"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Zybany gözel — Zybagözel (Döwürdeş)

ŞAHSY MAGLUMAT ♦ Doglan ýeri we ýyly: Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 16.10.1990 ý.

Ugurtapyjy Ýartygulak

Ugurtapyjy, kiçijek oglanjyk hakynda eşitdiňizmi?! Hawa, ady — Ýartygulak. Kiçijik bolsa-da, onuň elinden gelmeýän işi ýok. Ol bir gün zähmet çekip ýören kakasyna iýer-içer ýaly nahar eltip berse, ýene bir gün kakasyna ýer sürmäge kömek edip ýör. «Ýartygulak» türkmen halk ertekisini okap gören bolsaňyz, gysga boýluja oglanjyk ýagşy niýetli adamlaryň arkasynda durup, bet pygylly adamlary diýseň ýazgarýandyr, ýamanlyga garşy durup, diňe ýagşylygyň tarapynda hereket edýändir. Ol il-günüň hem «berekellasyny» alyp, uly alkyşyna mynasyp bolýar. Şol sebäpli-de, ony il-gün diýseň gowy görýär, sylaýar, oňa uly hormat goýýar. Her gezek «Ýartygulak» ertekini okanymdan soň, menem şolar ýaly il-güne gerekli, wepaly ogullaryň biri bolmagy arzuw edýärin.

«Ýaňlan, Diýarym! — 2023»

Sungata höwesjeň ýaşlar bäsleşdiler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmegine, ösmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry uly ruhubelentlige beslendi.

Köňül dessanynyň joşguny

10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hökümet agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Arkadag şäherine gezelenç

11-nji iýulda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň halypa suratkeşleri Ç.Ýazmyradow, Ö.Mämmetnurow, A.Annaýew, D.Akyýew, A.Jumaýew, O.Gurbanow, A.Myradow, S.Meredow, A.Sähetgylyjow dagy Arkadag şäherinde gezelençde boldular. Olar bu günki gün ýurdumyzyň kartasynda täze peýda bolan Arkadag şäheriniň binalaryna, medeni dynç-alyş zolaklaryna baryp gördüler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde kemala gelen «akylly» şäheriň tebigat täsinliklerinden we döwrebap desgalaryndan ylhamlanyp, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandylar. Surata düşüren Ahmet Taňrygulyýew.

«Maşgalanyň syry»

Ýakynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda özbek dramaturgy Izzat Sultanowyň «Maşgalanyň syry» atly eseri boýunça sahnalaşdyrylan spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy. Zehinli režissýor Baýram Garajaýew komediýa žanrynda goýlan bu sahna oýnunyň süňňüne milli gymmatlyklara sarpa duýgusy bilen birlikde döwrebaplyk öwüşginini hem siňdiripdir.

Täzelikçi kompozitor

XVIII asyr italýan opera-seriasynda we fransuz liriki tragediýasynda täzeleniş döreden, gelip çykyşy boýunça çeh bolan awstriýaly kompozitor Kristof Willibald Glýuk 1714-nji ýylyň 2-nji iýulynda Bawariýada dünýä inýär. Ony fransuzlar hem öz kompozitory hasaplaýarlar. Tokaý sakçysynyň ogly K.Glýuk mekdep ýyllarynda horda aýdym aýdypdyr, dürli saz gurallaryny çalmagy öwrenipdir. Ol 1731-nji ýylda Praga uniwersitetiniň logika we matematika fakultetine okuwa girýär. Durmuş ýetmezçiligi sebäpli, ol okuwynyň gapdalyndan gazanç etmeli bolupdyr. Ýöne, ahyrsoňy, ol okuwyny taşlap, 1736-njy ýylda Wena göçüp gaýdýar. Şäherde ýaşaýan gurply saz muşdaklarynyň biri onuň okuwyny dowam etdirmegine ýardam berýär. Durmuşynyň şeýle öwrüm almagyndan ruhlanan ýaş ýigit opera eserlerini döretmäge başlaýar. Onuň operalary Milanda uly üstünlik gazanansoň, Italýan opera teatrynyň direktory wezipesine işe çagyrylýar.

