"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Diňleýjileri jadylan mukam

«Oturanlar agladylar» diýen sözbaşy bilen «Hazar» gazetiniň 1937-nji ýylyň 18-nji martynda çykan 78-nji sanynda Azerbaýjanyň medeniýet işgäri Alizadeniň makalasy ýerleşdirilipdir. Bu şol döwürde bütin Aziýa halk döredijiligine bagyşlanyp Baku şäherinde geçirilen baýramçylykda türkmen bagşysyna berlen ýokary baha bolmaly. Sungatyň uly toýuna Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyz döwletinden, Tatarystandan, Başgyrdystandan belli aýdymçy-sazandalaryň gatnaşandygy barada ylmy ýolbaşçym, professor W.M.Belýaýew 1967-nji ýylda gürrüň beripdi. Şonda onuň elindäki türkmen zenanynyň suraty ünsümi çekdi. Ol bu suratdaky zenanyň ajaýyp sazlary bilen baýramçylyga gatnaşanlary agladan Akmeňli bagşydygyny aýdyp, şeýle gürrüň berdi: — Halk döredijiliginiň baýramçylygyna Arap ýurtlaryndan, hatda Owganystandan-da bagşylar gatnaşyp, aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Türkmen zenany Nabat bagşy azerbaýjan tar saz guralynda şeýle bir saz çaldy welin, tomaşaçylaryň ählisi ör turup, el çarpdylar. Akmeňli, şeýle-de beýleki zenan bagşylar türkmen saz sungatynyň beýik nusgasyny görkezip bildiler. Men bular barada W.A.Uspenskä ýazdym, emma ol Gyzyletrege (häzirki Etrek) gelip bilmändir. Türkmen sazandasy Täçmämmet Suhanguly, aýdymçy Hydyr bagşy, tüýdükçiler Şajyk gul, Ýazmyrat Köse, Hojanazar Berdi dagy türkmen saz medeniýetiniň şan-şöhratyny bütin dünýä aýan etdiler.

Gözellik döredýän zenanlar

Şu ýylyň mart aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli, «Gözellik döredýän zenanlar» atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşikli sergisi açyldy. Türkmen halk döredijiliginden alnan gyzykly sahnalar, çuňňur many-mazmunly taryhy wakalar, döwürdeşlerimiziň özboluşly keşpleri, Watanymyzyň gözel tebigaty bu sergidäki eserlerde öz beýanyny tapýar. Sergä 150-den gowrak  zenan suratkeşler öz döredijilik eserleri bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn hem-de amaly-haşam sungaty boýunça döredilen eserleriň 200-den gowragy tomaşaçylara görkezildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergide al-ýaşyl güllere beslenen bahar paslynyň gözel keşbini wasp edýän peýzažlar, Nowruz ýaýlasyny, bereketli topragymyzyň datly miwelerinden düzülen natýurmort eserleri, bagtyýar zamanada ýaşaýan türkmen halkynyň toý-baýramlaryny, milli däp-dessurlaryny şekillendirýän taslama eserleri görkezilýär. Sergide Gunça Myradowanyň «Gelin», «Gyzym Medine», «Joralar», Oguljeren Babaýewanyň «Rodoguna», «Bilbil aýdym aýdanda», Laçyn Toýlyýewanyň «Kerwen», Gülbaha

Dünýä ýüzünde zenanlar gününiň bellenilişi

Halkara zenanlar gününi dünýäniň 27 ýurdunda baýram edýärler. Dünýäniň köp ýurtlary üçin 8-nji mart zenanlaryň ylma, jemgyýetçilik durmuşyna, medeniýete goşýan goşantlaryny ýatladýan waka bolup hyzmat edýär. Bu bolsa zenanlar baradaky aladanyň, olara hormatyň we söýginiň nyşanydyr. Dünýä ýüzünde zenanlar gününiň bellenilişi dürli-dürlüdir. Hytaýda bu gün asuda geçýär. Sebäbi hytaýlylaryň bu baýram baradaky pikiri üýtgeşik. 35 ýaşdan geçenler zenan hasaplanýarlar, bu ýaşa ýetmedik hytaýly zenanlar özlerini «gyz» diýip atlandyrmagy dogry hasaplaýarlar. Ýaş hem-de durmuşa çykmadyk gyzlar «Owadan ýaşlaryň güni» diýip 7-nji martda bellenilýän öz şahsy baýramlaryny ykrar etdiler. Hytaýda 8-nji martda eneleri we durmuşa çykan zenanlary gutlaýarlar. Halkara Zenanlar gününiň nyşany bolan iýeroglifi terjime edeniňde, ol «maşgala ojagynyň goragçysy» diýen manyny berýär. Erkekler 8-nji martyň öň ýanyndaky gün söýgüli zenanlaryna gutlaglary, uly bolmadyk zatlary hem-de küýzedäki güli sowgat edýärler. Köp hytaýlylar şol gün öz aýallaryny hojalyk işlerinden boşadýarlar we baýramçylyk tagamyny bişirmegi öz üstlerine alýarlar.

