"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gar hakynda täsinlikler

Başga planetalarda-da gar barmy? Hawa, beýleki planetalarda hem gar bardyr. Mysal üçin, Neptun planetasynyň hemrasy Tritonda ol köp mukdarda ýagýar. Ol düzümi boýunça Ýeriň ýüzüne düşýän gardan birazajyk tapawutlanýar. Ol ýerdäki gülgüne reňkli garyň düzümi suwdan, kömürturşy gazyndan we azotdan ybaratdyr.

— Bilgirje, eskimoslara hemişelik aýazly sebitlerde ýaşamak nädip başardýarka?!

— Eskimoslar Grenlandiýada, Kanadada, Alýaskada we Çukotka ýarym adasynda ýaşaýan millet bolup, olar demirgazygyň çapgyn aýazly howasynda ýaşamaga uýgunlaşandyrlar. Ýer ýüzünde eskimoslaryň sany 170 müňden köp däldir. Olaryň egin-eşikleri demirgazygyň aýazyna çydam etmek üçin sugunyň we beýleki owadan sütükli haýwanlaryň derisinden tikilýär. Aýaklaryna bolsa deriden tikilen ädikleri geýýärler. Mundan başga-da, eskimoslar sowukdan goranmak üçin endamyna aýynyň hem-de düwleniň ýagyny, ýüzlerine bolsa balyk ýagyny çalýarlar.

Meşhur köçelere syýahat

«Abbey Road» «Abbey Road» Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheriniň iň meşhur köçeleriniň biridir. Onuň esasy meşhurlygy köçäniň günorta-gündogar tarapynda, «Abbey Road 3» salgysynda ýerleşýän adybir aýdym-saz studiýasy bilen baglydyr. «EMI Group» mediakompaniýasyna degişli bolan bu studiýada dünýä belli iňlis aýdym-saz topary bolan «The Beatles» özüniň ençeme meşhur aýdymlaryny ýazgy edipdir. 1970-nji ýylda topar «Abbey Road» atly aýdym albomyny öz muşdaklaryna hödürleýär. Albomyň ýüzünde bolsa «The Beatles» agzalarynyň «Abbey Road» köçesiniň pyýada geçelgesinden ýöräp barýan pursadynda düşürilen fotosurat ýerleşdirilipdir. Hut şol fotosurat hem geçelgäniň dünýäde uly şöhrata eýe bolup, syýahatçylaryň ünsüniň çekilmegine sebäp bolýar. Häli-häzire çenli hem syýahatçylaryň arasynda bu köçäniň pyýada geçelgesinde durup surata düşmek diýseň ýörgünlidir.

Şokolad muzeýleri hakynda

Şokolad diňe çagalaryň däl, eýsem ulularyň hem halaýan süýjüligidir. Şoňa görä-de, şokoladyň emele geliş taryhy, görnüşleri, dünýä ýurtlaryna ýaýraýşy dogrusynda gürrüň berýän muzeýler dünýäniň köp ýurtlarynda bolup, olar syýahatçylaryň uly gyzyklanma bildirýän ýerleridir. Şokolad muzeýleri Russiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Çehiýa, Ukraina, Fransiýa, Meksika ýaly ýurtlarda hereket edip, şokolad bilen bagly bolan maglumatlary, müňlerçe eksponatlary özünde jemleýär. Bu muzeýlerde şokoladyň ýüzlerçe görnüşini hem dadyp bolýar, hem olaryň emele geliş taryhyny, taýýarlanyş usullary baradaky maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik bar. Moskwada ýerleşen «Rus şokoladynyň taryhy» muzeýi şäheriň görnükli ýerinde ýerleşip, şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň köp gelýän ýerleriniň biridir. Bu muzeý 2014-nji ýylda açylýar. Muzeýden öň ol ýerde “Şokolad hem-de kakao” atly sergi guralýan eken. Ýöne bu serginiň barha meşhurlyk gazanmagy bilen, şokolad bilen bagly aýratyn muzeýi döretmek babatdaky karara gelinýär. Şeýlelikde häzirki wagtda Şokolad muzeýinde 25 müňden gowrak eksponat bolup, ýylyň dowamynda oňa 50 müňden gowrak adam syýahata gelýär.

Dünýäniň ýedi täsinligi

Kolizeý Gadymy Rimiň arhitektura ýadygärligi, biziň günlerimize çenli saklanyp galan dünýäniň iň ajaýyp we meşhur desgalarynyň biridir. Ol Rimde ýerleşýär.

Täsin binalar

Pianino binasy Daşyndan seredeniňde äpet pianino we skripkanyň şekilini görkezýän bu ajaýyp görnüşli bina Hytaý Halk Respublikasynyň An-Hui şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda aýdym-saz mekdebi bolup hyzmat edýän bu binanyň taslamasy ýurduň çäginde ýerleşýän Hefei tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary tarapyndan döredilipdir. Üç sany berk sütüniň üstünde gurlan bu binany synlamaga gelýän syýahatçylaryň yzy üzülmeýär.

Afrika syýahat

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Wasiliý Wasilýewiç ÝUNKER,rus syýahatçysy