Medeni merkezlerde

Gülküli agşam Golaýda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň tomaşaçylar zaly köp adamly boldy. Onda ýurdumyzyň meşhur wäşileriniň «Geliň, gülşeliň!» ady bilen taýýarlan gülki agşamsy geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň teatrlarynyň belli artistleri bilen bilelikde welaýatlarymyzdan gelen wäşileriň çykyşlaryna-da giň orun berildi. Täze şäheriň ýaşaýjylary teatrda sahnalaşdyrylan gülküli oýnuň ilkinji tomaşaçysy boldular. Ussat degişmeçileriň «Nirede bolduň?», «Gaharyň derejeleri», «Hurma», «Synag», «Sygyr satýan», «Islegler» atly sahna oýunlarynda maşgala durmuşy, oba wakalary beýan edilýär. Döwrebap teatryň sahnasynda ýerine ýetirilen, nusgawy şahsyýetlerimiziň eserlerinden we durmuşy wakalardan alnan sungat ussatlarynyň gülküli çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Juwanlygyň joşguny bilen

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Halaç etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň aýdymçysy Saparmyrat Tekäýew bilen Saýat etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň aýdymçysy Babajan Rozyýew has tapawutlanyp, ýeňiji boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Saparmyrat Tekäýew Halaç etrabynyň Esenmeňli obasynda önüp-ösýär. Kakasy Annaguly aga maşgalada 6 perzendiň körpesi Saparmyradyň bagşy bolmagyny arzuw edip, oňa heniz 5 ýaşyndaka dutar sowgat edýär. Kiçiliginden oňa dutarda saz çalmagy, aýdym aýtmagy öwredip başlaýar.

Türkmen mukamlary dünýä ýaň salýar

Medeniýet halklaryň arasyndaky dostana gatnaşyklary çuňlaşdyrýan, pugtalandyrýan özboluşly köprüdir. Sungatyň dürli ugurlary boýunça guralýan bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary bolsa ykbalyny bu inçe senede baglan adamlaryň kämilleşmeklerinde, özara tejribe alyşmaklarynda möhüm ähmiýete eýedir. Ynha, golaýda goňşy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde ýaş aýdymçy-sazandalaryň, hor toparlaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşigi hem bu babatda örän ähmiýetli boldy. Dünýäniň ençeme döwletlerinden gelen ýaş sungaty söýüjiler özara tejribe alyşmaga, döredijilik gorlaryny baýlaşdyrmaga mümkinçilik aldylar. Halkara bäsleşiginde ýurdumyza wekilçilik etmek Çärjew, Dänew etraplarynyň ýaşlaryna hem miýesser etdi. Bilşimiz ýaly, Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebi welaýatymyzda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Bu bilim ojagynda ýaşlaryň sungat äleminde kämilleşmekleri ugrunda ähli tagallalar edilýär. Esasan-da şu mekdepde zähmet çekýän Ilgar Atahanowyň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Täjik topragynda guralan bäsleşikde-de onuň ýolbaşçylygyndaky hor topary çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Toparyň düzüminde çykyş eden Jennet Jumagulyýewanyň, Dinara Bazarowanyň, Resul Myratjanowyň, Yhlas Jumanazarowyň, Aýlar Ýazmyradowanyň we beýleki aýdymçylaryň Rejep Allaýarowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen «Kebelek» atly aýdymy ýerine ýetirişlerin

Milli mirasa sarpa

Golaýda «Aşgabat» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mährem, çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň maksady milli mirasymyz bolan keçäniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyş usullarynyň inçe syrlaryny açyp görkezmekden, türkmen zenanlarynda asylly gylyk-häsiýetleri ösdürmekden, ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakdan ybaratdyr.

Halypalyga ýetişen ussat

Welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary yzygiderli täze-täze drama eserlerini tomaşaçylara hödürläp, ruhy lezzet paýlaýar. Goýulýan oýunlaryň şowly çykmagynda teatryň sahna ussady Çary Dolyýewiň hem mynasyp paýy bar. Çary Dolyýew 1980-nji ýylda Hojambaz etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlap, şol ýyl hem Aşgabat şäheriniň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girýär. Oňa bu ýerde Öwezdurdy Garaýew, Kakaly Rejebow, Salawat Abdulin ýaly halypa mugallymlar tälim berýärler. Çary bu orta hünär okuw mekdebinde okan ilkinji ýyllaryndan başlap, tejribeli mugallym Öwezdurdy Garaýewiň ýolbaşçylygynda okuw mekdebiniň döredijilik merkezinde sahnalaşdyrylýan bir görnüşli drama eserlerinde keşpleri janlandyryp başlaýar. Şeýdip sungatyň täsin dünýäsine aralaşýar.

