-da ýygjamlaşyp, Owganystan türkmenler üçin üstaşyr ýurt hasaplanypdyr. Munuň netijesinde türkmenler Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana aşypdyrlar.

Amulyň seladon gaplary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda, «Milli taryhy-medeni mirasyň taryhy obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Şol maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin, milli taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyldy. Ylaýta-da, milli medeni mirasymyzy goramak we dikeltmek babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklar anyk ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Aýratyn-da, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan bu gatnaşyklary berkitmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän arheologik ýadygärlikleriň birnäçesi, şol sanda Amul galasy 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. 2024-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň we Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, degişli tapyndylar bilen tanyşm

Nobel baýragynyň taryhynda

«Men halkymyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin» diýýän hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi döwletiň sazlaşykly öňe gitmegini kesgitleýän güýç hökmünde häsiýetlendirýär. Ylma bütin dünýä boýunça-da uly ähmiýet berilýär. Ylmy açyşlar üçin hormatly atlar, medallar, baýraklar döredilip, alymlar sylaglanylýar. Giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen baýraklaryň biri hem 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr. Bu baýragy esaslandyran Alfred Nobel 1833-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde dünýä inýär. Onuň dogany Lýudwig kakasyndan miras galan kärhanany ösdürip, ony iri maşyn-gurluşyk zawodyna öwürýär. Ol bu zawodda bug maşynlaryny, nebit çykaryjy enjamlary, hereketlendirijileriň dürli görnüşlerini öndürýär. Doganlar Nobeller 1876-njy ýylda Bakuwda nebit kärhanasyny döredýärler. Olar bu kärhanada nebiti gaýtadan işlemegi hem-de turba geçirijiler arkaly daşamagy ýola goýýarlar.

Ol Rumustany görsem...

(Üç yklymyň döwleti) (Başlangyjy gazetiň №35-nji sanynda).

Gadymy şäheriň ýaňy

Dünýäniň iň irki medeni ojaklarynyň biri hökmünde ykrar edilen hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna degişli köp sanly tapyndylar ýüze çykarylan gadymy Änew şäheri taryhçylarda uly gyzyklanma döredýär. Ol orta asyrlaryň gülläp ösen döwründe üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýer hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda bu mekanyň şöhratly taryhyndan örän täsirli söz açyp, gymmatly maglumatlary bir kökene düzmek bilen: «Türkmen halkynyň gadymy ata-babalary tarapyndan döredilen Änew medeniýeti müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesillerden-nesillere geçirilip gelnipdir» diýip nygtaýar. Türkmen topragynda eneolit zamanynyň oturymly ekerançylyk medeniýetiniň merkezi bolan Änew medeniýetinde ýaşaýyş b.e.öňki V müňýyllygyň ahyryndan — b.e.öňki III müňýyllyga çenli döwür aralygynda dowam edýär. Taryhy çeşmelere salgylansak, Änew medeniýetiniň gülläp ösen döwri b.e.öňki IV müňýyllyk bilen senelenýär.

«Ykbalymdan razy men»

Ogulsona gelnejelere baranymda, ol agtyklaryny daşyna üýşürip, türkmen halkynyň medeni mirasy barada gyzykly gürrüň berip oturan eken. Enesiniň gürrüňini dykgat bilen diňläp oturan Aýşa: — Ene, şol wagtlar dinozawrlaram barmydy? — diýip, çaga soranjaňlygy bilen enesiniň ýüzüne seretdi.

Gözbaşy gadymy taryhy mekan

Türkmenistan medeni mirasyň gadymylygy, baýlygy we köpdürlüligi boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna degişlidir. Halk binagärliginiň esasyny kesgitlän gadymy siwilizasiýanyň ösüşini alamatlandyrýan ilkinji binalar hut şu topraklarda peýda boldy. Türkmen halky bolup geçen kynçylyklara we özgertmelere garamazdan, öz baý medeni mirasyny birjik-de üýtgetmän, aýawly saklap gelmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Üç dilde neşir edilen bu ajaýyp eserde çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şöhratly geçmişi dabaralandyrylýar.