Ykbalyň peşgeşi

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aýhan Hajyýewiň hem doglan gününiň 100 ýyllygynyň dabaraly belleniljekdigi buýsandyryjy habarlaryň biri boldy. Magtymguly atamyzyň keşbini döretmegi tüýs ýüreginden arzuw edip, yzygiderli gözlegleriň dowamynda maksadyna ýetip, şahyryň kanoniki portretini döreden ussat suratkeşiň doglan gününiň 100 ýyllygynyň dünýä halklarynyň ruhy çyragy Magtymguly Pyragynyň baýramçylygy bilen bir ýylda gabat gelmegi barada oýlananyňda, kalbyň töründen: «Ol ykbalyň peşgeşidir, Magtymguly atamyzyň gudratydyr» diýen owaz ýaňlanýar.

Nusgawy usul hemişe döwrebapdyr

Dünýä nysakçylygynda öwrülişik etmegi başaran zenan Gabriel Boner Şanel 1883-nji ýylyň 19-njy awgustynda Fransiýanyň Somýure şäherinde dogulýar. Onuň ejesi Eženi Žanna Dewol Şanel haýyr-sahawat hassahanasynda kir ýuwujy bolup işläpdir. Gabriel Žannanyň ikinji çagasydyr. Onuň kakasynyň adyna Albera Şanel diýipdirler. Kakasy ýarmarkalarda, bazarlarda işçi eşiklerini we ýene-de birnäçe ownuk harytlary satmak bilen meşgullanypdyr. Gabrieliň özünden bir ýaş uly aýal dogany bolupdyr. Soňlugy bilen maşgalada jemi alty çaga dünýä inipdir. Gabriel dogluş hakynda resmi ýagdaýda hasaba alnanda, «Shanel» diýlip ýazgy edilipdir. Hasaba alnyşykda ejesiniň hem kakasynyň gatnaşyp bilmänligi üçin, şeýle ýalňyşlyk goýberilipdir. Gabriel 11 ýaşyndaka ejesi Žanna aradan çykýar. Kakasy iki ogluny oba işlemäge ugradypdyr, gyzlaryny bolsa Obazin abbatlygynda ýerleşýän ýetimler we idegsiz gyzjagazlar üçin niýetlenen öýe ýerleşdiripdir. Ol ýerde durmuş ýowuz bolupdyr, tertip-düzgün berk saklanypdyr. Muňa garamazdan, bu ýerdäki ýowuzlyk Şaneliň geljekde uly üstünliklere ýetmegine ýardam edipdir, sebäbi ol ýerdäki terbiýeçi zenanlar gyzjagaza tikin tikmegi, köýnek biçmegi öwredipdirler. Bu bolsa onuň geljekde güýçli modelýer, bezegçi, dizaýner bolup ýetişmegine kömek edipdir. Gabriel 18 ýaşdan soň katolik gyzlaryň Mulen şäherinde ýerleşýän okuw mekdebine geçipdir.

«Gelse Nowruz äleme, reňk kylar jahan peýda...»

Milli bahar baýramy mynasybetli Balkanabat şäheriniň Türkmeniň ak öýi binasynda Balkan welaýat Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň gatnaşmagynda «Gelse Nowruz äleme, reňk kylar jahan peýda...» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda teatryň artistleri halkymyzyň toý, daýhançylyk däp-dessurlaryny halk döredijiliginiň naýbaşy nusgalary arkaly açyp görkezdiler. Dabara gatnaşanlara ýörite taýýarlanan milli tagamlarymyz hödür edildi. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri wasp edildi. Joşgunly aýdym-sazlar, buýsançly sözler bilen sazlaşan dabaranyň dowamy dana Pyragynyň dogduk mekany — Magtymguly etrap merkezinde şahyryň adyny göterýän muzeýiň öňünde dowam etdi.

Milli bahar baýramyna bagyşlandy

Milli bahar baýramy ― Nowruz dostlugyň-doganlygyň  baýramydyr. Ony gündogar halklarynyň köpüsi belleýär. Bu baýram döwletleriň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan hem-de halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy.

Gelse Nowruz äleme...

Ýaz paslynyň täsin görnüşleri her bir adamyň ruhuny göterýär. Ýazyň gelmegi bilen ene topraga ýyly girip, tebigat janlanýar. Sähra-düzlerimiziň ýaşyl begrese bürenmegi, gülälekdir jümjümeleriň peýda bolmagy, türkmen tebigatynyň joşgunynyň, läle-reýhanlygynyň keşbidir. Halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny hemişe tebigat bilen berk baglanyşdyrypdyr. Bahar-ýaz paslynda ýazlaga çykyp, tebigatyň gözelliklerine maýyl bolýan adamyň kalby sähranyň özi dek giňeýär. Ynsan dünýäsini ajaýyp duýgulardan, ýagşy niýetlerden doldurýan bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde bellenilýän Nowruz baýramynyň şatlygy ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny has-da joşdurýar.