Biziň ruhy baýlygymyz

Medeniýet halkyň kalbydyr Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösüşleriň belent sepgitlerine sary bedew bady bilen öňe barýar. Ähli ulgamlarda uly-uly üstünliklere eýe bolunýar. Ýurdumyzyň ösüşine we özgermegine medeniýet işgärleri hem öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Medeniýet ynsanlara nähili ýaşamalydygyny öwredýän beýik mugallymdyr. Sungat manyly ýaşamagyň ýörelge ýoludyr.

«TALYP JOŞGUNY — 2023» döredijilik festiwalynyň jemi jemlenildi

Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Şeýle işleriň çäklerinde halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny şöhratlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesliň ata Watanymyza, şöhratly taryhymyza, milliligimize bolan buýsanjyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär» diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp joşguny — 2023» atly döredijilik festiwalyny yglan etdi. Milli medeniýetimiziň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, talyp ýaşlarda halkymyzyň milliligine bolan buýsanjy kemala getirmek, ýurdumyzda alnyp barylýan işlere talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ata Watanymyzyň ýeten derejelerini wasp etmek, türkmeniň medeniýetini, aýdym-saz sungatyny dün

Ajap bezegleri bardyr Ajabyň

Her bir güni şanly wakalara beslenýän eziz Diýarymyzda Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimiz, sungatymyz gülläp ösýär. Döredijilik adamlarynyň zehininden kemala gelýän eserlerde döwrümiziň bedew batly ösüşleri bilen bir hatarda, şöhratly taryhymyz hem bütin aýdyňlygy bilen şöhlelenýär. Ajaýyp zamanamyzda sungatda barha meşhurlyga eýe bolup barýan zehinli zenanyň — Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Ajap Annamanowanyň agaçdan hem-de suwkädileri oýup döredýän eserleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Täzeçe pikirlenmek, özbaşdak, täze bir zady döretmek senetçi-neçjaryň döredijiliginiň tapawutly tarapy bolup durýar.

“Gözellik ondur...”

Türkmen halky milli gymmatlyklara örän baý bolup, müňýyllyklaryň dowamynda has-da kämilleşip gelipdir. Olaryň arasynda ajaýyp matalaryň orny pes bolmandyr. Sungatşynaslaryň pikiriçe, miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda Günorta Türkmenistanyň Änew, Ýassydepe we beýleki ýadygärlikleriniň diwar bezeg nusgalary matalaryň we halylaryň çeper nagyşlaryna meňzedilip ýerine ýetirilipdir. Bilermenleriň çaklamasyna görä, ilkinji matalar ýüňden dokalyp, tekiz, gülli we surat nagyşly matalaryň peýda bolmagyna ýardam edipdir. Türkmenistanda 1500 ýyl töweregi wagt bäri ýüpekçilik bilen giňden meşgullanylyp gelinýär. Ýüpekçilik V-VI asyrlarda ösüp başlaýar. VI-VII asyrlarda Merwde ýüpek gurçugynyň tohumynyň öndürilişi has köpelýär. Pileden ýüpek alnyp, tarada köp reňkli, gymmatbahaly matalar, keteni, gyrmyzy donluklar dokalýar. Ýüpek matanyň ýüzüne boýalan ýumşak sapak bilen nagyş salnypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň ornuny birugra dokalýan nagyşlar eýeleýär. Bu täze usulyň peýda bolmagyna we bezeg görnüşleriniň has köpelmegine getirýär. Türkmenler Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen öz harytlaryny dünýä bazaryna çykarypdyr. Dokan ýüpek matalaryna dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilipdir.