Gadymy Anew medeniýeti

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda neşir edilen bu kitap okyjylar köpçüligi üçin gymmatly sowgat bolup, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin terbiýeçilik ähmiýetlidir. Milli mirasymyzyň dünýä derejesinde yzygiderli wagyz edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-jemgyýetçilik, ensiklopedik, çeper eserleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň taryhy baradaky çuň many-mazmunly eserleriniň üstüni ýetirdi. Onda ygtybarly taryhy maglumatlar berilýär, Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änewiň gadymyýeti, şu güni hakyndaky gürrüňlerinden bölekler getirilýär.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: «Galkynyş» gaz käni — dünýäniň iri gaz ýatagy

Tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly hasaplanýan «Galkynyş» käninde gurlan gaz arassalaýjy we taýýarlaýjy baş desgalar toplumy 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu iri gaz käniniň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre barabar möçberde kesgitlendi. Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň geologlarymyzyň iň uly açyşlarynyň biri boldy. Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ýerasty baýlyklarynyň hataryna girýän «Galkynyş» känini meýilnamalaýyn we toplumlaýyn öwrenmek 1956-njy ýylda başlanýar. Ilkinji tapgyrlarda grawimetriki, magnit barlag, aerogammasurat, 1:200 000 möçberdäki geologik we gidrogeologik surata düşürmeler bilen baglanyşykly sebitleýin barlaglaryň uly möçberi ýerine ýetirilýär. Bu barlaglaryň netijesinde çägiň çuňluk geologik gurluşy, neogen-dördülenji, paleogen we mel çökündileriniň litostratigrafik böleklere bölünişi boýunça çägiň nebitgazlylygynyň geljegine umumy häsiýetlerde baha bermäge we nebit we gaz ýataklaryny has jikme-jik

Mäne baba — keramatly pir

Abu Sagyt Abulhaýyr Mähneýi 967-nji ýylyň dekabrynda Mäne atly kiçiräk şäherde dogulýar. Merwiň meşhur alymlaryndan sapak almak islegi bilen dogduk mekanyny has irräk goýup gidýär. Ýyllar geçýär, ýöne alan bilimini ýeterlik hasaplamaýar. Ol, ozalkysy ýaly, bilim almagyň aladasy bilen bolýar. Bir gezek ol Sarahsda bolýan wagty sopy hanakasynyň bosagasyndan ätleýär we örän kuwwatly, görlüp-eşidilmedik pikirleriň ummanyna düşýär... Öýüne dolanyp gelen Abu Sagyt birnäçe ýylyny oý-hyýallarda geçirýär. Onuň terjimehalynyň bu döwri buddizmi esaslandyran Siddharthi Gautamanyň (b. e. öňki VI asyr) ykbaly bilen meňzeş gelýär. Budda ýaly, Abu Sagyt hem ruhy halypa bolýar, özem onuň howandarlyk eden iki adamyna — Dawut Çagry bege we Muhammet Togrul bege täze döwlete ýolbaşçylyk etmek ykbaly miýesser edýär.