Täze menzillere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly täze ösüşlere beslenýär. Bu döwürde ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygary yglan edilip, nyşanynyň kabul edilmegi şol ýylyň çärelerini, jemgyýetiň ruhy ahwalyny çeper beýan edýär. 2024-nji ýylyň şygary Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň adyny göterip, ýylyň esasy wakasy bilen utgaşyp gidýär. Nesip bolsa, bu ýyl akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Şahyryň şygyrlaryny okanyňda, onuň ylmyň dürli ugurlaryndan giň düşünjesiniň bolandygyny görüp bolýar. «Kitap okan gullar manydan dokdur» diýip, okamagy, öwrenmegi wagyz eden Magtymguly Pyragynyň:

Joşgunly, bereketli ýaşaýşyň nurana baýramy

Milli bahar baýramy gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň nurana baýramy bolup, ol dünýäniň ençeme halklaryny ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga, hoşniýetlilige çagyrýan, halkara derejesinde bellenilýän baýramdyr. Belent ýörelgelerden ugur alnyp, umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny müdimileşdirmek, halklaryň medeniýetleriniň dürlüligini, özboluşlylygyny gorap saklamak hem-de olary dünýä ýaýmak maksady bilen, Halkara Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklip etmegi netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip, yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. Taryhyň irki döwürlerinden bäri ata-babalarymyz tarapyndan täzelenişiň, agzybirligiň, asudalygyň, hoşniýetliligiň, dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, berekediň baýramy hökmünde bellenilip gelýän Nowruzyň halkara baýramçylygy derejesine eýe bolmagy dünýäniň köp sanly milletleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň kalbyna-da şatlyk hem joşgun eçilýär.

Akyldar şahyra sarpa

Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý hem-de gadymy medeniýetimizi dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda medeni mirasymyzyň gymmatlyklary, nusgawy edebiýatymyz dünýäde giňden wagyz edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär we dünýäniň ylym jemgyýetçiliginde möhüm orun eýeleýär. Esasan hem, nusgawy edebiýatymyzyň hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň baý many-mazmuny edebiýatçylarda, dilçilerde we ähli alymlarda uly gyzyklanma döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özi milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn many-mazmuna eýedir.

Milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamaga we ylmy esasda öwrenmäge uly üns berilýär. Munuň özi häzirki wagtda medeni gymmatlyklarymyzyň ylmy taýdan öwrenilmegini, dikeltmegiň usuly esaslarynyň has-da berkidilmegini güýçlendirmäge döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Häzirki döwürde köpasyrlyk taryhymyzy görkezýän medeni ýadygärlikler şahsyýeti kemala getirmegiň çeşmesi bolup durýar. Goralyp saklanýan ýadygärlikler geçmişiň gymmatlyklaryna, olary döredijilikli özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy işleri netijeli dowam etmekde, hünärmenleri ýetişdirmekde olara hünär ugry boýunça ýokary bilim berilýär. Şunda rejeleýiş we dikeldiş işleriniň esaslary dersine uly orun degişlidir. Bilim alýan talyplar bu dersi içgin öwrenýärler. Bu dersiň wezipesi türkmen halkynyň taryhy ýadygärliklerini, gymmatlyklaryny öwrenmäge, olarda alnyp barylýan rejeleýiş-dikeldiş işleriniň ýöredilişine gönükdirilendir.

Pyragynyň keşbi bilen tanalan

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň sungat bölüminde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli kitap sergisi guraldy. Sergide halypa artistiň ömri we döredijiligi, onuň durmuş we sungat ýoly barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler, kitaplar hem-de fotosuratlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

«Ýerde Nowruz hormaty...»

Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sungat bölüminde kitap sergisi guraldy. Sergide gadymy baýramyň bellenilişi barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler, şol sanda şanly baýramyň şanyna taýýarlanylýan milli tagamlar barada giňişleýin beýan edilýän ylmy edebiýatlar görkezilýär.