Ýagşy saz we ýagşylyk

Nämüçindir, nusgawy sazlar bilen ynsan ýagşylyklaryny bir ýerde goýasym gelýär. Sebäp olary biri-birinden üzňelikde göz öňüne getirip bilemok. Owadan sazyň owadan ýüregiň we kämil paýhasyň nikasynyň miwesidigini hemme bilýär. Friderik Şopeniň etýudlary, polenzleri, prelýudiýadyr noktýurnleri, skersodyr walslary, Lýudwig wan Bethoweniň simfoniýalarydyr sonatalary, Amadeý Mosartyň operalarydyr konsertleri, Pýotr Çaýkowskiniň simfoniýlary hem-de baletleri, Sergeý Rahmaninowyň saz kartinalarydyr romanslary, Mihail Glinkanyň wals-fantaziýalarydyr romanslary, Iogann Ştrausyň walslary, türkmeniň Nury Halmämmediniň fortepiano eserleridir kinofilmlere döreden sazlary... ýenemi? Ýene-de läheňleriň hataryny ep-esli aralyga uzaltsaň, uzaldybermeli welin, geliň, okyjylary surnukdyrmalyň-da, esasy gürrüňe geçeliň. Ýokarda sanawy getirilen dürli žanrlardaky eserler dünyä saz genji-hazynasynyň iň gymmatly, iň gözel, iň süýji, iň eziz mukamlary saýylýar. Kämilligiň nusgalary olar.

Ussadyň ýoly

Aramyzda ömrüni söýgüli käre bagyşlan ussat halypalar az däl. Şonuň üçin öz kärini nesillere geçirip bilýän ussatlar halkymyzyň uly hormatyndan peýdalanýar. Aýsoltan mugallym Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýigrimi ýyl töweregi zähmet çekýär. Ol ençeme ýyl bäri talyplara alypbaryjylyk, sahna dili, alypbaryjynyň sözleýiş medeniýeti we tehnikasy ýaly derslerden bilim berýär. Aýsoltan Pälwanowa 1947-nji ýylda dünýä inýär. Lukman zenanyň we dilçi alymyň maşgalasynda kemala gelen gyzjagazyň ykbaly çagalyk ýyllaryndan başlap, türkmen teleýaýlymy bilen jebis baglanyşypdy. Ol 1962-nji ýylda şol wagt geljekki aktýor Gurban Rejepow bilen bilelikde ýaýlymda gepleşigi alyp barýar. Çagalygyndan multfilmlere, filmlere ses bermäge gatnaşýar. Mekdep okuwçysy döwründen dabaralarda çykyş edip başlaýar. Has takygy, 1964-nji ýylda alypbaryjy wezipesinde işe başlaýar. Alypbaryjylyk sungaty bilen birlikde haly dokamak, ýaka bejermek ýaly milli el hünäriniň syrlaryny öwrenýär. Ejeden ir galan özünden kiçi jigilerini durmuş ýoluna ugrukdyrmakda yhlasyny gaýgyrmaýar.

Gadymdan galan nusgalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuşyna ýaran bolup gelen, taryhy müňýyllyklara uzaýan ýüpekçilik we dokmaçylyk dünýä ýaýylýar. Halkymyzyň durmuşynda dokmaçylykda örän uly sungatlaryň döredilendigini bellemek gerek. Halyçylykda ýüpek halylary, milli ýüpek önümleri diýseň ruhuňy göterýär. Bu sungat, göýä diýersiň, halkymyz bilen deň dörän ýalydyr. Bu sungat hakykatdan hem şeýledir. Mähriban halkymyz geçmişde dokmaçylykda uly sungat derejesine ýeten eserleri döreden bolsa, häzirki ajaýyp zamanamyzda haly dokamakda, ýüpek dokmaçylygynda diýseň üýtgeşik, ajaýyp sungat eserlerini döredýär. Aýdaly, haly dokamakda örän ajaýyp halylary we haly önümlerini, hatda ýüpek halylary hem dokaýarlar. Şular bilen birlikde, ýüpek dokmaçylygynda iň nepis ketenileri, keteni önümlerini, nagyşly tara önümlerini aýdanymyzda bolsa, göwünlerimize ýüpek ýaly gözellik çaýylýar. Zehinli halkymyzyň durmuşynyň bir bölegi bolan ýüpek dokmaçylygy diýseň kämil senetçilik bolup, bu gün durmuş gymmatlygyna öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan öwrenilip, ýörite sanawa girizilen, dünýä halklarynyň döreden milli gymmatlyklarynyň üstüni ýetiren «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» halkymyzyň döreden milli gymmatlygydyr.

Dostlukly ýurtdan ýakymly sowgatlar

Şu gün — 11-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde ýapon hem iňlis  dillerindäki kitaplary gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde sowgat berlen kitaplaryň sergisi guraldy.