Taryhy taryply Änew

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änewiň iň bir gelim-gidimli desgalarynyň biri «Seýit Jemaleddin» diýlip atlandyrylýan meşhur orta asyr arhitektura toplumydyr» diýip ýazýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gurlandan bäri ençeme asyrlar geçse-de, Seýit Jemaleddin metjidi häzirki günlere çenli dünýä alymlaryny, jahankeşdeleri, zyýaratçylary özüne çekýär. Bu arhitektura toplumynyň gurlan ýeri hem-de toplumyň özi häzirki wagta çenli ylmy taýdan öwrenilmegini dowam edýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen Diýarymyzda döwlet we halkara derejesinde maslahatlar, sergiler, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly bolan Döwletabat gazkondensat käni ýer üsti boýunça şertli ýagdaýda Döwletabat-1, Döwletabat-2, Döwletabat-3 böleklere bölünip, örän uly giňişlikleri eýeleýär. Şeýle uly meýdanda ýüzlerçe ulanyş guýularynyň gazylyp, önüm alynmagy milli ykdysadyýetimiziň öňküden-de kuwwatlanmagyna, onuň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumyny döwrebap derejede ösdürmeklige uly mümkinçilikleri döredýär. Şu makala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine degişli bolan, häzirki wagtda işlenip geçilýän Garabil-Gurrukbil we Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumy hakynda maglumatlary özünde jemleýär. Köpgatlakly Gurrukbil gazkondensat käni geologik gurluşy boýunça seýrek duşýan çylşyrymly, gor möçberi boýunça ägirt uly bolan Döwletabat gazkondensat käniniň gündogarynda ýerleşip, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çägine degişlidir. Döwletabat gazkondensat käninde gaz alnan 68-nji belgili barlag guýusyndan Gurrukbil känine çenli uzaklyk 15 — 20 kilometre, Gurrukbil käniniň gündogar tarapynda açylan Garabil gaz känine çenli bolsa 10 — 15 kilometre barabardyr. Döwletabat gazkondensat käninden gözbaşyny alýan magistral gaz geçiriji käniň 90 kilometr demirgazyk-günbataryndan geçýär. Gurrukbil gazkondensat käni Döwletabat — Hojagübürdek ýarylma-bozulma zolagyna degişli bolan Gurrukbil seňňeriniň merkezi böleginde ýerleşýär.

Watançy hem zähmetsöýer ynsan

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň her bir döwründe Watana wepaly hyzmat edip, görelde görkezen görnükli şahsyýetler hakyndaky ýatlamalary okanyňda, olaryň nusgalyk ömrüniň, il-ulsuň öňünde bitiren işleriniň sarpasynyň ýyllara däl-de, asyrlara uzajakdygy barada oýlanýarsyň. Olaryň jemgyýetiň ösüşi üçin bitiren işlerini hormatlamak, geljekki nesillere ýetirmek, bir tarapdan, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilmeginde, beýleki bir tarapdan, häzirki ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde juda ähmiýetlidir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň pajygaly wakalaryny başdan geçiren, şeýle hem döwri aýdyň şöhlelendirýän, sahypalarynda halkyň durmuşyny beýan edýän metbugat neşirlerinde işlemek bilen, türkmen žurnalistikasynyň ösüşine uly goşant goşan, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmet Badaýew hem il-güne, hem zähmete söýgüsi bilen şeýle nusgalyk ömri ýaşan ynsanlaryň biri. Onuň, hususan-da, gazet işindäki köp ýyllyk tejribesinden ýatlamalary, bellikleri, şol döwrüň ýaş žurnalistlerini kämillige ýetiren maslahatlary gymmaty egsilmejek görelde mekdebidir.

«Keýikli» kyssa

Gepiň-sözüň alyşýan adamlaryň bolaýmasa, käte bilýän zadyň hakynda sorasalaram, näme üçindir, gürrüň beresiň gelmeýär. Emma Hudaýguly aga ýaly agramly-aňly biri çyny bilen haýyş etse welin, gadyrymy gaçyrmaýyn diýip, ozal aýdyp beren wakaňam bolsa, ýamaşgandan, howlukman, seljerip-saýhallap gürrüň bermeli bolýar... — Hany, «Keýikli» kyssany ýene bir sapar aýdyp bersene, bularam eşidip galsyn — diýip, köne aşnam maňa soragly nazaryny dikýär. Soň ol «Ähem-ühem» edip, töwerekdäki oturanlara-da: «Hany, ümsümräk bolalyň!» diýen manyda birlaý gözüni aýlaýar-da:

Rowaýata siňen zenan wepadarlygy

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda diňe bir ýurdumyzyň taryhy hakyndaky maglumatlar däl, eýsem, türkmen halkynyň urp-adatlary, edim-gylymlary hakynda hem ençeme maglumatlar getirilýär. Kitapdaky rowaýatlaryň köpüsiniň gönüden-göni, käbiriniň bolsa setirasty manysy bilen zenan maşgalanyň ruhy dünýäsine aralaşýarsyň. Hut şu nukdaýnazardan biz aşakda «Daýahatyn» rowaýatynyň üsti bilen türkmen zenanynyň ruhy dünýäsini yzarlamaga, rowaýatyň many-mazmunyny mümkingadar seljermäge synanyşdyk. Rowaýatyň gysgaça mazmuny şeýle.Bir ýeriň hökümdarynyň örän asylly aýaly bolupdyr. Ýöne içigaralaryň biri hökümdaryň öz aýalyna müňkür bolmagyny gazanmak üçin hile guraýar. Hökümdar aýaly hakdaky aýdylýan gep-gürrüňlere ynanyp, namys edip, derwüş sypatyna girýär-de, öýüni taşlap gidýär. Baýhatyn adamsyna wepalylygynyň subutnamasy hökmünde kaşaň kerwensaraý gurdurmagy niýet edýär. Kerwensaraýyň gurluşygyna bolsa dünýäni aýlanyp ýören adamsy hem işçi bolup gatnaşýar. Baýhatyn öz adamsyny tanaýar we mähelläni ýygnap, uly dabara edýär hem-de adamsyna ýalňyşandygyny duýar ýaly ýagdaý döredýär. Şeýdibem rowaýat şowly jemlenýär.

Seljuklaryň binagärlik mekdebi: täze tapyndylar, gadymy nyşanlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary arheologik barlaglaryň ýazky möwsüminde Şähryslamda, Şährihaýbar galasynda we Paryzdepe ýadygärliginde iş alyp bardylar. Bu ýadygärlikleriň medeni gatlaklarynda saklanyp galan gadymy ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Keramikadan we daşdan ýasalan nepis gap-çanaklaryň, metaldan, aýnadan ýasalan dürli önümleriň nusgalary tapyldy. Bu ýerden tapylan, seýrek gabat gelýän, sekizburçluk görnüşli, häzirki Döwlet tugramyzyň şekilini ýatladýan bezeg önümlerini ýasamak üçin galyplar uly ylmy ähmiýete eýedir. Gadymy döwürde sekizburçluk şekili bolelin ýaşaýşyň, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany hasaplanypdyr. Sekizburçluk, sekiz burçly ýyldyzyň şekili Beýik Seljuk türkmen döwletiniň jemgyýetçilik durmuşynda, medeniýetinde, sungatynda hem uly orun eýeläpdir. Mälim bolşy ýaly, seljuk-türkmen serkerdeleri Çagry beg we Togrul beg 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde ýeňiş gazanyp, döwlet döredenlerinde, baş nyşanlaryň biri hökmünde iki kelleli bürgüdiň şekilini alyp, ony sekizburçlugyň içinde ýerleşdiripdirler.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirýän strategiýasy pudaklaýyn düzümini döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, gaz hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmäge we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň aglaba bölegi nebitgazly ýerler diýlip hasap edilýär. Gaz gorlarynyň derejesiniň ýokarylygy «mawy ýangyjyň» çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, daşarky we içerki sarp edijileri uzak ýyllaryň dowamynda üpjün etmäge mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýar.

Çeper sözüň ussady

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda türki dünýäsiniň meşhur söz ussady Ýunus Emräniň hem heýkeli bar. Ýunus Emre Anadolyda ýaşan türkmen şahyrydyr. Şahyr barada ýazylan işlerde onuň ady «Türkmen gojasy» diýlip atlandyrylýar. Ýunus Emre XIII asyryň ortalarynda, XIV asyryň başlarynda ýaşap geçipdir. Bu döwür Anadolyda Seljukly imperiýasynyň dargap, Türkmen beglikleriniň we Osmanly imperiýasynyň kemala gelýän döwrüne gabat gelýär. Ýunus Emre barada halk arasynda dürli rowaýatlar hem bar. Halk özüne ýakyn saýýan şahsyýetleri barada dürli gahrymançylykly wakalary agzap, adyny ebedileşdirýär. Ýunus Emre barada ilkinji maglumat Hajy Bektaşy Weliniň «Welaýatnama» atly eserinde duş gelýär. Bu eser Ýunus Emre baradaky asyl çeşme hasaplanýar. Şahyr barada ýazylan ylmy işleriň aglabasynda bu çeşme esas alynýar. XVI asyrda ýaşan Mehmet Üftade bu hadysalardan käbirlerini gürrüň berýär ekeni.