Asylly terbiýäniň nusgalyk mekdebi

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz-gelin edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär. Halkymyzyň dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan birnäçe gymmatlyklarynyň, dünýäde türkmeni türkmen hökmünde ykrar etdiren medeniýetiniň, sungatynyň bardygyna buýsanýarys. Halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, edim-gylymlary häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygy, sözleýiş medeniýeti barada, ýaş nesilleriň medeniýetini, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde ozaldan gelýän däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň tutýan orny bimöçberdir. Türkm

«Hak aşyklar»

Şeýle at bilen ýakynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň režissýory Handurdy Berdiýew halypa dramaturg Nobatguly Rejebowyň adybir pýesasyny täzeden işläp, tomaşaçylara hödürledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyplarynyň durmuşy barada gürrüň berýän spektaklda teatryň Ş.Saparow, M.Saryýew, B.Sopyýewa, T.Hydyrowa ýaly ýaş artistleri baş gahrymanlaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Ussat artisti ýatlap...

Ýakynda «Ussat artistiň manyly ömri» ady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti Täçbibi Gafurowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Kitaphana işgärleriniň, Mary şäheriniň Jemagat hojalyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda belli teatr artisti Enejan Akmyradowa öz halypasy Täçbibi Gafurowanyň belent adamkärçiligi, onuň milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine goşan goşandy barada täsirli gürrüň berdi. Bu ýerde guralan sergide halypa artistiň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän döwürleýin neşirlere uly orun berlip, onuň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän fotosuratlar görkezildi.  

Aşgabatda Türkmenistanyň halyçylarynyň bäsleşigi geçirildi

Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň ha­ly­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Ze­nan kal­by bi­len dö­re­di­len gö­zel­lik» at­ly bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Bu ýyl be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň doglan gününiň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy di­ýip, Türk­me­nis­tan Hal­ka­ra ha­bar­lar por­ta­ly ha­bar ber­ýär. Emin ag­za­la­ry­na ba­ha ber­mek üçin 100-e go­laý be­zeg, peý­zaž we port­ret ha­ly­la­ry hö­dür­len­di. Ola­ryň ulu­ly­gy 0,5 – 6 ine­dör­dül metr ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär. Bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar di­ňe bir öz ha­ly­la­ry­ny gör­kez­män, eý­sem, ola­ryň önüm­çi­lik usul­la­ry ba­ra­da hem gür­rüň ber­di­ler, se­bä­bi Türk­me­nis­ta­nyň bäş we­la­ýa­ty­nyň her bi­rin­de ha­ly do­ka­ma­gyň öz in­çe­lik­le­ri we aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar.

«Aba­dan ha­ly» — owa­dan ha­ly

Söz­ba­şy ady ag­zal­jak bu kär­ha­na­nyň jü­pü­ne dü­şen şy­ga­ry. Çün­ki «Aba­dan ha­ly» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ba­har pas­ly­ny ýa­da sal­ýan, owa­dan reňk­li, aja­ýyp na­gyş­ly ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ne gö­züň dü­şen­de, özüň bil­mez­den, «Owa­dan­dy­gy­ny!» di­ýe­ni­ňi duý­man gal­ýarsyň. Ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­niň giň top­lu­my­ny ön­dür­ýän bu kär­ha­na ýur­du­myz­da iň uly ha­ly önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň bi­ri hök­mün­de tanalýar.

«Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi haly önümçiligini ýokarlandyrýar

Türk­men ha­ly­la­ry­nyň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi we uzak wagt­lap ulan­ma­ga ýa­ram­ly­ly­gy ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri bel­li­dir. Köp asyr­lyk ta­ry­hy bo­lan ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty bar­ha kä­mil­le­şip, be­lent de­re­je­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­na uly or­nuň be­ril­ýän­di­gi­ni «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň alyp bar­ýan işi aýdyň görkezýär. Bir­le­şi­giň esa­sy we­zi­pe­si türk­men el ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­den, ha­ly­ny do­ka­ma­gyň usul­la­ry­ny ulan­mak­dan, ga­dy­my ha­ly na­gyş­la­ry­ny we şu ug­ra de­giş­li ir­ki önüm­le­ri gaý­ta­dan di­kelt­mek­den yba­rat­dyr. «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­tan­da aras­sa ýüň ýüp­le­rin­den do­kal­ýan meş­hur türk­men el ha­ly­la­ry­ny dün­ýä ba­za­ry­na iber­ýän esa­sy ta­rap­dy­gy­nam bel­le­mek ge­rek. Bir­le­şi­giň dü­zü­min­e çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň 8-si de­giş­li bo­lup, olar ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da ýer­leş­ýän en­çe­me ha­ly­çy­lyk bö­lüm­le­ri we seh­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bir­le­şi­giň çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän dür­li na­gyş­ly, şe­kil­li, port­ret ha­ly­la­ry hem-de sow­gat­lyk önüm­le­ri bi­len bir ha­tar­da, türk­men ha­ly­la­ry­nyň nus­ga­wy gör­nüş­le­ri iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­ýar. Olar­da­ky do­kal­ýan aja­ýyp ha­ly­lar içer­ki ba­zar­lar­da he